AKJA BULUT HAKYNDA ERTEKI
Bir bar eken bir ýok eken, zamanalaryň başlanýan döwründe, üstümizdäki goja asmanyň niresindedir bir ýerinde, bulutlaryň maşgalasy ýaşapdyr. Ata bulut, ene bulut hem-de olaryň ähli zady eý görýän oguljyklary – Akja bulut.
Ejesi bilen kakasy Akja buludy her näçe ezizläp, öýlerinden çykarman saklajak bolsalar-da, onuň ýüregi mydama alys ýurtlary görmegiň höwesinde atygsap durupdyr. Käteler bolsa ol ene-atasyna bildirmän öýlerinden gaçyp hem gidiberipdir. Ýöne her sapar ata bulut onuň yzyndan ýetip Akja buludy, juda gaty käýinip yzyna alyp gaýdypdyr. Ejesi bolsa Akjanyň akja başyny sypalap, oňa dogduk öýüňi birugsat taşlap gitmegiň neneňsi telek işdigini düşündiripdir. Beýle hereketi dolanyp gaýtalamazlygy haýyş edip, özelenipler ýalbarypdyr.
Ene bulut:
-Oguljygym!-diýipdir:-ine, sen-ä alys ýurtlaryň ajaýyplyklaryny synlamaga gidersiň, yzyňda bolsa sensiz gugaryp galjak öýmüzde, gysyp-gowrup barýan ýalňyzlykda gynanyp-gynanyp kakaň ikimiz galarys. Biziň gynananymyz hiç diýseň, sen öte rehimdar ahyry! Şonuň üçinem bir kösenýän dirije zatjagaza duşsaň, onuň halyna gynanyp, aglap başlarsyň. Bulutlar üçin bolsa aglamakdan howply zat ýokdur. Biz aglap başlasak, saklanyp bilmän aglap-aglap, bu gök asmanyň ýüzünden eräp, ýitip gidýäris… Senem şeýdip gaýyp bolarsyň, balam!
Emma Akja bulut ejesini üns bilen diňlese-de barybir garagollugy sebäpli ejesiniň diýýän zatlaryndan birjigem gorkmandyr. Çünki hemmelerde bolşy ýaly Akja buludyň göwnüne ejesiniň aýdýan zatlary onuň özi bilen bolup bilmejek ýaly bolup görnüpdir.
Onsoň günlerde bir gün Akja bulut ene-atasynyň gözüne çöp atyp, öýlerinden çykýar-da syýahat etmäge ugraýar. Özem bu gezek goňşulykda ýaşaýan bulutlara myhmançylyga giden ene-atasy onuň öýden ýeke özüniň çykyp gidendigini bilmän galýarlar.
Akja bulut bolsa tükeniksiz asmanyň giňliginden hem owadanlygyndan lezzet alyp, şemalyň akymyna görä kä aşak inip, kä ýokary galyp, gaýyp ýörşüne, birdenkä, hol garagörnüm aşakda, epgege saralyp giden düzlügiň göwsünde süllerip galan bir güljagazy görýär.
Ojagaz güljagazyň saralyp-solup oturşyna hiç dözmedik bulutjyk ilki bir ejesiniň diýenlerini ýadyna salyp, onuň deňesinden ötüp gidiberjek hem bolupdyr. Emma ýene-de rehimdar ýüreginiň emrine tabyn bolup, nädip aşak inenini hem duýman galýar. Ol güljagazyň deňesinde şemalyň akymyndan düşüp galýar-da, ondan:
-Ejizje ösümlijek, saňa näme boldy?-diýip soraýar.
Suwsuzlykdan ýaňa geplemäge ragbaty galmadyk güljagaz bolsa diňe:
-Suw…suw…-diýip ysgynsyzja pyşyrdamaga ýaraýar.
Şonda-da güljagazyň halyna gyýlan Akja buludyň ýüregi jigläp gidýär. Onuň gözlerinden özi-de duýman biygtyýar gözýaşlar dökülip başlaýar. Ilki biri… soň ýene-de biri… Soňra bolsa ol birlän-ikilän gaçýan damjalar çaslyja ýagşa öwrülýär.
Akja bulut agladygysaýy-da onuň gözlerinden akýan süýjüje damjalar güljagazyň ýaprajyklarynyň üstüne gaçyp, oňa jan girip, ýaprajyklaryny terlendirip başlaýar. Güljagazyň baldagy dikelip, gunçalary açylyp, çar-töwerege müşki-anbar ysyny saçyp ugraýar. Akja buludyň ýagşy ýagdygysaýy güljagazyň çar ýanynda başga-da owadan-owadan güller ýerden dömüp çykyp, haçandan bäri epgege gowrulyp ýatan jansyz sähra ajaýyp lälezarlyga beslenýär.
Akja bulut bolsa aglap-aglap ahyrsoňy tämiz mawulygyň ýüzünden eräp, ýitip gidipdir.
Ýöne günler geçip Günüň howry sährany gyzdyryp başlandan soň Akja buludyň topraga siňen gözýaşlary bugaryp ýokaryk göterilipdirler-de, asmanda öwüsýän ýellere sowap, ilk-ä ýukajyk dumana, soňam ýene-de Akja buluda öwrülipdir. Onsoň ýene-de öňküsi ýaly şadyýan hem bezzat Akja bulut ýer ýüzüniň ähli bulutlaryna hemmeje zady eý görmegiň, hemmelere rehimdarlyk bilen garamagyň neneňsi ajaýyp zatdygy hakynda, eger-de birine öte rehim edip, gynançdan ýaňa eräp, ýitip gidäýeniňde-de az salymdan soň ýene-de döreýändigiň hakynda, eremekden gorkup, hiç zada begenmän-gynanman, öýüňden daşary çykman ýaşamagyň bolsa nähili tukatdygy hakynda süýjüdip gürrüň bermäge gidipdir.
Ertekiler