15:02 Aladepede bolan waka / satiriki hekaýa | |
ALADEPEDE BOLAN WAKA
Satiriki hekaýalar
Arada men dogduk mekanym Aladepede ýaşaýan agamyňka gezelenje bardym. ― Ba-haw, inim, geleniň gowy bolaýdy, asyl ýeke özüm ýüregim gysyp otyrdym ― diýip, agam Anna begendi. ― Anna däde, hany gelnejem görnenok-la? ― diýip, agama sowal berdim. ― Gelnejeň-ä möhüm bir iş bilen goňşymyzyňka gitdi. Iş bitirip geläýse-hä, bu gün begenip saňa, baý, oňat hyzmat eder-ä ― diýip, agam ýylgyrdy. Biz gök çaýy ýaňy öňümize alanymyzda, goňşy öýüň işiginden iki sany aýal sesi batly eşidilmäge başlady: ― Hudaýym, Annany hemem onuň aýaly Ojyny öýüne gelen ýüwürjisi bile ählisini ysmaz et! Üçüsem ýöne iňleşsin ýatsyn. Sesinden Aladepäň ilaty bizar bolup, göçüp gitsin. Bu sözi eşiden Anna zöwwe ýerinden galdy. ― Wah, goňşymyň aýaly Aman meniň keýwanymy duzlady-how! ― Men hamana ysmaz bolaýan ýaly ýerimden turup, ýene oturdym. ― Zyýany ýok, häzir ýeňňeň ony şeýle bir çakar weli, ýöne çabalanyp ýatan Amanyň bardyr-da! ― diýip, agam ynjaldy. ― Ýa, gudratyňa döneýin, Alla, ýa, sadagaň bolaýyn, Baýathajy, Orazy, onuň aýaly amany ähli mal-garasy bilen Kerbelaň iti ýaly, suwsuz çölde tä kyýamata çenli, salgyma kowalaşyp selpär ýaly et. Gelnejemiň beýle gargyşyny eşidip, agam diýseň begendi. Menem bir gez ösen ýaly boldum. ― Berekella, keýwany, şol gargyşyň üçin «Seýlon» matadan bir köýnek alyp bererin ― diýip, agam eçildi. Iki aýalyň sesi barha gatalýardy. ― Ýüzlüge ýüzüň düşmesin! ― Eliňe ellilik degmesin! ― Gazananyň jüwlüklere şam bolsun! ― Gapyňda garaž görünmesin! ― Düýäňiziň tagmasyny üýtgedip, başga biri eýe bolsun! ― Aýlygyňyzdan daşgary kör köpük gazanjyňyz bolmasyn! ― Uly okuwa girjek çagalaryňyz okuwyň ýolunda tozsunlar, olar üçin jemlän puluňyz kezzaba nesip etsin. Her gezek öz aýaly jogap gaýtaranynda Anna dädem bir gez galýardy. ― Berekella, haý sag bol, uzak ýaşa! ― diýip, janköýerlik edýärdi. Soň-soňlar menem oňa goşulyp başladym. ― Wah, pylan hili sögünç bar weli, ýeňňemiň ýadyna düşmez-ow ― diýip galpyldap ugradym. Asyl gykylyk-galmagal diýilýän näletsiňen bu zat, şeýtanly bor oguşýa. «Öýüňden abiturent aýrylmasyn» diýmeli weli, ýeňňemiň hakydasyna gelenok-da. Ine birdenem ýeňňem ylgawuny ýazman haşylady geläýdi. ― Wiý, Gurban jan, bally, bi senmidiň asyl. «Öýüňe myhman geldi» diýseler bir ýat adamdyr öýtdüm. Sen-ä özümiziňki ekeniň. Men onda gideýin. Entek sögüşimiz gutaranok. On minutlyk perrip yglan etdik ― diýip, ýeňňem ýene-de gitmek bilen boldy. ― Keýwany, sesiň birneme gyryljak bolupdyr. Me, şujagaz ýagdan birki owurtla. ― Ýog-eý, ýitireweri çüýşäňi, ýag içip ýeňer ýaly men entek süregime ýetdiremok. Onsoňam ýag içeninde kim ýeňmeýär ― diýip, ýeňňem bizi begendirdi. ― Gelneje, sen ýag içmekden ýüz öwürdiň weli, belki, «Ekstradan» ýüz elli gram içersiň. Dogumly sögüşmäge-hä bu zat kömek eder ― diýip, içjek bolup oturan içgimi oňa uzatdym. ― Ýog-eý, jan bally, men bu zährimary datmaýyn, başym aýlanyp, meň ýaly çalamydar ýykylan bor. Onsoňam gaýra-gaýra çekilişip sögüşmegiňem öz lezzeti bar. Arak içsem göni baryp, ýakalaşaryn diýip gorkýan. Eger ýumruklaşsam biziň erkek kişilerden tapawudymyz bolmaz, jan bally ― diýip, ýeňňem gyňajynyň ujuny «Žiguliniň» guýrujagy ýaly gös-göni edip, sögüş meýdanyna tarap süýnüp gitdi. Sögüş başlandy. Ol barha güýçlenip, ýetjek derejesine ýetip barýardy. Şol wagt iki aýal sesine ýene bir şaňňy aýal sesi goşulaýdy. ― Wah, iş paşmad-ow, haý, biziňki boljak däl-ow. Ýeňňeň gürrüňsiz ýeňler-ow. Öýüň depesinde ýeňiş baýdagyny pasyrdadaýjakdyk weli, göz degd-ow ― diýip, agam buduna şapbat bilen batly urdy. Beýleki elindäki çaýly käse ýere gaçyp döwüldi. ― Agasy, daş döwülse gowulyga ýorulýar. Bu oňatlygyň alamatydyr. Ýeňňem hökman ýeňiş gazanar! ― Belkem, şeýle bolaýady-da, agzyňdan hudaý eşitsin, inim, belki, garşydaşymyzyň dili ysmaz bolaýady-da. Biribarda gudrat-a näçe diýseň bardyr öz-ä ― diýip, agam birneme ynjaldy. Öňki iki sany aýal sesine goşulan üçünji şaňňy sesiň eýesine Tuwak diýilýän ekeni. Bu zenan edil sport ýaryşyndaky zapas oýunçy ýaly bolup garaşyp, ýag owurtlap ýatan ekeni. Hawa, oýunçy, ýok, bagyşlarsyňyz, gykylykçy Tuwak asgynlan Amanyň dynjyny bermäge orta zymdyrylyp çykan ekeni. ― Men ýeňiş üçin tä soňky pellehana çenli giderin, döşe lenta çolaşdyrmasam bu gije maňa uky haram ― diýip, ol ýetişibildiginden sögüşmäge başlady. Biziň tarapymyzyň güýjüniň mese-mälim asgyndygy bildirýärdi. Garşydaşymyz iki, ýeňňem bolsa ýekedi. ― Wah, ýeňňeň ýüzärlige oýkanan bolsa, diliniň zäheri köpelerdi ― diýip, agam ökündi. Sögüşmegiň «halkara» düzgüni boýunça iki tarapyňam paýyş sözleri ulanmaga haklary ýokdy. Emma hakykatda weli, aýdylýan sözleri gulak eşider ýaly däldi. Şeýle hem bu «ýaryşyň» başga-da bir düzgüni gödek bozulýardy. Ýeňňemiň garşysyna çykan zenanlaryň ikisi dogandylar. Iki uýa bolup başga biriniň üstüne sürünmek bolanokdy. ― Men ýeňňemiň ýeke özüni, iki sany hajraw ýaly bela dalatdyryp, bu ýerde murtumy agarana batyran bolup oturman. Olar ýeňňeňi it alan sanaja döndärler ― diýip, agam sögüşilýän ýere tarap ýeňsäni titredäýdi. Menem janköýer hökmünde beýleki tomaşaçylaryň ýanynda ýerleşdim. Goh, gowur-galmagal, gykylyk göge galýardy, sygyryşýan janköýerleriň sany-sajagy ýokdy. Käsi sögüşýänleri päsgelçiliksiz görmek üçin düýä münüp olara seredýärdiler. Tutuş Aladepe obasynyň adamlary üçin hamana sirk gelen ýalydy. Käsi içip oturan çaýyny hem alyp gelipdir. Agam tüweleme Pilmahmyt ýaly bolup orta çykdy. Ol bir penje ýüzärligi çeýnäp-çeýnäp, tüýkürdi-de, işe başlady. ― Harçaňlaşmada «halkara» düzgüni gödek bozulýar. Aýallaryň garşysyna diňe aýal çykmaly. Erkek kişi ortadan aýrylsyn ― diýip, Amanyň adamsy Oraz gygyrdy. Emma onuň bu sözleri uly göhuň içinde derýa talhan çalança-da bolmady. Orazyň muňa gahary geldi. Ol orta atylyp çykdy-da: ― Hany, Aman, sen ortadan aýryl! Aýal halyňa saňa sögüşmek aýyp bolar. Men ýaly äriň barka, seniň ýaly aýal sögüşmez ― diýdi. Emma aýaly Aman: ― Ýok, kakasy, men özüm sögüşjek. Gezegimi saňa bermen. Öňem şu gykylygy zordan başladyk. Özüm soňky pellä hem ýetirerin. Eger kanunda erkek bilen aýalyň deňdigi çyn bolsa, är jan, sen arkaýyn öýde oturyber ― diýip sögüşmäge başlady. Arenada üç aýal bilen bir erkek adam diliniň keýpini görýärdi. Şol gün Aladepe obasynda kinofilmiň ýa teatryň getirilmänligi gowy bolupdyr. Barybir olary görmäge adam tapyljak däl ekeni. Hatda tamdyrlara ýapylan çöregem ýanyp galdy. Ahyrsoňunda bolmasyz iş boldy-da. Sögüşýän komandalaryň biri köpçülik ýerinde aýdylmaly däl sözlerden birini agzyndan sypdyrdy. Onýança-da: ― Aýallar, çaknyşyk meýdanyny boşadyň. Biz häzir zybrym erkek kişiler bolup ganjaryşjakdyrys. Sowuk hem gyzgyn «ýaraglaryň» dürli görnüşlerini ulanjakdyrys. Bilip bolmaz, gaty gyzyşybersek «termoýadroly» ýaraglary hem gynyndan çykarys. Knopkanyň basylaýmagy ähtimaldyr. Tomaşaçylar, sizem mukaýyt boluň, araňyzda hamyladaryňyz, dawleniýeliňiz, yňdarmaňyz bar bolsa, çekiliň gaýrak ― diýip, erkekleriň biri jar etdi. Soňra çaknyşyk başlandy. Meniň yňdarma häsiýetim bardy, şular ýaly zat görsem goşulyşar ötägiderdim. Şonuň üçinem men myhman ýerime gaýtdym. Ertesi çaknyşyk meýdanyna baryp penje-penje saç, ýarty sakgal, ýyrtylan ýeň, ýolnan ilik we şuňa meňzeş zatlar gördüm. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |