04:18 "Ýuwaş-ş, ol ýatyr" / hekaýa | |
“ÝUWAŞ-Ş, OL ÝATYR”
Hekaýalar
Bir köwşüniň burny bilen beýleki köwşüniň ökjesinden basyp çykarmakçy bolup gödensiz çemelenýän ýigdekçe yraň-daraň atyp duran ýerinden içeri boýnuny sozdy: giň eýwanyň gap böwründe kakasy bilen ejesi hamana surata düşmäge häzirlenýän ýaly görnümini bozman, doňdurlan terzde sarsman otyrdylar. Ýigdekçe sag egninden aslan gaba bukjasyny bosaganyň bir çetine oklady-da, dars-dars basyp, öz otagyna tarap ýöneldi.Kakasy ýognas barmagyny dodagynyň üstüne goýup: - Ts-ss – edip ýuwaşjadan nägile seslendi. – Ol ýatyr! Bu duýduryşly owazdan soňra ýigdekçe sessiz kinolardaky ýaly daraklygyna galyp, üýn-düýtsiz ýöräp ugrady. Ýöne aşa seresaplyk edildigiçe garaşylmadyk halatda bir ebeteýsizligiň ýüze çykýandygy ýaly, ol her näçe hüşgärlik görkezse-de, otagyň gapysy jygyldap açyldy. Bu gezek ejesi nägilelik bildirip, uludan dem aldy. - Ol ýatyr ahbetin! Öz durnugyny tutuşyndan, bogunlary sökülip ugran göwresini mazamlaýşyndan, ýaňy garalyp başlan ýokarky dodagyny elläberşinden oglanlykdan saýlananlygy mese-mälim bildirýän ýigdekçe birhaýukdan saçagyň başyna gelip ornaşdy. Olaryň hiç birisinden dem-düýt çykmaýardy, diňe baş atyp, üm bilen gürleşýärdiler. Käýarym gap-gaç çalaja şakyrdaýdygy dagy olar bolmajasy bir zat bolaýan ýaly, ynjalyksyzlanýardylar, açyk duran böwürdäki gapa gulak gerip, birsalym diňirgenip oturýardylar. - Näwagtyrak ýatdy,ol – diýip, aňyrsyna oba gonup ugran ogul dodaklaryny çala müňküldedip sorady. - Ýaňyrajyk uklady. Olar bijaý gobsunmagada milt etmän, bu ahwalata kaýyllyk bilen dymyp otyrdylar. Daşardan gelýän aýak seslerine olaryň üçüsi-de biygtyýar garanjaklaşdylar. - Goňşy, aý, goňşy. Owaz şeýle bir beleň ýaňlandy welin, öý eýesi duýdansyzlykda çümmüklenen mysaly garsa ör galyp, bu gömelteý sesiň öňüni gabsamak üçin gapa ylgady. Onuň örän pessaý labyzly haýbatly sözlerine daşardan geleniň zähresi ýaryldy: - Bolşuň näteňet-aý goňşy - diýip, gelen kişi özüni aklamakdan ötri owazyny barha ýuwaşadyp dillendi. – Onuň ýatandygyny men nireden bileýin ahyry. Hemişe mydyr-mydyr edip gürleýäň, gepiňe-sözüňe düşer ýaly däl – diýýän özüň dälmi, näme. Gör-ä, muny... Ýene günärtleýnem bolýa. Hudaýýola çagyryp geldim, hol gaýraky Baýryň dogmasy gelipdir, gullukdan. Men näbileýin oň ýatanyny, göýäki bilgeşlän eden ýaly men... Öý eýesi bosagada duran ýerinden “ugratdym” diýen manyda yşarat etdi. Ol assyrynlyk bilen ýöräp gelşine açyk gapydan jyklady, ýeňillik bilen dem alyp, öňki ornuna jaýlaşdy. Ýene öňküsi deýin dymyşlyk aralaşdy: ýigdekçe gurşan aýaklaryny ýazmak üçin ýeke dyz oturdy, kakasy goltumyndaky gypjagy ýanyna çekip, gapdal gyşardy. Kinniwanja bal arysy işigiň ýagty aýtymynda peýda boldy. Ol “waz-waz” edip iki öwrüm ýasap, ýene daş uçup gitdi. Öýüň içini ýene dymyşlyk basmarlady, diňe diwardaky uly sagadyň dilleriniň ýördüminiň sesi eşidilýärdi. Her gezegem bolşy ýaly, bu saparam içerdäkiniň süýji ukusy sak goraldygyça şonça - da tersan bir zat gopaýýardy: ilki bilen eýwanyň bir çüňkündäki telefon zowwar zaň urdy. Mekdepden gelýän çagalaryň gul-gulasy, ilerki ýoldan geçip giden traktoryň güňleç owazy, elmydama garysyny ýassanyp üýnsiz ýatýan ala köpegiň guýrugyna baslan ýaly birden üýrübermesi eýwandakylaryň bujurygyny artdyrdy. Herhal içki otagdan ses çykmady. Tirkeşip gapydan giren uly ogul bilen gelni şeýlekin pessaý gopýardylar welin, olaryň gelenini öýdäkiler aňşyrmagada ýetişmediler. - Ýatyrmy? Ýigit bilen gelin öz sowallarynyň jogabyna hem garaşman törki gapa tarap ýöneldiler. Beýlekilerem olaryň yzyna eýerdiler. Olar biri-biriniň üstaşyry gapydan içeri äňetdiler. Kiçeňräjik otagyň ortasyna ýazlan gülli körpençä çümüp ýatan çagajyk özüne melul garaýan nazarlara posalajyk ýüzüni öwürdi.Ol pökgüje barmagyny dodajygynyň üstüne birenaýy edip goýdy-da: - Üş-şş, men ýatyýyn – diýip bezzatlyk bilen jykyrdap güldi. | |
|
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||