08:56 Zebur we Injil hakynda | |
• “Zebur” hakda bilýärmisiňiz? Olaryň ýene biri Dawut pygambere inen “Zebur” kitabydyr. Zebur – sözi arapça “kitap”, ibraniçe “hat” diýen manylary berýär. Hezreti Dawuda iberilen Zeburuň özbaşdak kitap görnüşi ýokdur. Şonuň üçinem bu kitap barada giň maglumata duş gelinmeýär. Häzirki döwürde ýewreý we hristian ybadathanalarynda aýdylýan kasydalarda Zeburuň sözleriniň käbir jümlelerine köp duş gelinýär diýýärler. Ýöne Gurhan kitabynyň “Enbiýa” süresiniň 105-nji aýatynda “Şübhesiz, Töwratdan soňra Zeburda hem şeýle ýazypdyk. “Ýer ýüzüne salyh gullarym mirasdar bolar” diýilýär. • Weliligiň asyl çeşmeleriniň ýene biri keramatly “Injil” kitabydyr Injil – sözi “buşluk”, “hoş habar” manylaryny aňladýar. Grekçe bu kitaba “Bibliýa” diýilýär. Manysy “kitapça” diýmekdir. Hristiýanlar Injile “Täze äht” diýýärler. Täze äht dört injil (“Matta, “Markos”, “Luka” “Ýuhanna”) bilen 23 babyň jemlenmesinden ybaratdyr. Bu kitaplaryň ählisi-de I-II asyrlardan soň ýazylýar we ýaýradylýar. Hristiýançylygyň ilkinji asyrlarynda 300 töweregi “Injil” ýazylypdyr. Biziň eýýamymyzyň 325-nji ýylynda geçirilen Iznih maslahatynda bularyň diňe dördüsi hakyky “Injil” diýlip, kabul edilýär. “Melike we danyşment” atly kitapda şeýle görkezilipdir. “Injil” 8 müň süre, her süresi 866 aýat, her aýatynyň uzynlygy Gurhanyň “Bakara” süresine barabardyr. “Zebur” bolsa, on müň süre. Her süresi on müň aýatdyr. “Injil” kitaby hakynda ondan soňraky Gurhanyň “Maida” süresiniň 46-njy aýadynda şeýle tassyklama bar. “Geçen Pygamberlerden soň, özünden öň gelen Töwrady tassyklaýjy hökmünde Merýem ogly Isany iberdik. Oňa özünden öňki Töwradyň tassyklaýjysy, mugtakylara hidaýat we nurdan doly Injili berdik”. Injil hekaýatlary örän köpdür. Olarda ynsan ömri, dünýä, geçmiş we geljek hakynda welilik bilen aýdylan zatlar kändir. Wagtyň hem döwürleriň geçmegi bilen Injil hekaýatlaryna adamlaryň sözleri garyşdyrylyp, käbir ýoýulmalara sezewar edilipdir diýýärler. Hat-da, ondan soňra bu keramatly kitaby tassyklan Gurhanda ol hökümleriň birentegi ýatyrylypdyr. Ýöne esasy zat keramatly kitaplary biri-birinden aýry göz öňüne getirmek ýalňyş bolardy. Olary biri-birinden üstün goýjak bolup ýa-da biri-biriniň garşysyna goýjak bolmak bu adamzadyň ýalňyşydyr. Özünden öňki kitaplar ahyrzamanyň pygamberi Muhammet (s.a.w) geljekdigini, onuň özi bilen kitap getirjekdigini habar berýärler. Iň ahyrky keramatly kitap Gurhan bulary tassyklaýar. Injilde bu hakda habar berilmegine bir mysal. • Hekaýat: (Pygamberimiziň Hatyjanyň kerweni bilen Şama gidişi hakynda) Hezreti Resul aleýhissalam her gün goşda galardy. Ol söwda etmäge çykmazdy. Bir gün ol adamlara: “Bu gün men siziň bilen çykyp bazary görerin” diýdi. Hezreti Abu Bekr Syddyk dogany Haris, ýene-de birnäçe mekgeli Muhammet aleýhissalam bilen Şamyň bazaryna girdiler. Bu gün juma günüdi. Olar köp ýere baryp gördüler. Olar bir haçparaz demirçiniň ýanyna geldiler. Demirçi demir gyzdyryp durdy. Ol: “Siz mysapyra (çet ýurtly ýolagça) meňzeýärsiňiz. Siz haýsy ýerden geldiňiz?” diýip sorady. Hezreti Resulalla: “Biz Mekgeden geldik” diýip jogap gaýtardy. “Siz otdan daşrak duruň. Bolmasa lybasyňyza ot düşüp, ot sizi köýdüräýmesin” diýip, demirçi aýtdy. Hezreti Resulalla: “Seniň oduň meni köýdürüp bilmez” diýdi. Demirçiniň gahary gelip, Resulallanyň mübärek ýüzüne garap, dikanlap durdy. Ol demirçi Injilhondy we kitaplarda Resulallanyň hemme nyşanlaryny okap görüpdi. Demirçi: “Sen haýsy kabyladan bolarsyň?” diýip sorady. Hezreti Resulalla: “Men kuraýyş taýpasynyň haşym urugyndan bolaryn” diýdi. Demirçi: “Seniň adyň kimdir?” diýdi. Hezreti Resulalla: “Meniň adym Muhammetdir” diýdi. Şol wagt jöhit ornundan syçrap turup, gaty ses bilen: “Eý, adamlar! Siz bu kişiniň özüňize duşmandygyny biliň! Siz ondan ägä boluň! Ol siziň kowmuňyzyň dinini bozar” diýip jar çekdi... Ine, bu Injilde öňünden habar berlen bir waka hakynda ýatlamadyr. Injilde geljek hakynda beýan edilen wakalaryň köpüsi Gurhanda tassyk edilip, kämil ýagdaýda ösdürülipdir. Şonuň üçin weliligiň çeşmeleri hakynda gürrüň edýän mahalymyz bu keramatly kitaplary bilelikde göz öňüne getirmesek ýalňyş bolar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |