22:17 Alñasaklyk / hekaýa | |
ALŇASAKLYK
Hekaýalar
Aşyr aga goltugyndan ala bagjykly jübi sagadyny çykaryp, oňa seretdi: «Aýynja wagty bolaýypdyr» diýen terzde ýerinden turup, çäkmeniniň eteklerini ýazyşdyrdy. - Inim, şu zatlary ýumuş görmänjik öýe gowşurarsyň-da-diýip, ol kinniwanja sagadyny goltugyna salyp durşuna, ýany bilen getiren ýüküni görkezip aýtdy. – Aý, öýdäkiler sargap iberdiler. Sen bir ulagly kişi, men bulary göternip, basga galyp ýörmäýin. Ýöne ýumuş bilmäweri... - Aşyr aga, ýumuş bolmaz, asyl-diýip, obadaşy gatyrganan boldy. - Alada etmäň, elinjek gowşuraryn. Şol bir edýän işini ýene-de edesi gelýän, ony hökman ediläýmeli diýip hasaplaýan, şeýle etmekden hoşal bolýan adamlar bar. Olar göwün islegine hemem hemişelik endigine öwrülip giden bu işi özleri-de bilmän ýene-de edýärler. Aşyr aga-da bazara geldigi, golaýdaky çaýhana hökman baraýmalydy. Howa salkyndy, ýakymsyz şemal öwüsýärdi. Gögüň ýüzünde soň peýda bolan tüýdüm-tüýdüm çalymtyl bulutlar kowalaşýan ýaly, ugur-utgasyz süýşýärdi. Aşyr aga obadaşynyň sataşanyna, el goşlaryny tabşyranyna ýüki ýeňläp, öz-özünden monça bolup, giň howlusy owadan bassyrmaly çaýhana tarap ugrady. Ol nagyşly gapyny açyp, bosagadan ätländen gowrulýan balygyň ýakymly ysy burnuna urdy. Hemişekileri ýaly, adam kändi, olar rejelenip, bölek-bölek goýlan ýumşak oturgyçlarda topar-topar bolup otyrdylar. Gap-gaçlaryň şakyrdysy, özara gürleşýän adamlaryň gatyşyk sesleri eşidilýärdi. Aşyr aga oturgyçlaryň arasyndan aýlanyp, aşhana tarap ýöneldi. -Ylaýyk wagtynda geläýdiň, Aşyr aga-diýip, uly eýwana garap duran açyk aýnaň aňyrsynda balyklary kesişdirýän egni ak halatly, orta boýly Hydyr balykçy ýylgyrjaklady. Balyk tutmaga ezberligi üçin däl-de, ony üýtgeşik gowrup bilýänligi üçin bu lakamy alan çaýhanaň eýesiniň işleýşine göz ilmeýärdi. Uly gazanyň içinde ýag jazyrdaýardy. –-Gylçyksyz balykdyr, üýtgeşikdir bu gün-diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. Üç-dört adam nobatyna garaşyp, onuň elleriniň çalasyn hereketini synlap durdy. Ol bolsa altynsow reňk öwüsýänçä, mazaly gowrulan balygy nagyşly mejimä salyp nobatdakylara bir-bir uzadybam, duranlar bilen gürleşibem ýetişýärdi. Onuň bu başagaýlygyny, hem ýetişikliligini gözigidijilik bilen synlaýan hem bu çalasyn hereketlerden lezzet alýan Aşyr aga öz nobatynyň ýetenini-de duýmady. Yssy balykly mejimäni alyp, ol boşlaňyrak ýer gözledi. Topar-topar oturan adamlaryň arasyndan aýlanyp geçdi-de, ahyry orta gürpdäki stoluň ýanynda saklandy. Elidnäkisini goýup, ol ýene-de aşhana tarap ugrady. Onuň ikinji, kiçeňräjik aýnasynyň ýanyna baryp, içeri garanjyraklady. - Me, gyzym, maňa şu çaýdan atyp demläweri-diýip, ol hemişe öz ýany bilen getirýän guşdyrnak çaýly haltajygyny içerdäki gyza uzatdy. Aşyr aga demli çäýnegi alyp, öz ornuna tarap ugrady. Eýwanyň içindäki adamlar gelip-gidip duransoň, ol özüniň ýaňky baran ýerini tapman esli aýlandy, öwrüm etdi. Şol gezip ýörşüne oturanlaryň ýüzüne-de seredişdirýärdi. Oturgyçlaram, ak stollaram, ikibir-üçbir oturan adamlaram, balyk salnan nagyşly mejimelerem şeýle bir meňzeş görünýärdi welin, asyl saýgarar ýaly däldi. Ol öz bellän ornuny tapdy-da, ýumşak oturgyja aran göwresini goýberip, çäýnekden çaý guýundy. Balykly mejimäni öňüne çekdi. Balygyň tagamy üýtgeşikdi, Hydyr balykçyň aýdyşyndanam bäş beterdi. Onuň ilkinji bölegini eline alanam şoldy welin, «sen-men» ýok gapdalyna geýnüwli, görmegeý ýaş ýigit gelip çökdi. - Salamwaleýkim ýaşuly-diýip, ol edil öz garyndaşyny gören ýaly gadyrly salamlaşdy. –-Işdäňiz açyk bolsun. - Manlykmy inim. Aşyr aga ýigidiň ýylgyrjaklaýan ýüzüne, daralyşy bozulmadyk şar gara saçyna ýalta seredip, tagamy bilen gümra boldy. Ýigit käsesine çaý guýup, owurtlady, ýene-de ýaşulyň ýüzüne siňe-siňe garanjaklady. «Tanyşlyk açjak bolýamyka?» diýip, garry öz ýanyndan oýlandy. Onuň ýüzi birhili tanyş göründi welin, bu ýigide nirede sataşandygyny ýaşuly kes-kelläm hakydasyna getirip bilmedi. Ýigidem şeýle pikir derdesere salan ýalydy, ol hem gaýta-gaýta garryň ýüzüne garanjaklaýardy. Ol ýene-de çaýyndan owurtlady. Ýigidiň çiňňerilip garaýandygyny aňan Aşyr aga özüni gowuşgynsyz duýýardy. Ýigit oturdy-oturdy-da çekinibiräge-de, gorka-gorka diýen ýaly elini uzadyp, bir bölek balyk aldy. Mürehetsiz-zatsyz ýigidiň öz tabagyna el urmasyny gelşiksiz saýsa-da, ýaşuly syr bildirmedi, gaýtam «ikimize-de ýeter» diýen manyda mejimäni orta süýşürdi. Şeýdip olar bir-birine söz gatman, hersi öz oý-pikirine gümra bolup, sessiz-üýnsüz iýýärdiler. «Şu şäherlilerem geň adamlar-aý-diýip Aşyr aga içini gepledýärdi.-Soralanda berilmän durmy-näme. Edil atasyna duşan ýaly, utanaýynam diýenok. Berdi köse ýöne ýere ýanman ekeni, bulardan. Çekinmäni, ýüzüni almany bilmeýär şäherliler diýýädi, ol. Aý, nesibeli oglandyr-da, iýibersin». Mejimede balygyň soňky bölegi galdy: - Al, munam iýäý-diýip, Aşyr aga nägileligini bildirmän, ony ýigide tarap süýşürdi. - Ýok, ýaşuly, iýiberiň -diýip, ýigit elini-agzyny süpürişdirip ýerinden turdy.-Noş bolsun... Hiç zady serine alman, utanmaga derek ýylgyrjaklaýan ýigidiň beýle bihaýalygyna ýaşuly geň galyp, başyny ýaýkady. Ol soňky bölegi öňüne çekip, iýmäge başlady. Galan-gaçanlary ýygnaşdyryp, gap-gaçlary alyşdyrýan gyz Aşyr agaň ýanyna gelip aýak çekdi. - Daýy, ýene çaý demläp bereýinmi?-diýip, ol ýaşula ýüzlendi. Aşyr aga başyny ýaýkady. Ak öňlükli gyz biraz säginip durdy-da, gapdaldaky stoluň üstündäki balykly tabagy alyp, ony ýaşulyň öňünde goýdy. Aşyr aga onuň ýüzüne çiňňerilip bakdy. - Daýy, siziň tabagyňyz şü - diýip, gyz onuň üýtgäp giden ýüzüne göni bakmaga ejap edip, aşak garap aýtdy. - Bi tabak kimiňkidi onda, gyzym - Aşyr aga özüni ýitirip, bioňaý gobsunjyrady. - Ony başga bir ýigit alypdy. Aşyr aga bir elindäki soňky kesim balyga birem heniz el degmedik tabaga garap, dili tutulan ýaly zoňk edip ornundan galdy. Utançdan ýaňa ýüzi lap-lap gyzyp gitdi. Şu mahal hemmeler oňa barmagyny çommaldýan ýaly, gülüp seredýän ýaly bolup göründi. Ol dalda isläp daş-töweregine garanjaklaýardy. «Ony tapmaly» - diýip, pyşyrdady-da, ol daşary atylyp çykdy. Iki ýana ýöreşip barýan adamlaryň içinde welin, oňa gözi düşmedi. Amanmyrat SAPAROW. | |
|
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |