01:46 Saña kän garaşdym | |
SAÑA KÄN GARAŞDYM...
Goşgular
Saña kän garaşdym, Juda kän garaşdym intizar bolup. Nämedigñi añman iññän garaşdym, Näbelli keşbiñe intizar bolup. Soñra geleniñi bilmän garaşdym, Bu gün duýdum: giren ekeniñ kalba. Ýüregim azaltdy howsalasyny, Duýdum men özümi rahat, erkin. Kynam bolsa ahwalyma düşünmek Geler bu ýagdaýa iru-giç her kim. Kalba gonar bakylykdan bir nyşan, Bar duýgyñy gurşap alar kaýyllyk! Şonda sen duýarsyñ, başlanýar şundan Bakylyga barmak üçin taýynlyk. Onsoñ neneñ, Neneñsi kiçi Bir topar alada, ünjidir, kine, Seni gurşap alýan dünýäniñ içi, Wezipä ymtylyş, aldawdyr, hile Duşmana mähremlik, dosta kaýyllyk Bähbit üçin rowaç bolan kezzaplyk: Undulan ýagşylyk, kyhlanan gowluk... Bar zat biderek, Sen bulañ duşundan geçersiñ sowlup. Geçersiñ ýaşalan ömrüñ ýarsynam Geçersiñ bar zatdan galarsyñ tenha. Şonda öz ýanyña gelersiñ özüñ, Sen hakyky ömrüñ başlanar, ynha... * * * Dostlarymyñ barlygyny bilýärin, Sebäp häli-häzir geçýärin karza. Bahyllaryñ barlygyny ýatladýar, Her gezek üstümden ýazylan arza. Orazguly ANNAÝEW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||