09:45 Akademik Aga Garryýewiñ ömründen bir sahypa | |
AKADEMIK AGA GARRYÝEWIŇ ÖMRÜNDEN BIR SAHYPA
Edebi makalalar
Ömrüni türkmen taryhyny ýazmaga bagyşlan akademik Aga Garryýew 1976-njy ýylyň 26-njy dekabrynda 67 ýaşynda aradan çykypdyr. Ol ýogalan wagty Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň akademigidi, akademiýanyň wise-prezidentidi. Ylymda we tehnikada at gazanan işgärdi, “Türrkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Habarlarynyň jemgyýetçilik ylymlarynyň seriýasy” žurnalynyň baş redaktorydy. Aga Garryýew 1909-njy ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabat raýonynyň Gypjak obasynda Söýünberdi Garryýewiň maşgalasynda dünýä inipdir. Başlangyç bilimi oba mekdebinde alypdyr.1923-nji ýylda Aşgabat şäherindäki Ata Ilbaýewiň adyny göterýän mekdep-internatda okamaga başlaýar. 1924-nji ýylyň güýzünde hem Moskwanyň etegindäki Pokrowsk obasynda ýerleşýän Türkmen magaryf öýünde okuwyny dowam etdirýär. Şo wagtlar bu ýerde türkmen oglan-gyzlarynyň 100-si okaýan eken. 1926-njy ýylda A.Garryýew ilki Moskwada, soň Iwanowadaky rabfakda okaýar. Ol 1931-nji ýylda Türkmenistana gelip, bir ýyllap Aşgabatdaky sowet-partiýa mekdebiniň ýanyndaky sowet kurslarynyň okuw müdiri we pedagogik kombinatynda taryh sapagyny okadypdyr. 1932-nji ýylda Ýaroslawl pedinstitutyna okuwa girip, ýarym ýyl hem okaman, maşgala ýagdaýy sebäpli okuwyny taşlap, yzyna dolanmaly bolýar. 1933-1935-nji ýyllarda ol bilim ulgamynda ýolbaşçy wezipelerde, şol sanda 1933-nji ýylyň dekabryndan 1934-nji ýylyň awgustyna çenli Aşgabat pedinistitutynyň direktory, TK(b)P okružkomynyň ýanyndaky Daşhowuz sowet-partiýa mekdebiniň okuw bölüminiň müdiri bolup işläpdir. Ýöne muňa garamazdan, onuň höwesi, göwün telwasy ylma tarap dyňzaýardy. 1935-nji ýylyň sentýabrynda ol SSSR Milletler institutynyň aspiranturasyna kabul edilipdir. Ýöne 1936-njy ýylda aspiranturanyň taryh sektorynyň ýapylmagy bilen Krasnaýa professura institutynyň diňleýjisi bolýar. Bu ýerde şol wagtlar jemgyýetçilik ylymlary boýunça gaty sowatly adamlar işleýän eken. Ýöne tiz wagtdan bu okuw jaýy hem ýapylypdyr. Ýöne muňa garamazdan, ol taryh ugrundan her taraplaýyn we çuňňur bilim almaga ýetişipdir. Aga Garryýew 1938-nji ýylda Aşgabada gaýdyp gelip, Taryh, dil we edebiýat institutynda uly ylmy işgär bolup işläp başlaýar. Soňra ol institutyn sektor müdiri, direktoryň orunbasary, Rewolýsiýa muzeýiniň direktory hem bolupdyr. 1941-nji ýylda Aşgabat pedinstitutyny ekstern tamamlandan soň, mugallymçylyk edýär, 1945-1948-njy ýyllarda şol institutyň SSSR halklarynyň taryhy kafedrasyna müdirlik edýär. Aga Garryýewiň şol ýyllarda ýazan makalalary onuň kandidatlyk işiniň esasy bolupdy. 1943-nji ýylyň maýynda ol Türkmenistana göçürilip getirilen Odessa uniwesitetiniň alymlar geňeşinde “Türkmenistanyň Russiýa birikdirilmegi” at bilen kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. 1944-1947-nji ýyllarda ol Moskwada, SSSR Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynda doktoranturada okaýar. Aga Garryýew 1948-nji ýylyň martynda ХIХ asyryň birinji ýarymyna degişli türkmen taryhyna bagyşlanan temadan doktorlyk dissertasiýasyny gorapdyr. Şondan soň ol SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmen filialynda ýolbaşçy wezipelerde işläpdir. 1951-nji ýylda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň döredilmegi bilen ol akademiýanyň habarçy–agzalygyna saýlanypdyr. 1960-1967-nji ýyllarda A.M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde SSSR-iň taryhy kafedrasyna ýolbaşçylyk edipdir. Oňa 1967-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň Ylymda we tehnikada at gazanan işgär diýlen at berlipdir. A.Garryýew 1967-1975-nji ýyllar aralygynda Türkmenistan SSR-niň Ylymlar akademiýasynyň Şaja Batyrow adyndaky Taryh institutynyň direktoty wezipesinde işläpdir.!975-nji ýylda ony Ylymlar akademiýasynyň akademigi hemem akademiýanyň wise-prezidentligine saýlanýar. A.Garryýew ylmy işlerini hemişe jemgyýetçilik işleri bilen alyp barýardy. Ol “Türkmenistanyň ýadygärlikleri” atly žurnalyň baş redaktorydy, Türkmenistan SSR Medeni we taryhy ýadygärlikleri goramak baradaky jemgyýetiň prezidiumynyň başlygydy. Ol birnäçe ýyllaryň dowamynda Ylymlar akademiýasynyň “Bilim” jemgyýetiniň hem başlygydy. Akademik Aga Garryýew bilen bolan bir waka ýadymda galypdyr. 1971-nji üylda A.M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, “Ýaş kommunist” gazitinde işe başlapdym. Bir gezek Ş.Batyrow adyndaky Taryh institutynyň aspiranty Halmuhammet Kerimow diýen ýaş alym kino barada ýazan makalasyny getirdi. Makalany okap, o ýerini –bu ýerini kakyş-kukuş edip, ony bölüm müdirimiz Kerimberdi Rahmanberdiýewe geçirdim. Kerimberdi aga-da materialy eglemän redaktora hödürledi. Köp wagt geçmänem makala gazetde çap edildi. Ýöne makalanyň aşagynda awtoryň “aspirant” diýilmegine derek, “Ş.Batyrow adyndaky Taryh institutynyň direktory” diýen ýazgy dur. Muny men makalanyň golýazmasyny maşynkada göçürilenden soň täzeden okap, oňa öz elim bilen şeýle ýazgy eden ekenim. Sypjak gümanyň ýok, bu meniň günämdi. “Indi näme bolarkan?” diýip, howsalaly ýagdaýda garaşyp otyryn. Sekretar gyz: “Redaktor çagyrýar” diýensoň, men günäli halda onuň kabinetine girdim. Onuň gürrüňinden makala barada Türkmenistanyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň propaganda we agitasiýa bölüminiň jogapkär işgäri Toýly Meredow gyzyklanypdyr we günäkäre çäre görmegi, ýagny işden boşatmagy talap edipdir. Etjek alajyň ýok. Ýaňyja okuwy tamamlap işe başlan, indem gaty gödek ýalňyş goýberen adamy kim goldasyn? Men redakorymyz Hudaýberdi Diwangulyýewiň ýanyndan çykdym-da, uly alada bilen zalyň ugrundan barýarkam, öňümden “Turkmenskaýa iskra” gazetiniň bölüm müdiri bolup işleýän, ýaşy menden has uly Boris Mirtow diýen rus adamsy çykdy. Ol meniň aladamy ýüzümden aňan bolmaga çemeli. Sorandan soň aýtmaly boldum. - Taryh institutynyň direktory Aga Garryýew köpi gören adamdyr. Men ony tanaýan. Sen çekinme-de, şumat oňa jaň et –diýip, meni öz kabinetine saldy. Ol Aga Garryýewiň iş telefonyny tapyp, maňa jaň etdirdi. Trubkany galdyran akademik bilen salamlaşyp, kimligimi we öz düşen ýagdaýym bilen ony tanyşdyrdym. Ol meni diňledi-de, “Sen ogul, arkaýyn işläber. Hiç kim hiç zat diýmez” diýdi. Mundan soň meniň begenjimiň çägi ýokdy. Dogrudanam soň maňa azar bern adam bolmady. Her gezek şu waka ýadyma düşende men akademik, belent adamkärçilikli adam Aga Garryýewi minnetdarlyk bilen biygtyýar ýatlaýaryn. Ellinji ýyllaryň başlarynda agyr kemsidilmelere sezewar edilen Aga Garryýewiň ömür beýany hakda bir ýa iki makalada gürrüň etmek başartmasa gerek. Biz muny şu ýazgymyzda öz öňümizde maksat edip goýmadyk. Ömrüniň ýürek awudyjy käbir sahypalaryna nazar aýlalyň diýdik. 1952-nji ýylyň 10-njy martynda TSSR YA-nyň Taryh, arheologiýa we etnografiýa institutynda sowet döwrüne çenli taryh, arheologiýa, etnografiýa we filosofiýa sektorlarynyň bilelikdäki umumu mejlisinde “Türkmenistan SSR-niň taryhy” atly kitabyň birinji tomunyň taslamasy gaütadan ara alnyp maslahatlaşylypdyr (G.F. Gadelşin, “Türkmen arhiwi”, 2009, sah.117). Şol maslahatda Moskwadan iberilen wekil - taryh ylymlarynyň doktory, professor R.M.Raimow A.Garryýewi şu çaka çenli sowet metbugatynda reaksion diýlip gelnen Türkmenistanda bolup geçen 1916-njy ýyl wakalaryndan sowlup geçmekde hem-de A.Garryýewi göýä türkmen halkynyň feodal geçmişindäki alamançylygyny ýuwmarlajak bolmakda aýyplapdyr. Şeýle hem ol A.Garryýewiň işlerinde milletçiligiň ysynyň gelýändigini, ýagny Türkmenistanyň Russiýa birikdirilmeginden öňki döwrüni A.Garryýewiň garaşsyzlyk döwri hökmünde görkezýänigini, munuň milleçilikden başga zat däldigini tekrarlapdyr. Şeýle diýmek bilen merkezden gelen myhman türkmen alymynyň halkyň üstünden edilen baý-feodal agalygyny, alamançylygy ... ideallaşdyrmakda günäli hasaplapdyr. Aga Garryýew özüne ýöňkelen “günäni “ aýdyňlaşdyrmak üçin hem L.Kimbert bilen bilelikde “Woprosy istorii” 1urnalyna makala ýazypdyrlar. Makala çap edilmändir. Oňa derek 1953-nji ýylda Moskwada neşir edilýän “Kommunist” žurnalynyň 2-nji sanynda A.Garryýewiň birentek işlerini ýepbekleýän makala çap edilipdir. Bu makalada türkmen alymlarynyň, döredijilik işgärleriniň birenteginiň adyna – N.Aşyrowyň, A.Atajanowyň, K.Baýramowyň, B.Ylýasowyň, Ş.Batyrowyň, A.Kekilowyň, G. Rabinowiçiň, I.Sosonkiniň, A.Saparowyň, G.Çaryýewiň, S.Hazanyň, M.Hydyrowyň we başgalaryň adyna aýdylan tankydy pikirler hem az däldi.Şol makaladan soň A.Garryýewiň daşyna çyzyk çekilip başlanypdyr. TK(b)P MK-nyň şol wagtky birinji sekretarynyň professor A. Garryýew bilen eden gürrüňi aýgytly bolupdyr: ýa-ha günäňi uly iliň öňünde boýun almaly, ýa- partiýa hataryndan çykarylmaly. Partiýa hataryndan öçürilmek bolsa , üstüňden sowulmajak agyr külpetleri öz başyňa indermekdi. Mahlasy, düşündirip bolmajak tümlükdi. Hormatly okyjy, gepi uzaldyp oturmaýyn.Häzir siziň aşakdaky okajak “Redaksiýa hat” atly ýazgyňyzyň taryhy gysgajyk şeýleräk: “ Hormatly ýoldaş redaktor! Meniň şu aşakdaky beýannamamy öz žurnalyňyzda çap etmegiňizi haýyş edýärin. “Sowet edebiýaty” žurnalynyň 1949-njy ýylda çykan 2-nji we 3-nji sanlarynda meniň “ХIХ asyryň ortasyna çenli Russiýa bilen Orta Asiýa ( ýazylyşy şeýle—A.Ç.) halklary we türkmenler arasynda bolan aragatnaşyklar”, “Türkmenistanyň Russiýa imperiýasynyň sostawyna girmegi” diýen iki sany makalam ýerleşdirilipdi.” Murgap oazisiniň Russiýa imperiýasynyň sostawyna girmegi” diýen makalam bolsa “SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistan filialynyň habarlarynda” çap edilipdi. (1951-nji ý., №3). Men şol makalalarda düýpli ýalňyşlyklar goýberipdirin, SSKP MK-nyň teoretiki we syýasy žurnaly bolan “Kommunist” žurnalynyň “Türkmenistan kommunisti” žurnalyna ýazan “Kadrlary ideologiki ýoýuşlara ylalaşyksyzlyk ruhunda terbiýelemeli” diýen synynda meniň şol ýalňyşlyklarym hakynda bütinleý dogry aýdylýar. Žurnalyň sanynda (1953-nji ýyl, ýanwar, ikinji sany) görkezilişi ýaly, men rus we türkmen halklarynyň arasyndaky aragatnaşygyň taryhy taýdan nähili emele gelendiginiň, olaryň arasyndaky aragatnaşygyň nähili pugtalalandygyny, sarizmiň kolonizatorçylyk syýasatyna garamazdan, şol pugtalanan aragatnaşyklaryň Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasynyň ýeňmgi we SSSR-de leninçilik-stalinçilik milli syýasatyň durmuşa geçirilmegi netijesinde olaryň arasynda emele gelen pozulmaz doganlyk dostluk üçin esas dörändigini görkezmäge borçludym. Taryhçy bolan men proletar internasionalizminiň we halklaryň dostlugynyň ideýasyny, Türkmenistanyň Russiýa birikmeginiň ägirt uly progressiw ähmiýetini öz makalalarymda ylmy pozisiýadan giň görkezmelidim. Synda bütinleý dogry görkezilişi ýaly, men şu meseleleri düşündirmekde ençeme gödek ýalňyşlyklara ýol berip, işi göýä türkmen taýpalary Russiýa bilen ýakynlaşmaga çalyşypdyrlar, Russiýa bolsa şol ýakynlaşmaklyga her hili ýol bilen päsgel beripdir diýip beýan edipdirin. “Türkmenistanyň Russiýa imperiýasynyň sostawyna girmegi” diýen makalamda men Türkmenistanyň Russiýa birikmegini, hamala, yza galak türkmen taýpalary isläpdirler, ahal-teke ýaly “öňde baryjy” taýpa bolsa, hamala, öz “özbaşdaklygyny” gorapdyr diýip, ýalňyş görkezipdirin. Hakykatda bolsa güýçli we jebis taýpalar däl-de, özleriniň agalygyny saklamak we ebedileşdirmek islän we şoňa görä-de yza galak feodal-despotiki Eýrana we Owganystana tarap meýil eden has yza galak we reaksion feodal-urug serdarlary hem-de Ahalyň musulman ruhanylary Russiýa garşylyk görkezýärdiler, olaryň arkalarynda bolsa iňlis-türk basybalyjylary durýardylar. Meniň, Ahalyň teke taýpasy garaşsyz, özbaşdak bolupdyr we onuň beýleki ähli türkmen taýpalaryny öz hossarçylygynyň astyna almak mümkinçiligi bolupdyr diýen tassyklamamyň ýalňyşdygy-da “Kommunist” žurnalynyň sanynda bütinleý dogry bellenilip geçilýär. Hakykatda bolsa şol döwürde ähli türkmen taýpalary, Ahal tekeleri-de Türkmenistan Russiýa birikmezinden bir eýýam ozal öleriniň özbaşdaklyklaryny ýitiripdirler. Şol döwürde türkmen taýpalarynyň bir bölegi Eýranyň, Buharanyň we Hywanyň feodal-despotiki döwletleriniň zulmy astyndady. ХIХ asyryň ikinji ýarymynda umuman türkmen taýpalarynyň hemmesiniň üstüne imperialistik Angliýa tarapyndan goldanylan Eýran we Owganystan döwletleriniň doly gul etmek howpunyň abanandygyny-da şonuň üstüne goşup aýtmak gerek. “Murgap oazisiniň Russiýa imperiýasynyň sostawyna girmegi” diýen makalamda-da şolar ýaly ýalňyş düşündirişlere ýol beripdirin, şol makalamda men Ahal tekeleriniň howaýy özbaşdaklygyny tassyklapdyryn. Eýran şalaryna garşy türkmen taýpalarynyň göreşi hakynda “Sowet edebiýaty” žurnalynda (1949-njy ýyl, 10 we 11-nji sanlary) çap edilen makalalarymda teke hanlaryny (Nurberdi han, Gowşut han) ideallaşdyrmaklyga ýol beripdirin, munuň özi-de uly ýalňyşlykdyr. Elbetde, meniň bu tassyklamalarymyň we ýalňyşlyklarymyň ählisi “Kommunist” žurnalynyň synynda adalatlylyk bilen görkezilişi ýaly, obýektiw suratda burjuaz-milletçi elementleriň göwnünden turmagy mümkindir. Öz ýalňyşlyklaryma her taraplaýyn we çuň paýhaslanmak hem-de akyl ýetirmek bilen, men “Kommunist” žurnalynyň sagdyn, prinsipal tankydyndan özüm üçin degişli netijeleri we sapaklary çykarandygymy hem-de öz tarapymdan goýberilen ýalňyşlyklary düzetmäge we olary ýok etmäge ähli güýjümi sarp etjekdigimi aýtmagy zerur hasap edýärin. Marksizm-leninizm taglymatyny goldanyp, ýoldaş Staliniň dil bilimi baradaky hem-de onuň “SSSR-de sosializmiň ykdysady problemalary” diýen genial eserleri esasynda, Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň ХIХ gurultaýynyň we Türkmenistan Kompartiýasynyň ХI gurultaýynyň kararlary hem-de “Kommunist” žurnalynyň tankydy esasynda, köp sanly taryhy maglumatlary, arhiw materiallaryny goşmaça öwrenmek esasynda men “Türkmen halkynyň taryhyndan oçerkler” üçin we “Türkmenistan SSR-niň taryhynyň” birinji tomy üçin niýetlenen baplary düzederin, şolarda men rus-türkmen gatnaşyklaryny we Türkmenistanyň Russiýa birikmegi hakyndaky meseleleri işläp düzýärin, şol işlerimde men taryh ylmynyň her hili ýoýulmagyna garşy üzül-kesil göreşerin. Türkmen halkynyň taryhyndaky bu möhüm meseleleri marksistik-leninçilik pozisiýadan doly we dogry beýan etmek üçin Moskwanyň, Leningradyň, Bakunyň, Daşkendiň we Sowet Soýuzynyň beýleki şäherleriniň arhiwlerinde we kitap saklanylýan jaýlarynda bar bolan ägirt uly taryhy materiallary gözden geçirmek gerek. Men bu işleri ýakyn wagtlarda ýerine ýetirjekdirin. Professor A.Garryýew.” (“Sowet edebiýaty” žurnalynyň 1953-nji ýyldaky 5-nji sany). Akademigiň ömrüniň soňky döwri hakdaky maglumatlary bolsa siz ýazgymyzyň başynda getiren terjimehalyndan bilersiňiz. Türkmen halkynyň taryhyny ýazmakda akademik Aga Garryýew uly erjellik görkezipdi. Taryhy ylmymyzyň sakasynda durupdy. 1976-njy ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň 25 ýyllygy bellenilýän günlerinde dabara doganlyk respublikalardan gelen myhmanlary garşylan pursatlarynda TYA-nyň wise-prezidenti, 67 ýaşly akademik Aga Garryýew güýçli sowuklapdyr. Şondanam aýňalman, 26-njy dekabrda tarpa-taýyn ýogalypdyr... Allaýar ÇÜRIÝEW, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |