18:22 Mürähet / hekaýa | |
MÜRÄHET
Hekaýalar
Ol her gezek görme-görşe geleninde, hamana kimdir biri tarapyndan öňden tabşyryk bar ýaly, ony obadaşlary nobatma-nobat öýlerine çagyrýarlar, saçak ýazyp, söwüş edýärler. Çar gara penjekli, hemişe tämizligi bile gözüň ýagyny iýip barýan ap-ak köýnekli, owadan goşar sagatly myhmanyň gara gaşlaryny birenaýy gerip, pessaýja gürläbermesi hemmeleriň göwnünden turýar. Paýtagtda haýsydyr bir kärde işleýän, zähmet rugsady döwründe wagtynyň juda çäklidigine seretmezden gaýdybermeli bolandygyny tekrarlaýan pursatynda onuň görmegeý göwresi has syrdamlanýar, tutuş durkunda wajyplylyk görnüşi dabaralanýar. Bu obadan gidip, paýtagtda okaýan ýa-da işleýänleriň hersiniň salamlaryny, sargytlaryny, berip goýberen zatlaryny elin getirýänligi üçin ony has-da hormatlaýarlar. Ine, onsoň her baran öýünde: «Pylanjanyň puly-dagysy barmyka?», «Düýşüme zol-zol girýä weli, dümewlän däldir-dä, hernä», «Gijelerine seňk-seňk edip ygyp ýörenokmy?» terzdäki tükeniksiz sowallar bilen onuň üstüni gömýärler. Soňabaka paýtagtly myhmany söwüşlemek onuň gelmeginiň sebäbi üçin däl-de, eýsem goňşularyň bahana bilen ýygnanyşmaklary ýaly bir zada öwrülip gidýär. Yzy üzülmeýän çakylyklardan, tagam bolçulygyndan bez bolan myhman şu öýe degişli ilen-çalanlaryň alysdaky oňşuklary baradaky sowallara jogap berýän wagtynda onuň ýanynda gezýän beýleki adamlar özara gümür-ýamyr edişýärler, iýmek-içmek bile meşgul bolýarlar. Bu gezegem hemişekileri ýaly, çakylyklar başlandy. Mergen aga iki gün diýlende myhmany hezzetlemek nobatyny alyp geldi. - Keýwany, taýýarlygyň bilen boluber-diýip, ol bir bergiden dynmagyň öň ýanynda duran adamyň begenişi ýaly, şatlykly buşlady. - Ilerdäki Tirke kösäňkiden çykyp bararys - diýdiler. Öýüň işleri diňe şu habara garaşyp duran, indem togtap galan hereketlere bu habar tow beren ýaly hysyrdylar başlandy. Gelinler-gyzlar biş-düşe gumra boldular, gazan-tabaklaryň şakyrdysy artdy. - Sagat-ýarymdan kän oturmarys diýdiler, birje nahar edäýmeli borsuň-da -diýip, öý eýesi sala salýan ýaly dillendi. - Hydyr nähili diýýär, oňşugy - zady ýeterlikmikä? - diýip, aýaly sorady. - Senem ýüregiňi eliňe alyberýäň, ine, Begli jan gelerem weli, özi barjasyny aýdyp berer. Tördäki giň otaga ýumşak körpençeler, tirseklär ýaly ýassyklar atyldy, saçak ýazyldy. Sähel salymdan dürli ir-iýmişler owadan mejimä salnyp orta goýuldy, owadan gülli çäýnekler, käseler rejelendi. Öýe myhman gelmänkä onuň ruhy gelermiş duýişleri ýaly, otagyň içinde şatlykly şüweleňiň nury peýda boldy. Türkmeniň myhmansöýerliginiň ruhy öýüň iň körpeleriniň ýüzünde-de yşganaklaýardy, olaryň göçgünli sesleri, şadyýan gülküleri ýaňlanýardy. Mergen aga öý eýesine mahsus talapkärlik bilen garşa-garşa ýazylan saçaga garaýardy, ýeter-ýetmez zat bolaýsa, söz bilen däl-de, üm bilen aýdýardy. Onuň baş atmasy öýdäkileriň barysy üçin sözden zyýat düşnüklidi. Uzak garaşmaly bolmady. Iň öňde myhman ýigit, onuň yzynda bolsa, ähli çakylyklara gatnaşmaklary hökman hasaplanýan obadaşlary ýetip geldiler. Myhman ýigit oglan-uşaklaryň ýagdyrýan soraglaryna ýarym-ýalta jogap berýän wagty, onuň ýanynda gelenleriň biri bu ýerde näme bişirilýändigini bilmekçi bolýan ýaly, inçemik boýnuny sozup, aşhana seredýärdi. Öz oglunyň sag-salamat ýörendigini, tüweleme, okuwyna ýetişiginiň oňatdygyny eşidensoň Selbi daýza ynjalan ýaly boldy. Diňe şondan soňra myhman ýigit bireýýäm saçagyň daşynda ýassyk tirsekläp gyşaryşyp ýatan beýleki adamlaryň ýanyna girdi. Orta nahar eltildi, çäýnekler gatnap başlady. Otagyň içinde käýarym biri üsgüräýmese ses-üýn çykmady. Nahar iýlip bolansoň, töwür galdyryldy. Myhmanlar ör turup, başga bir çakylyga barmalydyklaryny ýaňzydyp, hoşlaşmaga durdular. Ine, şu ýerde-de Mergen aga türkmençilikde aýdylaýan sözi agzyndan gaçyrdy: «Myhmanlar palawam-a taýýardy, öz-ä». Diýmesine, diýdem weli, dilini dişledi. Onýança-da Tirke köse ýeserlik bilen töweregine ýaltaklady: - Türkmeniň öýünden palaw dadylman gidilýän däldir-diýip, ol körpençä özüni atdy. -Taýýar bolsa, äberäýsinler... Mergen aga ýüzi duw-ak bolup daşary çykdy, öwzaýynyň bozukdygyny ýüzünden aňan kempirine ümledi-de, howlynyň bir çetine ýöneldi. Ol bogazynda bir zat galan ýaly, esli «hyk-hyk» etdi durdy. - Keýwany, masgara bolaýdym men-ä - diýip, ol maňlaýyna şagga inen sowuk deri zol-zol syryp durşuna başyny ýaýkaberdi. - «Palaw bar, oturyň» diýdim, men-ä... Öýüň keýwanysy içini çekdi, gaýynlarynyň bolup duruşlaryny gören gelni ýaşmakly agzyna elini ýetirdi, uly ogly zowzanaklaberdi. Olar uly ummanyň ortarasynda küreksiz gämide galan bialaç adamlaryň bolşy ýaly, biri-birine garap, esli durdular. Olaryn näçe duranlary, ýene-de näçe durjaklary-da mälim däldi: -How, goňşy myhmanlary eýýäm sowduňmy? - diýen ses olary ukudan oýarana döndi. Mergen aga syr bildirmejek bolsa-da, onuň saňňyldaýan elleri, «Manlykmy» diýeninde endiräp çykan sesi bir harasadyň gopanlygyny mesaňa äşgär edýärdi. Aşyr çekke olaryň ýüzüne siňe-siňe garanjaklady: -Eýgilikmi, Mergen aga? Yaşuly üzlem-saplam edip düşündirmäge durdy. Aşyr çekkäniň kiçijik dodaklarynyň ýanynda egrije çyzyk peýda boldy, kineli gülümjiremesiniň gelşiksizdigini aňdymy, nämemi, ol badabat özüni dürsedi, ýüzüne duýgudaşlyk röwüşini bermäge jan edip, ardynjyrady. «Aý, bolmandyr-ow». Gaýynlarynyň agzyna garap durmagy uslyp bilmedik gelin, köýnegini şowurdadyp aşhana ýöneldi. Şeýle pursatda gol gowşuryp oturmagy aýyp zat hasaplaýan ýaly, käşir arassalamaga başlady. Aşyr çekke birden barmagyny çommaltdy: - Hany inim, otla motoryňy - diýip, ol Mergen agaň ogluna buýurdy- Ho-ol gaýrada Gül daýza sadaka berýä diýdiler, gideli şoňka... Olar artlaşyp, yzynda al tozan galdyryp gözden ýitensoň, ýaşuly özüni ymykly dürsäp, myhmanlaryň ýanyna girdi. «Ine, salymyny bermän äbererler, çaý-paý içişdiriberiň» diýip, mürehet etdi. Garaşmakdan, onda-da, özüňi şeýle bigelşik ýagdaýdan alyp çykmaga gidenlere garaşmakdan müşgil zat ýokdur: ýaşulynyň içini it ýyrtýardy, ol kä çep dyzyna, kä sag dyzyna oturýardy, gulagy bolsa, daşardady. «Palawy indiki barjak ýeriňde iýeňde bolmadymy, saňa» diýip, ol çaýy hopurdadyp içýän Tirke kösä garap, içini gaharly hümledýärdi. Ahyry ulagyň «tarryldysy» eşidildi. Ýaşuly daşary çykanynda, ýaşmagyny dodagy bilen kertäýjek bolýan gelni uly okarada getirilen ak palawy tabaklara paýlaşdyrýardy. Uly iş bitirensoň, petekesini barha çişirýän Aşyr çekke bolsa tabaklaryň ýanynda eýemsiräp durdy. Öňem nahardan gerk-gäbe myhmanlar däne-däne ak palawdan hamçörek çümmüşlediler. Olar hezzet üçin «taňryýalkasyn» aýdyp, ýene-de bir çakylyga ugradylar. Myhmanlar gidensoň, Mergen aga bilen Aşyr çekke ýassyk tirsekläp, hersi bir körpençede uzyn düşüp, uly hum çäýnegi demledip, ak palawyň daşyna geçdiler. Mazaly iýdiler, kemini goýmadylar. «Berýän sadakaň huda dergähinde kabul bolsun» diýip, aýat-töwür etdiler... Amanmyrat SAPAROW. | |
|
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||