13:01 Mişel Nostradamus hakynda | |
MIŞEL NOSTRADAMUS HAKYNDA
Geň-taňsy wakalar
Dünýäde öňdengörüji hasaplanan adamlaryň ýene biri Mişel Nostradamus (1503-1566) hakynda okap görüpmidiňiz? Onda gysgajyk maglumatlary – geliň, bile okap göreliň. Geljekki wakalary öňünden aýtmakda meşhurlyk gazanan, Fransiýada ýaşap geçen, adaty däl adamdyr. Mişel öz ýurdunda uly meşhurlyga eýedir. Marselden, Siondan we beýleki fransuz şäherlerinden gelip, ondan kömek sorap ýüz tutupdyrlar. Eks-an-Prowans üç ýylyň dowamynda oňa belli bir aýlyk hakyny hem töläpdir. Sebäbi ol ýurda ýaýran epidemiýany saklamagyň hötdesinden gelipdir. Nostradamus aseptikanyň (näsag bejerlende ýa-da operasiýa edilende ýaranyň azmagynyň öňüni almagyň) nähili täsiriniň bardygyna gowy düşünipdir. Şonuň üçin ol näsagyň eşigini ýakyp, goraýyş perdesini geýmekligi talap edipdir. Çünki, ol keseller howadaky bakteriýalaryň üsti bilen geçýär diýen netijä gelipdir. Öz döwrüniň gumanist astrologlary Rable, Erazm Rotterdamskiý ýaly, ol hem goroskop (ýyldyz täleýnamasyny) düzüpdir. (Goroskop – ýyldyzlaryň ýerleşişini görkezýän tablisa, bu adamlaryň täleýine garamak üçin, orta asyr astrologlary tarapyndan düzülipdir). Ol bu täleýnamany ýekelikde özem gijesine döredipdir. ”Senturiý” atly kitaby çykanyndan soň, Nostradamusyň şöhraty has-da artýar. Bu kitap awtoryň adamzadyň geljekgi ykbalyny göz öňüne getirýän syýahatydyr. «Senturiý» – dörtleme görnüşinde ýazylyp, kapyýalaşdyrylandyr. Bu dörtlemeleriň jemi 1112 sanydyr. Olaryň maksady adamzady adamlaryň akylsyz hereketinden goramakdyr. Nostradamusyň aýdan zatlarynyň köpüsi dogry bolup çykdy. Ol iki jahan urşunyň wagtyny, onda Germaniýanyň ýeňiljekdigini, onuň soňky ösüşlerini we fýureriň adyny (öňdengörüji onuň diňe bir harpyny ýalňyş ýazýar – Gigler), «Awroranyň» gümpüldisini, Hirosimadäky ýadro heläkçiligini, Nagasakini, Çernobyly, häzirki wagtda bolup geçýän wakalary takyklyk bilen aýdypdyr. Nostradamus biziň paýymyza (XX asyryň ahyry—XXI asyryň başy) aýylganç synaglaryň düşjekdigini aýdýar. Olar 1998-nji ýyldan başlar. Hakykatdanam, onuň ýetip gelýän uly (gapma-garşylygy) öňünden aýdany anyk. Nostradamusyň aýtmagyna görä, Russiýa we yslam bilelikde Günbatara garşy çykyş ederler. Bu dowamly wakalaryň başy Ýakyn we Orta Gündogardan başlar. Nostradamus «Persiýadan million gaýdar» diýip ýazýar. (Şeýle seredeniňde Eýranyň million adam mobilizlemäge mümkinçiligi bar). Soňra bolsa Hytaý, yslam döwletleri we Russiýa bilen Günbatara garşy çykyş etmekde şertnama esasynda ylalaşyga gol çeker. Atlantik siwilizasiýasynyň soňuna çykylar. Ýewropa ikinji derejeli döwlete öwrüler. Welikobritaniýa basylyp alnar we Amerikanyň Birleşen Ştatlary kömege geler. Amerikanlar Portugaliýanyň kenar ýakasynda düşlärler. Munda Portugaliýa we Ispaniýa, esasanam Ispaniýanyň patyşasy Huan Karlos möhüm rol oýnarlar. Bu aýdylanlaryň dogrudygyna entek adamzadyň göz ýetirmäge mümkinçiligi bolar. Toýly ÖWEZOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |