12:20 Keramatly kitaplar hakynda | |
KERAMATLY KITAPLAR HAKYNDA
Geň-taňsy wakalar
Keramatly hasaplanýan kitaplar dört sanydyr: Töwrat, Zebur, Injil, Gurhan. Töwrat – sözi ibrani dilindäki söz bolup, “kanun”, “şerigat”, “emr”, “ündew”, “ýol görkeziji” manylaryny berýär. Ol hezreti Musanyň üsti bilen ysraýyl ogullaryna inderilipdir. Bu hakda Gurhanyň "Maide" süresiniň 44-nji aýadynda “Içinde hidaýat we nur bolan “Töwraty” biz inderdik” diýilýär. Israýyl ogullary öz geçmişinde duçar bolan sürgün we ýesirlikleri sebäpli Töwratyň asyl nusgasyny gorap saklap bilmändirler. Töwratyň asyl nusgasy ýitende ýahudy alymlary ony täzeden ýazypdyrlar. Sebäbi hezreti Musa biziň eýýamymyzdan öňki XIII asyrda ýaşapdyr diýilýär. Töwratyň iň gadymy ibranyça nusgasynyň biziň eýýamymyzdan öňki VII we X asyrlara degişlidigi habar berilýär. Bu hem asyl nusganyň ýitip, häzirki nusganyň soň dikeldilendigini aňladýar. Töwrat müň ýylyň dowamynda emele gelip, biziň eýýamymyzyň togsanynjy ýyllarynda geçirilen Emniýa maslahatynda kitap görnüşine getirilipdir. Töwraty düzýän kitaplaryň sany ýahudylaryň pikirine görä 24, hristianlara görä 39-dyr. Häzirki döwre çenli gelip ýeten Töwrat doly wahy (Alla tarapyn inderilen ylham, söz) bolman, ynsanyň sözi bilen garyşdyrylan bolmaly. Bu diňe kitap hakyndaky maglumat. Onuň keramatly hem ganatly sözleri nesilden-hesle geçip, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Aslynda Töwratyň Allanyň ylahy sözi bolandygyny keremli Gurhanam tassyk edýär. Öz döwründe, ondan soňam Töwratda aýdylanlary öwrenip, manysyny syntgylap, welilik derejesine ýeten alym, ulamalar bolupdyrlar. Töwrat 28 müň sözden ybarat bolupdyr diýýärler. • Hekaýat: “...Ol tagta göterildi. Musa aleýhissalam ony kowmuna alyp geldi. Ol beni Ysraýylyň halkyny ýygnap: “Ine Allatagalanyň Size iberen kitaby şudur. Bu kitapda ýedi müň emr, ýagny, “Tagat et!” diýen buýruk bar. Ýene ýedi müň nehi, ýagny günä işlerden saklaýan permanlar bar. Ýene ýedi müň nesihat bar, ýene ýedi müň ýagşylygyň beýany bar. Bularyň jemi ýigrimi sekiz müň sözdür” diýdi. • “Melike we danyşment” kitabyndan: “Sowal: Töwrat näçe süreden ybarat? Jogap: Töwrat dokuz müň süreden ybarat, her süresi dokuz müň aýat, her aýaty-da Gurhanyň “Bakara” süresiçe bardyr. Öňler Töwraty araba salyp bir ýerden başga ýere äkidýän ekenler.” Töwrat dünýäniň geljegi hakynda, ýaşaýyşyň mazmuny hakynda welilik bilen beýan edilen ylahy söz bolupdyr. Munuň şeýledigini bize öňden mälim bolan şu wakanyň üsti bilenem subut edip bileris. Çünki Töwratda aýtmaklaryna görä, iň soňky kyýamat ahyryň pygamberi Muhammediň (s.a.w) geljekdigi, onuň tiresi, daşky keşbiniň nähili boljakdygy hakynda näçe müň ýyl öň anyk ýazylyp gidipdir diýýärler. • Hekaýat: (Bu hekaýat Muhammediň (s.a.w.) Hatyja duşmagy bilen bagly hekaýatdyr.) ... Hatyja töwrathon aýaldy. Onuň özi ylymlydy we äri ölüp dul galypdy. Arap serdarlary oňa söz aýtdylar, ilçi iberdiler, emma ol olaryň hiç biriniň sözüni kabul etmedi. Hatyja bir gije düýş gördi. Aý gökden inip, onuň goýnuna girdi. Onuň goýnundan nur çykyp, hemme kowuma, şeýle hem ýer ýüzüne ýaýyldy. Älem ýüzi rowşen boldy. Hatyja oýandy. Hatyjanyň Bahyra atly ýakyn geňeşçisi bardy. Hatyja oňa düýşüni beýan etdi we: “Eý, Bahyra, sen maňa düýşümi ýorup ber” diýdi. Bahyra: ”Eý, Hatyja! Bu düýşüň ýorgudy şeýledir. Ol Aý ahyrzaman pygamberi Muhammet Mustapadyr. Ol dünýäde peýda bolandyr. Ol seni alar. Ol seniň goýnuňa girende wahyý (Allatagaladan owaz) geler. Allatagala oňa pygamberlik berer. Älem-jahan onuň nury bilen röwşen bolar. Aýallardan senden öň iman getiren aýal bolmaz. Bu zatlar Töwratda ýazylgydyr. Ol pygamber kuraýyşlar taýpasynyň haşym urugyndan bolar” diýdi. Hatyja bu söze begendi. Ol mundan soň Allatagalanyň bu höküminiň berjaý bolmagyna garaşyp ýördi... Bir gün baýaky söz üçin Atika girip geldi. Hatyja ony garşylady. Ol Atikany arzylap, öz ýanyndan orun berdi. Hatyja heniz hiç kime munuň ýaly hormat-sylag etmändi. Çünki Atika Abdulmuttalybyň gyzydy. Atika Muhammet aleýhissalam hakynda aýtmakçydy. Emma ol Muhammet aleýhissalamy onuň hyzmatkärligine teklip etmäge utanýardy. Hatyja Atikanyň bir söz bilen gelendigini, utanyp ony aýdyp bilmeýandigini aňyp: “Eý, araplaryň seýidi! Sen menden näme dilegiň bolsa utanman sözle” diýdi. Atika: “Eý, Hatyja! Meniň saňa bir sözüm bar. Emma men ony aýtmaga utanýaryn diýdi. Hatyja: “Eý, Atika! Sen sözüňi utanman aýt!” diýdi. Atika: “Biziň Abdylladan bir oglanyň galanyny sen eşiden bolsaň gerek. Atamyz Abdyllmuttalyp onuň üçin, bize köp wesýetler edip gitdi. Indi Muhammet ýigit çykdy. Biz oňa gyz almak köňlümiz bar. Emma agam Abu Talybyň elinde galyň tölemäge hiç zat ýok. Onuň öz oglanlary hem köpdür. Biz: “Siziň argyşlaryňyz Şama gidýär” diýip eşitdik. Siz Muhammedi ýumuşçy edip alsaňyz, ol Siziň düýeleriňiz bilen argyşa gitse bolmazmy? Ol bir kişiniň ornunda siziň hyzmatyňyzy etse, bir zatlar gazansa, öýlenmegiň harajatyny tutsa” diýdi. Hatyja köňlünden: “Meniň düýşümiň ýorgudynyň başy şu bolsa gerek” diýip oýlandy. Onuň begenjinden meňzi gyzardy. Ol: “Eý, Atika! Sen näme diýseň men şonuň ýaly edeýin. Emma argyş bilen gitmek agyr işdir. Sen öýüňe baryp, Muhammedi meniň ýanyma getir. Biz onuň bu işe ýarajakdygyny ýa-da ýaramajakdygyny göreli” diýdi. Atika gitdi. Hatyja ýerinden turdy, arassalandy we Töwraty goluna aldy. Ol bu kitapdan Muhammediň (s.a.w.) tarypyny we syratyny okady. Ol gözüni ýola dikip oturdy. Atika Muhammedi alyp geldi. Hatyja hajyba: (gapy saklaýja) “Eý, hajyp! Muhammedi öýe hormat-hezzet bilen giriz we ony mertebeläp, ýokary geçirip oturt” diýdi. Hajyp onuň buýrugyny aýdy. Hatyjanyň özi perdäniň içinde oturdy. Ol bir Muhammede, bir Töwrata bakýardy. Ol Töwratda okap gören sypaty bilen Muhammediň görküniň arasynda hiç-hili tapawut tapmady. Onuň saçy garady, gözi, gaşy, hemme bedeni nurludy. Muhammet aleýhissalam bir ýerde otursa, ol ýerden kyrk günläp müşküň ysy gelip durýardy. Muhammediň keşbi onuň Töwratda okan keşbi bilen gabat geldi. Ol öz ýanyndan pikir etdi. “Eý, Hatyja seniň düýşüň dogry bolup çykdy. Saňa laýyk jübüt hasyl boldy. Emma, bu wagt ony ýüze çykarmagyň wagty däl...” diýip oýlandy. • Hekaýat: (Bu hezreti Omar aleýhissalam hakynda). ...Ertesi hezreti Omar bu işi Kagr Al-Akbar bilen geňeşdi. Kagr Al-Akbar: “Eý, Omar! Seniň ömrüňden üç gün galypdyr” diýdi. Hezreti Omar: “Eý, Kagr! Sen bu habary nähili bildiň?” diýdi. Kagr Al-Akbar: “Men muny Töwratda gördüm” diýdi. Hezreti Omar: “Töwratda meniň adym barmy?” diýip sorady. Ol “Onda seniň adyň ýok, emma sypatyň bar” diýdi. Ikinji gün hezreti Omar ýene onuň ýanyna bardy. Ol: “Seniň ömrüňden ýene iki gün galdy” diýdi. Hezreti Omar onuň ýanyna üçünji gün hem geldi. Ol: “Eý, Omar! Seniň ömrüňden daň atsa, bir gün galdy” diýdi. Bu şeýlede boldy. Toýly ÖWEZOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||