23:52 Ak işan / poema | |
AK IŞAN
Poemalar
Ýaşuly şahyr Tatar Üýşmekow «Ak işan» poemasynda ynsanperwer, adyl syýasaty we halk arasynda giňden tanalýan hem-de uly sarpa goýulýan dili dogaly, keramatly şahsyýet Ak işanyň ömür ýoly barada söz açýar. SERDAR SAHAWATYNDAN DÖRÄN ESER Tatar Üýşmekowyň ady okyjylara öňräkden tanyş: ol edebi-publisistik makalalarydyr oçerkleri, goşgularydyr poemalary bilen metbugat sahypalarynda yzygiderli çykyş edýär. Garaşsyzlykdan ganatlanan Tatar agamyz soňky ýyllarda has-da öndürijilikli işledi: bu döwürde onuň «Türkmen bedewi», «Türkmen öýi», «Serdar saýasynda» ýaly şygyr we kyssa bilen ýazylan eserlerini özünde jemleýän ýygyndylary, «Atbaýrak» romany, «Hazar hany» dokumental kyssa eseri özbaşdak kitap görnüşinde okyjylara gowuşdy. Ata Watanymyz – Türkmenistana, türkmen halkyna söýgi, Garaşsyz ýurdumyza, Zamanamyza guwanç Tatar aganyň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ol ýurdumyzyň haýsy künjeginde bolsa bolsun, bir gowulyk görse, dessine galama ýapyşýar. Ýagşylygy ile ýaýmagyň, adamlary haýyr işlere ündemegiň aladasy bilen bolýar. Güneşli ülkämiziň baý tebigaty, gözel künjekleri, zähmetsöýer adamlary, il-ýurt üçin hyzmat eden, baş goýan gerçekler, halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, talantly ogullary-şahyrlar, bagşylar, halk döredijiliginiň nusgalary, dili dogaly adamlar, keramatly ýerler – bularyň bary ýaşuly ýazyjynyň ylham çeşmesi! Ýetmiş ýaşy arka atan Tatar aga ömrüniň ýarym asyryny ýaş nesle bilim we terbiýe bermäge bagyş eden adam. Ol häzir bu asylly kärini – ýaş nesli terbiýelemek, ynsanlary ýagşy işlere ruhlandyrmak wezipesini çeper döredijiligiň üsti bilen amala aşyrýar. Edebiýat we sungat işgärleriniň «XXI asyra – türkmeniň altyn asyryna ruhubelent gadam basalyň!» atly bäsleşigine hödürleýän şu eserinde awtor türkmende giňden tanalýan hem-de uly sarpa goýulýan dili dogaly, keramatly şahsyýet Ak işan hakda söhbet açýar. Awtoryň öz eserinde jaýdarbelläp geçişi ýaly, öň bu temadan söz açmak-eser ýazmak mümkin däldi. Hudaýa şükür, Garaşsyzlyk halkymyzyň ruhy gymmatlyklary babatdaky bu gadaganlyklary aradan aýyrdy! Indi Garaşsyz ýurdumyzda ýaşaýan her bir adam öz ýürek sözüni aýtmaga mümkinçilik aldy. Tatar Üýşmekowyň «Ak işan» poemasyna-da Garaşsyzlygynyň eçilen eşretleriniň biri bolan erkinligiň datly miwesi – Serdar sahawatyndan dörän eser hökmünde düşünmek bolar. Tirkeş SADYKOW, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geňeşiň Magtymgulyadyndaky Dil we edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. * * * Magşar güni barawer, imanyňy gazanyp, Gury geldiň, boş gitme, ahyrzaman içinde. Magtymguly. SERDAR SAHAWATY Beýik Türkmenbaşyň yhlasy bilen, Jöwher zehin, pähim-paýhasy bilen, Hyjuwy, gujury-gaýraty bilen, Serdarlyk mertebe-şöhraty bilen Ýetilen ajaýyp döwletli döwran – Garaşsyzlyk ýolumyza nur saçdy: Öňki bekli böwetleri böwüsip, Dünýä dört künjüne giňden ýol açdy. Şükür, bu gün öz dilimde saýraýan, Şükür, ýene dolanýan öz dinime. Täzeden jan berýär Serdar paýhasy, Gadym diýaryma, Juwan ilime! Indi men özerkli, Indi men azat, Ýolum açyk-hyýal etsem nirlere: Zyýarata baryp öwülýälere, Uýup bilýän Keramatly Pirlere! Öňler işan-molla aýyp ýöňkelip, Kän azar berildi–atyldy töhmet. Bu gün Türkmenbaşa alkyşlar aýdyp, Ak Işan barada açaýyn söhbet! AK IŞANA AK ÝOL Keramatly ahun-işan, mollalar Geçmişlerde ilimizde köp bolan. Mynasyp bolupdyr il söýgüsine, Hywa, Buharada kän ylym alan. Şolaryň naýbaşy Ak işanymyz Örän güýçli hem gudratly bolupdyr. Çagalyk ýyllary Kuran-Kerimi Okap öwrenipdir-ýatdan bilipdir. Ýetmiş ýyllap sowetleriň döwründe Gadagandy guburlara zyýarat. Ak işana ogryn-dogryn barylyp, Guburna ýykylyp, görüldi zürýat. Serdarymyz dinimize ýol açdy, Zyýarata barýar ähli ilimiz. Garaşsyz, Bitarap eziz Watanda Ýöredilýär ata-baba ýolumyz. Ak işanmyz baradaky hakykat Doly aýan boldy türkmen ilimde. Ýedi ýaşdan-etmiş ýaşa baranlaň Ak işan jan gije-gündiz dilinde. Zyýarata barmak parz her kişä Ýoluňdan gatnalar– çöp-çalam bitmez. Ömür-baky ýaşarsyň sen aňlarda, Asly türkmenleriň ýadyndan gitmez. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, Işanym, Ruhuň-bizi kynçylykda goldaýan! Ak ýürekden dörän namalarymy Il-günüme, nesillere ýollaýan. AK IŞANA ZYÝARAT Takdyra ten berip, guburňa geldim, Zyýaratym kabul eýle, Işanym! Ýaşymyň soňunda ylham dileýän – Iki dünýäde-de şöhratym-şanym! Çagalykdan berilipdir keramat, Hudaýa sygynyp, ömrün ötüren. Amal edip pygamberler hadysyn, Ýüreginde besläp serde göteren. Il-günüň sygynýar-baş egýär saňa, Zyýarata barýar hatarma-hatar. «Ýatan ýeriň ýagty bolsun!» dilegler Kalpdan syzyp çykýar-ruhuňa ýeter. Ilimiň dilegi-meniň dilegim; Allaň dergähinde ruhuň ýalkansyn! Zyýarata barýan ähli kişiniň, Günäsi geçilip, göwni galkynsyn! Garaşsyzlyk aýdyň ýol açdy saňa, Bitaraplyk daňy atdy başyňda. Ähli künjegmizden gelen kişiler Sežde kylyp, aýlanýarlar daşyňda. Ýürekde saklanar adyň, enşalla, Saňa arzuw edýän behişdiň törün! Ýene sygynýaryn, düşýärin ýola, Ugramakçy bolýan, hoş, Alla ýaryň! AK IŞANYŇ ÇAGALYGY Müň ýedi ýüz segsen sekizinji ýyl. Bahar çagy– emri bilen Allanyň Dünýä inýär perişde dek ak çaga – Ogly bolýar Gurbannazar mollanyň. Maşgalanyň, uly iliň ünsüni çekipdir özüne eýjejik çaga. Säherde-erenler gezýän çagynda, Ýaşulular ýygnanan at dakmaga. Daň säherde azan sesi eşdilip, Ene-ataň dakan ady ýaňlanýar. Özi bilen adyn alyp gelipdir, Märekede çagaň ady oňlanýar. Öýe ýalkym salýan ýüzüni görüp, Ygal taşlap, ýüz-gözüne bakylýar. –Akmämmet diýmäge mynasyp çaga!– diýlip, oňa şeýle at hem dakylýar. Kyrk çileden çykarmaga çagany Oba içre aýlaýarlar öýme-öý. Ulusy-kiçisi gum obasynyň Çagajygy ýüze sylýar haýdan-haý. Bokurdak obasy. Obanyň daşyn Ulgam-ulgam ak alaňlar gurşapdyr. Täjirler bir wagt ýüpek ýolundan Ilat üçin gerek haryt daşapdyr. Şol döwürde oturymly öýlerden Ýaşapdyr tireler: bokurdak, kenek. Sanaýmaly oturymly çarwadan Mekan edinipdir ençeme çonak. Mämmetsähet molla ogluna diýen: –Syn edýärmiň çagaň hereketine! Gudrat bar bolanda aňlamak bolar: Ylymamy ýa-da gaýrat atyna?! Taňryň nazar salan çagasymy ýa ýok?! Synlap geçir her gün säheriň çagyn. Daň namazdan soňra çokun Hudaýa, Eliňden aýyrman sallançak bagyn! Ymam Mälik dört ýaşynyň içinde Kurany-Kerimden çykaran başy. Kim bilýär Taňrynyň etjek işini, Keramat berilip, uzalsyn ýaşy! – Aýdanyň ederin, kem bolmaz biri, Her säherde aýlanaryn daşyndan! Guwanyp, begenip, bagryma basyp, Ele alyp, sypalaryn başyndan!.. Günler geçip, aý aýlanyp, ýyl ötýär, Akmämmetjik ýetýär ýedi ýaşyna. Arap elipbiýin suwara bilýär, Teşepbiý kylýarlar Hudaý işine. Onki ýaşda namaz parz bolanda, Ýatdan hatym edýär Kuran-Kerimi. Gije-gündiz galdyrmany başyny, Şoňa berýär bar ünsüni-serini. «Gurbannazar mollaň ogly Akmämmet Ýatdan bilýär Kuran sürelerini!» diýen habar ýaňlandyryp gum için, Söküpdir daglaryň derelerini. Hywa, Buharanyň medreselerne ýetginjek oglanyň eşdilýär ady. Sopulardyr talyplar-da geň görüp, Käsinde tutaşan göriplik ody. Gurbannazar guwanypdyr ogluna: «Onki süňňi berlen bolsun ylyma!» Jan-ten bilen uýsun Allaň ýoluna, Halky däp-dessura, edim-gylyma!» Ak işanyň heniz çaga mahaly Molla göçüp gelýär gum ýakasyna. Häzirki Ak işan şol ýerde dörän, Meňzäp Garagumuň gülýakasyna. Süýji suwly çuňňur guýyň başynda Oturymly ilat kem-kem köpelen. Goýun-geçilerdir iner-maýalar Agyp-dönüp, otlap inen depeden... AK IŞANYŇ ÝAŞLYGY Çagalykdan edep-ekram barada Köp diňleýär atasydyr-kakasyn. On ýaşdan soň ýaşlykdöwri başlanýar, Mähir bilen söýýär dogran käbesin. Gündizine Kuran-Kerimi okap, Gijelerne rowaýatlar diňleýär. Kakasy nakyllar, erteki aýdyp, Söhbetini edep bilen soňlaýar. Hydyr gören Garagumuň gollary Ýaş ýürege guýýar ylham baryny. Ýaradanyň mähri siňen ynsany Ylym tilsiminiň alýar tärini. AK MAÝANYŇ NALASY Gum gollarda, dagyň jülgelerinde Kiçiräk möjekler toplanyp ýören. Ata-babalarmyz şeýle topara «Möjek» diýmän, «gyzylja gurt» at beren. Her bir haýwana-da berilen emel, Gyzylja gurtlar hem hilegär bolan. Çommalyp oturyp düýe öňünde, Özüni ysgadyp, aldawa salan. Ak maýa janawer ysgapdyr ony, Ol-da ýapyşypdyr damak çalardan. Gyzylja gurt sorup gyzyl ganyny, Ak maýanyň gözlerini alardan. Damagy çalynan maýa ýykylyp, Dört aýagyn kakyp, beren janyny. Gyzylja gurtlar hem daşyny alyp, Sorupdyrlar ak maýanyň ganyny. Ak maýaň yzynda galan köşegi, Işanyň inisi süýt berip bakan. Mährem eýesiniň yhlasy bilen, Ak köşek ulalyp, ak maýa çykan. Akmämmet Hywanyň medresesine gitjek bolup ýörkä bolýar bir waka: Guzy bakyp ýörkä kiçi jigisi guýa gaçyp, gussa ýapyşýar ýaka. Ak maýanyň sekiz ýaşly hossary Şeýdip armanlyja heläk bolupdyr. Hossarynyň guýa gaçanyn görüp, Ak maýa bozlaýyp, öýe gelipdir. Gurbannazar molla daşary çykyp, Sypalapdyr ak maýanyň başyny. Nala çekip, bozlap, her ýan urunyp, Garamandyr töweregni-daşyny. Selpäp ugraberýär şol guýa tarap, Molla aňýar çaga bir iş bolanyn. Süňňi sandyraýar, ýürek urunýar, Aňýar balasynyň güli solanyn. Guýdan çykarýarlar çaga jesedin, Ýüzi ýalkym atýar, açykmyş gözi. «Armanda galypsyň, eý, eziz balam!» Dili tutulan dek gutarýar sözi. Guýyň golaýynda-takyr meýdanda ýerleýärler, «aglar şehit» diýilip. Giden güni, üçi, ýedisi güni Sadaka berilýär, goýun soýulyp. Eşiden adamlar ýakyndan-daşdan topar-topar gelýär ýas düşegine. Tärimbaşa baglap çekilen ýüpden syn edýär zenanlar egin-eşigne. Görsene, pelegiň gurýan oýnuny, Neneň dözüp alýar çagaň janyny! Mährem ene ýüregini penjeläp, sessiz aglap, ýere berýär ýanyny. «Berýän-özi, alýan özi Hudaýyň, Şükr edeýin Ýaradanyň işine. O dünýäde ýalkasyn-da Allahym, Ruhy meňzesin jennet guşuna!» Kadyr Alla giňlik guýup gursagna, Kuwwat berýär eziz enäň biline. Bäş wagt namazyň geçirmän birin, Gulluk edýär musulmanyň ýoluna. Ak süýdün eçilip howandaryna, Maýa çökýär ýene mazar ýanyna. Her gün ot-çöpleriň gätmän başyny, Bäş sagatlap agram salýar janyna. Duýdansyz ýandyran aýralyk ody Ak işanyň ýaşlygyny talaýar. Gum golunda sazak-selin içinde, Jigisini ýatlap, zaryn nalaýar. Anna güni baryp mazar başyna, Aýat-töwir edýär, okap Kurany. Düşüp bolmaz bu pelegiň oýnuna, Bile oýnap ýören jigisi hany?! Gurbannazar molla eziz ogluny Medresä okuwa– Hywa iberýär. Akmämmet tagzymly taňry salamly Ýazguly halypaň ýanyna barýar. Ilkinji synagy beýik halypaň– Kybla ýüzüň öwrüp, dyzyňa çökmek. Özüne garadyp sopy boljagy, Dyzba-dyz oturdyp, ýüzüne bakmak. Her elini bir uýlugna degirip, Ýüz-gözüne içgin-içgin seredýär. Akmämmede ýakymlyrak söz aýdyp, Görejini görejine garadýar: –Indi boldy, balam, gulak goý maňa, Şu dogany gaýtalaly üç gezek. Ylymda çäk bolmaz okap çykmaga, Manysy belentdir, menzili uzak: «Lä-ä ilähe illellahu Muhammedun Resuwlullahi eşhedu en-lä-ä ilähä illellähu we eşhedu enne Muhammeden Abdihuw we Resuwluhuw» diýdirýär. – Ine, bala, biz musulman dininde Kyýamatlyk dogan bolduk ikimiz. Ylymyň ugrunda başymyz goýup, Okadykçak artar gider ýükümiz. Akmämmet ak ýolda dili dogada Ýagşy niýet, ýagşy dilegler aýdyp, Sopulyk synagyň geçip öňünden, Obasyna gelen, sag-aman gaýdyp. Allatagalanyň ýoluna düşüp, Hümmet guşagyny baglap biline, Adamataň ol Behiştden getiren Keramat hasasyn alýar eline. Sopulyk synagdan geçeniň parzy– Durmuş, ýaşaýyşda adyl bolmaly. Ýetim-ýesirlere, garyp-pukara Ynsaply, mähirli nazar salmaly. Elinde okamak Ýazguly piriň Örän täsirli hem begençli bolan. Öz güýjüne görä ylmy artdyrmak, Zybrym çuňlaşdyrmak tälimin alan. Ýaşap geçen on ikinji asyrda Hoja Ahmet Ýasawy bolman diňe pir, Merkezi Aziýa musulmanlarnyň Sopuçylyk ýoluna-da saçan nur! Ýazguly pir sopusynyň edebne, Halallykdyr ynsabyna guwanan. Sopusy-da tagzym edip pirine, Ilki– Alla, soňra Pire söýenen. Ak işan Hywada okan ýyllary Talyplar-da keramatyn duýupdyr. Ýöne biri göwniýetmezlik eden, Ýazguly pir oňa şeýle diýipdir: «Aýagy çepekli talyp bolsa-da, Ýuwaş görmäň ony, saýmaň, siz, sada! Az gürlemek– adyllygyň nyşany, Ondan sapak alyň sorap kä zady!» Piriň beren bahasyna begenip, Höwesi artypdyr onuň gün-günden. Talyplaryň baryn jan bilen söýüp, Goltgy-goldaw beren açyk göwünden. Akmämmetde çuňňur ylymdan başga Keramatyn aňýar Ýazguly piri. Sopulyk sellesin geýen çagynda, Gün-günden özgerýär ýüzüniň nury. AK IŞANYŇ KERAMATY Bir gezek birmeňzeş ak eşik geýen Sopular Hywada barýar bazara. Halwaçynyň çasly eşdilip sesi, Goh turuzyp, galýarmyşyn azara. –Halwa geliň! Halwa geliň, adamlar! Künjüli, erikli halwadyr halwam! Agzyňyz bal edip, lezzet biýr jana, Tiz gutarar, alyň, soňuna galmaň! Sakgaly hynaly halwaçyň keşbi Ne gözel görünýär, gürlände joşup. Kem çekýär halwany, aňýar sopular, Halallykundulan, hetdinden aşyp. Salam berip barýar Akmämmet sopy: –Eziz agam, kem çekýäňiz halwany! Sopular görüp dur ýanyňda seniň– Mese-mälim tereziniň galgany! O-how, agam, Weýil bardyr öňüňde, Hudaýdan gork, Apla diýgin her demde! Terezide hak iýmeklik-haramlyk, Päliň düzet! Asyl galmagyl gamda!» Sopular wakany aýdypdir Pire, Pir çagyrýar Akmämmedi ýanyna: –Hasapsyz zat ýokdur gudraty aýa, Kän sarp etseň, agram düşer janyňa! –Lepbeý, Pirim! Sendedir serim! Ýanymyza häzir gelýär halwaçy, Özüňiz ugradyň ýagşy söz bilen... Pire-de aýanmyş onuň gelýäni, Söwdagär gamgynmyş–ýüz-gözi solan. Halwaçy gelýär-de Piriňýanyna, Bil büküp, baş egip, soraýar ötünç: –Günämi ötewer, keremli Pirim, Ömürboýy etmen haramdan gatanç! Pir doga okaýar, Haka sygynýar: «Melegiň ýoluna düşen bendäňi Özüň gora, ryswa etmäwer ile!» Halwaçy hoş bolup, guwanyp Pire, Köp-köp alkyş aýdyp, düşenmiş ýola. Akmämmede Pir beripdir patany, Ak işan adyny Hywada dakan. Talyplardyr Piri bilen hoşlaşyp, Irden ýola düşýär iline bakan. Ak işan Hywadan geleninden soň, Gudrat bilen ahwalaty duýupdyr: – Neresse jigimiň mazarna baryp, Maýa çöküp oturýandyr! – diýipdir. Kakasy ogluna soragly bakan: –Bu gürrüňi kim aýtdy, jan ogul?! –Hiç kim maňa beýle gürrüň berenok, Iç hümledip asla etmegin dowul! Seresap bolmaly ak maýamyza, Ol ýöne-möne bir düýe däl ahyr! –Bolýar, bala, ak maýany aýaryn, Gözýaş döküp, mydam eşidilýär ahy! Gurbannazar başdan-aýak synlapdyr: «Alla şükür, işan bolup gelipdir! Taňry penasynda aman saklasyn!» Ak işanyň gudratyny bilipdir. Türkmen topragynyň hemme ýerinde Ak işana hormat-sylag köpelýär. Onuň keramatu-şerapatyndan Il-günüň derdine derman tapylýar. IŞAN WE HYWA HANY Ýazguly pir öz borjuny bitirip, Dogduk diýar Idris baba gaýdanda, Işanyňýanyna ýörite gelip, Hanyň Hywa çagyrýanyn aýdanda, Ol ilinde ýaşamagy parz bilen, Olaň arasynda şu söhbet bolan: – Biz Muhammet emin hanyň adyndan Çakylyga geldik, Ak işan, saňa! –Razyçylyk berebilmerin size, Ilimi taşlamak kyn boljak maňa! –Biz hanyň ýörite sawçysy borus, Sözümiz bitmez diýp ýada almadyk. Hywa ýaly ýerden menziller söküp, Ýöne ýere seň ýanyňa gelmedik... Gyş geçirip, ýazyň ilki aýynda Gelipdir Hywadan bir topar myhman. Myhmanlara üç gün hyzmat edipdir, Olaram ýörite ýollan eken han. «Hana köp dogaýy salam gowşuryň, Häzir-ä ýagdaý ýok Hywa barmaga. Nesipli gün bardyr, şoňa ynanýan, Şonda bararyn men hany görmäge». Gelipdirler ýene tomsy geçirip, Ýaşulular üýşüp maslahat guran: «Işanymyz Hywa gidip-gelmäge Tutuş bir aý ýol bar öňünde duran. Üç gezek gelindi uzak menzilden, Indi gitmeli bor hanyň ýanyna. Il-günüň adyndan salam gowşuryň, Sen Ahal wekili-salsyn ýadyna!» Şonda myhmanlara Işan agamyz Wada beren isleglerniň biterin: «Ýola düşüberiň! Erte-birgünde, Nesip bolsa, yzyňyzdan ýeterin!» Baştutan kyn gören, tapmany alaç, Ak işansyz ýola düşmeli bolan. Işansyz geçilen üç günlük menzil Her hili pikiri ýadyna salan. Üç günden soň düşläpdirler bir ýerde, Görseler, Ak işan geçipdir öňe. Duşaklap oturan ak eşegini, Menziller geçse-de, galmandyr soňa. Atlylary ýola salyp ertesi, Özi galan, olar geçen deňinden. Hywa çenli üç-dört menzil galanda, Ýene-de garşylan, çykyp öňünden. Topar baştutany bolan wakany Hywanyň hanyna gürrüň beripdir. Onuň aýdanyny geň görmändir han, Işan gudratyny öňden görüpdir. –Aýdanlaryň hemmesi-de dogrudyr, Şoň üçin üç gezek iberdim sizi. Ak işana gudrat Hakdan berilen, Onuň keramaty goldasyn bizi! Ak işan Hywada işlemek bilen, Bir zady köp pikir eder ekeni. Kä gijeler pikir elegin eläp, Daňa golaý uka gider ekeni. Hanyň mydam özüne üns berşinde Bir alamat bardygyny syzypdyr. Han diýip özüni artyk saýmansoň, Pikir düwünçegin düwüp gezipdir. Taňrynyň halany-göwün maksady: Dawa-jeňi il içinden gümlemek. Hywa bilen Ahal ili birleşse, Uly güýji Hak ýolunda jemlemek. Agzybirlik alamata bagyşlap, Hywa hany bir gün beripdir perman: «Watany goramak maksady bilen, Ahaldan Hywaga gelsinler durman! Gulluga gelene «Agöýli» diýip At bermeli, muny hemme bilmeli! Ata-baba pederlermiz birdigin, Her halda-da, pugta ýada salmaly!» Han permany dogry hasap edilip, Arkaçdaky obalardan köp göçen. Arasynda Myrat serdar bar eken– Batyr nesli–il diýp janyndan geçen! Adamçylygyna Myrat serdaryň Ak işan-da göz ýetiren bir wagt. Ene toprak goragynda bolsa-da, Hergiz islemändir özüne tagt. Ahalyň agöýli merdanalary Maşgalasy bilen göçüpdir Hywa. Han olara ak öý tutup beripdir, Agzybir ýaşapdyr, bolmandyr dawa. Gorapdyr nökerler Hywa hanyny, Gerek bolsa, mal-garasyn bakypdyr. Naçarlar içersin bezemek üçin, Haly dokap, elinden dür döküpdir. Hywa hany Ak işany çagyryp, Köp işleri bile geňeşli çözen. Han iberse ahal-teke atyny, Hiç wagt münmändir–eşekli gezen. Myrat serdar häli-şindi Işana Sala salyp, kän maslahat gurapdyr. Agöýlüleň baştutany bir günem Ak işana sorag gözli garapdyr. –Küýe gelen pikiriňi aýdyber! –Ýüz tutmakçy bolýan Hywa hanyna! –Bolar, bolar, tutýan maksadyň dogry! –Onda men baraýyn Hanyň ýanyna! Myrat serdar barýar han huzuryna: –Han hezreti, gullugyňa biz taýyn! Häzirlikçe gideli biz Arkaja hem göreli ekin-dikin ýagdaýyn. –Maslahat erbet däl, bolman duranok, Mal-gara üçin-de peýdasy deger. Ýer depip, mal bakyp, işläp bilseňiz, Şonda ilimize berket ýagar. Ertesi gün ähli agöýlüleri Nyzama duruzyp aýdan Hywa han: –Her onunjy munda galmaly bolar! – Bu ýagdaýy öňden gören Ak işan. Nyzama duranda onunjy bolup, Ençe wagtHan soramynda galan ol. Zynharlap tabşyran Myrat serdara: «Han çagyrsa, ilki meň ýanyma gel!» Ahally agöýli nökerler Wasda Öý-öwzar tutunyp, ençe ýaşapdyr. Olardan razymyş Hywanyň hany, Ikarada kerwen däne daşapdyr. Han çagyrýar bir gün Myrat serdary, Myrat serdar gelýär Işan ýanyna. –Serdar, şu günlerde hanyň keýpi kök, Gam-gussa ýok, sygmany ýör donuna! Hana aýt: «Biz göçeli Arkaja, Nirede bolsak-da, seni gorarys! Eger çozup gelse duşman üstüňe, Dessine at-ýarag bilen dararys!» Bolýar diýse, derrew göçmeli bolar, Ýyl geçse, görersiň boljak wakany! Ynanmajak bolsa, ýadyňda sakla, Gaýgyrmany «ýyrtybergin ýakany!» Myrat serdar barýar hanyň ýanyna, Piriň aýdanyny hana ýetirýär. «Ahal tekelerne, ylaýta saňa, berk ynanýan» diýip, işi bitirýär. Han şonda sargapdyr Myrat serdara: «Dagdan ilersinden bolgun habardar!» Şondan soň agöýli ahally ilat Öz eziz mekany Arkaja barýar. Ak işan köp wagt hany okadyp, Musulmançylykdan beripdir sapak. Adalatlylykda Hywa hanynyň Özüni görkezmek isländigi hak. Şol ýyllar «Pirim» diýp ýygy-ýygydan Ak işany maslahata çagyrýar. Ak işana aýan onuň pikiri, Içde ýürek syryn käte «sygyrýar!» – Agyr salgyt saljak saragtlylara, Mara göçürjek men olaryň baryn. Eger-de gaýtawul berdikleri, bes, Şonda men olara görkezjek zorum! Ak işan köp wagt dymyp oturýar, Han çözmeli bolýar içki düwüni. Agyr goşun sürjek Saragta sary, Uly ýeňiş gazanjakmyş göwüni. –Kyrk müň goşun, kyrk müň düýeli-atly Saragtyň üstüne süreris göni! Gorkularna boýun egmeli bolar, Boýun egmesinler, göreli hany! –Dogry bolsa size sapak berýänim, Bir işiň başyny tutmakçy bolsaň, Ilki: «Nesip bolsa» diýmeli bolar, Allany ýatlagyl, pendimi alsaň! –Işan aga, nesip bolsa-bolmasa, Men etjek işimi öňünden bilýän! Birki aýdan gelerin men yzyma, Munda göz-gulak bol, ýadyňa salýan! –Bu boluşyň bilen, kim geler, gelmez, Ony Hudaý biler, ynsan aňlamaz! Küpür gepleýärsiň, soňun saýgarman, Ýaradan Biribar muny oňlamaz! –Ene gaýtalaýan, Pirim, gulak goý, Nesip bolsa-bolmasa-da, gelerin! Güýç görse, ýüň gazyk ýere gidýändir, Güýç görkezip, ýeňşe eýe bolaryn! – Aňrymyza al Bukurjyk diýerler, Ogullary: Berdi, Sary, Bukadyr. Berdi-ýomut, Sary-ärsary bolsa, Körpeleri Buka bütin tekedir! Dogany dogana ýarag gezese, Şeýle hanlar bolar Taňryň gargany! Taryhda bolupdyr ençe wakalar, Az bolmandyr şeýle halkyň dargany. Iki dünýäde-de gönenmez zalym, Doganyna gyýtak gözli bakanyň – Dowzahyň oduna ruhy ýanar Nähak ýere ynsan ganyn dökeniň! Ýeriňi ekýärler, malyň bakýarlar, Ahallylar gorap ýör-ä daşyňy! Saragtyň ili-de dogan-gardaşmyz, Eger çozsaň, alarlar seň başyňy! Wesýet edýän saňa, algyn pendimi, Ýakmagyn hiç ýerde uruş oduny! Tekepbirlik başa inderer bela, Bes etmeseň, soň çekersiň dadyny! Gabahat iş etseň ýeriň ýüzünde, Undulmajak zyýan ýeter adyňa. Yssambylyň taryhyndan bir gezek gürrüň beripdim men, salgyn ýadyňa! Dürli ýurtlaryň han, patyşalary Yssambyla çozan ýigrimçe gezek. Zarba urup almak başa barmandyr, Alla emri bilen gurulan duzak. Musulman pirleriň biri bu hakda Şeýle paýhas aýdýar, ýadyňda sakla: «Muhammet pygamber hadyslarynda, Taňry ýollan ol Kerimi-Kuranda: –Yssambyly basyp alan tapylmaz – – diýlip ýazylypdyr–ýagty jahanda! Indi dünýä iner serkerde dana, Onuň ady ýazylypdyr Kurana, Şol ýigit kämillik ýaşa ýetende, Yssambyl şäheri şoňky bolmaly!» Ýazylyşy ýaly bolupdyr äşgär, Kuran okamaly, ýada salmaly! Şol aýdylan çaga inipdir dünýä, Fatyh diýip dakypdyrlar adyna. Dokuz ýaşda elde ýasap kyrk topy, Kyrk gämi edinýär turuw-badyna! Yssambyly alyp Fatyh birbada, Soltanlyk edipdir ulus-iline. Kurany - Kerimi bilip suwara, Ýaşlygyndan düşýär yslam ýoluna. Taňra ýakyn duran adamlaň biri– Ene topragyna derini döken. Ata Watanyny ýürekden söýüp, Mähriban halkyna ýylgyryp bakan. Ak işanyň beren gürrüňlerine Pisindem etmändir Hywanyň hany. Erk edip bilmäni onki süňňüne, Ýürekde at salýar gaharly gany. Salgyt salsaň, salgydyňy berýärler, Mundan artyk näme gerekmiş hana?! Ikarada dawa-jenjel bolmasa, Mähirli bakardy ynsan-ynsana. – Hökümdarlar raýatynyň üstüne Ýarag çekip, haýbat atmaz, şuny bil! Munyň zalymlyk bor, Hywanyň hany, Päliňi düzelt-de, indi ýola gel! – Beýle töwellany almaryn, Pirim, Ýürege düwüldi, pälden gaýtmaryn! Ýeňjegimi öz ýüregim syzyp dur, Ynamym bolmasa, muny aýtmaryn! – Töwellany almadyklar-baýnamaz, Şundan aňry ýeke ädim ätmerin! Uruşparaz adamlaryň öýünden, Duzuna dönerin, ýöne datmaryn! Ikarada gürrüň gidýän mahaly Doganoglan-Abdylla han bolupdyr. Ak işanyň hä-howwasyn berende, Göz agdaryp, hana nazar salypdyr. Ak işan hoşlaşman gidýär ýanyndan, Han bir ajalyna sürünýän wagşy! Oňa aýan bolýar ganly çaknyşyk, Iň gowusy, handan daşlaşan ýagşy! Müň sekiz ýüz elli bäşiň martynda Hywa hany girýär gazap donuna. Ak işana aýan bu boljak söweş, Şonuň üçin düşýär Ahal ýoluna. Eşekli ugraýar Hywa ilinden, Ýedi günde geçýär on günlük ýoly. Ak işany garşy alýar halaýyk, Guwanyp-begenýär Ahalyň ili... Üç gün dowam edýär agyr söweşler, Küpür düşünipdir Hywanyň hany. Bäşguýyň ýanynda bolan söweşde Muhammet Eminiň dökülýär gany. Alnandan soň agasynyň kellesi, Abdylla han sarahsla ýüzlenen: –Şu gije wagt beriň, ertesi irden Gyzyldan-kümüşden pul töläýin men! Şol gije gaçanmyş dogduk iline, Ele düşýär Maryň golaý ýanynda. Töleýär on bäş müň gyzyl tümeni, Başy aman–arman ýokmuş janynda! Müň sekiz ýüz altmyş birde– Maryda Gajar urşy gutarannyň yz ýany. Nurberdi han aýdan Çopan batyra Almakçydygyny Güljemal hany. –Nurberdi han, nä zerurlyk bar munda?! –Köpüräk ogully bolasym gelýär! –Eger ogluň bolman, gyzlaryň bolsa?!.. Nurberdi han birazyrak sakynýar. – Ak işan welilik bilen aýdypdy, Pir aýdany dogry bolup çykmaly! Ak işany uly-kiçi sylaýar, Keramata sarpa bilen bakmaly! Taýpasy-utamyş, meniň agamdyr, Şuny-da kä wagt ýada salmaly. Ahalda, Maryda özün tanatdy, Ine, Nurberdi han, munam bilmeli! * * * Garagumda mekan tutupdyr Işan, Ýaşan ýerlerinde galypdyr nyşan: Ak işan çyrlasy, Ak işan lüňi, Ak işan guýmasy, Işan takyry. Ak işanyň kaky ýaly ýer ady Henizlerem ýatladyp dur pakyry! * * * Ak işan Ýaraja baran ýyllary, Tanyş bolýar Muham sopusy bilen. Pire aýanbolýar ynamdarlygy, Ýaradan Biribar ýadyna salan. Asly büzmeýinli-garadaşaýak, Begendik urugy, şowalar-tire. Näzdepede ýaşan kakasy bilen, Gol bermezden ozal Ak işan pire. Şol ýyllarda «Rownakyl yslamy» Okap beripdir ol giden bir oba. Eşiden adamlar tagapyl kylyp, Allany ýatlaýyp, edipdir toba. Kakasy ýogalýar, agasy bilen Arçman obasyna göçüp gelýär ol. Biraz Arçman ataň başyna baryp, Parawbibide-de ençe bolýar ol. Uzyn gije Kuran-Kerimi okap, Hoja Ahmet Ýasawysyz ýatmaýar. Ýetim-ýesir görse, başyn sypaman, Hal soraman deňesinden ötmeýär. * * * Mizemez häsiýetli Enegül sopy Musulmanyň bäş şertini bilipdir. Işan aga haýran galar ekeni: Taňra hemme borjun berjaý kylypdyr. Arkaly bolupdyr Enegül sopy, Örän sowatlymyş onuň atasy. Azadyň, Pyragyň goşgularyny Ýatdan bilip, artan ekei sarpasy. Gerkezde doglupdyr Enegül sopy, Kakasyndan dini sowat alypdyr. Muhammet pygamber hadyslaryny, Kurany-Kerimi ýatdan bilipdir. Ak işana gelim-gidim köpelýär, Bir gün ol Muhama maslahat salýar: –Tapylarmy özüň ýaly bir sopy? –Naçar diýmeseňiz, sopymyz taýýar! –Adamsy, çagasy bolmaly bolar, Aýal bolsa, onuň şeýle şerti bar! Ýene bir şerti bar, ony aýdaýyn, Geýýän geými topugyny ýapmaly. Mähirli bolmaly gelen-gidene, Ýetime-ýesire gülüp bakmaly. –Enegül şertleri ýerne ýetirer! – Onda ol bolsun-da ikinji sopy! Myhman gelip, nahar-nowa edilse, Enegülde bolsun susagyň sapy! AK IŞAN WE GIJEN GYRYK Bir asyr mundan ozal Şeýle melgun geçipdir. Ganat kakyp, asmandan Ol herýana uçupdyr. Il içinde tanalan– Gijen gyrykmyş ady. Şeýtana sapak beren, Ile ýakdyrman ody. Ol Işanyň ýanyna Erkek bolup barypdyr. Ýörkä üsti halykly Işan ony görüpdir. Syry aňan-da Işan, Ýigitlere tabşyran: «Aralaşdy bir erkek düýeleriň içine. Tutup getiriň şony, Tirkäň şeýtan göçüne!» Salym bermän ýigitler getirýärler erkegi. Gapyda çökerýärler Gijen gyryk gorkagy. Ak işan pir daş çykyp, Synlapdyr ol düýäni. Elinden gelse, melgun çöwürjek bü dünýäni! «Erkek bolsaň boluber, Gözüň Gijen gyrygyňky! Ähtiýaç edýäň menden, Dünýe saňa garaňky! Ajal häzir daş senden, Häzirlikçe ölmersiň. Ýaşasaň-da jahanda, Içiň açyp gülmersiň. Baryň, goýberiň muny, Indi munda görünmez! Melgun basyldy menden, Gaýdyp bize sürünmez!» Şondan soň Gijen gyryk Gürüm-jürüm bolupdyr. Ak işandan basylyp, Ýüzi-gözi solupdyr. Gijen gyryk jadylap, Ýygnapdyr kyrk oglany. Salyp şeýtan ýoluna, Gorap gezjek pyglyny. Talyplaryň hiçhaýsy Uçuryma ýetmändir. Tutmaly bolsa diri, Müň ädimden ötmändir. Bir gün ýigitleň birniň Yşk sämedýär serini: Gelýär Pir obasyna, Söýýär gözel perini. Ýigit yzyna barýar, Gijen öňünde durýar. – Işanyň obasynda Gördüm owadan gyzy. Seýkin basyp ýöreýşi, On gyza degjek näzi! Şol gyzy alyp berseň, Arman galmaz janymda. Söýgi derdi at salýar Ýüregimde-ganymda! – Ony oňarys, ýigit, Git, getir gyz saçyny! Elbukjasy bar onuň, Agtar daşyn-içini! Saçy elime berseň, Uçup geler ýanyňa. Girseň gyz gujagyna, Lezzet berer janyňa! Şeýtanyň atan oky Degmän geçýär nyşana. Olaryň gizlin syry aýan bolýar Işana. Soýdurylýar bir erkeç, Gyrkylýar guýruk gyly. Daňylyp bujaklary, Içe berilýär ýeli. – Elbukjanyň içinden aýryň gyzyň saçyny! Galmasyn birje saly, Dörüň içi-daşyny! Erkejiň guýruk gylnyň Taryn goýman kesdiler. Derisine ýel berip, Tüýnükýüpden asdylar. Tüýnük, gapyny ýapyp, Hiç kim öýde galmady. Elbukja gyl salnanyn gelen ýigit bilmedi. Öýe girdi. Hiç kim ýok. Garbap aldy bukjany. Eýeläne döndi ol Bag-bossanly bakjany. Ak işana aýandy– Bilýär waka syryny. Muham sopa öwretdi Göreşmegiň tärini. Alty sany atlyny goýdy öýüň daşynda. Diýdi: – Gylyç oýnadyň Şeýtanlaryň başynda! Iki ýana açdylar Gara öýüň gapysyn. Çagyrdy öz ýanyna Muham atly sopusyn: – Ýel berilen erkejiň derisi uçar daga. Sypdyrmasyn ýigitler, Dem bermesinler ýaga! Eger diri galsalar, Ot ýakdyrmaz ynsana. Şeýtan barha köpelip, Zeper ýetir imana. Bu dünýäde abraýdan, O dünýäde imandan, gürrüňsiz, aýra salar, Dynmalydyr ýamandan!.. Erkeç derisi uçup, Ýetip barýar gowaga. Gijen gyryk uçýar-da, Aralaşýar howaga. Şägirtleri zut gaçýar Bakman degre-daşyna. Ýigitler şeýtanlaryň Oýun salýar başyna! AK IŞAN WE MUHAM SOPY Daň namazdan soňra Ak işan törde Ýeri dyrmalap, biraz salym oturýar. Başyn aşak salyp, batýar pikire, Muham sopy bu boluşy geň görýär. –Bu näme etdigiň, eý, eziz Pirim, Hiç wagt görmändim egleniň seriň! –Sopym, şu gün suwasalma ýenjilýäň, Näbelli bolup dur ýenjiljek ýeriň! –Pirim, näme üçin men ýenjilmeli?! Bir aýdanyň iki gezek aýtdyrman, Ak ýürekden hyzmat edip ýörün men, Şaýadym ýerde–Siz, ýokarda–Allam! – Sebäbiniň anygyny bilmäni, Oýlanyp otyryn, mälim däl bary. Öň hemme zat maňa bolardy aýan, Ýenjiljegiň anyk–görýäňiz zory! –Şu jülgede meni urjak tapylmaz, Men anyk bilýärin, hormatly Pirim! – Ony Hudaý biler, bendesi bilmez, Men bilmän otyryn, bolsa-da kärim! Şol gün Muham sopy gidýär-de, goýnun Bir oýuň içinde bakyp oturýar. Birden üç-dört sany galtaman gelip, Ýenjip-ýenjip, onuň «eýin ýetirýär!» Dowarlary öňe salyp atlylar, Obalarna tarap düşýärler ýola. Urulanna kaýyl bolup sopymyz, Gygyrýar çydaman beýle zowala: – Eşitdim ýa eşitmedim diýmän siz, Goýunlar-a Ak işanyň malydyr. Pire aýan boldy edýän işiňiz, Bu zorluklar haramynyň ýoludyr! Atlylar Ak işan huzurna baryp: –Ak işanjan, öt günämiz! –diýýärler – Aşa hata iş etdik biz bilmäni! Aýagyna gara başy goýýarlar. –Günäňizi geçýän, aýtjak sözüm bar. Talaňçylyk türkmenlere ýaraşmaz! Bu gylygy taşlaň, pendim alsaňyz, Ajal-gaýyp, asla size garaşmaz! Türkmeniň rysgyny joşupdyr Hudaý: Altyn topragmyz bar ekip-dikmäge. Dag-dereler, gum-gollary beripdir, Çopan bolup, goýun-guzy bakmaga. Zähmet çekiň, halal ýaşaň jahanda, Düşsün üstüňize Resul saýasy. Ene-ataňyzyň saklaň abraýyn, Siz bolmaly käbeleriň söýesi! Durmuşda ýalňyşan juwan ýigitler Ýürekden uýdular Piriň sözüne. «Beren öwütleriň-gyzyldan gymmat!» Hemmesi birbada çökýär dyzyna. –Läliňiz düzeldi, ynanýan size, Indi ýüregimde galmaz armanym! Ýüzüňizden aýan bolup dur maňa, Onki süňňüm bilen gönendi janym! Ýigitler hoşlaşyp, düşdüler ýola, Obalarna baryp, alýarlar pili. Çil çekýärler, ýer depýärler yhlasly, Şondan soň başlanýar halallyk ýoly. AK IŞAN WE NASKEŞ MYHMAN Nas kädisi boşan naskeşiň biri Piriň obasyna gadam goýupdyr. Amanlyk-saglykdan sorag salansoň: «Obada nas atýan barmy?» diýipdir. Onda biri diýen: – Nas atýan bolmaz, Nas atýany halamaýar ilimiz! Ak işanyň pirlik edýän ýerinde Agzymyz arassa, uzyn dilimiz! Çal kellesi sämäp duran naskeşiň, Aşak oturanda gaçýar mazasy. Hut keýpine sogan dogralan ýaly, Jana degýär nassyzlygyň yzasy! Diýýär nassyzlykdan kösenen myhman: «Heý-de mundanam bir oba bolarmy!» Nas, çilimiň keýpin bilmediklere Uzak menzillerden myhman gelermi?!» Naskeşiň nägile aýdan sözleri Ak işana aýan bolýar şo bada. Pir çapar iberýär salymyn bermän: «Nas getiriň, bolsa goňşy obada!» Bir sanaç nas satyn aldyryp Işan, Gömdürip goýdurýar oba çetinde. Adamlaryň göwnün awlany üçin Elmydama kemal tapýar netinden. AK IŞANYŇ SARGYDY Ak işan pir bir gün nesillerine Sargyt edýär, ilki adyl bolmagy. Ikinjiden, wepat bolan çagynda, Muham sopyň nesihatyn almagy. Dünýeden gaýdýar Ak işanymyz Börmeobasynda-togsan ýaşynda. Ýerlejek bolýarlar, Sopa garaman, Öwlüýäde ýatanlaryň gaşynda. Emma welin içki öýi guburyň gudrat bilen ençe gezek ýykylýar. Duýulansoň alamatyň bardygy, Kömek isläp, Muham sopa bakylýar. «Näme etseň, rugsat, Muham sopymyz!» Sopy ak maýany basym getirýär. Pir tabydyn emaý bilen ýükleýär, Oň wesýetin doly ýerne ýetirýär. Goýberýär ak maýaň başyny çolap, Ol neresse çagaň guburna barýar. Ak maýa çöküpdir, ynjytman tabyt, Göz öňünde Piriň syratyn görýär. Sopyň gulagynda ýaňlanýar owaz: «Ak maýa bolmaly meň hak ýoldaşym! Bu ýagty jahandan gitmeli bolsam, Tabydymy ýükläp, çolaýyň başyn. Soňra düşüň ak maýanyň yzyna, Nirä baryp çökse, jaýlaň şol ýerde. –Işan aga, kysmat belli däl ahyr, Niçik bor men oň öläýsem eger-de?! –Öň gitmeli bolmarsyňyz, enşalla, Siz-de soňra gelersiňiz ýanyma!» ...Neresse çagajyk, Ak işan, sopy – bileje ýatyrlar–geldi synama! Bir hemaýat isläp Hak imanyna, Il-günüm ýykylýar Ak işanyna... Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |