18:08 Edip şa hakynda rowaýat | |
EDIP ŞA HAKYNDA ROWAÝAT
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Siz Günbatarda dörän Edip şa baradaky hasratly waka hakynda okap görüpmidiňiz? Delfa orakuly (täleýçisi) tarapyndan aýdylan täleýe garşy hereket eden Edipiň taryhy baradaky rowaýat has-da gyzyklydyr. Munuň özi tymsala öwrülen «Ýazgytdan gaçyp gutulma ýok» diýlen gadymy jümläniň dogrudygyna güwä geçýär. Patyşa Laýi – Fiw Kadma galasyny şöhratly esalandyryjynyň zürýady Lokasta öýlenýär. Hudaý delfa orakulynyň dili bilen (gadymy Gresiýada delfa orakulynyň aýdany Hudaý tarapyn diýlip kabul edilipdir we soranlara aýdylypdyr) oňa aýalyndan nesil öndürmegi gadagan edýär. Sebäbi dogulan çaga öz kakasynyň janyna kast eder diýilýär. Emma Laiý serhoş bolup, aýaly bilen gatnaşykda bolýar. Netijede Iokasta ogul dogurýar. Laiý doglan çaganyň topugynyň damaryny deşip, ýüp bilen baglap, çopanyna ony Kiferon dagyna äkidip, ýabany haýwanlara şam etmegi buýurýar. Çopan bu gazaply jezanyň sebäbini bilmänsoň, onuň çaga nebsi agyrýar. Şeýdibem, ony Korinf patyşalygynyň çopanyna berýär. Soňra bolsa bu çagany patyşa Polipiň aýalyna getirip berýärler. Onuň öz çagasy ýokdy, şonuň üçinem ol çagajygy uly şatlyk bilen kabul edýär. Ol oglanjygyň saglygyna seretdirip, aýagynyň çişip, agsaýandygy üçin, oňa Edip diýip at goýýar. Edip çalt aýaga galyp, sagdyn we güýçli bolup ýetişýär. Bir ýola Edipiň deň-duşlary görübilmezçilikden ýaňa ony «taşlanan çaga» diýip atlandyrýarlar. Özüne aşa göwni ýetýän Edip munuň şeýledigini ýa-da däldigini bilmek isleýär. Hut şu maksat bilenem ol Delfa orakulynyň ýanyna ugraýar. Delfanyň orakuly oňa öz Watanyna dolanmazlygy sargaýar, sebäbi onuň elhenç tragediýany öz yzy bilen alyp barýandygyny, öz kakasyny öldürip, ejesine bolsa öýlenjekdigini aýdýar. Orakulyň welilik bilen aýdanlaryny diňlän ýetginjek Korinfe dolanman, Fiwe tarap ugraýar. (Polip we onuň aýalyny öz hakyky ene-atasy diýip pikir edýärdi). Edip öz arabasynda Fokidunyň üsti bilen darajyk ýoldan barýarka, garşysyndan gelýän Laiýa we onuň jarçysy Polifonta sataşýar. Geň galaýmaly ýeri, Edipiň Delfa orakulynyň ýanynda wagty Laiýi hem Delfa orakulynyň ýanyna gitmegi karar edýär. Onuň bu karara gelmeginiň sebäbi kän ýyl mundan öň ýowuz ölüme sezewar eden oglunyň soňky ykbaly hakda bilmek islegidi. Has-da täsin ýeri, ataly-ogluň bu duşuşygynyň Laiýiniň Delfa orakulynyň ýanyna barýarka, Edipiň bolsa ol ýerden gelýärkä bolup geçmegidir. Dar ýola pete-pet gelen iki arabanyň sygmaýandygy üçin Polifonta Edipe ýol bermegi buýurýar. Emma Edip onuň gohuna gulagam asmaýar. Polifonta onuň atlarynyň birini öldürýär. Gahary gelen Edip bu tutluşykda Polifonty we öz kakasy Laiýi öldürýär. Şeýlelikde, Delfa orakulynyň aýdanlarynyň bir bölegi hakykata öwrülýär. Edip ýoluny dowam etdirip, Fiwe barýança ol ýerde patyşalyk Laiýiň aýalynyň dogany Kreontyň eline geçipdi. Edil şol döwürde bu şähere hudaý Gera nägehan ugradypdy. Nägehanyň keşbinde aýalyň ýüzi, döşi, penjesi, ýolbarsyň guýrugy, guşuň ganatlary bardy. Ol Fikeý dagynda ýerleşip, Fiwanlylardan şol bir matalyň jogabyny soraýardy. Matal haýsy bir zat şol bir sesli bolup, öz ömrüniň dowamynda ilki dört aýakly, soňra iki aýakly, soň bolsa üç aýakly bolýar diýen sowaldan ybaratdy. Delfa orakuly bolsa Fiwiň ýaşaýjylaryna haçanda olar matalyň jogabyny aýdanlarynda nägehandan halas boljakdyklaryny aýdýar. Fiwanlylar bolsa matalyň jogabyny bilmeýärdiler. Fikeý dagyna giden gerçekler ol ýere baryp nägehan bilen ýüzbe-ýüz bolanlarynda bu matalyň jogabyny bilýärdiler. Ýöne eýýäm giçdi. Nägehan olary ýuwdup goýberýärdi. Şol ýerde wepat bolanlaryň arasynda Kreontyň ogullarynyň biri-de bardy. Şonda patyşa eger haýsy batyr, gerçek matalyň jogabyny aýdyp, nägehanyň zulumyndan Fiwi azat etse, şoňa öz patyşalygyny hem-de öňki patyşa Laiýiniň dul galan aýaly, öz aýal dogany Iokastany berjekdigi barada jar çekdirýär. Ine, şol wagt hem Edip peýda bolýar. Taýsyz gaýduwsyzlyga eýe ýigit Fikeý dagyna ugraýar. Ol matalyň çözgüdini aýdýar. «Seniň soraýan zadyň – bu adamdyr» diýýär. «Diňe adam yzygiderli dört, iki, uç aýakly bolup bilýär. Çagalykda ol dört aýakly emedekleýär, ulalyp, iki aýakda ýöreýär, garrylyk hasasy bilen üç aýakly bolýar». Hudaýlaryň ýazgydyna görä, dogry jogapdan soň, nägehan kert gaýadan özüni oklamalydy. Ol şeýle hem etdi. Patyşa Kreont bolsa öz sözünde tapyldy. Edip Fiwiň patyşasy we öz ejesi Iokastanyň äri boldy. Şeýlelikde, delfa orakulynyň aýdanlarynyň bary hakykat ýüzünde bolup geçdi. Edip ýazgytdan gaçyp gutuljak bolup synanyşdy. Emma ol özi bilmän, oňa tarap barýardy. Soňra näme bolduka?! Edip Lokasta bilen 20 ýyl bagtly durmuşda ýaşadylar. Olaryň dört çagasy; iki ogly (Eteoke we Polinik), iki gyzy (Antigana we Ismena) bolýar. Ondan soňra Fiwe ýokanç gyzamyk keseli ýaýraýar. Şäheriň ýaşaýjylary ýene-de Delfa orakulyna ýüz tutýarlar. Ol hem Laiýniň ölümine sebäp bolan adamyň Fifde ýaşaýandygyny, bu keseliň bolsa olara jeza hökmünde iberilendigini aýdýar. Edip hökümdar hökmünde jenaýat eden adamy agtaryp tapmak isleýär. Ahyry oňa hakykaty bilmek başardýar. Bu nähili aýylganç? Onuň ýolda öldüren adamy öz kakasy patyşa Laiýi, söýgüli aýaly Iokasta bolsa öz ejesi bolup çykýar. Delfa orakuly dogry aýdypdyr. Edip birbada ters gelen täleýe juda gazaplandy. Ol möwç uran gazabyndan ýaňa Iokastanyň altyn sapaklary bilen öz gözlerini köwleýär. Iokasta hem bu aýylganç hakykaty eşideninde çykalgasyz ýagdaýda özüni asýar. Bu gynançly waka barada Fiwiň ähli ýaşaýjylary eşidýär, ýöne hiç kimiň Edipe nebsi agyrmaýardy, bu pajylagy pursatda ony hiç kim goldamaýardy. Iň soňunda-da ol şäherden kowulýar. Gideninde ol ogullaryna gargyş okaýar, sebäbi olar ony goragsyz goýupdylar. Edip soňra özüne geleninde, özünde hiç hili günäniň ýokdugyna düşünýär. Ol diňe ýazgytdan gaçjak boldy. Ýöne adamlar «Ýazgytdan gaçyp gutulma ýok» diýen aýylganç we gazaply hakykata ondan has öň göz ýetiripdiler. Bu waka soň giňişleýin işlenilip, ýörite eser döredildi. Hormatly okyjylarymyz size şol “Edip şa” tragediýasynyň awtorynyň kimdigini bilip, bize ýazmagy teklip edýäris. Toýly ÖWEZOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |