14:59 Aldamaga sallah ýagşy / satiriki hekaýa | |
ALDAMAGA SALLAH ÝAGŞY
Satiriki hekaýalar
Batyra söýgi haty geldi. Ol ony garbap alyp okady. Hat şeýle, ýüregiňi ersdiriji sözler bilen başlanýar: «Salam, söýgülim we mähribanym, Batyr jan!» bu sözleri okanda Batyra howa ýetmeýän ýaly boldy. «Salam-nama hat bolsun, Okap göwnüň şat bolsun!» Batyr özüni bagtyň gujagynda ýaly duýdy. «Hat ýazýaryn gül bolup, Oka sen bilbil bolup!» Batyr guş bolup uçjak boldy. «Ak golumyň güýjünden, altyn peroň ujundan, söýgülim Batyr jana şu haty ýazmak bilen...» Söýgi hatynyň yzy bir-birinden şirin sözlerden düzülen zynjyr bolup tirkeşip gidýärdi. Batyr demini tutup nebsewürlik bilen setirleri okaýardy. Ol häzir özüniň niredediginem unutdy. Ýogsam ol gaty beýikde durdy. Heniz öýlenmedik ýigitkä nätanyş bir gyzdan şeýle ýakymly, söýgi hatyny alsa ýigit göge uçaýmazmy. Batyr hem söýgi hatyny ganat edinip tas uçupdy, neden göge pasyrdap göterilipdi. Tasdan gaýypdy. Ýöne weli uçan bolsa, onda soňky jenaýatyň, kezzaplygyň üstüni açmaga şaýatlyga ol ýaramazdy. Sebäbi Batyr şol haty on alty etažly jaýyň çür başynda beton guýmak üçin tagta kakyp ýörkä, iş arasynda okady. «Söýülýän» ýigit «Monolistroý» gurluşyk-monjaž uprawleniýesinde agaç ussasy bolup işleýärdi. Ol ak ýürekli, göwnaçyk, ynanjaň oglan. «Bu gyz meniň suratymy şäheriň hormat tagtasyndan görüp, maňa aşyk boldumyka» diýip, Batyr pikir etdi. Kolhoz obasynda doglan oglan, sap zähmete berlen ýigit başgaça pikir edibem bilmez. Mahlasy, Batyr men diýen ýaş ýigit. Onuň bir kemi gelni ýok. Ýene bir kemçiligi juda sada, gaty ynanjaň. Bu sadalygyň, ynanjaňlygyň nämelere getirendigini aşakda gürrüň bereris. Batyryň mundan buýana-ha özüni aldatmajakdygy düşnükli. Sebäbi ýylana bir gezek çakdyran adam ýüpdenem sowlup geçýär. Emma bolan waka beýleki ýaşlara sapak bolar. Hormatly okyjy, geliň indi birneme yza çekilip, söýgi hatynyň döremegine sebäp bolan wakanyň birini ýatlap geçeliň. Batyr günlerde bir gün işläp ýören ýerinde özi bilen deň-duş bir ýigit bilen tanyş boldy. Ol ýigit diýseň dilewardy, içiňe-bagşyňa girip barýardy. Alçaklygynyň özem bir ýigide degýärdi. — Menem şu «Monolistroýda» işçi. Ýöne obýektimiz aýry. Özüm oba oglany. Asyl ikimizem bir oblastdan ekenig-ow?! Bizem baryp ýatan mahlug-ow. Şu güne çenli bir-birimizi tanaman ýörüpdiris. Sen-ä Batyr ekeniň. Meniň adyma-da Gandym diýilýär. Batyr jan, öýe gideli. Men Swoboda prospektinde ýaşaýaryn. Men-ä öýlenen. Aýagymy ýükli sygyr basdy. Gelnim bar allanäme. Ýaşaýşym gül ýaly. Öýlensemem özümi betbagt hasap edemok — diýip, Gandym ilgeziksiräp, Batyra tanyşlyk berdi. — Men-ä heniz sallah. Engels köçesinde ýaşaýan — diýip, Batyr özi barada aýtdy. Gandym Batyry süýt kölünde gark etdi. Gepde-gürrüňde aýrylmaz dost boldy, kyýamatlyk dogan okaşdy. Dil bir öl ýere biten zat. Soňundan baja-da bolaýdy. Bu zatlar entek dildedi. Durna gökde, duzak ýerde. — Bo-how. Batyr dost, sallah bolsaň hökman öýe gideli. Sallah öýünden it iren ýaly irensiň. Oň ýaly kyýamat günler öz başymdan geçendir. Aýalymyň Kirpili obasynda Nargül diýen jigisi bar. Şony saňa alyp berýäs, wessalam, iş tamam! Nargül diýseň Nargül-dä. Ýaňaklary nar gyzyl. Men öň bilen bolsam häzirki gelim Sährany alman, hökman Nargüle öýlenerdim. Kaddy-kamaty serwi boýly! — diýip, Gandym çyna berimsiz ýalan sözledi. Sada Batyr muňa güp ynandy. Diňe ZAGS-a baryp, toý edäýmek galdy. Iki «baja» basym ysnyşdy. Bular tirkeşip, Gandymlaryň öýüne sowgat-salamly bardylar. Gapyny aýaklary bilen depip açdylar. Elleri boş däldi. Gujaklar doludy. — Sähra, ynha dostum Batyry myhmançylyga alyp geldim. Nirede bir hyzmatyň bolsa et. Seniň Kirpilidäki jigiň Nargüli Batyra alyp bersek nädýä, Sähra?! — diýip, Gandym aýalyna göz gypdy. Sähra bu ýerde birneme mekirligiň bardygyny aňdy öýdýän. Sebäbi gawun gawundan reňk alar, duza gaçan duz bolar — diýliş ýaly Sähra hem gandymyň birnäçe pyrryldyklaryna türgen bolupdy. Iki kezzap bir sadany aldap bilmese kör bolsun! — Wah, Gandym, heý, oňa ýetesi bir sogap iş bolarmy?! Bu bir haýyr iş ahyry. Näçe tiz boldugyça şonça köp sogap gazanýas. Telwas edýän iki ýüregi birleşdirmek ýaly oňat zat bolarmy?! — diýip, Sähra ýalan söze başlady. — Eger dostuň Batyr meniň jigim Nargüli halasa, men-ä garşy däl, alaýsyn. Ýöne ejemiň ýeke özi obada, çölüň içinde ýalňyz galjakda. Batyr, oňa-da serederin, meniň ejemem Aşgabada göçürip getirin diýseň, jigim Nargüli ikelläp berjek-le. Meniň özümden uly aýal doganymam Aşgabatda ýaşaýar. Jigim, Nargülem Aşgabada geläýse nähili gowy boljak! — diýip, Sähra hem çyna berimsiz ýalan-ýaşryk gürledi. Ine şondan soň Batyryň adyna howaýy Nargülden ýakyp-ýandyryp barýan söýgi batlary ýagyp başlady. «Bilbiliň bahara garaşyşy ýaly, Batyr jan, gözüm ýolda. Hatyňa garaşýan!» diýlen suratly hatlar güýz ýapragy ýaly ýagýardy. «Ölsem ýeriňki, ölmesem seniňki!..» Şeýle sözler Batyryň bagryny ezip barýardy. Şu zatlar çyn bolsa durmuş nähili gözel. «Batyr janym, söýgülim, tizräk durmuş gursadyk. Gözel Aşgabatda gol tutuşyp gezerdik! Garaşýan, günüm aýa dönýär!» Edil şol döwürde Gandym Nargül diýen bir gyzyň pasportyny hem Batyra görkezdi. Indi ynanmabilseň ynanma-da göreýin. Batyr hasam ynandy. Asla Batyr biçärede hiç hili şübhe ýokdam. Ol bar ynanybilşiçe, tokgalygy bilen bu hadysa uýupdy. Bu ýerde durmuşa çykmaga «gyz» howluganokdy-da, kezzap Gandym öz awuny almaga, Batyrdan ep-esli pul ýonup, nirädir bir ýere sumat bolmaga alňasaýardy. Onuň üçin wagt puldy. Säginmek zyýandy. Kezzap Gandym kim? Geliň, onuň durmuş obrazy bilen tanyş bolalyň. Ol obada doglan. 1989-njy ýylda Aşgabada gelipdir. Birnäçe ýerde işläpdir. Nirede bolsa-da özüne gowy diýdirmändir. «Ýüzüňden ýeňsäň owadan» diýen sözi eşidipdir. Gepiň gysgasy, ol Batyryň üç müň manadyny aldaw, hile ýoly bilen aldy. Şolam onuň iň soňky awy bolupdy. Gandym telim sapar wagtlaýynça öýlenipdi. Onuň ýaşaşýan geldi-geçer aýallarynyň bidi-de Sährady. Gündelik durmuşda, öýde Sähranyň ýörgünli tutulýan ady Sara bolmaly. — Sara jan, sudda men hakynda dogrusyny aýtmaweri — diýip Gandym özelendi. Sähra Gandym hakynda şeýle diýdi. — Sud bolýany tanaýan. Men 1988-nji ýylyň birinji maýynda Aşgabada gezmäge gelipdim. Şonda onuň bilen haýwanat bagynda tanyş boldum. Karusele mündük. Gandym bilen iki aý ýaşaşdym. Onuň maňa görkezmedik güni ýok. Öň ejeňe-de seredeýin diýip, meni aldady. Üç ýerde işleýän diýip. Ol hiç ýerde-de işlemeýän eken. Gaýtam meniň zatlarymy gije ogurlamaga başlady. Meniň öň elimde nika ýüzügim bardy. Ony ogurlapdyr. Gök gyňajymy alypdyr, zynjyrly, 55 manatlyk sagadymy ogurlapdyr. Men Gandymdan gorkyma, jebir çeken Batyry aldamaga, Nargül diýen gyz jigim bar diýmäge mejbur boldum. Men Gandym bilen uzak ýaşaşyp bilmejegimi bildim-de obama, Kirpilä gitdim. Indi sözi Gandymyň ýene bir aýalyndan eşideliň. Oňa Ogulsuraý diýilýär. Olam oba gyzy. — Sud bolýan Gandym meniň adamym. Men onuň bilen ik ýyl dagy nikadan geçmän Hanhowuzda ýaşadym. Gandymyň ýene bir aýaly Orazgül. Olam oba gyzy. Aşgabat şäherindäki tehnikumlaryň birinde pol ýuwujy bolup işleýär. — Men sud bolýany tanaýaryn. Iki-üç aý çemesi bile ýaşaşdyk. Bile ýaşan döwrümizde ony sorap, öýe köp adam gelerdi. «Pul karz alypdy, şony bermän gaçyp ýör» diýerdiler. Menem doganymdan bir müň manat karz alyp berdim. Jaý satyn aljak, şoňa pul bermeli diýip, meni-de aldapdyr. Görşümiz ýaly, Gandymdan oňlulygyň çykmajagy belli zat. Aýalynyň gyz jigisi Nargülüň gürrüňini edip, kezzap Gandym sada Batyry sogan soýan ýaly soýupdyr. Dünýä inmedik, hyýaly Nargülüň adyndan Batyra söýgi hatlaryny ýazypdyr. Şeýdip hile, aldaw ýoly bilen Batyrdan üç müň manat pul alypdyr. TSSR Ýustisiýa ministrliginiň respublikan sud ekspertizalarynyň ylmy barlag laboratoriýasynda ýaňky «söýgi» hatlary analiz edildi. Gandyma sypara ýer galmady duruberdi. Ony kanunyň demir eli ýene-de bir geldi-geçer aýalyň goýnundan sogrup aldy. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |