21:15 Baýar bagşa | |
BAÝAR BAGŞA
Goşgular
(Nowaýynyň äheňinde) Bu dünýäni boljak ekeni undup, Gorjalanda dertli kalbyň ody heý. Agşamlar ah çekdim, säherler diňdim, Köňül para-para kylyp dady heý. Mukama sygyndym giňinde dünýäň, Mukama sygyndym giňedi dünýäm, Ýüzdenbir är bolup ineňde dünýä, Haýran edip geçer ýakyn-ýady heý. Owazyňa aýlar-ýyllar elendi, Duýana çyn, duýmadyga ýalan bi, Goşa tarda derdin aýdyp ýalançyň, Bu niçiksi gudrat, niçik jady heý. Dälilik bolmasa sile aýypdyr, Dag başyndan şaglap indim, haýykdym, Ýedi arka dolanarmyş beýiklik, Nesillere rowa görüp ady heý. Ötdi, panyň zabunlygyn görsene, Uly dünýäň derdin guýup gursagna, Gel, söhbet açaly, galsyn tirsegne, Baýar bagşy atly ýagşyzada heý. Toýly ÖWEZOW. | |
|
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Watan howasyndan doýmadym hergiz..." / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Я блондинка / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Sendedir sende / Goşgular - 17.07.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Nyşanmy / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Betbagt adam / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Gider idim men ýol syra, ýawlak uzamyş bir agaç... / Goşgular - 12.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |