22:47 Üç weli hakynda | |
ÜÇ WELI HAKYNDA
Geň-taňsy wakalar
Üç weliniň täsin ykbaly hakynda okap görüpmidiňiz? Elbetde il arasynda kän ýatlanylýanam bolsa taryhy geçmişde olaryň kimler bolandygy anyk takyklanmaýar. Ýöne wakalaryň aňyrsynda duran şahsyýetler anyk atlandyrylmasa-da, üç weliniň bolandygy welin, halkyň ynanjyna girip galypdyr. Musulman dünýäsinde bu üç weliniň bitiren işi ýa-da görkezen keramaty hakynda däl-de, olaryň Allanyň öňünde dogry duruşlary barada guwanç bilen gürrüň edilýär. Bu hekaýatyň özi weliligiň Alla golaýlaşmakdygyny ýene bir gezek subut edýär. Keramat görkezmän, geljek hakda bir pikiri orta atmak bilenem, diňe dogrulygyň we ýagşylygyň hormatyna-da welilik derejesine ýetip boljak ekeni. Gowusy olar kimem bolsa, ruhlarynyň Alla dergähinde ynjalyk tapmagyny dileg edip, bu hekaýaty size mysal getirip bereýin. • Hekaýat: “Kapyrlar Resil aleýhissalamdan eshabur-rakim (üç weli) barada soradylar. Hezreti Resul aleýhissalam olara bu wakany beýan edip berdi. “Olar üç kişidi. Olar göwün açmak üçin, sähra çykdylar. Köp ýagmyr ýagdy. Onsoň olar ezilmezlik üçin bir gowaga girdiler. Ýokardan daşlar gaçyp, ol gowagyň agzy ýapylyp galdy. Olar gowagyň içinde galdylar we “Eý, Taňrymyz! Köp ýagmyr ýagdy, biz ýagmyrdan gaçyp, bu gowaga girdik. Suw daşlary getirip, gowagyň agzyny ýapyp goýdy. Biz gowakdan çykyp bilmän galdyk. Bizi bu ýerden öz rehmetiň bilen çykarsaň?!” diýip, dileg etdiler. Olaryň biri: “Eý, Taňrym! Bir gün meniň öýüme merdi kär (işeňňir adam) geldi. Men ony işletdim. Emma onuň işiniň muzzuny bermedim we oňa: “Eý, dogan, sen ertir gel!” diýip, aýtdym. Ol kişi “ýagşy” diýip gitdi. Emma ol kişi ertesi gelmedi. Men ony gözläp tapyp bilmedim. Men ol kişä niýetläp bir towuk alyp goýdum. Men ol towugyň ýumurtgasyny satyp bir sygyr aldym. Ol sygyrdan köp göleler aldym. Bir gün ýoldan geçip barýardym, görsem ol ýigit gedaý gezip ýör. Men sygyrlary ol ýigide berdim. Eý, Taňrym meniň bu işim seniň dergähiňde kabul bolan bolsa, şonuň haky we hormaty üçin güşatlyk (giňlik) berip gowakdan çykar!” diýdi. Gowagyň agzynyň üçden biri açyldy. Olaryň ikinjisi: “Eý, Taňrym! Biziň şäherimizde gahatlyk boldy. Halk hory-zarlyga düşdi. Bir gün meniň öýüme hoşroý hatyn dilegçilik edip geldi. Men onuň elinden tutdum. Ol: “Maňa hyýal etme. Haktagalanyň gaharyndan gork” diýdi. Şonda men seniň gaharyňdan gorkup, ol aýaldan elimi çekdim. Eger meniň şol eden işim seniň dergähiňde kabul bolan bolsa, onuň hormatyndan gowagyň agzyny aç” diýdi. Gowagyň agzynyň ýarysy açyldy. Olaryň üçünjisi: ”Eý, Taňrym! Men her gün atama bir küýze suw getirip bererdim. Bir gün ir bilen suw alyp gelsem, ol uklap ýatan ekeni. Men işigi açsam: “Ol oýanar” diýip, işikde garaşyp oturdym. Howanyň sowuklygyndan küýzedäki suw doňup galdy. Meniň özüm hem sowukda gowy üşedim. Eger meniň şol işim seniň dergähiňde kabul bolan bolsa, onuň hak-hormatyndan gowagyň agzyny açyp ber” diýdi. Gowagyň agzynyň hemmesi açyldy. Bu üçüsi gowakdan sag-aman çykyp, öýlerine gelip, tagat-ybadata meşgul boldular”. Ine, weliligiň düýp özeninde ýagşy işiň durandygyna bir mysal. Öz ýagşy işleri, nurana kalby bilen Alla ýakynlaşmagy başaran ady näbelli bu üç kişi kalplaryň töründen, dilleriň senaly sözlerinden orun aldylar. Toýly ÖWEZOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |