20:50 Ynanç / goşgular | |
■ WATAN
Goşgular
Men Watan hakynda gürleýän uly, Özüm hakda söhbet açan wagtymda. Duýýan men özümi — Watanyň guly, Muny esasy zat diýýän bagtymda. Özgerýäni üçin saklanyp bilýär, Ähli zat üýtgedi, artdy, ösňedi. Taryhy özgeriş ýöne ýerden däl, Watanymyz öz-özünden ösmedi. Gerek eken Arkadag deý Gahryman, Agzybir halk, atalardan galan pent. Bir aýlawda düşünýäris köp zada, Watan, gerek däl ekeni erksiz gul, Saňa zerur eken göreşýän perzent! ■ ÇETIN ÇÖZGÜT Aýylaram bilýär balyň tagamyn, Sendenem has gowy, sendenem artyk. Balarylaň gutusyny pytradýar, Eýläk-beýläk itip, ýa aşak dartyp. Aryň zäherinem bilýär aýylar, Awunan ýerine gaýdyp barmaýar. Gulaklarny kakyp gollary bilen Balgabyndan uzaklarda arlaýar. Ol bolmasa başga birisi gelýär, Gelýär, duranoklar hiç kimden sorap. Milýon gezek üçup, bir gram toplan Ary heläk bolýar asalyn gorap. Tebigatda sazlaşyk bar diýilýär, Ýöne käte-käte galýarsyň haýran. Ýagşy niýetmikä ýa-da wagşylyk — Sowallardan doly ileriň, gaýraň. Ençe gezek özüňizi gördüňiz Bu haýwanat dünýäsine düşüp siz. Akyl ötesinde bolýany görüp, Diýermisiň haýwanlara üşüksiz. Mähir bar, wepa bar, söýýän, söýülýän, Bar kine saklaýan, hatda ar alýar. Haýwanat dünýäsi akyl ýetmez giň Hem düşünjäň çägine çen daralýar. Gyzyklanmak dürli dünýäler bilen Belli edýär bu durmuşdan doýmanyň. ...Öwrenmek isläne, bilmek isläne — Mysal kändir durmuşynda haýwanyň?!. ■ KAÝYLLYK Indi ahmyr edeniňden peýda ýok, Ondan bäri ýoňsuz zaman ötüpdir. Peýda ýok arzuwdan, ýagşy dilegden, Biz üçin öňdäki söňky ötükdir. Ölçegni tapmak kyn çeken derdimiň, Çekendirin iň bolmanda sençeräk. Käte-käte gelip tüýtmeläp gidýär Ýatlamalar meň bagrymy penjeläp. Säwlükmikä, ýalňyşlykmy, ykbalmy, Indi parhy-da ýok nirä ýükleseň. Ýogsa hemme kişä mälim hakykat, Gowy ahyr kişiň göwnün ýykmasaň. Goşalansyn diýip gowy zatlarmyz, Söýgini, wepany dile getirdik. Täzeden tapmakdan elimiz üzüp, Gaýta öňki barymyzam ýitirdik. Umyt inçelse-de üzülmez eken, Ýa tomus ýerine gyş gelermikä? Baky tümlükde-de üstüme çöken, Bilip bolmaz, birden yş bolarmyka?! ■ ARMAN Meniň senden juda göwnüm galypdyr, Aýtdym saňa aýtjagymyň soňkusyn. Öte geçen bolsam, ötünç soramok, Şeýdip begendirýän göwün solpusyn. Çäksizdi öň saňa bolan ynamym, Seň adyňa beýik umyt bekläpdim. Täze çygyr açarsyň diýp işiňde Öz-özümi hyýal bilen ekläpdim. Bu wezipä sen mynasyp ýalydyň, Bilimiň ýeterlik, tejribäň artyk. Iner hasap etdim seni kerwende, Gitmelidiň öňe agyr ýük dartyp. Bu ykbalyň saňa beren peşgeşi, Öňünden hiç kimse hesip edenok. Gyt däldir özüň deý, özüňden ökde, Ýöne hemme kişä nesip edenok. Bolmaly zat diýip bildi her kişi, Kimsäni rahatsyz etmez galkyşyň. Ynamyny ödäp ýakynyň-ýadyň, Almalydyň uly iliň alkyşyn. Ýöne juda basym, basym özgerdiň, Ilki bilen kesdiň taňry salamyn. Başga adam bolduň deri:ňden çykyp, Indi ýat görünýär öňki tananyň. Meniň aýdan sözlem hut saňa zerur, Munuň hakdygyny her kim syzardy. ...Öz kölgäňi goýup gitdiň ýanymda, Hatda şol kölgäňem ýüzi gyzardy. ■ SOWJAK BOLSA... Ýolagçy ulagy wagtynda gelýär, Ulag duralgasy obaň çetinde. Goňşy oba tarap saga gitmeli, Şähere gidýän ugr seniň çepiňde. Üç kişi otyrys duralgada biz, Asuda, ýok ýaly hiç unjümizem. Ikimiz barýarys şähere tarap, Goňşy oba barýar üçünjimizem. Garşydaky duralgada hiç kim ýok, Ýolagça garaşýar ýalňyz duralga. Öz ýerine geçjek öýdýän diýýärin Üçünjimiz oturanda-turanda. Diýýän oba gidýän ulag tiz gelse, Bu arzuwym boş howada gaýmasyn. Azara galdym men üçünji kişi Birden ulagyny ýalňyşaýmasyn. Onuň munda oturannyň sebäbin Köp gezek synandym sorajak bolup. Derde galdym şundan duralgamyzy, Hemem ulagmyzy gorajak bolup. Goňşy oba barýan ulag öň geldi, Diýdim öz ýanymdan boldy gowsy indi. Garşyda eglenen ulaga bakyp, Üçünjimiz ýerindenem gobsundy. Oturdy ol ýene öňki ýerinde, Owaz gelen ýaly bolup gulagna. ...Iň soňy göründi garaşýanymyz, Şum habaram geldi biziň ulagda. ■ ÜZÜLMEDIK UMYT Seni halas etmez indi hiç bir zat, Deňinden geçipsiň halas etmäniň. Kim günäli — edil häzir möhüm däl, Sen awy bolarsyň hökman betpäliň. Daşyňa bakarsyň medet agtaryp, Ynam kyn pursatda synmaz sütündir. Ýöne zaman ötüp, çykmasa tamaň, Ynamam göz gapýan gara tütündir. Uzaklardan el bulap dur umydyň, Goldajak bor seniň bilen tapyşyp. Tutan tutawajyň eliňe geler, Ör turjak bolaňda oňa ýapyşyp. Bu dünýeden doýup, diýersiň onsoň, Indi näme bolsam, şolam bolaýyn. Ýanyňa gelmänsoň ýadyňa düşmez, Nirede dostlaryň, nirde golaýyň. Ýykylan pursaty köşgi-eýwanyň Şöhratyn ýitiren weýran gala:myň?! Saňa janyn pida etmeli ärler Keser berilmeli Taňry salamyn. Häzir sen kaýyl bol ýowuz synaga, Däldir ýollar mydama gül sepilen. Suwly polat ýaly mäkäm bol, mäkäm, Sylanmaz kyn pursat iki epilen. Ykbal kitabyny mydamalyk ýap, Ýitmedik ömrüňi täzeden başla. Bilip goý, bu pursat seniň özüňi Halas etjek ýokdur özüňden başga! ■ AJAÝYPLYK Indi tapawudyn bilmek aňsat däl Olaň şäherdenmi, obadanlygyn. Görki-görmeginem seljermek çetin, Kimiň kimden juda owadanlygyn. Durmuş şeýle ajap, şeýle bagtyýar, Isleg heläk hakykata eýermän. Mätäç bolup däl-de bol-telkilikden Çekilse çekilýär, edilýär arman. Uzadan ýeriňe ýetip dur eliň, Berkararlyk bardyr onuň teýinde. Meňzeşiräk olaň arzuw-hyýaly, Diňe tapawut bar geýlen geýimde. Elbetde, her kimiň ünsüni çekýär Ýoluň inçe ýeri, ýodaň öwrümi. Her pursat hiç haçan gaýtalanmajak Baky nyşanydyr ajap döwrümiň. Aýdyp bolar edep, terbiýe hakda, Bu babatda kän çaýyny sowadan. Özlerem-ä özi welin, atlary, Ady olaň bir-birinden owadan. ■ ÇAGYRYŞ Bak sen juwan ýigit, sähramyň serginine, Seriň durlanar bada, gaýnan bolsaň diňersiň. Düşünersiň menzilleň niçiksi ýerligine, Öwrülip ter otlara ruhuna siňersiň. Aňman ahyrna çenli, alkyş baryn aýdarsyň, Aňyrsyna gözýetmez ak gülleri ekene. Unut, azaşmak howpun, yzyňa soň gaýdarsyň, Ganatyny göterer jümjümeli kekene. Oýkap bagryňy çägä, sürtüp ýüzüňe toprak, Halas borsuň şu ýerde, Gyzyl güller, ençeme pis gylykdan. gök otlar Habar berýär, bitipdir topbak-topbak, gulak as, barysy bakylykdan. Asly toprak adamzat gelmeli bu gözbaşa, Dar dünýäniň giň göwsi — unutma bu sährany. Ykbalyň görmek üçin gitmeli däl hiç daşa, Aýňaldýar emi bilen biziň ýaly sähnäni. Ömrüň bir aýlawynda ara düşüpdir menzil, Bak sen eý, juwan adam, sähranyň gül keşbine, Düşünseň oň ýüregne ömrüňde azaşmarsyň. Öwrenseň oň niýetin, hormat goýsaň kesbine, Mylakatly kalbyňy iliňe az açmarsyň. Sähram, meňzeş halkyma, Sähram, meňzeş Watana Belentligiň, mertligiň hem şöhrat-şanyň bilen. Garaşsyzlyk daňy atdy, Halkym galkdy gafatdan. Eý, watançy, gerçek ýigit! Ýeňişlerden-ýeňişlere, öňe, diňe öňe atlan! Gora mukaddes topragy, gora şirin janyň bilen! Öz zandyňa, öz aslyňa, bu sährama bendi bol! Belet bolup bar zada, belent bolup bar zatda, Öz halkymyň, giň sähramyň hakyky perzendi bol! ■ GÖZELLIGIŇ GUDRATY Bir uly dükanyň äpet aýnasyn Süpürýär bir zenan her gün säherde. Bendi edýär meni hut şu giňişlik, Ýogsam aýna gyt däl uly şäherde. Bu gudratyň bolýan ýerine belet, Soramaly däl men, haýsy ýerdesiň? Süpürenok sowuk aýnany zenan, Süpürýär ýüzünden duman perdesin. Süýji hyýallardan döreýän ýaly, Süpürlen aýnadan görünýär syrat. Munça täsir edip bilmezdi asla, Jakondaň keşbini görkezýän surat. Doňan aýna düşen badyna demiň, Onuň gurşan süňňi derrew gowşaýar. Zenan süpürenok esgisi bilen, Ony mähri bilen ykjam ogşaýar. Gollaň hereketi ýatladýar maňa Gaýyp barýan gaýgyň ezber küregni. Süpürmeli şeýdip adamlaň kalbyn, Adamlaryň aňyn hemem ýüregni. Gördüm seň durkuňy, dünýäňi gördüm, Göründi seň keşbiň maňa Aý ýaly. Aýyrdyň aradan ümür-dumany, Indem aýyr ortadaky aýnany. ■ ISLEG Şu pursat men saňa näme diýeýin, Bar duýgyny sözde diýip bolýamy? Diýeňde-de sözler kalba siňenok, Ýatda galýar diňe uýup bolýany. Tapyp bolmaz bagty başga ýalbaryp, Eretmersiň kalby aglap ýa eňräp. Başga zatda niçikdigin bilemok, Çyn söýgüde isleg bolmaly deňräk. Aýagyň astyndan tapaýsaň meni, Ýüregiň deňine götermersiň sen. Mydama depämde saklasam seni, Meniň gözlerimi hiç görmersiň sen. Seni dünýäm bilen söýýändigimi, Gaýtalaýar bedeniň her öýjügi. Kalbyňdan tapmasam sowala jogap, Arzuwly ömrümiň baky köýdügi. Meni ejizledip, belent bolmarsyň, Gündiz bolmaz, eger bolmasa gije. Diňe ikimize bagly zat bagtam, Däl ol märekede atylan bije. Şu pursat men saňa näme diýeýin, Bu sözler özümi köşetmek üçin. Tapylandyr öýtme söýgi diýlen zat, Aşyk biçäräni kösetmek üçin. ■ KAÝYLLYK Aýazly howada ýagýan gar ýaly Ygym-sagym oýlar dökülýär beýnä. Şeýlekin ýagdaýda boş galan kalbyň Yşramajak ýaly şu günden beýläk. O:t çeýnän günleriň galypdyr yzda, Süňňüň port bolupdyr, dursuň sen döwlüp. Aýdan aýdymlaryň eşdilýär yzdan, Öňe barýaň yza ýüzüňi öwrüp. Guwduradýan oý-hyýallar gelenok, Guýrugyň ýamzyňda — urlan güjük deý. Öz dünýäň içinde aýlanyp ýörsüň, Tünegni bejerýän gürleňgüjük deý. Gaty süňki gömüp goýan köpek deý Aç wagty çykaryp, şony gemirýän, Kä çykaryp ýatlamalaň göwsünden Ýakymly wakany ýatlap semirýäň. Ýol salyp babalaň gezen ýerlerne, Özüňi ýitirýäň ýoldan azaşyp. Şonda howpurgaýaň — bu ömür gysga, Pursat bolsa ölmezlige azajyk. Bihuda geçirýäs ömri nämüçin, Gybatdan, ýalandan mydam göwreli... Toba edip, ýaka tutup oturýaň, Görüp öz-özünden ýüzün öwreni. Ölmüň bir görnüşi bolsa-da uky, Düýşi söýýäň uçup bilýäniň üçin. Ömrüň soňky öwrüminden gorkaňok, Soňky uçutdygny bilýäniň üçin. ■ AZAŞMAK BAGTY Nämüçin çözledimkäm Seniň gara saçyňy? Durkuň bilen goşulyp Gitdiň gijäň tümlügne. Hopukdym bu tümlükden Seň didaryň ýitirip, Ýitirip men özümi. Gara tarlaň içinden Gözledim gül keşbiňi, Gözledim öz bagtymy. Ahyrsoňy çykdym men Akmaýanyň ýoluna. Salgy alyp ýyldyzdan Sataşdym altyn Aýa. Dogry, aňsat düşmedi Aňsat bolanok gözleg. Belki, ýürek endiräp, Ejizländir bedenim. Ýüz-müň oý-hyýallara Döz gelendir bu başym. Öwrümli ýollar doly Howpdan hem hatardan. Diňe ýitgiň yzasy Däl jigere dert berýän. Bagtyň belent tolkunam Ömri terk edip biljek. Ýöne ahyrsoňunda Yhlasyň bolýar myrat. Seň garalan bagtyňy Ýagtyldýar yşky Aýyň. Şonuň üçin her gije Şeýdip seniň goýnuňda Azaşmaga men taýyn. ■ YNANAÝ Ýer döräli bäri külli älemde, Aňly ynsan dilem açmanka entek. Dörän däldir gara ýeriň ýüzünde Döremezem indi sen ýaly tentek. Deňeşdire zat ýok golaý-goltumda, Başga bir ynsan ýok edil sen deýin. Ýeke-täk sen beýle häsiýetiň bilen, Bolup bilmez sen deý nalajedeýin. Söýgi sözlerine düşüneňok sen, Bileňok sen söýgi nähili şerbet. Aňaňok sen jebir bilen eşreti, Ölüm bilen ömür — haýsysy erbet. Bu dünýäden dönüp, sowup ýüzüňi Öz dünýäňde gezip ýörsüň azaşyp. Seň bilen sergezdan bolana bolsa Gynanaňok, düşüneňok azajyk. Oýan, gözüňi aç, durmuşa gara, Aklyňa aýlan sen bolma-da akmak. Döşümden itmeli däldigňe düşün, Düşün gerekligni bagryňa basmak. Ynsanlygňy ýatla, ýylgyr bir gezek, Seret töwerekde adam kän kemsiz... Ýöne düşün, düşün ýekeje zada, Ýaşap bilemok men dünýäde sensiz. ■ KASAM Diňläp ygtybarsyz yranýan dünýäň Asla köşeşmeýän goh-galmagalyn. Bilýän ynjalykdan aýrylýanyňy Şonsy dogry, bu okgunly akymda Kimi saklap biljek dadyňy aýdyp. Birmahallar jiger dilen jöwherli Oturan mahalyň, turan mahalyň. Durmuşda şatlyk kän, ýylgyrýaň, gülýäň, Käte ýüzüň nurun örtýär kölege, Bilsemem jigerňi ynjydýan zady Ýetişip bilemok saňa kömege. Köşeşdirjek bolsaň, ýanýar öçen ot, Onsoň yzyn üzüp bolmaz ýatlamaň. Göwräň bärde galyp, gidersiň özüň Belli däl ýatlamaň boljagy tamam. Ugradarsyň, garaşarsyň, ýanarsyň, Aňda dowam eder şol uzak pursat. Gör, näçe şatlyk bar, Geçip giden döwri ýatlap otursak. Gerçekleň ömrüni, jebriň yzasyn, Uzaldýas nesilde, ýatlamalarda. Aýdylýan zatlarda, aýdylmaýanda, Bilinmeýände ýa we ş.m.-larda... Ýarag şakyrdasa ýa ok atylsa, Bilýän, ýene gidýär ýüregiň ersip. Şuny aýtmak borjum, aýtjak zadyma Ahyryna çen sen ynanyp bilersiň. Ene, seniň ekläp-saklan ogullaň Eger seni gorap bilmejek bolsa, Dogulmaz. ■ ÝAŞULY Unudypdyr özem dakylan adyn, Ähli kişi diýýär oňa: «Ýaşuly». Galan günün çaklamaga çalyşýar, Bilenok yzynda galan ýaşyny. Teselli tapmakçy bolar, il-güne Öz edip bilmeýän zadyny aýdyp. Gözleri galypdyr bir sadyr suwda. Birmahal at salyp, alňasan gany Giňelen damardan akýar asuda. Ýüki agan ulag ýaly barýar ol, Özüni irizip «bes-besi» bilen. Geçeniň-geljegiň, bolan-boljagyň Hasabyn çykarýar tesbisi bilen. Büdüräýmez ýaly, özi däl ömri, Ýöräninde emaý bilen ätleýär. Ejir bermez ýaly ejiz ýürege, Geçmişini usul bilen ýatlaýar. Üzülen bu ýoluň bolar dowamy. Eger arzuw-hyýalyňdan dänmeseň. Şeýdip ýaşap ýörmeli-dä dünýäde Bişen miwe ýaly bir gün tänmeseň. Barýandyr öýdýärler özleri bilen, Köp kişi oýlanman, zor salman kellä. Yza gaýdyp barýanyny aňýan ýok, Ýaşuly ýetmeli ahyrky pellä. Garaşýan ýok o taýda-da, munda-da, Dünýä sowalyň ýok, bar zat ajaýyp. Belki, ruhuňdyr bu gezip ýören, Belki, özüň birçak bolansyň gaýyp * * * Mertlerçe boýn almak, elbetde, kyn zat. Duýman öz ömrüňi ogurladanňy. Käte garamaly goýan yzyňa Dürs ätlejek bolsaň, urýan gadamňy. Ýola çyksaň, bolanok hiç eglenmek, Alyp gider seni jebis hatarlar. Ýöne ömrüň bişow geçen ýyllary Boşan peşeň ýaly dargar ýatarlar. Hiç mahal pidasyz bolanok göreş, Açylmadyk ak menziller çagyrýar... Esgeriň kesilen aýagy ýaly Boş geçen ýyllaryň ýeri agyrýar. ■ GÜJÜK Geçeniň yzyndan ylgap, Islegniň yzyna düşüp, Geçeniň köwşüni ysgap, Delmuryp dur çaga güjük. Garaýar geçene siňe, Aýaklarny goýupjyk jüp. Enesine, eýesine Garaşýandyr ala güjük. Bilýän, ýaşy azajykdyr, Indi haly bolar niçik? Taşlandyrlar, azaşypdyr, Sebäbin aňanok güjük. Özi ýaly salpygulak Mes gezýärkä iýip-içip, Ykbal atly çasly bulak Alyp gaçdy seni, güjük. Sen günleri agdarýarsyň, Gör, gitdi näçesi geçip. Günäkäri agtarýarsyň, Hiç günäsiz çaga güjük. Düşneňok dünýäň oýnuna, Häzir çar tarapyň açyk. Guwan zynjyrsyz boýnuňa Erkinlik berilen güjük. Kim beýle bagty galdyran, Kimkä giden senden gaçyp? Durmuş derdinden gandyrar, Ondan sypyp bolmaz, güjük. It bagtyň başlandy agyr, Çyda muňa bir azajyk. Guýrugyňa salma agyz, Gaharlanma juda, güjük. Bar kişi bagtly ýalydyr, Ilde-de bagt ýok üýtgeşik. Kim bagtly, ýa kim betbagt, Kesgitlemez hiç kim, güjük. Her kim girende, çykanda, Eşdilýär çyňsaýan sesiň. Gözleýäňmi sen çykalga Ýa durmuşyň girelgesin?.. ■ ÇYKGYNSYZ ÝAGDAÝ Baharym, Gül baharym, Gara gaýly gyşyň, Gazaply gyşyň Gujagyndan zordan çykyp geldiň sen. Ýylgyryp gelmediň, Gülüp gelmediň, Ýygrylyp, gaşlarňy çytyp geldiň sen. Nä sebäpden eglendiň sen, Ýa göwnüňe deglenmi seň?! Gözelligiň ykbalymy bu ahwal, Ýagşylygyň nesibimi şum ykbal? Bolanokmy onuň nurun harlaman, Bolanokmy onuň raýyny ýykman?! Ýeri, bu sowallar samsyklyk dälmi, Hut şeýle bolýanyn bilýärkäk anyk. Hut şeýle ýagdaýda biziň özümiz Görmedikmi eýsem çürkenip, ýanyp. Düşünmän düşnükli düşnüksizlige Sowalyň üstünde köp gezek döwnäp, Şeýle aýdyň zada düşünmän käte Ýüregiňi ezýäň, kelläňi döwýäň. Söýgi bilen, Guwanç bilen bakanym, Gyşyň gujagynda baglanyp ýatan Eziz baharym, Uzakdan uzaga çeken tümlügi, Şumlugy Garaşyp ýeňdik! Göreşip ýeňdik! ...Ýöne seni kabul edip bilemok, Şol gyşa werzişlik bolupdyr endik. ■ AHMYR Gum içinde ýer berdiler, Oturtdym agaç nahalyn. Guwandym eden işime, Güllerin gören mahalym. Suwuny hiç kem etmedim, Ýumşatdym käte düýbüni. Baglar tozap ýatan ýeriň Özgerdip barýar düýnüni. Görüp zähmetiň miwesin, Gezdim men esli gopalyp. Bir gün gelsem, agaçlary Gidipdir biri goparyp. Garganyňdan netije ýok, Ol hakyt kezzap ekeni. Şeýle-de bolsa, düýp tutsun Bu taýdan eltip ekeni. Goý, hasyl ýygnasyn soňra Çyzgasyn-da ol bilegni. Nadyl bolman kabul etse, Ýaradan meň şu dilegmi: Ýaňky kişi ilden alsyn Öz gyzyny, öz ogluny. Şeýdip iliň hasabyna Köpeldibersin kowmuny... Begenýärin bu gün çyndan, Sowlup geçmänne deňimden. Sus-da alyber islänňi, Il düýpsüzdir giň deňiz deý. ■ YNANÇ Öňde uzak, örän uzak ýol ýatyr, Gözýetimde görünýär ol inçelip. Syry açylmadyk ençe menziller Ömrüň ýoly kişä bermez ynjalyk. Ýogsam, bu ýollaryň kändir köteli, Sanap çykardan kän ýoluň öwrümi. Ýöne başyn alyp çykan ýolagçy Säginmez hiç, ýa diňlemez böwrüni. Çyksa-da oň leji, çekse-de ejir Ýolagçy bu ýoluň üstüne çökmän Ýöremeli öňe, nämälimlige Başga alajy ýok, gitmeli hökman. Gürrüň etse bolar, elbetde, munda Armazak ýolagçyň mertligi hakda. Döz gelşi barada ençe synaga, Onuň synmaz erki hakynda, hatda, Tutulan maksada wepaň waspyny Edip bolar uly ile-de aýan. Ýöne siz waspnama düzjek sözňüzi Azajyk aýaň. Barýandyr ýolagçy kalbyna gaplap, Görnüşin, wakasyn sagy-solunyň. Saklanmaly däl, öňe gitmeli — Bu demir kanuny ömür ýolunyň. ■ ÄGÄLIGE ÇAKYLYK Bendiligiň, çäkliligiň derdinden, Dünýäde köp jandar çekýändir azar. Tebigatyň beren erkine görä, Erkinlige tarap oň hersi dyzar. Boz bedewiň gözi lowurdap ýanýar, Ýüzin salyp gitjek ýoluny peýläp, Gaty ýeri gazaýar oň toýnagy, Dyzaýar ummana jylawyn çeýnäp. Daňylanna namys edýän ak köpek, Sypjak bolýar, onuň sypjagy çyny. Töweregiň çägi barha daralýar, Gyrmakçy tow düşýän polat zynjyry... Ahyr erkinlige çykdy boz bedew, Ak meýdany darap, daraplap çykdy. Burnuna ýel düşüp eňdigi saýy, Barha ejizledi, barha daljykdy. Boşatdylar ak köpegi, ýüwürdi, Gymmat zadyn tapan ýaly aldyryp. Azaşmaklyk üçin çem gelen çöpe, Bellik etdi art aýagny galdyryp. Erkinligi arzuw etmek tebigy, Azatlyk köp kişä iň uly lukman. Ýöne juda güýçli derman bolansoň, Ony bada ýuwutmaga-da howlukmaň! ■ AHWALAT Öten agşam giç dolandym öýmüze, Öňki gelýän wagtymdan has giç geldim. Çagalaryň bary uka batypdyr, Garaşyp-garaşyp ýatypdyr gelnim. Howlyň ähli çüňki tüm garaňkylyk, Gara tümlük bakýar penjirelerden. Düşnüksiz duýgular üýşüp daşyma, Kalbymy howsala gurşady birden. Howly, daş-töwerek, giden bu dünýä, Ömürylla ýagty bolmajak ýaly. Şu mahal ukuda ýatanlaň bary Owal-ahyr gaýdyp galmajak ýaly. Aýrylyp gitmedi dörän duýgular, Daşlaşmady menden näçe kowsamam. Göwnüme bolmasa öňdenem meni Heläk etýän ýaly şeýle howsala. Gorkup duýgularyň dogrulygyndan, Otyryn ysgynsyz, çyranyýakman. Gowy boljak kimdir biri ses berse, Älem-jahan agyr ukuda ýatman. ...Dym-dyrs dünýä doňýar, älem asuda, Soragly bakýaryn garaňky gijä. Hyt öňki wagtymda gelmänim üçin, Galaýan bolmaýyn bar zatdan gijä?! * * * Bu ýagdaýa, belki, beletdir her kim, Aýyl-saýyl wagty şatlykdyr gussa Duýýarsyň özüňi mydama erkin. Ýöne çylşyrymly durmuş jerhedi Yzyny hiç üzmän damyp duransoň, Bozýar aradaky baky serhedi. * * * Ummanlar köşeşýär, Köşeşýär, ynha, Gaýdaň soň, mazaly bady gaýdaňsoň. Ýöne üýtgeşik-dä bu syrly ynsan, Köşeşýär dünýäden baky gaýdansoň. Gurt çagasy * * * Özbaşdak ädimi ätmänkä heniz, Dogmanka gözünde ilkinji şapak. Durmuşyň kynlygy, Şatysy hakda Enesinden alýar ilkinji sapak. ■ GÖRNÜŞ Ýagyşdan soň asman ýüzi arassa, Çöküpdir bar hapa ýeriň ýüzüne. Diňe päk hyýallar çykýar bu pursat Şine urmak üçin göwnüň düzüne. Ähli zat ornunda, düşnüksiz boljak, Eger ýagyş ýene ýagyp başlasa. Ýapylypdyr häzir mäkämden-mäkäm, Asmandan aşaga inýän başsaka. Häzir meniň bugdaýreňk mekanym, Mynasyp jaý boljak behişt-uçmaha. Keýpi tämizlenen, terlenen otlar, Taýýar dur bat alyp göge uçmaga. Oý ýerlerde dörän ähli kölçeler, Surat alýar açyk goýup depderi. Garaýar agralan ganatlaryna, Ýagyşa mazaly ezlen kepderi. Ýüregiň nätjegnä bilip biljek däl, Ýöne nemi duýar seniň topugňa. Tüsseden dem alyp ýören bedenler, Arassa päklikden juda hopugýa. Gözýetimi tutup bilenok nazar, Ýagyş ýuwup aýrypdyr bar serhedi. Diýýäň uýup tebigatyň güýjüne Şu görnüşi ýene-de bir bersedi! Öň senden arasy daş bolan zatlar Häzir golaýlaşýar, ýanyňa geçýär. Ýüregňe sygdyryp bilmedik duýgyň Edil şol durşuna aňyňa geçýär. ...Bölek-bölek bolup gözlere siňen Ajap görnüş ýitip barýar kem-kemden. Islegiň, arzuwyň öçüpdir eýýäm, Dem alyp gözlerden syrygan nemden. ■ AÇYŞ Haşlap dem alýarsyň deňiz, Ýadadyňmy, ardyňmy sen? Adam dört aýak mahalam, Bu dünýäde bardyňmy sen? Doly düşündirmek çetin, Eşidenňi, göz görenni. Gördüňmi sen mahluklaryň Adam bolup özgerenni? Ýyldyrym bolup çakdymy? Asmandan indimi ýa-da Seniň göwsüňden çykdymy? Gören bolsaň, bu zatlary Saňa bolmalydyr aýan. Gelsem, aýakdan aslyşyp, Sen bir zatlar pyşyrdaýaň. Ýöne dogran enäň dilne Düşünmeýän perzent ýaly, Aňamok men aýdýanyňy, Bolaýsa-da ol pent ýaly. Gaýta göwsüňe girmäge Bir düşnüksiz gorky bardyr. Durmuşa meňzeş deňiziň Girdaby bar, gorpy bardyr. Seni görüp aňýarys biz, Özümizde kän kemterlik. Giňliginden, çuňlugyndan Gorkýar bizdäki telperlik. Gelmeli biz seň ýanyňa Dyzymyza çökmek üçin. Adama aýdyp bilmeýän, Syrymyzy dökmek üçin. Aňýan, düşünip bilemok, Arada bir golaýlyk bar. Maňa syganok duýgulam, Saňa bolsa kerseniň dar. Seni görýän, ejiz özüm — Gaty ýöntem bu pelsepe. Düşünip, ganyp bilemok Ýanyňa her ýyl gelmesem. Durmuş deňzini görmek kyn, Çeksegem onuň keşgini. Belki, maýyl bolýas, deňiz, Görüp sende oň keşbini. ■ SÄHER Seniň bilen torgaý asmana galyp, Çöplükde ýorgalap barýar bedene. Güwläp duran seriň bada durlanyp, Terlik aralaşýar argyn bedene. Ölen öýjükleri oýatmak üçin, Iňňesini sanjar Günüň şöhlesi. Göwnüň sähraň giňligine ýaýraýar Unudyp üstüňe münen möhleti. Göze görünmeýän sada mähir deý, Sähranyň müşk ysy basar bagryna. Öz-özünden gaçan diwana meňzäp, Ten berýäň sen öz döreden wagzyňa. Sähranyň saplygy başyňy aýlar, Aljyrarsyň päk howadan hopugyp. Bu taýda gyssanyp almaly zat ýok, Ýeňmeli zadam ýok üste topulyp. Ähli zat kalbyňa ylaýyk geler, Bu taýdaky sazlaşygy bozmasaň. Ilki özüň heläk bolmagyň mümkin, Sähranyň göwsünde ägä bolmasaň. Dörär ömür duş gelmedik islegiň, Ganat geresiň ger kebelek ýaly. Golaý bolup mahmal ýaly topraga, Bukuldym oýnasaň kömelek ýaly. Ýagyşdan soň sorup topragyň ysyn, Duýarsyň bedende süňküň ösýänin... Däne çokýan guşy gören mahalyň, Duýarsyň özüňde çüňküň ösýänin. Ynsan ähli zada beter düşünip, Düşüneni üçin a:zan bolmaly. Aňy özünden tiz öseni üçin, Tebigatdan yza galan bolmaly. ■ ESTAFETA Ýaryşa çykmankak akyl berdiler, — Nädip artdyrmaly deňje hasaby. Diýdiler bäsdeşden galaýsaň eger, Puç bolar ýoldaşlaň ähli azaby. Üýtgemesin diýip öz zyýanyma, Maňa çenli deň saklanýan o hasap, Ylgadym ynanman ylgaýanyma, Geldim pellehana juda alňasap. Daljygamsoň, özüm zordan dürsedim, Süpürip dökülýän derimi men kän. Geň galdym daşyma garan pursatym, — Gijä galdymmykam, Ir geldimmikäm?! ■ NESIHAT Belent gök asmanyň ýigitleri siz, Giň sähranyň päk göwsünde dogulan. Artykmaç bolmaly gözleň şöhlesi, Ýeterlik bolmaly sizde dogumam. Bol alan bolmaly namysdan miras, Pederden galandyr söýgi topraga. Haklysyň halkyňa sen guwanmaga, Munuň üçin gerek däldir toslama. Gara dag deý belent bolgun, inerim, Irde-giçde igletmesin öz nebsiň. Ýer ýüzünde halal hiç zat galmasa, Hökman halal bolmalydyr seň lebziň. Yranyp dur dünýä, ýeri saklaýan Şol sary öküzler bolupdyr kelek. Sülüneňde alçy gopup durmagyn, Bolgun bu dünýäde guýulan kenek. Topragyň göwsüne gaçan şöhleden, Günüň jöwherinden döränsiň, bally. Geçmişiňi gömselerem tümlükde, Gadymysyň örän, öränsiň, bally. Günä taryhyňdan aýlanyp geçmek Ýa-da gömmek ony damakgan ýaly. Duýýaň töwerekde otly jigerden, Boş ýere gygyrýan damak kän ýaly. Halkyň agysyna aglamadygyň, Goý, gara çekilsin gara kesbine. Topragmyzy, baýlygmyzy, dilmizi Alsak kaýyl, diýme: «Şolar bes bize». Pederleriň ýaly belent bol, dogan. Bir dykgatly bakyp olaň keşbine Dünýäniň derdini göter başyňa. Başyň egip, ýere bakyp ýadadyň, Belende gal, bak töwerek-daşyňa. Size bagly halkymyzyň ykbaly, Ýaz şemaly urdy, başlandy sene. Goldan bermäň bu ajaýyp pursaty, Bagtyýarlyk bolsun ýalňyz mesele! ■ ÇÖZÜLMEJEK SOWAL Awuna garaşyp, Gizlenip ýatan Goşa sally gapan Öňden gurulgy Tisginip ýazdy-da gysdy dişini. Ene möjek aldananna geň galyp, Sypjak bolup ikiýana urundy, Dyzady, buruldy... Ýöne gapan gören eken işini. Mejbur bolup, aw agtaryp çykypdy, Ene möjek muňa gelmändi seýle. Mydam ätiýaçly, Eserdeň möjek Bolar öýdüp beýle Ýatsa-tursa pikir etmändi ömür. Häzir oň erkini dişläp ýatyrdy Ajala öwrülen bir sowuk demir. Oýlanmadyň dälmi wagtynda ozal, Ahmyrňa bäs gelmän indi, Gemir, Dişle, Çeýne... Ak garyň üstünden göterler tozan. Namys edýär möjek, Belki, beýle güne düşmezdi häzir, Öz işdäsi bilen oňşan bolsady. Ýa-da ýazan gapan Onuň aýagny Gaty garysyndan jontan bolsady. Demre dişi ötmän, Şol demden şeýläk Möjek sypjak boldy Bendilige düşen aýagny çeýnäp. Hiç zatdan gaýtjak däl öljegem bolsa, Bu ýagdaýy görüp nebsiň agyrýar, Möjegem bolsa... Ysgyny gaçansoň, gapana garap, Gördi oň sypatyn özüne meňzeş, Meňzeş häsiýeti. Diňe häzir aýan boldy möjege, Ömür gulluk eden arzuw-neýeti. Möjek-möjekligini ýitirenokdy, Ajalyň agzyna jaý gelen wagty... Ýöne düşünmek kyn, Häzirki pursatda kim ejiz, wagşy? Aranly gapanmy aslyşyp duran Ýa möjekmi, Ýa wagşymy gelip gapany guran?! Orazguly ANNAÝEW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. # garagum_2019 | |
|
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Ak atly şazadam haçan gelersiñ / Goşgular - 11.09.2024 |
√ Keýik / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Walid ogly sen Halid / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Daglar hakda geňräk goşgy / Goşgular - 06.11.2024 |
√ Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Ýörter siz / Goşgular - 13.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||