10:34 Gurhan hakynda | |
GURHAN HAKYNDA
Gurhany öwreniş we Hadys ylmy
Welilik ylmynyň iň esasy çeşmesi hasaplanýan keramatly kitaplaryň iň ahyrky kämil kitaby keremli Gurhandyr. Gurhany-Kerim Allatagalanyň adamzada iberen iň soňky mukaddes kitabydyr. Ol hezreti Muhammede (s.a.w) Jebraýylyň (a.s) üsti bilen 23 ýylyň dowamynda bölekleýin inderilip, şu günlere wagyz etmek ýoly bilen gelip ýetip, okalmagy ybadat bolan kitapdyr. Ýeri gelende Gurhanyň esasy aýratynlyklary hakynda hem aýdyp geçeli. Olar şulardan ybaratdyr: Gurhan üýtgedilmekden goralan kitapdyr. Bu hakda “Hijr” süresiniň 9-njy aýaty şeýle diýýär: “Elbetde bu Gurhany biz iberdik we ony gorap saklajak, ýene bizdiris”. Gurhany-Kerim beýleki kitaplary tassyklaýjy hokmünde hezreti Muhammede (s.a.w.) inen iň soňky kitapdyr. Şonuň üçin onuň hökümi kyýamata çenli dowam eder. Gurhanyň hökümleri ylma ters däldir. Ylym we tehnika näçe össe-de, Gurhana çapraz gelmez. Gaýta tersine tebigy, takyk we ijtimagy ylymlaryň ösmegi Gurhanyň tewsiriniň düşünilmegini ýeňilleşdirer. Gurhany ýat tutmak ýeňildir. Ony kiçi ýaşly çaga hem aňsatlyk bilen ýat tutar. Gurhan iň köp ýat tutulýan kitapdyr. Toýly ÖWEZOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |