21:08 Ruhlar hakynda | |
RUHLAR HAKYNDA
Geň-taňsy wakalar
Siz ruhlar hakynda, olaryň ýaşaýandygy barada eşidipmidiňiz? Onda size gyzykly bir mysal: Esasy zat ruhlar bilen bedeniň bilelikde direldiljekdigidir. Şu ýerde ähli ýaradylyşa şübhe bilen garaýan ynsanyň kalbynda ýer ýüzünde geçip duran tapgyr-tapgyr ýaşaýyşyň hemmesiniň birden nädip direldiljekdigine bolan sowal döreýär. Ýöne bir zada üns bermek gerek. Adamlaryň oýlap tapan elektrik togunyň bir pursatda bir şäherde ýüz müňlerçe liniýany birbada ýagtylandyryp bilýän wagty, Allanyň emri bilen ýeňil hereket edip bilýän ruhlaryň birden direlmek mümkinçiligi bolup bilmezmi? Bolar. Ruhlar beden bilen bile direler diýlende muňa geçmişdenem, hat-da şu günki günümizdenem näçe diýseň mysallary getirip bolar. Bularyň şol günki direlişe ynsanyň kalbynda ynam döretmek üçin başlangyç nusgalar bolmagam mümkin. Mysal üçin adam düýş görende bireýýäm ölen adamlaryň diri ýaly bolup görünmegi ýöne ýerden däldir. Geçmiş hekaýatlarynda muňa näçe diýseň mysal bar. Jirjis pygamberiň ýedi gezek ölüp direlmegi, Isa pygamberiň ölüleri direltmegi... • Hekaýat: Bu waka bu gohly ХХ asyryň ahyrynda bolup geçýär. Otlynyň sürüjisi birden gapynyň agzynda duran aýal maşgalany görýär. – Haýyş edýän, otlyny saklaň! Ýolda meniň çagajyklarym oýnap otyrlar. Sürüji dessine işe girişýär. Ol otlynyň tizligini peseltmek bilen bolýar. Iki sany kiçijik oglanjyk otly ýoluň üstünde oýnap oturan ekeni. Sürüji çagalaryň ýanyna ýetmän otlyny saklaýar. Düşüp, bu kiçijik çagalary gapdaldaky oba alyp barýar. Görse çagajyklaryň kakasy bar-da, ejeleri golaýda ýogalan ekeni. Şu ýerde sürüjiniň ýöräp barýan otlynyň üstünde öz ýanyna baran aýal ýadyna düşýär. Ol bu wakany gürrüň berip çagalaryň ejesiniň suratyny görkezmegi haýyş edýär. Ol suraty görýär. Hakykatdanam şol aýal. Adamlar bu gudrata haýran galýarlar. Ynha, bu waka ruhlaryň beden bilen bile direlip biljekdigini görkezýar. Geň ýeri, çagalaryň ejesi sürüjä görnende aýratyn bir ünsi çeker ýaly ýagdaý ýok eken. Ol adaty aýal eşiginde görnüpdir. Toýly ÖWEZOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||