17:01 Myhmançylykda / hekaýa | |
MYHMANÇYLYKDA
Hekaýalar
Olar nahardan boluşansoň saçakdan gaýra çekildiler, el-agzyny süpürişdirip, töwir galdyrdylar. Çaganyň heniz ulugyz däl, ýöne indi çaga-da däl enaýy ýaşyndaky garagözelek gyzjagaz gelip girdi-de, saçagyň üstündäki gaçan-guçanlary, boşan gap-gaçlary ýygnaşdyrmaga başlady. Ol ulularyň myhmançylyga gelenlerinde özi ýaly çagalardan näçe ýaşyndadygy, sapaklaryndan oňat baha alýandygy ýa almaýandygy barada hemişe soraýandyklaryny bilýän hem şol sowallara eýýäm jogap bermäge taýýar görnüşde ulygyz ejaby hem çagalyk endigi bilen usully işleýärdi. Onuň hereketlerini göz astyndan assyrynlyk bilen synlap oturan myhman goşa ýassygy goltugyna çekdi, olary tirsekläp, gurşan aýaklaryny uzatdy. - Gyzym, indi herimize bir çäýnek ajy çaý äberäýseň-ä kem bolmazdy-diýip, öý eýesi halys ajygyp gelip, aşa kän iýen adamlarda bolşy ýaly şähdiaçyklyk bilen aýtdy. - Hakyt jaý bolardy-diýip, ýaşuly myhman hem makullaýjylyk bilen baş atdy. Juda göwnejaýlyk bilen düşelen hem göze ýakymlylyk bilen bezelen otagyň içinde artyk ýa-da kem zat ýokdy, uly bolmadyk aýnada oturdylan sowadyjy içerini salkyn saklaýardy. Orta iki çäýnek çaý getirildi. Öý eýesi Sähet ençeme ýyllardan soňra saý-sebäp bilen obadaşyna duş gelenligine, ylaýta-da, onuň duldegşir goňşulary hem-de kakasynyň sakgaldaşydygyna, ony ýalbaryp-ýakaryp öýlerine çagyrandygyna, oňa hezzet edýändigine begenýändigini gizlemän şadyýan ýylgyrjaklaýardy. Geldi aganyňam ýaşytdaşy Myrat garanyň birmahal şähere göçüp gaýdan bu dogmasynyň raýyny ýykmanlygyna göwnühoşlugy mesaňa görnüp durdy. - Işimi täzeledim diýsene, onda-diýip, ýaşuly hum çäýnekden gyzylymtyl reňkli çaýy gülli käsesine şildiredip guýup oturşyna dillendi. - Hä, şeýtmeli boldy, Geldi aga-diýip, Sähet baş atyp, çalaja gobsunjyrady.-Öňki işimem hiç neneň däldi weli, başlyklar halys goýmadylar. «Özüňi görkez, ukybyňy görkez, ýaşyňam tüýs diýlen wagty» diýdiler. Olara nä «ýok» diýip bolýamy... Sähediň kiçi ogly süýjüli gaby eline alyp, birenaýy goýtul-goýtul ýöräp geldi. Ol süýjüni dädesine äberdi-de, del myhmana birgeňsi garanjaklap, ýene-de çalt-çalt ýöräp çykyp gitdi. - Şähere gelmän, şo obada ýören bolanymda, menem gezerdim-dä...-diýip, ol obaly ýaşulyň göwnüne degäýmez ýaly has ýumşak söz tapjak bolup, sözüne dyngy berdi. -Gezerdim-dä, ýer depip, ot-çöp ýygnap. Okan okuwymam, bilimimem bir çola ýerde guma garylyp giderdi... - Tüweleme, hak etdiň sen, şähere gaýdyp... - Hawa-hawa-diýip, Sähet ýaşulyň özüne düşünendigine monça bolup, çalt-çalt gobsunjyrap, şadyýan seslendi. -Oba-da halys bir erbet ýer däl, mal-gara, ekin-dikine jür bolsaň. Ýöne meň ýalyň ýeri däl-dä, oba. Şäher weli aýyn başga bir zat, bi ýerde özüňi görkezmeseň, ýitip gidäýýäň. Başlyklaram näme, diňe işiňe görä tanaýarlar. Olar-diýip, Sähet barmagyny petige çommaltdy, hamana, ol ýerde özüni diňläp hem synlap oturan biri bar ýaly, pessaýja, pyşyrdap diýen ýaly gürledi.-“Şumat özüňi görkezmeli wagtyň geldi, soňra «wah» diýersiň» diýýärler, maňa. Halys şeýle diýip, ýer depip duransoňlar, olaryň gaňryşyna gidip bolýamy, näme. «Siz aýtsaňyz, biz ederis» diýdim, olara... - Dogry aýdypsyň, inim, makul gep bi-diýip, Geldi aga hakykatdan-da, «Ýigidiň barmagyny çommaldyp görkezen ýerinde biri bar bolaýmasyn» diýen terzde petige garanjaklady. Sähet obadaşynyň gözüni gyrpman özüne gulak asýandygyny synlap, onuň bu gürrüňleri oba baryp gylyny gyrman aýdyp berjekdigini, obadaşlarynyň bolsa, onuň sözlerini agyzlaryny öweldip, geň galyp diňlejekdiklerini göz öňüne getirip, barha joşgunly geplemäge başlady. Beýleki biriniň özüne geň galýandygyny ýa-da özüne gözi gidýändigini oslan adamlarda bolşy ýaly, ýigidi aşa göwniýetijilge hem buýsanjaňlyga kybap kelpez duýgular gurşap aldy. Bu duýgular onuň bogazyny guratdy, ol owadan käsedäki çaýyny tiz-tizden owurtlady. - Biziň işimiz bir başdansowma zat däl-diýip, ol has çynlakaý keşbe girip, dyzyna galdy, çommalyp oturdy. -Meniň şumatky kärim uly edaralar bilen bagly. Size oba dilinde düşündirsem, men gaýtadan işlenilmeli metal böleklerini ýygnaýan. Ol bolsa ýaman gerek zatdyr... -O diýeniň häki «ütül» diýen edara dälmi, özi... Sähet obadaşynyň juda ýöntem kişidigine gynanýan terzde, nägilelik bilen başyny ýaýkady, onuň agzynyň töwereginde bolsa iki sany ýygyrt peýda boldy, ol kinaýaly gülümjiredi. - Daş-töweregimizde näçe tonna demir-semir baryny bir bilýäňizmi? Geldi aga onuň sowally nazaryna birgeňsi jiňkerilip garady, emma sesini çykarmady... - Bilmersiňizem-diýip, joşgunlykdan ýüzi dym-gyzyl bolan Sähet göçgünli aýtdy. –-Onlarça, ýüzlerçe tonna demir bar, polat bar, ýaşuly. - Äý, men näbileýin, Sähet jan. Birwagtlar seň ýaly oglanlar oba-oba gezip, eňegi guma süssürilip ýatan demirleri daşardylar. Ho-ol şäheriň eteginde-de şolar dag ýaly üýşüp ýatyr... - Gepem şol demirleriň gerekdiginde ahyry-diýip, ýigit öz sözlerini delillendirmekden ötri töweregine garanjaklady. - Şolar, Geldi aga, şu telewizordyr, hol duran ütük, oba gitmek üçin münýän maşynyňyzam şondan ýasalýar-a... Ine, şu telefonam... Olaryň gürrüňiniň arasy üzüldi. Geldi aga argynlygy çykan aýaklaryny biraz ýygnap, tirsekläp ýatan goşa ýassygyny düzedişdirdi. Sähet bolsa, ýene-de aýbogdaşyny gurup, ymykly ornaşyp, telefona tiňkesini dikip, birsalym dymyp oturdy. Birdenem, ol dem-düýtsiz telefony golaýyna süýşürdi-de, diwardaky töweregi nagyş aýmançaly uly sagada garady. - Uly başlyklaryň biri «habarlaş» diýipdi weli, tas ýatdan çykan ekeni-diýip, ol telefonyň belgili düwmelerini basyşdyrmaga durdy. Ol gözlerini obadaşyndan sowman, aňyrdan jogap berlerine mähetdel, diňirgenip oturdy. –-Salam, ýaşuly, bi men, Sähet Myradowiç. Hä tanadyňyzmy, şeýledir-le. Obadaşym geldi, size duşup bilmedim. Agşam, işden soňra sataşarys-la, ýaşuly, bir ýerlere gidip, dem-dynç alarys. Menem garaşýan, ýaşuly. Hoş, görüşýänçäk... Sähet howlukman, agraslyk bilen telefony bir gapdala süýşürdi-de: - Uly başlyklaryň biri ol-diýip, hamana Geldi aganyň bu barada bilip goýmagy hökmany bir zat ýaly ýüzüne goýrulyk çaýyp aýtdy. Olar ýene-de uzak wagtlap hersi öz oý-pikirlerine gümra halda sessiz oturdylar. Diňe aýnaň ýanyndaky sowadyjynyň birsydyrgyn «hyňňyldaýan» sesi eşidilýärdi... Gapy açyldy, garagözelek gyzjagaz içeri girdi. -Däde-diýip, ol näziklik bilen pessaý seslendi.-Telefon bejerýän ussa gelip gitdi. «Häzir goňşyňyzyň telefonyny bejeremsoň, siziň hem telefonyňyzy işlederin» diýdi... Öý eýesi oňaýsyz oýkanjyrady, bir gyzjagazyna, birem owadan düwmeli telefona seretdi. Soňra ýüzüni kesä sowup: - Gyzym, Geldi kakaňa ýene bir çäýnek çaý demläýgin-diýip, gyryljak sesi bilen dillendi. Gyzjagaz baş atyp, çykyp gitdi. Ençeme ýyldan soň sataşan obadaşlar bolsa, dil ýarman, dymyp otyrdylar... Amanmyrat SAPAROW. | |
|
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||