12:18 Älemiň soltany | |
ÄLEMIÑ SOLTANY
Taryhy makalalar
Öz köklerini gadymy döwürlerden alyp gaýdýan türkmen we türk halklarynyň taryhynda dünýä meşhur şahsyýetler juda köp bolupdyr. Ýöne, megerem, olaryň arasynda mertligiň hem gahrymançylygyň ebedilik nusgasyna öwrülen şahsyýetleriň esasysy, ýetginjek ýaşynda mähnet arslany ýeňip, Alp-Arslan – "arslandan üstün çykan“, "arslany ýeňen“ adyny alan, soltan Abudeddin Abu Şuja Muhammet ibn Dawut Çagry beg ibn Mikaýyl ibn Seljuk bolsa gerek. Ýeriň ýüzünde bary-ýogy kyrk ýyl ýaşap, şondan takmynan 1063-1072-nji ýyllary öz içine alýan dokuz ýarym ýylyny hökümdarlyk eden hem bolsa, özüniň gysga ömründe amala aşyran beýik işleriniň sany barmak basyp sanardan köp bolan bu beýik türkmen we türk gahrymanynyň hem hökümdarynyň ömri we eden işleri, olaryň üstünden tas müň ýyla golaý wagt geçenem bolsa, biziň günlerimizde-de taryhçy alymlaryňam, edebiýatçylaryňam, habarçylaryňam, jemgyýetçilik işgärleriniň hem üns merkezinden düşmeýär. Eýsem, soltan Alp-Arslan kim?! Ýazyjy-şahyrlar bu sowala: “dogumlylykda we gaýduwsyzlykda rowaýaty gahrymanlar Görogly bege, Rüstem Zala bäs gelýän edermen pälwan, Watan üçin şirin janyndan geçmäge hemişe taýýar gerçek goç ýigit” diýip jogap bererler. Taryhçylar: “Adyllygy bilen özüni dünýä tanadyp, taryhyň çarhyny öz halkynyň we neberesiniň ykbalynyň göterilmegine garşy dolamagyň hötdesinden gelen, beýik, taryhy şahsyýet” diýerler. Syýasatşynaslar: “Geljekki hadysalary birnäçe asyrlyk öňünden çaklap bilmegiň we olary öz döwleti üçin zerur ugra gönükdirmegiň hötdesinden gelen dana syýasatçy” diýen jogaby bererler. Döwlet işgärleri: “Hakdan içen ýolbaşçy, az serişdeleriň kömegi bilen gysga wagtda ýokary netijeleri gazanmagyň hötdesinden gelen, işgärler syýasatyny maksadalaýyk ýöretmegiň üsti bilen netijeli hereket edýän döwlet dolandyryş we häkimiýet ulgamyny döreden parasatly döwlet baştutany” diýseler, harbylar: “harby zehininiň deňi-taýy bolmadyk, ezeli ýaradylan serkerde” diýerler. Jemgyýetçilik işgärleri hem: “halkyň aň-düşünjesini, medeniýetini ösdürmekde, ýurtda ylym-bilimiň, sungatyň derejesini belende galdyrmakda ägirt uly üstünlikleri gazanan, beýik guramaçy” diýip galarlar… Şonda-da olaryň ählisiniň berýän jogaby diňe bir dogry bolmak bilen çäklenmän, eýsem, soltan Alp-Arslanyň eden işlerine baha bermekde birneme bärdenem gaýdar… Ady jahana dolan beýik türkmen-seljuk soltanynyň şahsyýetiniň dürli taraplarynyň her biri barada gysgaça şu aşakdaky maglumatlary habar bermek mümkin. Beýik hökümdar Bellenip geçilişi ýaly, soltan Alp-Arslan otuz bir ýaşynda Togrul beg soltandan soň mähnet şalarşalygyň tagtyny eýelendän soň, dokuz ýarym ýyl hökümdarlyk edýär. Türkmen-seljuk soltanlygyny dolandyran ýyllarynda ol döwletiň çäklerini tas iki essä golaý giňeldýär we şol döwürlerde döwleti edara etmegiň iň bir netijeli ulgamyny döredýär. Özüniň hökümdarlyk parasady bilen hakdan içen syýasatçy Nyzam-al-Mülki özüne baş wezir edip bellän Alp-Arslan, onuň kömegi bilen gysga wagtyň içinde türkmen-seljuk soltanlygynyň kadaly hereket edýän döwlet dolandyryş ulgamyny emele getirmegiň hötdesinden gelipdir. Alp-Arslanyň ýolbaşçylygynda Nyzam-al-Mülk tarapyndan döredilen döwlet dolandyryş ulgamynda soltan döwletiň baştutany hem-de goşunyň belent serkerdabaşysy, ýokary kazyýet we kanunçykaryjy häkimiýet ygtyýarlyklaryny özünde jemleýän şahs bolupdyr. Döwletiň hökümeti diwanlardan ybarat bolup, olar baş wezir tarapyndan dolandyrylypdyr. Türkmen-seljuk soltanlygynda esasan bäş sany diwan hereket edip, olaryň dördüsi gönüden-göni baş wezire tabyn bolan ýokary döwlet diwanynyň (diwan-y-ala) düzümine giripdirler. Diwan-y-alanyň düzümine, döwlet kätiphanasy (diwan-y-inşa), ýokary maliýe diwany (diwan-y-istifa), gözegçilik-barlag diwany (diwan-y-işraf), harby diwan (diwan-y-jaýş) giripdir. Ýokary soltan diwany (diwan-y-hass) bolsa tagt eýeçiligine degişli emläkleri, şol sanda döwletiň çägindäki ähli ýerleri hem dolandyrypdyr. Soltan Alp-Arslan Nyzam-al-Mülküň teklibi bilen goşunda we beýleki döwlet düzümlerinde gulluk edýän raýatlaryň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak hem-de olaryň Watanyň topragyndan örküniň üzülmezligini üpjün etmek üçin, olaryň her birine akýürekli gullugy üçin zähmet hakynyň deregine ýurduň çäginden mülk ýerlerini – ykta bermek düzgünini ornaşdyrypdyr. Şonuň netijesinde-de döwletiň goşuny we beýleki döwlet edaralaryny saklamaklyga edýän çykdajylary azalypdyr, döwlet gullukçylarynyň maddy üpjünçiligi ýokarlanypdyr, olaryň öz wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanmaklarynyň derejesi peselipdir. Döwlet dolandyryş ulgamynyň kadaly hem netijeli hereket etmeginiň ýola goýulmagy bolsa türkmen-seljuk soltanlygynyň berkararlygyny, içerki we daşarky howplara garşy üstünlikli döz gelmegini hem-de gysga wagtyň içinde gülläp ösmegini üpjün edipdir. Ylmyň-bilimiň we sungatyň howandary Diňe bir soltan Alp-Arslan däl, eýsem, türkmen-seljuk hökümdarlarynyň hemmesi-de ylmyň-bilmiň, medeniýetiň ösmegi, ylym we sungat adamlarynyň öz işleri bilen erkin meşgullanmaklary üçin ähli şertleri döretmäge çalşypdyrlar. Ýöne, soltan Alp-Arslanyň we onuň ogly Mälik şanyň döwründe ägirt uly döwletiň esasy şäherlerinde, esasan hem Merw-Şahu-Jahanda kitaphanalar, medreseler has köp gurlupdyr. Mysal üçin: şol döwürlerde Merw şäherinde 10 sany ägirt uly kitaphana bolupdyr. Olardan ikisi, 12.000 jilt kitap saklanýan Aziziýýe we Kemaliýýe kitaphanalary şäheriň baş metjidiniň ýanynda ýerleşipdirler. Iki sany kitaphana Samanylar mekdebine, biri wezir Mej-al-Mülke degişli bolupdyr. Galan kitaphanalaryň ählisi medreselerde we hanakalarda (sopularyň, derwüşleriň jemlenip ybadat edýän ýeri) jemlenipdir. Türkmen halkynyň gadym döwürden dowam edip gelýän kitapşynaslyk hünäriniň taryhçysy, meşhur professor Almaz Ýazberdiýew, şol döwürler Merwde ýerleşen 13 sany kitaphananyň atlaryny beýan edýär. Ol kitaphanalar şulardyr: Amidiýýe, Nizamiýýe, Aziziýýe, Kemaliýýe, Hatyniýýe, Dumaýriýýe, Zamiriýýe, şeýle hem Neref al-Mülküň, Mej-al-Mülküň, Şihab ed-din as-Samanynyň, Abu Bekr as-Samanynyň, Abu Aly Hasan al-Merweziniň, Mehdi Yragyň kitaphanalary. Ondan başga-da taryhda, Merw oazisiniň beýleki şäherleriniň, Serahsyň, Mehnäniň (Mänäniň) kitaphanalary barada-da maglumatlar saklanyp galypdyr. Şonuň ýaly-da soltan Alp-Arslanyň we ondan soňky türkmen-seljuk hökümdarlary tarapyndan dünýä belli alymlar, zehinli şahyrlar soltanyň köşgüne çagyrylyp, olaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin mümkinçilikler döredilipdir. Seljuk türkmenleriniň döwründe Omar Haýýam, Abdyrahman al-Hazyny, Abu Sagt as-Samany, Seýit Ysmaýyl Gürgenli (al-Jürjany), Abu Sahyt Abul Haýyr Mäneli (Mäne baba), Mahmyt Kaşgarly, Ýusup Has Hajyp Balasugunly, Mahmyt ibn Omar az-Zamahşary ýaly dünýä belli alymlar, Owhateddin Muhammet Enweri Abywerdi ýaly şahyrlar ýaşapdyr. Soltan Alp-Arslanyň döwründe, ýurtda kanunylygyň hem adalatlylygyň ýokary derejede üpjün edilmeginiň esasynda türkmen halkynyň, şol sanda türk halkynyň hem taryhy ýurdy ylmyň, medeniýetiň hem ösüşiň merkezine – Gündogar Renessansynyň ýüze çykan we amala aşýan ülkesine öwrülýär. Hakdan içen serkerde Soltan Alp-Arslan çagalygyndan öz kakasy Dawut Çagry beg bilen agasy Muhammet Togrul begiň ýanynda serkerdelik sungatynyň inçe tärlerini yhlas bilen özleşdirendigi, üstesine-de özüniň hakdan içen serkerde bolandygy sebäpli, ol eýýäm ýetginjek ýaşynda, serkerde hökmünde onuň şan-şöhrady soltanlygyň ähli künjeklerine ýaň salypdyr. Ol on üç-on dört ýaşynda öz golastyndaky goşunlara serdarlyk edip, ýyldyrym çaltlygyndaky ýöriş bilen Balha hem Toharystana hüjüm eden Mewdud Gaznalyny ýeňipdir. Soňra 1050-nji ýylda, 18 ýaşyndaka öz agasy Togrul beg soltan bilen bilelikde pitne turzan beýleki agasy Ybraýym Ýynalyň topalaňyny basyp ýatyrmaga işjeň gatnaşyp, beýik seljuk-türkmen döwletini içki howpdan halas edipdir. Soltan Alp-Arslanyň serkerdelik etmeginde, bary-ýogy on bäş müň sany türkmen ýigitleri bilen, 1071-nji ýylda Malazgirtde Rumuň kaýsary (Wizantiýanyň imperatory) Roman Diogeniň iki ýüz müň adamlyk leşgerini kül-peýekun edip, onuň özüni ýesir almagy bolsa, adamzadyň taryhynda häzirki güne çenli hem serkerdelik sungatynyň iň görnükli nusgalarynyň biri hasaplanyp gelýär. Hakyň hem halkyň esgeri Alp-Arslan özüni bilip, mana düşüp başlaly bäri, beg ogly begzada, soňra mirasdüşer şazada, soňra hökümdar bolsa-da hemişe özüni öz goşunynyň öňdäki saplarynda söweşip, öz ynanjy, Watany üçin jan bermäge hemişe taýýar bolan gerçek goç ýigit hem garadangaýtmaz esger ýaly alyp barypdyr. Ýekeje mysal, Ibn Esir özüniň „Kämil taryh“ atly eserinde, türkmen-seljuk döwletiniň üstüne sanýetmez ýygyn dartyp gaýdan Rum kaýsaryna gaýtawul bermek üçin çykyp, duşman goşuny bilen Malazgirtde duşuşanda, Alp-Arslanyň bu häsiýetiniň ýüze çykyşy barada şeýle belleýär: „Wagt gelensoň, soltan esgerleri bilen namaz okady we ag¬la¬dy. Onuň aglaýandygyny gören ilat hem aglady. Soltan soň Al¬ladan dileg etdi, olar hem soltan bilen bilelikde dileg edip „ämin“ (kabul bolsun) diýdiler. Soltan esgerlere: „Gitmek isleýän gitsin, bu ýer¬de ne emr berýän, ne-de gadagan edýän hökümdar bar“ diý¬di. Soň ok-ýaýyny zyňyp, eline gylyç we topuz aldy. Aty¬nyň guýrugyny öz eli bilen daňdy. Esgerler hem onuň edenini gaý¬taladylar. Soltan ak lybas geýip, hoşboý ysly zatlar sepinip: „Eger ölsem, bu kepenim bolsun“ diýdi. Soň soltan Wizantiýa goşunynyň üstüne çozdy, olar hem sol¬tanyň üstüne hüjüm etdiler. Duşmana ýakynlaşanlarynda, sol¬tan atyndan düşüp, sejde etdi, aglap, köp doga-dileg etdi. Soň ýene-de ata münüp, duşmanyň üstüne hüjüm etdi. Esgerler hem onuň bilen bilelikde hüjüme geçdiler we duşmanyň go¬şu¬ny¬nyň içine kürsäp girdiler”. Şazada Muhammediň ýetginjek ýaşynda dag gaplaňy bilen ýekme-ýek söweşe girip, ony ýeňip “arslanyň ýeňijisi – Alp-Arslan” adyny almagy hem bu beýik türkmen gahrymanynyň gaýduwsyz esger häsiýetiniň köp halatlarda ähli beýleki häsiýetlerinden üstün çykandygyny subut edýär. Hut şu gaýduwsyz merdanalygy hem Alp-Arslanyň biwagt ölümine sebäp bolupdyr. 1072-nji ýylda soltan Alp-Arslan Horezme ýörişe gidýär, şonda-da onuň esgerleri kiçeňräk galanyň hökümdary Ýusup Horezmini ýesir alýarlar. Soltanyň gulamlary Ýusup Horezmini soltan häkimiýetine garşy başbozarlyk edip jenaýata ýüz urandygy üçin jezalandyrmakçy bolanlarynda, ol gaty ses bilen gygyryp, soltan Alp-Arslany namartlykda, özi bilen ýekme-ýek söweşe çykmaga het edip bilmezlikde aýyplaýar. Gany gyzan soltan Ýusup Horezmini goýbermeklige buýruk berýär. Ýusup Horezmi eline berlen hanjar bilen onuň üstüne topulanda-da, tagtda oturan Alp-Arslan ýerinden turup, öňe okdurylanda aýagy büdräp ýere ýykylýar. Oňa çenli gelip ýetişen Ýusup Horezmi bolsa, ýüz müňleri tabyn etmegiň hem-de özüne uýdurmagyň hötdesinden gelen, ählumumy abadançylygyň we gülläp ösmegiň hatyrasyna halklary dolandyrmagy başaran beýik hem dana hökümdar bolsa-da, hemişe özüni edermen esger ýaly alyp baran gahryman soltana, ýerinden turmaga puryja bermän pyçaklapdyr. Kämil ahlakly ynsan Ömrüni tagtyň gapdalynda we üstünde, gandöküşikli söweşlerde geçiren hökümdar hem serkerde bolsa-da, soltan Alp-Arslanyň ýüregi edil, metjitdäki hüjresinde gije-gündiz mynajat-dogadan başga hiç zada baş galdyrmaýan takwanyň kalby ýaly päkize bolupdyr. Öz döwürdeşleri, Alp-Arslanyň gaýduwsyz mertliginiň üstesine, jomart, adalatly, merhemetli we özgelere şepagatly, akylly adam bolandygyny beýan edýärler. Rowaýata görä, Alp-Arslan bir gezek Merwden geçip barýarka, şäheriň ga¬ryp¬la¬ry¬ny görüp, olaryň halyna aglapdyr we Alladan pazly-keremi bi¬len özüni baý etmegini diläpdir. Şol günüň özünde-de ol köp sadaka paýlapdyr. Şol günden başlabam her Oraza aýynda on bäş müň dinar sadaka paýlamak dessuryny girizipdir. Soltan Alp-Arslanyň diwanynda bolsa, ül¬ke¬si¬niň hemme ýerindäki garyplaryň ady ýazylyp, olara kömek üçin aýlyk we peşgeş bellenipdir. Ýene-de bir rowaýat, şugullaryň biri bir gezek, Alp-Arslanyň weziri Nyzam al-Mülküň garşysyna bir hat ýazypdyr. Şol hatda Nyzam al-Mülküň soltanyň ýurdunda nädereje ma¬ly¬nyň bardygy we nähili salgytlar alýandygy görkezilipdir. Hat sol¬tanyň namaz okaýan ýerine taşlanypdyr. Soltan ol haty alyp okap¬dyr we soň ony Nyzam al-Mülke berip: “Bu haty al, eger muny ýa-zanlaryň ýazan zatlary dogry bolsa ahlagyňy gözelleşdir. Ýag¬daýyňy düzet. Eger ýalan aýdýan bolsalar, olaryň gü¬nä¬le¬ri¬ni bagyşla we olary şeýle bir möhüm işler bilen meşgullanar ýa¬ly et welin, ili aldamaga wagt tapmasynlar” diýipdir. Alp-Arslanyň Malazgitdäki söweşde ýesir alnan Rum kaýsary Roman Diogeniň, öň onuň ýaraşyk baglaşmak hakynda ylalaşygyny ret edip: “Ýaraşygy Reýde baglaşarys” diýip tekepbir jogap gaýtarandygyna garamazdan, ony köp-köp sylag-serpaý bilen erkinlige goýbermegi bolsa, bu beýik türkmen gahrymanynyň näderejede geçirimli, rehimdar hem parasatly ynsan bolandygyny aýdyň subut edýär. Soltan Alp-Arslanyň hut şu ajaýyp häsiýetleri hem onuň dünýä taryhynyň altyn sahypalaryna zerli harplar bilen ýazylan beýik işlerine sepleşip, oňa sol¬ta¬nyl-alem – Älemiň soltany tahallusynyň dakylmagyna, onuň Alp-Arslan adyny bolsa asyrlaryň dowamynda ähli merdi-merdanalaryň tug edinip göterip gelmeklerine getiripdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |