Goýar ýalysy ýok Onuň deňinde, Eger diri bolan bolsa, öňünde Suwda gamşyň titreýşi deý, Titremezmi Hruşýow? Öz-özüni ýitirmezmi Gorbaçýow? Saňsar Ýelsin ommalar, Ýakowlew-de dommalar, Şewardnadze çommalar... Gözi düşüp murtuna, Suw guýular syrtyna. Burbulisler, sobçaklar... Loly bolup ýatjaklar, Eneleri ýalamadyk çubaýslar, Baryňyzyň aslyňyz bir — Haram gebbelsler...
E-he-ý-ý, SSSR-i ýykan ganjyklar, Ganjyk amy ýaly porsy amjyklar, Ömür boýy dowzah otda ýanjaklar...
Meniň bilşime görä, Stalin SSSR-i dolandyran wagty aýlyk haky diýen zat bolmandyr diýen ýaly. Ýagny kolhozçylara zähmet haky. Olam ujupçyz haryt. Ýagny 1 kilo un, bir gysym çaý şeýle-şeýleräk. Garaz halky mugtuna işletmäni halan şahsiýet. Milýonlarça adam Gulag lagerlerinde. Milýonlarça adam maşgalasy bilen demirgazyk ülkelerde obaçylyk sürgünlerinde. 10-20 ýyl mugtuna diýen ýaly işledildi. Ýokarky goşgudaky ýaly ýolbaşşylar gorksa gordandyram welin. Esasy ezýeti garyp halka berdi. Geň ýerem özüne, ýurduna jany-teni bilen hyzmat eden adamlara-da nebsi agyrmady. Meselem, Ikinji jahan urşunda SSSR- iň faşistlerden üstün çykmakda esasy roly oýnan milleti wenger aňtawçy Şandor Rodany şeýle peýdaly iş edendigine garamazdan Moskwa çagyrdyp basdy. Ýada ýaponlarda işlän aňtawçy Rihard Zorgäniň janynam halas edip bilýän ekeni, etmedi, ony ölüme höküm etdiler.
Gitlerden tapawudy ýok şunuň! Gitler imperiýa üçin gyrdy millionlap halky, bu bolsa öz imperiýasynyň içinde gyrdy millionlap halky. SSSR döwründe ýazylyp ýygnalyp goýulan bolsa has gowy bolardy...
Jek, Stalini tanaýadyñmy ýa-da Stalin hakda, onuñ döwri, eden işleri hakda ýazylan kitaplardan näçesini okadyñ oña beýle ynamly häsiýetlendirme bereriñ ýaly?
Şu Stalin we SSSR barada pikir aýdylyşyk bolsa Messimi ýa Ronaldo, Tolstoýmy ýa Dosteýewskiý ýada ylym bilen diniň çekeleşigi ýaly bir zat bolarmyka diýýän. Biri SSSR we Stalini öwse, biri döwýär.
Gürrüñ öwmekde ýa döwmekde däl. Bu barada doly bilip, hakykatda bolşy ýaly häsiýetlendirmekde. Gynansak-da, içimizde beýle sowatly adamlar ýok.
* * *
Din bilen ylymda näme çaprazlyk-çekeleşik görýärsiñiz? Din hiç bir tarapdan ylma garşy çykanok. Mysal, Gurhanda asman jisimleri, planetalar, Gün, ýyldyzlar, kosmos barada näçe diýseñ maglumat bar. Eýse bu aýdylanlaryñ gapysy astronomiýa ylmyna çykanokmy? Ýa-da Gurhanda daglar-derýalar, deñizler, ýurtlar... barada näçe diýseñ maglumat bar. Eýse bu aýdylanlar geografiýa ylmyna gapy açanokmy? Gurhanda gadymy kowumlar, öten pygamberler, heläk edilen halklar... barada maglumat berilmeýärmi? Taryh ylmyna şundan ygtybarly çeşme bolup bilermi? Ýa-da Gurhandaky adamyñ bir damja suwdan (sperma) döräp bir lagta gana öwrülişi, ete-gana gelşi, jan girişi, umuman enäniñ garnynda dokuz aýlap kemala gelşi barada aýdylýanlaryñ anatomiýa ylmyna näme tersligi bolup biler? Azajyk logiki seljerme ukybymyzy ösdüreliñ. Ylym bilen din hiç haçanam biri-birine ters däldir. Ters diýýänleriñ özi tersdir.
Hmmmm. Hawa gürrüň öwmek döwmek däl elbetde. Emma aýdylýanlaryň içinde negatiwinden pozitiwinden dogrylary bar. Belki ikitarapdan hem aýdanlarynda çişirýän bolmaklary gaty ahmal. Ýöne şol halkyň dilindäkileriň haýsynyň dogrudygyny ýa ýalňyşdygyny ne mekdep programmalarynda ne univerlerde gördüm, hijisinde görmedim. Gördüm diýenlerem göremok. Staliniň döwürdeş adamlaram ölüp gitdi. Olaram faktlary boluşy ýaly galdyrdylarmy galdyrmadylar olam belli däl, belki gizlin saklaýandyrlar galdyrylan faktlaram. Şonuň esasynda her adam öz kakasyndan ejesinden enesinden atasyndan mamasyndan babasyndan eşdenini aýtýar we dilden dile geçdigiçe ýa ýoýulýar ýa çişirilýär. Men düşünip bilemok mekdep programmasynda ilki durmuş taryhyndan tä garaşsyzlyk ýyllarynyň taryhyna çenli öwretýäler. Emma ortada iň gerekli materiallary maglumatlary taşlaýarlar. Aslynda iň bärkisi SSSR taryhy hem çagalara köp zatlary öwredip biljek. Türkmenistan hem SSSR düzüminde bolan öwredilmezlige-de sebäp ýok. Bir topar daşary ýurtlaryň mekdep okuwçysyna gerekmejek taryhy sapaklaryna derek ýokardakylary öwredilse we uniwersitetlerde galan böleklerini jikme jik dokumental faktlar boýunça öwredilse onda beýle çaşyň gözüne sereden ýaly bolup ýörmez her nesil.
Hawa ylym bilen diniň çapraz ýeri ýokduram, men kän ylymdan başym aňrybaş çykanok we din barada umuman gyzyklanmaýan. Mençe-de ters diýýänleriň özleri ters bolmagy ahmal. Haýsy tarapa çekseň çekip biri birine garşy goýubam bolar biri-birine dürsem. Ony seredýän tarapyňa baglymyka diýýän.
Sagadyň dili - Ýigrim bir elli. Müň dokuz ýüz elli üç – Ýogalan ýyly. Martyň bäşi güni, Jan beren güni. Ýetmiş bäş ýaşam dolmandy doly. Göz açyp-ýumasy salym içinde, Ýaýrady şum habar ýeriň ýüzüne, Dagy-düzüne. ...Serdaryň garderoby, Aňk edipdi göreni. Garderobda asylgy dur geýilen köne şinel, Hem iki sany kitel, Iki sany walenki, Hem keltekçe – geýilen, Garderobda bary-ýogy iki köwüş goýulan... Bular, ine, Staliniň baýlygy, Hem gol çekip ýetişmedik aýlygy...
22-24.03.2023.
Allaýar CÜRIÝEW.
* * *
Enemiziñ, atamyzyñ SSSR-i gowy görenliginiñ, sowet döwrüne gowy diýendiginiñ syry şu goşguda ýatyr.
* * *
Dogry. Sowet Soýuzynyñ düzüminde bolan ýetmiş ýylky taryhymyzy öwrenmezlige hiç hili esas ýok. Soýuzyñ düzüminde ýagşysy-ýamany bilen geçen ajyly-süýjili ýetmiş dört ýylymyz - türkmeniñ bir çärýegi kem bir asyry. Kitabyñ 74 sahypasyny ýyrtyp aýyrsañ, yzyna-da düşünmänjik geçersiñ...
Seýitmyrat Geldiýew diýilýän "Altyn Asyr" telekanalynda ýol gurluşykçylaryň işleýän Mary-Lebap aralygyndaky awtobanyñ gurluşygynda interwýu berdi. Alyp baryjam tejiribeli adamdygy bildirýär, diňläp ýadamadym. Tüweleme kän zadam bilýän eken, gurluşykça berýän soraglaram gyzykly, gepleşigi gyzykly alyp bardy. Ýaşuly köp gepleýär, emma diňledip ýadadanok. Arada Aşgabatda gurulan bir parkda baglar, tebigat barada bir gelin alypbaryja interwýu berdi. Şonda-da gowy gürrüňler, peýdaly, öwrenäýmeli zatlar aýtdy. Öň-ä alypbaryjylykda göremokdym welin, şol parkdaky gürrüňlerinden soň işe çagyran bolmaklaram ahmal. Alyp baryjam Hormatly il ýaşulysy, ýazyjy eken-ä :) Adyna Gurbannazar diýäýdi öýdýän.
Indi? Biz näme etmeli, näme diýmeli ýa-da näme diýmegimizi isleýäñiz bu barada? Hawa, bizem kanallary geçirişdirip durkak, saý-sebäp bilen gözümiz düşdi ýañy şol gepleşige. Aslynda tema dahylsyz zadyñ gürrüñini orta oklamagyñ nämä geregi bardy? Belki, biz düşünmedik size? Düşündirseñiz-ä gowy bolardy.
Aýyplaşmaň, ilki bilen beýle gepleşigi üstesine beýle gyzygyp türkmen kanalynda gelleşik görenim ömür ýadyma düşenok. Hemem bu ýerde köp teswirler ýazylansoň köp okyjy şu ýere gelip teswirleri okaýandyr gelenler goý görsünler diýdim. Başga-da diýesim gelýän zat bar welin...
Hawa, G.Orazgulyýew sowet döwründen teperrik galan ýaşuly žurnalistlerden. Orsyýetde žurnalistika ugrundan okap gelen. Türkmende muña "el gören" diýilýär. Başgalardan saýlanyp durandyr. Onuñ alyp barýan gepleşikleri siziñ aýdyşyñyz ýaly-da bolaýmaly.
Ine munyňyz başga gürrüň. Elbetde saýlanyp dur. Şonuň üçinem ýeri bolmasa-da goý köpler (bilmedikler) bilsin diýip ýazyşym. Tejiribeli we aýtjak zatlaryny öz erkine aýtýar. Üstesine erkin gürleýär.....
Men düşünmedim-le! Awtor bärde müňlerçe adamyň ölümine, nähak sud hem sürgün edilmegine sebäp bolan Stalin atly eli ganly diýdimzory götergileýärmi? Şol murtuň özem gursun, ady hem. Wagtynda öläýdi, bolmasa ýene 1953-nji ýylda ýene bir repressiýe etjek eken.
Gardaş şu teswiriň ugrynda medeniýetli çekeleşesim gelýär welin stenaň arkasynda durup uzakdan 'ýa alla şu ýerdedirda' diýip daşlaýan ýaly. Gysgaça, edil şu günki günde hem subutnama we sebäp görkezmezden duýdansyz öýüne baryp tutup uzak möhletleýin berk çäre görülýän türmelere we sürgünlere ugratmaly adamlar köp. Delillendirip oturmaýyn, sebäbi bu ýerde garaşmaýan adamlarymyz hem bar bolmagy gaty ahmal. Üstesine mendede seňki ýaly pikir döräpdi we enem (kakamyň ejesi) hem kakam ýaly ýaşdaky adamlaryň birnäçesinden gyzyklandym. Häzirki günde hem şeýle adamlar bar diýmegime esaslanýan delillerime meňzeş faktlar eşitdim. Onsaň 'hmmm sebäpsiz çöp başy gymyldamaýan eken' diýdimde goýdum. Sebäplerini öwrenmezden, bilmezden(belki düşünmezden diýsem has ýerne düşer) bu hili pikirde bolma. Galanam öz kelläň, netijesiz, sebäpsiz bilmezlikden göterýän pikirleriň seňki, agram bermese göterde gez :)
15-nji teswire. Stalin bilen garyndaşlyk baglanyşygym ýa-da ony götergilemek ýaly bireýýäm möwriti geçen peýdasyz bähbidim ýok. :) Muña garamazdan nämüçindir käbir nadanlar eýýäm "Myhman depderde" agza alynmajak her dürli hapa-paýyş sözlerini-de çyrşap gitdiler. Zyýany ýok. Men olar ýaly anonim kesekçiler bilen agyz deñemekçi däl. Ýöne Stalin hakda gürrüñ gozgalanyna görä, tema bilen baglanyşykly siziñ şuña ünsüñizi çekesim gelýär:
* * *
Stalin kim bolupdyr? Staliniñ sowet halklarynda we häzirki rus halkynda galdyran täsirlerini deñeşdirmek arkaly nämeleri aýdyp bileris? Netijede taryhy şahsyýeti her halk birhili, birtaraplaýyn kabul edýär. Meselem, Mahmyt Gaznaly biziñ gözümizde milli gahryman derejesinde götergilenýän taryhy şahsyýet, emma Hindistana on ýedi gezek guran basybalyjylykly ýörişi üçin hindiler ony häzirem ýigrenç bilen ýatlaýar. Edil biziñ Çingiz hany ýigrenç bilen ýatlaýşymyz ýaly. Munuñ deregne mongollar Çingiz hany özleriniñ milli gahrymany hasaplaýar. Ýa bolmasa Teýmirleñi biz ýigrenýäris, özbekler ony atasy hasap edýär. Osmanly soltanlaryny alyp görüñ, ýewropa halklarynda olara bolan garaýyş nähili, türkleriñ özünde nähili? Eýran şalaryna bolan biziñ garaýşymyz nähili, Eýranyñ öz içinde nähili? Jüneýit hana biz nähili garaýarys ýa özbek gardaşlarymyz nähili garaýar? Ýa-da rus, iñlis çeşmeleri ony nähili suratlandyrýar? Şeýle taryhy çemeleşme dogrumy? Elbetde, nädogry. Taryha we taryhy şahsyýetlere bir tarapyñ görmek isleýän penjiresinden seretseñ, ol hakyky taryh bolup bilmez, ol eýýäm matlaplaýyn propaganda bolýar, ideologiýa öwrülýär. Hakyky taryh hiç bir döwürleýin ideologiýa gulluk etmeli däl. Taryha we taryhy şahsyýetlere umumy penjireden seretmeli we baha bermeli! Şoña görä-de, Staliniñ dünýä taryhynda galdyran yzyna doly we dogry baha bermek üçin näme etmeli? Elbetde, Hytaýda oña nähili garalşyny, ABŞ-nyñ we Ýewropanyñ häsiýetlendirmelerini, sowet we rus çeşmelerini, biziñ halkymyzyñ we beýleki doganlyk halklaryñ hakydasynda galdyran oñyn we ýaramaz yzlaryny... tutuş hemmesini öwrenenden soñ Stalin barada nämedir bir zatlary aýtjak bolmaly. Ýogsam islendik ýagdaýda säwlige ýol bereris. Stalin bolmasa, dünýä Gitleriñ we onuñ faşist itleriniñ penjesine düşerdi, dünýä halklarynyñ ýarsy faşistleriñ elinden ölerdi, ýarsy-da gul bolardy. Ata-enelerimiz ýewreýler ýaly konslagerlerde çüýrärdi we belki-de biz häzir şu zatlary siziñ bilen pikir alşybam bilmezdik. ABŞ we Ýewropa Gitleriñ ganatyny gyrkmagyñ ýerine oña meçew berdi, kömek etdi. Gitleri Günbataryñ özi döretdi. (Taryhyñ çarhynyñ birmeñzeş aýlanyp durşuny görýäñizmi? Edil häzir Binýamin Netanýahuny-da şeýdýärler. Wagtynda ganaty gyrkylmansoñ, olam Gitler ýaly dünýäniñ başyndan bela bolup indi). Şoña görä-de, ne Amerikanyñ, ne tutuş Günbatar Ýewropanyñ edip bilmedik işini eden beýik şahsyýetiñ bitiren deñsiz-taýsyz bu taryhy hyzmatynyñ üstüni gömmäge hiç kimiñ güýji ýetmez.
"Onuñ eden repressiýasy näme?" diýilmegi mümkin. Elbetde, munuñ üçin hiç bir tarapdan Staliniñ ýüzüni ýuwup bolmaýar. Şol sanda, muny-da hemmetaraplaýyn öwrenmeli. Günä diñe Stalindemi? Tutuş ýurt boýunça adam barsyny kerçän, öý-ojaklary ýumran diñe bir adammy? Sistema nädip beýle agressiwleşdi, munda kimleriñ roly bar? Nädip 54-nji ýyla gelinensoñ ondan öñ Staline "atamyz", "serdarymyz" diýip duranlar birden onuñ "şahsyýet kultuny" näletleýän "progressiwlere" öwrüläýdi? Hemmesini öwrenmeli.
* * *
Galyberse-de, goşguda Staliniñ şahsyýeti barada däl-de, dönüklik, watana hyýanat, korrupsiýa barada pikir gozgalýar. Üns berilmän ýazylan ýekeje ýöntem teswir goşgy barada aýdylmaly pikirleriñ öñüni bentläp, birgiden gereksiz gepleriñ öñüni açdy...
Teswir ýazmak baradaky tekliplere, haýyşlara gowy jogap beripsiňiz. Agza alynmajak sözler bilen Myhman Depderde ýazgy galdyrmaga synanyşanlar "ýüpe daňylan güjükler ýaly, haçanda köçeden barýana üýrüp şoňa tarap ylgap birdenem ýüpüniň ýeten ýerinde siltenip bokurdagyndan gysylan ýaly naýynjar çyňsap galýan" ellekileşdirilen jandar ýaly :) Bir zada içiň ýananda ýa gahalanaňda edip biljek zadyň ýok bolsa iň gowy çykalga sesiňi çykarmazlyk. Ýogsam al petiňden alarlar ýada üstüňden güldürersiň. Üstüňden güldürmegem iň ýiti awuly ýarag ulanylan ýaly :) Hä birem arada Jekserçe maňa birine jaň etdirip awtorlykdan aýrylanyna meni günäkärläp nägileligini bildirdi. Soňundanam hiç hili nägile däldigini aýtdy. Bu yzygiderliligi 3-4 gezek gaýtalady. Beriň şoňa awtorlygyny :) (anyk aýtdygym däl, belki myhman depderde aýtýan teswirleriňizden onuňam çyrşan zatlary bar bolmagy ahmal. Ýene bir zada intuisiýam boýunça şol depderde Pegasyňam çyrşan bolmagy ahmal. Ýalňyşýan bolsam ötünç soraýan. Sebäp bolmak ähtimallygy has ýokary bolany üçin aýtýan. Adresini agzanlarym ýa olaryň tarapdarlary garşyma sarkazm ýa medenýetlisiräp jogap gaýtarjak bolsaňyz size hiç peýdasy degmez, barmaklaryňyza we kelläňize artykmaç energiýa sarp etmäň)
Aý, ýok-la, at tutmak hökman däl. Jek biraz kelesañrak bolsa-da, öz inimiz ýaly, sözümiz geçýär. Ondan beýle zat çykmaz. Çyksa-da, aýakýeterimizde. Beýleki at tutan dereksiz oglanyñyzam bar bolan az-uçuk sowadynyñ beýle samsyklygy etmäge ýol bermejekdigini bilýäris. Aradaky eden samsyklygyna berilen duýduryşlar üçin beýle zada ýol berse-hä, diñe öz ayagyndan palta salar. Sebäbi onuñ ýalñyşýandygy özüne jañ edip duýduryldy. Açyk hem ýazyldy bu boýunça gürrüñ gozgalanda. Hiç kim bilen gizlin söweşimiz ýok. Eger eden samsyklygyna berilen şeýle aç-açan duýduryşdanam soñam, jañ edip ýa ýüzleşip bilmän bular ýaly namart oýunlara baş goşsa gözünde ot ýakyljagyny biläýsin! Bu masgaraçylykly pesligi guýruk awusy bar zyr-jahyllar edýär. Olaryñ kimdigini anyklamak kyn däl. Ýöne şoña sarp etjek wagtymyza degenok. Signal berip dur ýazylýan ýerinden, näçe anonim ada bukulsalar-da: IP adres bilen gmail anyklanylýar, gmail bilenem telefon belgisi. Soñ ýedi gat ýeriñ aşagyna girse-de sypyp bilmeýär. Heran-haçan durar bizde bu zatlar üýşüp. Häzirlikçe, goý, sögünsinler. Özlerine ýamanlyk edýärler. Diýilýän zatlar biziñ salgymyza ýetmeýär barybir. Ýazýan zatlarynyñ ýekesini ýüzümize aýtmaga bogunlary ysmajak derejede bigaýrat hemmesi. Şolar ýaly bigaýrat bolandyklary üçin görünmeýändiris öýdüp kesekleýärler-dä. Ýöne bar atan kesekleri öz hapa ýüzleriniñ hapa tagmasy bolup galýar boýunlarynda. Nadanlar üçin sarp etjek wagtymyzam ýok, energiýamyzam.
Bir gynanýan zadymyz, merhum ejemize dil ýetirýärler. Näçe boş jabjynsalaram, edil beýtseler ýüregiñ ýaralanýar. Bilenlerinden galmasynlar, bu sözleri üçin iru-giç jogap sorarys, ölmän başymyz dik gezip ýörse. "Ýarjak it üýrmeýär". Şonuñ üçin mundan artyk zat aýdasymyz gelenok häzir. Gaýrat ediñ, özümize sögüniñ. Eje mukaddesdir, ejä dil ýetirmäñ. Eje bar bolsun, ýok bolsun, tapawudy ýok, dil ýetirilmeli zat däl. Duşmançylygyñyzy mert ediñ.
* * *
Hawa-la. Sögünmek - nadanlygyñ, gargynmak - ejizligiñ alamaty. Bu iki pesligiñ ikisem bar bularda.
Men diňe pikirimi aýtdym. Gürrüňden gürrüň çykyp nirelere gelindi. Pegasy men bir gezek gördüm gapdalyndan. Diňe dilden salam selim edildi. Başga hiç hili pikirimi beýan etmek islämok. Jek ýa başga biri bilen araňyzda garşylygyň döremegine sebäp bolmak islämok.
Ehh hawala, tehnologiýa näçe ösüp hyzmat etse-de beýleki tarapdan seniň daşyňa malýatak gurýar, näçe ösüşde bolup näçe ýeňillikler döredip hyzmat etdigiçe seniňem daşyňa şonça berk haýat aýlaýar. Emma çyzykdan geçmeseň hiç hili zyýany degenok, tersine göwnüňe degenleri aýdyşyňyz ýaly tapyp we temmisini bermäge uly ýeňillik mümkinçilik döredýär. Hawa-la üstesine wagt sarp edeniňe degmejekler, wagt sarp edeňde-de aýaga ýykyljaklar we ýykylyp ýalbarsalar nätjek, ene-atasy hasam. Wagt sarp edeniňe degjek adamlarden beýle zatlar çykmaz.
Internet, sosial mediýa, edebi saýtlar, söwda we beýleki pudaklaýyn portallar - dünýä açylan penjire, çäksiz mümkinçilik, bahasyna ýetip bolmajak nygmat, meşgullanýan we gyzykýan ugruñ boýunça islendik maglumatlary tapyp we okap bolýar. Mundan ýerlikli peýdalanmagy başarsañ, dünýä elýeteriñde, dünýä saña hyzmat edýär, durmuşyñy añsatlaşdyrýar. Tersine bolanda: wagt geçirilýän şama-şaýyrdy tanyşlyk çatlary, sögüşmeler we ş.m. kanuny bozýan dürli bidüzgünçilikler öz aýagyña palta salyp, il ýüzüne çykmaz ýaly derejede at-abraýdan gaçyryp bilýär, onuñ ýetirjek maddy we ruhy zyýanyny bütin ömrüñe-de dolup bolmaýar onsoñ.
@Money, meni tanaman adresime azyrak ähtimallygyňy ýöretseň bolanokmyka?
Myhman depderine kä wagt girilip serediläýmese, şu wagt siziň ýazanlaryňyzdan okap otyryn... Men kän sosial sitelerde adamyň şahsyýetine sögüp ýazmaýaryn! Diňe ýüregine batjak, ajy sözler bilen ýazaýmasam!
Biz SSSR-i görmedik. Kakamyz, ejemiz doganlarymyz gördi. Ýokarda belleýişleri ýaly olar öwýärler. Aslynda taryhyna seredip otyrsak, Soýuzyň türkmene hezil beren zady ýok diýerlik. 70 ýyl. Geçen asyryň 20-nji ýyllaryndan 70-nji ýyllaryna çenli türkmene gan ýutdyrdy. Ondan soňam 1989-njy ýyl... 20 ýyl taryh üçin nämejik.
Saňa gysgaça ýekeje delil. Ol döwürler jaý saljak maşyn aljak çagamy plan kes edip ýetişdirjek diýip bir topar erkekler (aýallar, gyzlaram bar. Hatda 96%ne ýoldan çykandyklaryna we baran ýerlerinde ýoldan çykarandyklaryna söz ýok) maşgalasyny, çagasyny taşlap. Hem özi aýal we çaga mährine zar hem aýaly är mährine çagalary ata mährine terbiýesine zar bolup ýaşamadylar. Häzirem "ol döwürler eşek ýaly işletdiler......eýle beýle'' diýersiň. Hä şu topragy taşlap çagasyny aýalyny (zenanlar ärlerini çagalaryny) taşlap meselem Russiýada, Turkiýede kabinetde oturyp ýa şertleri gowy işlerde halkara derejede kabul edilen iş sagatlarynda işleýändirler öýtýäňmi :))) heheh men bu ýurtdan daşary 2 ýurdyň howasynda ýaşadym. Aýdyp oturmaýyn biziňkiler barada.....emma özüm gowy şertlerde geçirdim, munyňam sebäbi bar. Garaz pikirlen täzeden. Dogry her döwrüň kynçylygam bar aýşy eşretem bar. Her döwriň agyr we kyn ýaşaýyş şertlerine ýaşanlaram bar döwrüň ýeňiline agyryna garamazdan gowy şertde ýaşanlaram bar. Tankytlamak prinsip bolsa 33 ýyla hem ýeterlik tankyt köp, öwmeli bolsada gowy şertlerde (halaldanmy haramdanmy) ýaşaýanlardan pikir soraýmaly.....
SSSR döwrüne gysgaça biraz pikir bereýin. Stalin barada-ha bir agyzam gürlemek niýetim ýok sebäbi gürlejek bolsaňam sebäp subutnama ynam gerek. 1995nji ýyl. Bu elbetde garaşsyzlyk ýyllaryna degişli. Ýöne SSSR täsirinden çykan hiç bir adam ýok. Garaşsyzlykda dogulanlaryň iň uly ýaşlysy 4 ýaşan. Şol wagtda kakamyň inisi öýlenen we widesyndaky adamlar şeýle biri birine mährli, gadrly. Toýda diýseň şeýle adam köp. Häzir beýle köp märeke öleniň iň soňky sadakasyndada göremok. Gündizi gijesi märeke köpelmese azalmandyr. Ol ýyllarda traktorlaryň gyzyl setkaly teleşkasynda bagşylar aýdym aýtýar eken. Garaňky düşenden tä 23:50 bolýança bagşynyň öňündäki tans etýänler azalanok, üstesine töwereginde toý synlaýanlar edil häzirki WWE (Smack down, RAW) şowundaky ýaly göz öňüme gelýär. Adamlar sada, häzirki döwür bilen deňeşdirilende aýdara zat köp. Ne biri birinden doýgun, ne biri birine bahyllyk bar, ne biri birinden üstün ýaşajak baý ýaşajak bolup dost doganlykdan uzaklaşan. Ol döwürdede bolandyr ýaramaz biri birine bahyl biri birinden üstün baý ýaşajak bolup bu zatlardan geçenler welin kanun olary ýa ýok eden ýa gysymynda saklan. Dogry, ýurdy ösdürmek üçin halk baýamaly. Emma ýewropanyň ösen ýurtlary, Ýaponiýa, ABŞ ýaly bolmak üçin entäk bu halk gaty köp zady bilmeli, öwrenmeli, başyndan geçirmeli. Bu eýýäm başga gürrüň.....
ýokaryk bir bak, birnäçe adama uzyn uzyn edip jogap berdiň, ýöne men Seniň bilim derejäňe baha kesmek hakynda pikirem etmedim, sebäbi Seni tanamok, Sen eýýäm maňa baha berdiň :-)
Myhman depdere sögüp ýazmak nire men nire? Ony Moderatoryň özem ýazdy...
Ýazan teswirim üçin köpleriň işinden alyp galanymyz üçin ötünç soraýan! Bir tarapdan tema şowly boldy, çekeleşikli gitdi, gynandyrýan zady adminiň şahsyýetine paýyş sözler bilen ýazanlar bolupdyr. Teswirler ol ýerde dowam eder öýdemokdym. Indiki şowly makalalarda görüşýänçäk sag -salamat galyň!
Gatnaşmagyňyzda goşgy köp okalanlaryň sanawyna goşuldy. :)
Asyl şu goşgyň özünde ençeme hapa, agza alynmajak paýyş söz bar! Awtory kimkä? Eger Allaýar Çüriýew bolsa-ha, içi hapa sözli beýle hapa sözli goşgy abraýly alym, tanymal, sowatly ýaşuly adama gelşenok! Däl bolsa-da, ýaşuly şahyrdan ötünç soraýan.
Ine, ýokarky "çuňňur manyly" goşgy:
Goýar ýalysy ýok Onuň deňinde, Eger diri bolan bolsa, öňünde Suwda gamşyň titreýşi deý, Titremezmi Hruşýow? Öz-Özüni ýitirmezmi Gorbaçýow? Saňsar Ýelsin ommalar, Ýakowlew-de dommalar, Şewardnadze çommalar... Gözi düşüp murtuna, Suw guýular syrtyna. Burbulisler, sobçaklar... Loly bolup ýatjaklar, Eneleri ýalamadyk çubaýslar, Baryňyzyň aslyňyz bir — Haram gebbelsler...
E-he-ý-ý, SSSR-i ýykan ganjyklar, Ganjyk amy ýaly porsy amjyklar, Ömür boýy dowzah otda ýanjaklar...
Üýtgeşik zat aýdanok ýaşuly... Soýuz döwrüniň adamlary bular, aňsat-aňsat üýtjetjek gumanyň ýogam bulaň ýatlamasyny. Allaýar aga diýer-goýar, SSSR-de ýaşap bu wagtky döwürde gezip ýoren adamlardan şundanam erbet jogaby aljagymyz belli. Geçip giden ýaşululardan mundan beterräk sözlerem eşitdik, ýöneje dymdyk.
Durmuşda bar zady inkär etmegiň manysy ýok. Ýöne ol sözleri gaty ýerlikli ulanmaly. Ol sözleri ulanmagy kesp edinmek nädogry. A.Çüriýewiň edil şu şygrynda şol sözleri ulanyşy ussat Magtymgulynyňky ýaly ýerlikli diýip biljek däl, ýöne şahyr duýgusyny beýan edipdir. Ony ýazgarmak bolmaz.
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]