01:01 Ýedi weli hakynda | |
ÝEDI WELI HAKYNDA
Geň-taňsy wakalar
Geçen gezek üç weli hakynda aýdyp beripdik, geliň, indi bolsa, ýedi weli hakynda başarşymyzdan gürrüň bereli. Atlary rowaýata öwrülip, häli-şindi doga-dileglerde ruhlaryna degsin edilýän edi weli hakynda dürli çeşmeler dürlüçe habar berýärler. Esasanam olaryň sany hakynda köp garaýyşlar we çaklamalar ýüze çykýar. Käbiri “Olar üçdi, iti bilen dört boldular” diýse käbirleri: “Olar bäşdi, iti bilen alty boldy” diýýärler. Emma çeşmeleriň köpüsinde “olar ýedi sanydy, iti bilen sekiz boldular” diýlen pikir köp gaýtalanýar. Megerem şonuň üçindir, olaryň ýedi weli ady meşhur bolup galypdyr. Şeýle mesele olaryň atlarynda-da gabat gelýär. Elbetde munuň dil we dialekt, elipbiý we ýazuw aýratynlyklary bilen bagly biri-birinden tapawutlanýandyr. Haýsy bolanda-da olaryň özüni Alla tabşyryp, welilik derejesini, mertebesini gazanandygy welin çyn. Hat-da, olar hakda Gurhany Kerimde ýötite aýatlaram bagyşlanypdyr. Keremli Gurhanyň 18-nji süresi olaryň ady bilen “Suratül Kehfi” – Ýedi weliler ýa-da gowak süresi diýlip atlandyrylýar. Ynha şol süredäki käbir aýatlaryň terjimesini hödürleýäris; 22-nji aýatdan; (Ýakubyň ýörelgesine uýan Seýit we ýoldaşlary) Gowak eýeleri üç sany erkek adamdyr we dördünjisi olaryň ititdir diýip tiz aýtdylar. We (nesturuwýe dinine uýan Aakyb) Gowak eýeleri bäşdirler we altynjysy olaryň itidir diýip gaýybana gümana gaçyp aýtdylar. We musulmanlar (Muhammediň (asm) aýtmagynyň esasynda) gowak eýeleri ýedidiler we olaryň sekizinjisi olaryň itidir diýdiler. Eý, Muhammet (a.s.m), sen meniň belent terbiýeçim olaryň sanyny ýagşy biler, adamlar olaryň sanyny bilmezler, meger az sandaky pygamberler we ýoldaşlary bilerler diýip aýtgyn... Hatda kyýamatyň öň ýany Isa pygamberiň gökden inmegi bilen bu ýedi weliniň ýene-de direljekdigi barada hem pikirler bar. Olaryň Isa pygamberiň Deçjal we äjit-mäjit bilen etjek söweşlerine gatnaşjakdygy hakynda aýdýarlar. Sebäbi Isa pygamber gökden düşende bu ýedi weliniň wakalaryny eşidip, olar hakynda Allatagaladan sorajakdygy barada-da birnäçe söhbetler bar. • Hekaýat: “... Eshabil Kähf (gowak eýeleri) bir patyşanyň ogullary erdi. Dakýanus atly bir kapyr patyşa (Rulsda) hudaýlyk dawasyny edende, şol patyşa gorkup ogullaryny Dakýanusyň hyzmatyna iberipdi. Bir gün Dakýanus halaýyklar bilen otyrdy. Tamyň üstünde iki sany pişik urşup, Dakýanusyň öňüne düşdüler. Dakýanus gorkup ýykyldy. Patyşanyň ogullary öz ýanlaryndan: “Eger Dakýanus hudaý bolsa, pişikden gorkmazdy. Biziň Hudaýymyz asmany we ýeri ýaradan Allatagala” diýip, köňüllerine düşdi. Derhal iman getirdiler-de, şäherden çykyp beýewana tarap rowana boldular. Çölde bir çopan olara uçrady. Oňa Dakýanusyň wakasyny beýan etdiler. Ol-da iman getirdi. Olaryň hemmesi birlikde gelip, bir dagyň gowagyna girip, doga etdiler: “Eý, bar Hudaýa! Biziň işimizi aňsat kylgyl” diýip, mynajat etdiler. Hudaýtagala bularyň işini aňsat etdi. Bulara gün düşmedi, şemal hem degmedi, rahat ýatdylar. Perişdeler töwereklerini gorap, saklar erdiler. Üç ýüz dokuz ýyl gowagyň içinde ukladylar, emme gözleri ukuda bolsa-da, köňülleri bidardyr (oýadyr). Hezreti Isa aleýhissalam asmandan düşende Jebraýyl perişde bular hakda habar berýär. “Gowak eýeleri üç ýüz dokuz ýyl boldy, gowakda uklap ýatyrlar. Allatagala olary bidar (oýarman) kylar, oýanyp görseler saçlary dyrnaklary ösüpdir, geýimleri könelipdir, älem başga bolupdyr. Gowakdan çykýarlar, ýene şerim kylyp, gowaga girýärler. Aýdarlar: “Garnymyz aç bir adam şähere gidip iýmit alyp gelmeli”. Emliha atly birine birnäçe dirhemi berip, şähere iberýärler. Ol şähere girip çörekçä birnäçe dirhem berip, çörek satyn alýar. Çörekçi şol dirhemleri görüp haýran galýar. Ol: “Bular Dakýanusyň döwrüne degişli, sen onuň hazynasyny tapypsyň. Bu dirhemlerden maňa-da paý bermeseň seni patyşanyň ýanyna alyp barar men” diýýär. Iň soňunda-da Emlihany patyşanyň huzuryna alyp barýar. Patyşa Dakýanus döwrüniň dirhemlerini görüp tanaýar. Emliha bolsa başyndan geçiren wakalaryny beýan edýär. Şondan soň patyşa Emliha bilen gowaga barýar. Emliha patyşa ýüzlenip: “Eý, patyşa, siz şu ýerde duruň. Men gowaga girip, beýleki ýoldaşlaryma habar edeýin” diýip, gowaga girýär, şol ýerde hemmesi gaýyp bolýar. Patyşa biraz wagtdan gowaga girip görse, hemmeler gözden gaýyp bolup ýitipdirler”. Hezreti Isa (a.s.) mynajat edip: “Eý, bar Hudaýa! Eshaby-Kähf nirä gitdiler” diýýär. Hezreti Jebraýyl perişde gelip: “Ýa, Isa! Eshaby-Kähf Allatagalanyň gudraty bilen asmana çykyp gitdiler.” diýýär. Olaryň sany ýedi bolup aşakdakylardan ybaratdyr. Emliha, Makselmina, Kelifuteý, Azerfetýunus, Keşaffetýunus, Ýuwanesýunus, Petýunus, ýanlaryndaky itiň ady Kytmyr. Şolaryň atlaryny bir kagyza ýazyp aýallar çep taraplaryna baglasalar çaga dogurmaklary aňsat bolar. Ynha bu “Melike we danyşment” atly kitapdan alnan bir hekaýat. Beýleki çeşmeleriň käbirinde patyşanyň olar bilen sözleşendigi barada aýdylýan ýerleri bar. Üç weli-de, ýedi weli-de bular özleriniň welidigini bilmän geçenler. Ýöne olaryň welidigini halk bilýär. Toýly ÖWEZOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |