19:56 Sokrat | |
SOKRAT
Goşgular
Afinanyň hökümdary, Sokraty öldürip, näme gazandy? Ýöne hakykata zulum edeniň, Özleri pozgundy, yzy tozgundy. Gahar bilen, Zäher bilen, Syrtmak asylan dar bilen, Gylyç bilen, ýaý bilen... Barmydyr-heý, hakykaty öldüren? Gömseň, dömüp çykýan eken hakykat! Adam muny bilýär magat. Ýöne weli hakykata dogan däl, Ýer ýüzünde hakykaty bogan kän. Aýdaly, Sokraty dünýäden ýoklap, Näme gördi haýynlar?! Ýalan söze gaýymlar. Iki müň, üç müň ýyl aşsa-da, Ýaşap ýör – Sokrat diri. Sokrat – hakykat piri! Hakykaty gorap soňky deme çen, Goramandyr janyny. Terk edipdir panyny. Ýogsa hakykatdan ýüz öwren çagy, Sowuljak ekeni üstünden ýagy! Dogry zada egri diýmändir Sokrat, Egri zada dogry diýmändir Sokrat, Çekse-de pyrkat. Aman dilemändir hiç kimden Sokrat! Islemändir baýlyk, aýşy-eşreti, Şonuň üçin ömri onuň eşrepi, Ölmi weli dünýäň agyr hesreti... 17-21.04.2024. | |
|
√ Baýar bagşa / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Öwrülip gül başyna bilbil wysal olgaý oňa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Eý janlary süýjeden, huşly gider huşundan... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Toý güni ýazylan goşgy / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |