23:43 Syrly setirleriñ ýumagyn çözläp... | |
SYRLY SETIRLERIÑ ÝUMAGYN ÇÖZLÄP...
Magtymgulyny öwreniş
Hormatly okyjy, Magtymgulynyň goşgularynyň giňişleýin düşündirişini beýan edýän bir teswiri size hödürleýäris. • Bady-sabany gorsem Dehistanyň baýrynda, Bady-sabany görsem. Bahaweddin, Mirkülal, Zeňňi babany görsem. Naglaýny arşa täçdir, Ady äleme paçdyr, Iki jahan mätäçdir, Arap zybany görsem. Gelen geçer cäşt edip, Eglenmez güzeşt edip, Köňül aýdar keşt edip, Gezsem jahany görsem. Hydyr kimin çöllerde, Ylýas kimin köllerde, Kowus kimin daglarda, Ẏagşy, ýamany görsem. Ẏokarda Hindistany, Arkada Türküstany, Öwlüýäler ummany, Ol Rumustany görsem. Jan däli, jahan şeýda, Munda hiç bolmaz peýda, Ẏedi dag, ýedi derýa, Däli dünýäni görsem. Magtymguly hoş bolsa, Aksa didäm ýaş bolsa, Imanym ýoldaş bolsa, Barsam Käbäni görsem. Beýik akyldar şahyryň bu goşgusy hem Alla bolan yşky bilen heserlenen kalbyň arzuw-hyýallaryny aňladýar. Olar boş arzuw-hyýallar däl. Olar ýagşy niýete eýlenen umytlardyr. Dehistanyň baýrynda, Bady-sabany görsem. Şahyryň ýaşan döwründe,ondan öňem Hazar deňziniň gündogar kenar ýakasyndaky ýerlere umumylykda Dehistan diýlipdir. Taryhçylar Dehistanyň orta asyr ýazarlarynyň ýatlaýan Daý ýurdy bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar. Bu ýer Etrek derýasynyň aşak akymynyň ugrunda ýerleşen häzirki Balkan welaýatyndaky ägirt uly giňişligi aňladýar. Onuň dagy etekläp oturmagy şahyryň baýyr sözüni ulanmagyna sebäp bolupdyr. Üstesine-de “bat” sözüniň şemal, ýel, “saba” sözüniň bolsa säher manysyny aňladýandygy hem aýratyn orun tutýar. Şol düzlügiň dagy etekläp outran baýyrlarynyň üstünden öwüsýän säher ýelini görsem diýip arzuw edýär şahyr. Sebäbi säher ýelinde tämizlik bar. Alla ýoluna düşen ynsanyň maddy dünýäsi halal, ruhy dünýäsi tämiz bolmaly. Bu ýolda şahyr säher ýeli bilen kalbyny tämizlemek isleýär. Onsoňam säherler şeýtanyň gidip, perişdeleriň seýle çykýan, dogalaryň, dilegleriň kabul bolýan wagty. Säherler öwüsýän ýelleriň hoştaplygy, göwün göterijidigi, tämizdigi hakynda iň gadymy edebiýatlarda hem giňişleýin beýan edilýär. Şahyr şol “ýel” bilen kalbyny tämizläp, bu ýolda ägirt menzilleri geçip, il içinde ady keramata öwrülen pirlere duşmagy arzuwlaýar. Bu arzuw her bir Hak ýoluna düşen sopynyň baş arzuwy bolupdyr. Özünden öň, bu ýol bilen ençe menzil geçen ussada gol berip, ymama uýup, olaryň göreldesine eýerip, amallaryndan Alla razy boljak bendesine öwrülmegi maksat edinipdirler. Bahawetdin, Mirkülal, Zeňňi babany görsem. Bu ussatlar Hak ýolunda öz ylmy, göreldesi, takwalygy bilen öçmejek yz, nusgalyk ýol galdyran ussatlar. Ylaýtada Magtymguly Bahawetdin Nagyşbendini ýene birnäçe goşgusynda ýatlap geçýär. Häzirki zaman edebiýaty öwreniş alymlary, magtymgulyşynaslaram akyldaryň öz döredijiliginde Bahawetdin Nagyşbendiniň ýörelgesini nusga edinendigini tekrarlaýarlar. Onuň döreden şol ýörelgesi, ylmy dilde aýdylyşy ýaly sil-silesi şahyry özüne bendi edipdir. Olaryň özünden öň ýaşap geçendigini bilýän şahyr keramat görkezmek derejesine çenli göterilen bu pirleriň ideýasy, taglymaty bilen duşuşmagy, ony kalbyna guýmagy arzuw edýär. Şonuň bilen dünýä akyl ýetirip, ýaradylyşyň maksadynyň bardygyny aýdyňlaşdyryp, Alla ýolunda uly menzillere ýetmegi niýetleýär. Eýsem bu pirler hakynda biz takyk nämeleri bilýäris. • Bahawetdin Nagyşbendi Nagyşbendi Bahawetdin Muhammet ibn Burhanetdin el-Buhary Buharanyň etegindäki Kasry Aryfan (öňki Hindiwan) obasynda doglup, on basinji asyrda, has takygy, 1318-1389-njy ýyllar aralygynda ýaşap geçen, sopuçylyk taglymatynyň iň iri wekilidir. Onuň Nagyşbendi adynyň galyşyny bolsa hünäri bilen bagly diýip çaklaýarlar. Bu hakda şeýleräk rowaýat hem galdyrypdyrlar. Ol haja gidende kellesine geýen börügine bir nagyş salyp (bir çitim edip), iki ädip, iki rekagat namaz okap gidipdir. Şeýdibem ol hem börügini, hem ýoluny, hem ömrüni nagyşlapdyr. Nagyşbendi tahallusy şondan galypdyr diýýärler. Bahawetdin Muhammet öz döwründe sopuçylyk ýolunda Nagyşbendiýe mekdebini esaslandyrypdyr. Onda baýlyk diýip hars urman, az zat bilen kanagat etmek, esasy ünsi Allanyň yşkyna gönukdirmek ündelipdir. Bahawetdin Hagyşbendiniň ýoly-ýörelgesi, taglymaty öz gözbaşyny gadymy Merwde jaýlanan, Hoja Ẏusup baba ady bilen tanalýan Hoja Ẏusup Hemedanydan alyp gaýdýar. Ol basinji zynjyrda Bahawetdine gelip direýär. Bu ugry dowam etdirijileriň arasynda Jamy, Alyşir Nowaýy ýaly şahyrlaram uly orun tutýar. Magtymguly hem bu ýoluň ideýalaryny öz eserlerine siňdiripdir. Goşgynyň dowamynda ýene-de bäş sany ulamanyň, piriň ady tutulýar. Umuman Gündogarda ylym taýdan güýçli, hatda özgeleri haýran galdyryp biljek keramatlary görkezmegi başaran ynsanlara ulama ýa-da pir ýaly dereje bilen ýüzlenip, at beripdirler. Magtymguly özüniň başga bir goşgusynda “Kimse güýçli bolsa oňa pir diýrler” diýip, muny aýratyn belleýär. Bu däp diňe bir Gündogar däl-de, Günbatar edebiýatynda hem bar. Mysal üçin grekleriň gadymy mifiki eserlerinde, Gomeriň poýemalarynda dünýädäki her bir zadyň Hudaýy bar diýip hasplapdyrlar. Gündogarda-da keramatly pirler öz durmuşynda ýaşaýyş üçin, zerurlyk hökmünde ulanan hünärleri boýunça, şonuň eýesi, piri, ussady hökmünde görkezilipdir. Şu ýerde pirleriň keramatlary hakynda hem kelam agyz aýdyp geçeli. Yslam ylmynda keramat görkezmek derejesine baryp ýeten pirlere weli diýipdirler. Weliler keramat görkezmäge ukyply bolupdyrlar. Ẏöne keramat bilen mugjyzany garyşdyrmaly däl. Mugjyza Pygamberlere degişli bolup, ony islän mahaly görkezip bilipdirler. Emma weliler hemişe keramat görkezip bilmändirler. Keramatyň iki görnüşiniň bardygy hakynda “Musulman üçin gollanma” atly kitapda has giňişleýin beýan edilýär. 1. Magnewi, kalby keramat. Muňa hakyky keramatam diýilýär. Bu keramat kalbyň Hak Tagalany tanamagy, magfyreti ylahy bilen dolmagy, yhlas we istikamat bilen yhsan mertebesine ýetmegidir. 2. Kewni we sury keramat. Bu maddy älemde göz bilen görlen, el bilen tutulan işler bilen baglanyşykly dörän täsin hadysalardyr. Keramatyň görnüşleri sanardan köpdür. Meselem; başga biriniň kalbyny okamak (muňa parasat diýilýär), boljak hadysalary öňünden duýmak, eden dogasynyň kabul bolmagy, haýwanlar bilen gürleşmek, suwda we howada ýöremek, gysga wagtda uzak aralyklary geçmek, gabyrda ýatan ölüleriň halyny bilmek… Indiki gürrüňini etjek bolýan, goşguda atlary tutulýan Mirkülal bilen Zeňňi baba hem şeýle keramatyň eýesi bolan welilerdendir. Mirkülal — küýzegärleriň, küräniň, tamdyryň piri hasaplanýar. Mirkülal lakamyna ýa-da tahallusyna eýe bolan piriň hakyky ady Seýit Emir Külal bolup, ol Buharanyň Suhar obasynda önüp-ösüpdir. Ol Bahawetdin Nagyşbendiniň mugallymy hem halypasydyr. Onuň başgada 114 sany şägirdi bolupdyr. Zeňňi baba – edebiýatçy alym Aşyrpur Meredowyň “Magtymgulynyň düşündirişli sözlügi” kitabynda bu hakda şeýle maglumat berilýär. “Zeňňi baba ýa-da Zeňňi ata—Süleýman hekim atanyň şägirdi, meşhur şyhlaryň biri. Onuň takyk ady belli däl. Ol gelşiksiz garaýagyz bolupdyr, halk arasynda keramatly hasaplanypdyr. Ol Hoja Ahmet Ẏasawynyň ussady bolan Baba Arslanyň neslinden ekeni. Zeňňi babanyň ata-babalary hem sufizmiň wekilleri bolupdyrlar. Ol Süleýman ata ölenden soň, onuň aýaly Anbar bibä (ýa-da Anbar enä) öýlenipdir. Zeňňi babanyň kakasy—Abdylmälik hojanyň ogly Täç hoja diýlip atlandyrylýar. Abdylmälik bolsa, Ahmet Ẏasawynyň şägirdi Mansur atanyň ogly bolan, Mansur atanyň kakasy Baba Arslandyr. Zeňňi baba sygyr çopanlaryň penakäri . Çopan ata bolsa goýun çopanlaryň penakäri – piri hasaplanýar. Zeňňi baba 1258-nji ýylda aradan çykýar. Onuň mazary Daşkent şäheriniň golaýynda Zeňňi ata diýlip atlandyrylýan ýerde ýerleşýär. Onuň yzyny dowam etdiriji dört şägirdi bolupdyr. Hasan, Seýit Ahmet, Bedritdin(Bedir ata), Sedretdin (Sedir ata).” Şahyr bu pirleriň adyny ýöne ýerden bir ýerde getirmeýär. Bular ruhy dünýäsi, öňe süren pikirleri we ugurlary boýunça biri-birine ýakyn bolan, esasanam, şahyryň öz köňül dünýäsine ýakyn bolan pirlerdir. Olaryň ählisiniň hem aňyrsy sopuçylyk ylmynda Hoja Ẏusup Hemedanynyň mekdebine baryp birleşýär. Görşümiz ýaly şahyr şeýle pirlere, olaryň ylmyna duşmagy arzuwlaýar. Goşgynyň dowamy bu babatdaky pikiri has-da ösdürýär. Naglaýny arşa täçdir, Ady äleme paçdyr, Iki jahan mätäçdir, Arap zybany görsem. Bu bent durşuna bölüp bolmajak mana eýedir. Ilki bilen “Naglaýny” sözüniň häzirki zaman türkmen dilinde “köwşi-aýakgaby” manysyny aňladýandygyny bellemeli. Aýakgaby arşyň depesine täç bolan kişi adamzat äleminiň soňky pygamberi Muhammet resulalladyr. Magtymguly bu pikiri “Paşmagy täç bolmuş gök kellesine” diýip, ýene bir goşgusynda gaýtalaýar. Bu ýerde Magraj gijesi hakynda gürrüň edilýär. Bu gije yslam kalendary boýunça Rejep aýynyň 27-si gijesi, ýagny, Muhammet pygamberiň Magraja çykan, bäş wagt namazyň parz edilen gijesidir. Magraja çykmak şeýle bolup geçýär. Pygamberimiz ol wagtda ilki Metjidi Haramdan Metjidi Aksa alnyp gidilýär. Ol ýerdenem Sidretil Munteha (barlyk älemini çäklendirýän, asmanyň ýedinji gaty) göterilýär. Soň ýene Metjidi Harama getirilýär. Bu hakda köp hadyslarda aýdylýar. Biz bolsa bu hakda Gurhan kitabynyň “Isra” süresiniň 1-nji aýatyny mysal getirmek bilen çäklenýäris: ”Bir gije käbir delillerimizi görkezeli diýip, guly Muhammedi Metjidi Haramdan töweregi mübärek kylnan Metjidi Aksa äkiden Ol Zatyň şany beýikdir. Ol ähli kemçiliklerden daşdyr. Her bir zady eşidýän, görýän Oldur.” Bu hakda “Enbiýalar kyssasynda” şeýleräk görnüşli bir gürrüňem bar: … Muhammet alaýhyssalam köwşüni çykaryp, arşa gadam goýdy. Arş titredi. Taňrydan: “Eý, arş! Sen name üçin titreýärsiň?” diýen owaz geldi. Arş nala etdi we Eý,Taňrym! “Magraj gijesi dostum Muhammediň köwşüniň gubaryny Yüzüňe sürtersiň” diýip wada edipdiň. Men mundan umydygärdim. Dostuň Muhammet köwşüni çykaryp geldi. Ýöne onuň hiç gubary ýüzüme oturmady” diýdi. Taňrydan: ”Eý, Muhammet, köwşüňi geý!” diýen owaz geldi. Hadyslarda aýdylyşyna görä, bu wakanyň bir pursatyň içinde bolup geçmegi, wagtyň hem mekanyň Allanyň emr äleminiň ýanynda hiç zatdygyny aňladýar. Ikinji setirdäki “paç” sözi paş, aýan diýen manylardadyr. Ady äleme aýan bolan Pygamberiň sözüne iki jahan mätäç ekeni. Pygamberiň sözi Allanyň wahi bilen inderilen ylahy sözüdir. Bu keremli Gurhandyr. Allatagala kitap ýa-da sahypa iberen her bir Pygamberine şol halkyň dili bilen ýüzlenipdir. Pygamberiň arap bolanlygy, keremli Gurhanyň arap dilinde inderilmegine esasy şertdir. Şeýlede, bir dilden başga dile terjime etmek mümkin däldigi üçin hem-de tertip we hormat üçin, namazda Gurhanyň arapçasynyň okalmagy hökmany hasaplanypdyr. Terjimä bolsa diňe manysyny umumylykda aňlamak üçin rugsat berilýär. Netijede Magraj gijesinde Arşyň aýakgabyny başyna täç eden Pygamberiniň dilini, keremli Gurhanyň dilini görmegi arzuw edýär. “Zyban” sözüniň “dil” manysynyň bardygy eýýäm bellidir. Görmek hem göçme manyda akyl ýetirmegi aňladýar. * * * Gelen geçer çäşt edip, Eglenmez güzeşt edip. “Çäşt etmek” aslynda “çäş” sözi “guşluk” manysynda gelýär. Çäşt etmek, guşlukda düşlemek. Bu juda az wagtlyk. Şonuň üçin şahyr bu dünýä geleniň az wagtlyk düşläp geçýändigini, olaryň “güzeşt edip” günäsi bagyşlanyp ýa-da ýazgydy üýtgedilip, eglenip bilmejekdigini aýdýar. Şol gysga berlen pursatda hem öz köňlüniň jahana “keşt edip” aýlanyp görmek isleýändigini beýan edýär. Köňül aýdar keşt edip, Gezsem jahany görsem. Akyldar şahyryň her sözüniň many agramy ýetik. Onuň jahana keşt edip gezmeginiň hem özboluşly manysy bar. Sebäbi ol nädip jahany gezesiniň gelýändigini açyk aýdyň teswirläp, ýene-de ulama, pir, Pygamberlere ýüzlenýär. Hydyr kimin çöllerde, Hä, jahany keşt edende Hydyr ýaly çölleri aýlanyp, ýormek islegi. Bu islegiň aňyrsynda Hydyr atanyň çölde suwsuz galanlara, mätäçlere kömek edýän, gyssanan bendesine Alla tarapyn çalt kömege iberilýän keramata öwrülmek islegi bar. Hydyr ata gadymy pygamberleriň biri bolupdyr. Ol Musa pygamber bilen duşuşyp, Isgender Zülkarneýn bilen “Zulmata” girip, baky dirilik suwundan içipdir. Şeýdibem ol baky diri galypdyr. Şonuň üçinem henize bu güne çenli ol adamlaryň howandary hasaplanýar. Ylýas kimin köllerde, Köp çeşmelerde Ylýasy Hydyr bilen bir adam hökmünde ýa-da Hydyryň ikinji bir ady hökmünde-de görjek bolýarlar. Ýöne şahyr olaryň birini çölde, birinem kölde gezýän keramatlylar hökmünde suratlandyrýar. Ylýasyň özi ýewreý pygamberlerinden bolan Sam ibn Nuhuň agtygy, Hydyryň doganynyň ogly bolupdyr. Ol biziň eýýamymyzdan öňki 800 ýyllykda ýaşapdyr we edil Hydyr ata ýaly, olam “Zulmata” girip, bakylyk suwundan içip, baky diriligiň mertebesine eýe bolupdyr. Rowaýat edişlerine görä, ol butparazlyga garşy göreşipdir. Emma butparazlygyň rowaçlanan döwründe köp ejir çekip, köllerde ýüzüp, gowaklarda gizlenip ýaşapdyr. Dini hadymlaryň teswirleýşi boýunça Ylýasam asmana uçan pygamberleriň biri hasaplanýar. Esasy zat ummanlarda, deňizlerde, köllerde kynçylyk çekenlere kömege ýetişýän keramatly pygamber hökmünde oňa doga edýärler. Sebäbi Ylýasa deňizleriň hyzmaty berilipdir. Şahyr başga-da köp goşgularynda Ylýasyň adyny köplenç Hydyr bilen bile agzapdyr. Kowus kimin daglarda, Kowus “gows’ sözünden gelip çykan at. Bu at bilen atlandyrylan ýörite bir ýyldyzyň we bir aýyň hem ady bardyr. Yöne bu goşguda Kowus diýlende, keramata eýe bolan ynsan hakynda gürrüň edilýär. Bu adyň kömek, ýardam edýändigini aňladýan manysy hem bar. “Kutbul aktab”, ýagny, ”Pirleriň piri” adyna eýe bolan Kowusa daglaryň hyzmaty berilipdir. Ol öz ynamyna daýanyp, duşmanlaryndan, ýagny, dinsizlerden gaçyp, daglarda gizlenipdir. Onuň hemaýatkäri daglar bolupdyr. Şonuň üçinem daglara ýüzlenen ýa-da olardan medet islän adamlar Kowusy ýatlap, oňa ýüzlenipdirler. Daglara ýüzlenmek, olardan medet dilemek, türkmen halk döredijilik eserlerinde we dessanlarda-da häli-şindi duş gelýär. Ýagşy-ýamany görsem. diýip, şahyr şol keramatly pygamberler, pirler ýaly, ýagşyny görüp, şükür etmek, ýamany görüp, pikir etmek, elinden gelse, olara kömek edip, sogap gazanmak isleginiň bardygyny aýdýar. Bu ýerde esasy öňe çykýan many adamy söýmek, oňa kömek edip, öz ömrüňi ýagşylyk bilen bezemekdir. Ýokarda Hindistany, Ol name üçin ýokarda? Eger Magtymguly şahyryň ýaşan ýerinden nazara alsaň, Hindistan gunorta-gundogar tarapda ýerleşýär. Şonuň üçinem ol ileride ýa-da yokarda bolýar. Hindistany arzuwlamak şahyryň başga goşgularynda hem duş gelýär. “Hindistanda hyýalym”, “Hindige bags etdiň ýeriň ýagşysyn”… Arkada Türküstany, Bu hem ýokarky ýaly, Etrek derýasynyň boýunda dursaň, Türkmenistany, Özbegistany, Maňgyşlagy öz içine alýan Türküstan arkada galýar. Öwlüýäler ummany, Ol Rumustany görsem. Rumustan häzirki Türkiýäni, Anadoly ýerlerini aňladýar. Eýsem, şu ady agzalan ýerlerde Hak ýolunda gulluk edip ömrüni ötüren, öwlüýä-ulamalryň köplügi üçin, şolaryň nazarynyň düşen ýerleri bolandygy üçin, şol ýerleri görmek arzuwy bar şahyryň. Şahyr ýöne ýere ýa keýpine jahankeşdelik üçin däl-de, gaýta Allanyň keramat eçilen şol ýerlerini görmegi arzuwlaýar. * * * Jan däli, jahan şeýda, Janyň ruhdugy düşnüklidir. Geliň ilki ruh hakda azajyk düşünje alalyň. Sözüň özi arapça bolup, “Rawh” görnüşinde gelende rahmet, “Riýh” görnüşünde gelende şemal manysyny berýär. Umumy ynsan ýaşaýyşy bilen bagly mana salgylansak, “nebis, jan” diýen düşünjäni berýär. Türkmenlerde ruha “jan guşy” diýilýär. Ruh öz gelip çykyşy boýunça Allanyň emr älemindendir. Ony hiç mahalam maddy älemiň bir bölegi hökmünde göz öňüne getirip bolmaýar. Allanyň emr älemindäki zatlara akyl ýetirmek entek ynsana doly başartmandyr. Sebäbi emr älemi sebäbe ýa netijä daýanmaýar. Bir zadyň döremegi üçin, sebäp gerek däl. Alla bir zada “Bol!” diýse, şol zat bolýar. Şonuň üçin adamzat äleminiň alymlary, ruhşynaslary ruhuň bardygyny subut edýärler. Ýöne onuň özüniň nämedigini bilmeýärler. Bu hakda Gurhanyň “Isra” süresiniň 85-nji aýatynda şeýle bellenilýär: “Eý, Habybym! Senden ruhlaryň nämedigini soraýarlar. Aýt: “Ruh Rabbimiň emrindendir” Bu babatda juda az maglumat berlendir.” Diýmek şahyr jan guşy aklyny aldyran diwana meňzäp, jahanyň şeýdasy bolup ýa-da jahan ony özüne maýyl edip, şeýda, saýrayana öwrülen bolsa: Munda hiç tapmaz peýda, - diýýär. Şol sebäpli-de adamyň öz ömründe baky üçin, panyda, ahyret üçin, dünýäde sogap gazanmak bilen iki dünýäsini hem deňagramlylykda saklamagy gerekdir. Eger bu dünýäňi agraltsaň onda peýda tapmarsyň. Ýedi dag, ýedi derýa, Däli dünýäni görsem. Indem şu zatlardan many çykarmak, bu uly dünýäni eliň aýasynda ýaly görmek üçin, ýedi dag, ýedi derýany göresi gelýär. Dünýäniň ýedi dagdan ýa ýedi derýadan ybarat däldigi hemmä aýan zat. Şahyryň bu zatlary syýahatda göresi gelýän bolsa, şol ýedi dagam, ýedi derýa-da Türkmenisatanyň özündenem, golaý-goltumyndanam tapylardy. Onsoňam olary gördügiň, däli dünýäni gördügiň däl ahyry. Bu ýerde many, aýdyljak bolunýan pikir, ündeljek bolunýan zat, düýpden başga göçme mana eýe bolýar. Ýedi dag. Bu hakda dürli-dürli garaýyşlar orta çykýar. Biz häzir olaryň hemmesini hem mysal getireris. Alym Aşyrpur Meredowyň “Magtymgulynyň düşündirişli sözlügi” atly kitabynda bu daglar şeýle atlandyrylýar. “ Ýedi dag—gadymy döwürde meşhur bolan ýedi dag aşakdakylardan ybarat; Kap dagy. Demeweht dagy (Türkmenleriň arasynda Jumawetdag ady bilen meşhur). Serendip dagy. Gülustan dagy. (Tusuň ýanynda). Waran dagy. (Magrypda). Lezgiýan dagy. (Muňa Jeberlifatk hem diýilýär, bu dag Derbendiň ýakynyndan, Kaspi deňziniň kenaryndan başlanýar.) Çyn. (Hytaý) Elbetde biz bu pikirem inkär etmekden daşda. Ýöne Magtymgulynyň ýedi dagy, ýedi derýany görmek bilen däli dünýäni görmegň mümkindigi baradaky pikirini ruhy dünýäden gözlemelimikä diýip oýlanýarys. Bu babatda Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetlerinde bu daglar şeýle atlandyrylýar: Yşk dagy – (Allanyň yşkyna düşmek). Nefs dagy – (Gul Hoja Ahmet nefs dagyndan çykyp aşdy). Fenafulla – pena dagy. (Bu makam özünden çykyp, erenlere goşulyşýan duralga, özüňi ýokluk makamyna ulaşdyrmak). Hijran dagy – (Aýralyk dagy, daş düşmek hasraty). Hidaýat dagy – (Bu dogrulyk we dogry ýol görkezýän çelgi.). Toba dagy – (Günäleriňe puşman edip, Alla berilmek). Şowk dagy – (Söýgä, aşyklyga ýakyn hem ylym bilenem baganyşdyrýarlar. Güýçli söýgi bilen berilmek). Başga bir çeşmelerde bolsa muny keramat bilen baglanyşdyrýarlar. Ybraýym pygamber Käbäni bina edende bäş sany dagdan daş getiripdir. Ol daglar: Tur Sina, Tur Zina, Hira, Lubnan, Judy daglarydyr. Edil şularyň üştüne Hajaryň Ysmaýyl doglanda suw gözläp, iki tarapa ylgan Sapa hem Merwe daglarynam goşsaň, bularam ýedi dag bolýar. Bu bolsa her bir musulmanyň haç parzy baradaky maksadyny aňladýar. Munuň hakykata ýakyndygyny, baş pikire golaýdygyny onuň yzyndan görmek isleýän ýedi derýa baradaky pikirem alyp göterýär. Ýedi derýa. Bu ýerde Muhammet pygamberiň nurunyň wagtal-wagtal çümdürilip çykarylan derýalary göz öňünde tutulýar. Rabguzynyň “ Enbiýalar kyssasynda” bu hakda şeýle diýilýär; “Allatagala gudrat bilen Muhammet pygamberiň nuruny ýerden göterip, ony birnäçe müň ýyl öz gaşynda duruzdy. Wagtal-wagtal bolsa, ony derýalara çümdürip çykarardy. Ondan soňra ony hyjaplardan (perdelerden) ötürip, makamlarda (duralgalarda) duruzdy” Elbetde bu derýalar yslam taglymatyny ýazýan alymlaryň işlerinde birmeňzeş manyda dürli atlar bilen gelýärler. Ylym derýasy – ylymyň belli bir etaplaryny geçip, belli bir menzillere ýetmek. Mähribanlyk derýasy – muňa halym hem, sabyr derýasy hem diýýärler. Akyl derýasy – yslam dini öz esasynda akyla daýanýandyr. Magfyret derýasy – (Magfyret—bir zady bilmek, sungat, hünär, ussatlyk, ylymyň üsti bilen alynýan maglumat), Allany tanamakdyr. Hikmet derýasy – (Hikmet – syr, çuň many, pelsepe, öwüt-üňdew) parasatlylyk, akyl bilen Allanyň syryna aralaşmak. Fakr derýasy – muňa rakyp derýasy hem diýilýär. Bu bendesiniň Alla mätäçligini aňladýar. Magryfet derýasy – muňa nur derýasy hem diýilýär. Bu Allatagalanyň gullarynyň günälerini bagyşlamagy, ýalkamagy. Ynha ýedi derýa. Bu derýalaryň her biriniň düýp manysyny açmak üçin, aýratyn bir yly söhbet gerek. Biz beýle etsek esasy manydan daşlaşarys. Ine, Magtymguly şahyr şol ýedi dagdan, ýedi derýadan geçip, özem şol ýedi dag, ýedi derýadan ybarat däli dünýäni görsem diýýär. Şahyr dünýä name üçin däli sözüni goşduka. Köne türkmen edebiýatynda, halk döredijiliginiň gadymky nusgalarynda däli sözi mert-merdanalygy, dürli hili öwüşginleri aňladyp gelipdir. Meselem; “däli diwana” jümlesi akly haýran bolmagy aňlatsa, “däli-döwran” jümlesi gelen, ýolugan döwranyň öwsüp durandygyny ýaňzydýar. “Däli-dünýä” oňa akyl ýetirip bolmaýan öwüşginlerden ybaratdyr. Eger ýokarky sanalan menzilleri geçseň, onda dünýä öz hakyky bolşunda görnerdi. Şonda şahyryň göwni ynjalyk tapyp, hoş bolardy. Magtymguly hoş bolsa, Soňam däli dünýäni görüp, Allatagalanyň gudrat-keremine, öz edýän ybadatynyň kemdigine aklym ýetip, yhlasymy aýan etmek üçin: Aksa didäm ýaş bolsa, - diýýär. …Adam ata günäkär bolup, ýere düşende kellesini ýokary galdyrman diňe aglap, göz ýaş edipdir. Şonda Alladan owaz gelýär: “Seniň gözüňden damýan ýaş meniň rehmet derýamdyr. Ol joşmasa göz çeşmeleriniň işikleri açylmaz”… Şahyr Allanyň şunça gudrat-keremine gözlerimi ýaşlanymdan, şeýdibem kalbymy arassalanymdan soňra: Imanym ýoldaş bolsa, Barsam Käbäni görsem. - diýýär. Iman – bir zada ynanmak, bir zady tassyk etmekdir. Dini manyda – Allatagalanyň dinini kalp bilen tassyk, dil bilen ykrar etmekdir. Şol ynam, şol ykrar ykbalyma, ömrüme ýoldaş bolsa, şu derejelere ýetenimden soňra, Allanyň öýüne Käbä barsam, haj zyýaratyny etsem diýýär. Goşgy şahyryň kalp arzuwy ýaly bolup duýulsa-da, ol hakykatda Allanyň ýoluna düşen bendesiniň öz ykbalyny alyp gitmekde, arzuw-niýetde nähili bolmalydygyny görkezýän nusgadyr. Toýly ÖWEZOW. Suratda: Magtymguly Pyragynyñ Ukrainanyñ paýtagty Kiýewdäki heýkeli (2001 ý). | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |