22:13 Söýünji / hekaýa | |
SÖÝÜNJI
Hekaýalar
Ol bazaryň ortagürpünde keserdip goýan maşynyna söýenip, tüweleý ýaly towlanýan goh galmagala ser bermän, öz deňinden saga-sola geçip barýan adamlara biperwaý bakyp durdy. Uzynly gün bir ýerde durmakdan ýaňa onuň baldyry syzlaýardy, dabanynyň aşagy ot alan ýaly bolup, lap-lap gyzýardy. Howa yssydy, käýarym öwsüp gidýän pessaý şemalyň howry hem ýüzi-gözüňi çawlap barýardy. Özara wagyr turuzyp geçip barýan adamlaryň içinden käte kimdir biri saýlanyp çykýardy-da, oňa tarap gaýdýardy, maşynyň daşyndan aýlanyp görýärdi, ony-muny äwmezlik bilen soraşdyran bolýardy. Bassyr üçünji bazar getirýän maşynyna henizem töwekgel bir hyrydaryň tapylmaýandygy, indem tapyljaklygynyň belli däldigi, ýene näçe wagt şeýdip durmaly boljaklygy baradaky pikirler ony biynjalyk edýärdi. Ine onsoň ol darykmakdan ýaňa gara ört bolan ýüzünden burçak-burçak akýan derini syryp, iki ýana gezmelemäge başlaýardy: «Wah, şo sapar soran ýigide bersem bolmaýamy, muny-diýip, ol indi gör näçenji gezek öz-özüne igenip, içinden käýinjireýärdi. -Şol gezek bäş-üç manadyň göwnüni gördüm-dä”. Ir ertirden bäri gowur alan bazaryň barha mähellesi selçeňleşip, sowulmaga golaýlady, gapdalyndaky adamlar nägile hüňürdeşip, maşynlaryna münüp, kem-kemden dagyşmaga başladylar. Söwdasynyň bu saparam şowlamanyna bialaç boýun bolup, soňky gezek töweregine biumyt ýaltaklap, ol maşynyna münmäge hyýallandy. Birdenem onuň gözi özüne tarap hallaslap ýetip gelýän birine kaklyşdy. Howany kürekleýän ýaly bolup, keltejik ellerini batly galgadýan pes boýly pyýada ädimine eýermeýän aýalyny gyssamakdan ötri her gezek yzyna gaňrylanda büdräp gidýärdi. Onuň goňşy obada ýaşaýan çalarak tanyşy ekenligini bilensoň, ol tabagyna gyl düşen ýaly seňrigini ýygyrdy: «Bu içýakgyç oba deňiç maşynda bile gidermen bolup haýdap gelýändir” diýip, ol gaharly oýlandy. - Geldi şepe, munyňa hyrydar tapylmadymy?-diýip, eýýäm gelip ýeten pyýada onuň elini gaýym gysyp durşuna “mys-mys” edip ýylgyrdy. - Bahasyny gelişmedik, Baýram jan-diýip, maşynyň eýesi onuň gepine görä jogap berip, göwünli-göwünsiz mydyrdady. Gelen kişi onuň tutuksy äheňine pitiwa bermän, gysga ädimleri bilen maşynyň ini-boýuny ölçäp görýän ýaly, onuň daşyndan aýlanmaga başlady. Özüne görä boýy bir sere uzyn aýaly hem onuň yzyndan galmaýardy. Bularyň gele-gelmäşe maşynyň daşyndan öwrüm edip, gapylaryny açyp-ýapyp, tigirlerine çenli depişdirip görýändigine öňem keýpi tutuk Geldiniň gahary dyňzady, her-nä syr bildirmedi. Ahyry olar badyny paýawladyp, özlerine dil ýarman seredip duran maşynyň eýesiniň alkymynda aýak çekdiler. - Hiç-neneň däl-diýip, adamsy maslahat salýan ally kelte boýnuny sozup aýalyna garap, pyşyrdap doyen ally arty. Sore maşynyň eýesine tarap öwrüldi. -Ylalaşsak men alaýyn muny. Olaryň biri-biriniň elini goýbermän, çekeleşip, ala zenzele edip, söwdalaşmaga başlanyny gören bilesigelijileriň bir topary bu ýere üýşdi. «Bahasy geldi, ber” diýip, birleri töwella etse, «Ýene biraz goş üstüne” diýip, beýlekiler meçew berýärdi. Töwerekdäkileriň göçgünli gykylygy bilen örç alan söwdaň joşguny ýetjek derejesine ýetdi. - Diýdigiň boldy, dost, hany, mün maşyna, öýe gideli. diýip, ahyry eglişige gelen alyjy içki joşgunyndan ýaňa çygjaran maňlaýyny eliniň arkasy bilen syryp, kesgitli arty. Ol “Ýalňyşmadygam bolsam bir ýagşy” diýýän ally, müňkir garap, ätiýajynyň bardygyny aňladyp, emma özüne göwniýetijilik bilen maşynyň öňki oturgyjyna mündi. Uzak günüň ýadawlygy sähel salymyň içinde göwresinden zym-zyýa uçan, teý ahyr söwdasynyň gelşenligine begenmän durup bilmeýän maşynyň eýesi giňden ýylgyryp, çalasynlyk bilen ornuna geçdi. Maşyn tigirleri bilen ýeri gazaýjak ally bolup, bir silkindi-de ýola düşdi. Aradan birnäçe gün geçensoň, ir bilen şähere gitmäge hyýallanan Geldi uly ýolda durka, bir maşyn esli aralykdan öwrüm edip, yzyna aýlanyp geldi. Her hili bezegler dakylan, doga-tumarlar asylyp goýlan , em ýaljak edilip syrylyp-süpürilensoň, ýalpyldap duran maşynyny ol bada-bat tanamady. Olar gadyrly salamlaşdylar. - Dost jan, eleşdirmäweri, bir zat soramakçy-diýip, maşynyň täze eýesi aşa soranjaňlygy üçin käte ýüzünden alynýan ýaş çaga ally, çekinjeňlik bilen assyryn dillendi. -Şň gidip barýaňam weli, käte öz-özünden siltäýmesi bar maşynyň. Öňem şeýtmesi barmydy? - Ýaramazyrak benzin dagy guýýan bolaýma? - Äý, ýok-la, saýlamasyny guýýas muňa-diýip, ol yzky oturgyçda oturan aýalyna makulladýan ally, yzyna gaňrylybyraga kellesini ýaýkady. Şähere gelýänçäler Geldiden ses-üýn çykmady, ol ylla iňňäň ujunda oturana döndi, maşyna münenine ökünip, aňyrsyna çykyp bilmedi, öz-özüne käýindi. - Bir bahana tapyp, maşynyna münmeli däl ekeniň-dä-diýip, bu wakany eşiden aýaly göwünlik bermäge derek, gaýtam oňa igendi. Ertesi güni Baýram olaryň öýüniň ýanynda maşyny keserdip goýdy. «Oduk-buduk ýerini görüşdiräýmäm bar weli, muň käbir açarlary ýetenok-la, saý-sebäp bilen bir ýerlere düşendir, gözleseň, tapylmazmyka” diýip, ol başardygyndan mylaýym äheňde soraňjyrady. Onuň ýüzünde bolsa, çekinjeňligiň alamaty yşganaklaýardy. «Bor, gözläýeris, belki, başagaýlykda ýatdan çykandyr” diýip, öý eýesi ýagman duran bulut ally garalyp, öýkeli mydyr-mydyr etdi. Ol uly ogly bilen ulaghanany gyzyl dörjik edip agtardy. Burçda duran demir sandygyň düýbündäki paty-putularyň, demir bölekleriniň, ululy-kiçili nurbatlaryň içinden şol açarlar tapylaýdy. Maşynyň yzyndan ýokary göterilen ak tozan sabaşyp, onuň sudury gözden ýitensoň, ataly-ogul ýeňillik bilen dem aldylar. Emma olar özlerini etmişiniň üstünde tutulan ally ýazykly duýýardylar. «Pil ally maşyny beren kişi, gel-gel el ally zadyny alyp galarmy diýsene” diýip, bu ahwalata has-da keýpi uçan ata gahar bilen içini gepletdi. Soň bir gün işden gelip, ýassyk tirsekläp, çaýly çäýnegi öňüne ýaňy çekenem şoldy welin, onuň gulagyna maşynyň sesi eşidildi. . Ol ýerinden galyp, penjireden daşary seretdi. Maşynyň sesini uzakdan aňşyryp, eýýäm onuň ýanyna baryp ýetişen ogly Baýram bilen gürleşip durdy. - Indi näme gerekkä bi zaňňara-diýip, ol özüni habardar etmäge gelen oglunyň al petinden aldy. -Meni “Öýde ýok” diýäý, şoň ýüzüni göresim gelenok. Gaýta-gaýta gelip duran bu adamdan elli bizar oglan nähili bahana tapmalydygyny-da sorap durman, gelşi ally bökjekläp, daşary ylgap gitdi. Atasy bolsa, aýnaň perdesiniň bir gyrasyny çalaja serpip, ýüregedüşgüç siňek ally bu ýoknasyz kişä sataşan gününe öz ýanyndan nälet okap, ýola ogrynça seretmäge başlady. Oglan eljagazyny galgaşdyryp, çynaberimsizlik bilen bir zatlar aýdýardy. Baýram bolsa, hamana bir zatlar duýýan ally, inçemik boýnuny sozup, jaýyň penjiresine şübheli bakdy-da, maşyna mündi. «Indi senden dynaýdym öýdýän” diýip, öý eýesi öz hilesine hoşwagt bolup, edil üstünden daş aýrylan ally ýeňillik bilen dem aldy. Ol perdäni goýberdi-de, ýene goşa ýassygy tirsekläp, ýumşak düşekçäniň üstünde bir gapdala gyşardy, emma ynjalygy bolmady, gulagyny gerip, daşary diňirgendi. Henizem maşnyň sesi eşidilmeýärdi. Ol hasanaklap ýerinden turdy-da, perdäni galdyryp, daşary gözledi, maşyn şol öňki ýerinde butnaman durdy. Birden basmarlan howsaladan ýaňa öý eýesiniň ýüzi lap-lap gyzyp gitdi, saçlarynyň düýbi çygjardy. - Däde, ol-a seni gärmän gitjek dälmiş-diýip, ýigdekçe bu myhmanyň ýene gelendigine, her näçe diýilse-de, ugrap gidibermeýänine nätjegini bilmän, başga bir okuwçynyň eden garagollugy üçin jogap bermeli bolýan çaganyň mugallymyň öňünde durşy ally, aşak bakyp, tukatlyk bilen habar berdi. -“Näçe garaşmaly bolsa, garaşjak” diýýä... -Beýdişip bukdaklap ýörinçäňiz, çykaýsaňyz bolmadymy?-diýip, aýaly otaga girip gelşine igenç bilen arty. -Şu bolşuňyz uslypmydyr, goňşular näme diýer. Adamsy “Ts-s” edip, barmagyny dodagyna ýetirip, ümledi. Ýigdekçe ýene-de bu içgysgynç hem tukat ahwalatyň çözgüdiniň niçiksi tamamlanjakdygyna akyl ýetirip bilmän, daşary ylgady. Är-aýal aýnaň ýanyna baryp, bu hötjet adama syn kylmaga başladylar. Myhman juda jaýly görünýärdi, ol maşyna münüp, arkaýyn keýerjekläp otyrdy. Ýigdekçe bolsa bellenilip berlen ýeri hüşgär goraýan sakçy ally, maşynyň ýanynda durdy. Öý eýesiniň bir owurtlamaga ýetişmedik çaýy buza döndi, bir dişlemedik çöregi saçagyň üstünde ýatyrdy. Geldi myhmanyň ýanyna badabat çykmanyna, özüni öýde ýok diýdirenine ökünmäge başlady. Häzir çykaýmaly bolsa-da, bu kesir kişiniň garaşyp oturan tarapyndaky gapydan barmalydy. Ol juda gelşiksiz hem bioňaý ýagdaýa düşdi. Ahyry aýaly çykalga tapdy. - Ilerki goňşularyň haýadyndan aşyp, şolardan gelýän bol-da, çykaý. Özüne tarap ýetip gelýän öý eýesini goreninden Baýram çalasynlak bilen maşyndan düşüp, ýylgyrjaklap gulajyny giňden gerdi. Bu dymma kişiniň ýüzüne garap durmakdan iren oglan bolsa begenjinden ýaňa uçaýjak-uçaýjak bolýardy. Öý eýesi uzak garaşdyrany üçin uzur diläp, myhmany öýe çagyrdy. - Äý, ýok, men bir işlije geldim. -Onuň uçganaklaýan göreçlerinden çalaja ýylgyrjaklamasyndan many ogurlamak çetindi. Öý eýesi oňa şübheli garady: «Ýene bir bolgusyzlyk tapandyr” diýip, içini gepledip, dymdy. - Garry kakamlara bardym, täze maşynymy buşlamaga –diýip, ol şatlygyny paýlaşmaga gelen ally bolup, çalt-çalt gürledi. - Baý, begend-ä. «Gowy maşyn alypsyň”-diýdi. Seni tanaýan ekeni, «Atasy üýtgeşik kişidi”, diýdi. (Ol maşynyň yzyna tarap ýöneldi). - Halys goýmady, ýörite bakdym diýip, şü bag goýny söýünji goýberdi, saňa. Ol maşynyň yzyny açdy. Aýagy güýlen goýun kellesini galdyryp, ýere bökäýjek ally towsunjyrady. Öý eýesi häliden bäri kalbyny gorjalan samsyk şübhesinden utanyp, dym-gyzyl boldy, tas özüni ýitiripdi, her-nä, hawsalasyny basmarlady, myhman ýigidi garsa gujaklady. - Munça bolanyna görä, hezzetsiz gitseň ýaman gelşiksiz bor-diýip, ol halys çyny bilen aýtdy. | |
|
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |