08:51 Alny-bagtyñ bolsun! / hekaýa | |
ALNY-BAGTYŇ BOLSUN!
Hekaýalar
Gülşöhle jorasy Aýnurlara täze alan köýneklik matasyny hem-de oňa saljak ýakasyny görkezmäge gelipdi. Aýnur kimdir biriniň edip oturan işini gyrada goýdy-da, Gülşöhläni törde oturtmak bilen boldy. Gülşöhle Aýnurlara goňşy oturýardy. Aýnur tikin-çatyn bilen meşgul bolansoň oňa ýüz tutýanlaryňam yzy üzülenokdy. Joralaryň çaý başyndaky gürrüňleriniň örüsi giňäp gitdi. Bu mesawy gürrüňiň ahyry Gülşöhläniň durmuşyna syrygdy. - Düýn-öňňinlikde siziňkilere köne başlygyň ogly Hutdy üçin sawçy barypdyr diýdiler-le gyz. - Hemmeler ýaly, Aýnur hem Hudaýberdi atly oglanyň il içindäki ýörgünli adyny tutup gepledi. -- Şol dogrumy? - Dogry, gelseler gelipdirler-dä, ak geçiň owlagy däldir-ä olar?! Hutdy-ha, soňky wagtlar ýeke öýüň horazy ýaly, nirä gitsem öňümden çykyp ýören boldy-la, gyz. Ýylanyň ýigreneni narpyz, olam gel-gel onuň hininde gögärmiş. Atamdan aňry gitsin. Agzyna siňek gonduryp şören lellim diýerler oňa. Ýedi gapyda ýer tapmadyk, saman kelle. Sawçylarynyňam kowulmadyk ýeri ýok. - Onsoň siziňkiler nätdi? - Bolsa-da, birinji gezek ýüzleri alynman, göwünlerine degmänjik gaýtardylar. - Nädip? Hoş söz beripmi? - Ýok-la. Garry enem aýdýar, gyza gudaçylyga barlanda, düwünçekli barylýar. Baran ýerleri düwün¬çegi çalşyryp berseler, guda bolaýmaklarynyň ähtimaldygynyň alamaty diýýär. Eger düwünçegi çalşyrman yzyna berseler, onda guda bolunmajagyny aňladýar diýýär. Hawa, hawa, şunuň ýaly yrym bar. - Ol dogry, onsoň siz näme etdiňiz? - Aýnur gürrüňiň yzyny eşitmäge howlukdy. - Enem düwünçeklerini gelşi ýaly yzyna berip goýberipdir. Ýöne, olar bu yryma uly bir many bermeýän ýaly. “Biziň el çekdigimiz däldir, ýene geleris-de, ýene geleris” bolşup, turup gidipdirler. Öz-ä, ýediň enesi ýaly, öýlenjek ýigdiň ejesem sesine bat berip gepleýän aýallardan eken. Onuň sesini iki öý aňrydan hem eşidip oturmaly. Özüne aşa göwni ýetýänlerden bolmaly. Kakamyň ýanynda welin dil ýaryp bilemok. Garry enemdir ejeme heniz öz sulhum alýan ýigidime duşýançam, durmuşa çykjak däldigimi gürrüň berdim. Garry enemiň aýtmagyna görä, köne döwürlerde öýlenjek bolýan ýigide gyzyň tä durmuşa çykýança ýüzünem görmek bolmaýarmyşyn. Indi düýbünden başga döwür, başga zamana. Indi-hä, birek-biregi görmän-bilmän barýanam ýok, öýlenýänem. Käbälerimiň ikisem meniň tarapymda, olar öýde meniň iň ýakyn syrdaşlarym. “Arkaýynja bol, kakaň bilen özümiz gürleşeris, ýyllap garaşmalam bolsa garaşarys, elimiz bilenjik ykbalyňa sogan dogralmagyna ýol bermeris!” diýib-ä söz berdiler. Görmeli-dä! - Toba, estagpyralla, “Ýatanyň üstüne turan gelmesin”, adam ýaşap ýörse, her zady görjek.Hutdy nire, sen nire? - Hawa-la, gyz. Her kim öz deňini tapsa ýagşy. Iň ýamanam, näme diýsene, jora jan. Gelnejem sawçylara “Gülşöhläniň ýene iki ýyldan gowrak okuwam bardyr. Durmuşa cykansoň okuwyna-da gatnatmaly borsuňyz” diýip, olaryň bu baradaky pikirlerini bilmek isläpdir. Ýedi derýanyň suwuny içen, mekir, köpi gören hälki gaýyn boljak aýal gelnejeme näme jogap gaýtardy diýsene?! - Näme diýdi? - “Biziňkilerde heniz ýokary okuwly aýal ýokdur. Şonuň üçinem gelniň mundan soňky okuwyny dowam etdirmelimi-ýokmy, ony oglumyzyň özi çözer” diýip, agzyny-burnuny towlapdyr-da, ogluna meçew beripdir. Oglam hakyt “işli” meseläni ozaldan birýüzli edip goýan ýaly, temegini göge tutup:”Durmuşa çykansoň okuw gerek bolmaz. Öýüň işi -- biş-düş, tikin-çatyn, kir ýuwmak, içerini tämiz saklamak, myhman-meduwany gaýtarmak, garaz, bir süri iş bar“ diýdi. Hawa, hawa, hakyt şeýle dişdi. Men ony öz gulaklarym bilen eşitdim. - Onsoň, bi sahnaň soňy näme bilen gutardy, gyz? - Soňumy, soňy näme bilen gutarandyr öýdýäň?! Ejesem: “Meni işletmejek bolup, öýde oturjak gyz gözleýär bi. Maňa dözenok, şonuň üçinem oglum: “Meniň aljak gelnim gije-gündiz diňe seniň hyzmatyňda bolar. Men diňe seniň üçin öýlenýän” diýýär. “Balajygymyň ýüregi şolar ýaly ýuka. Ejeçil bi. Asyl mensiz saçak başyna-da geçmez” diýip, ejesem özüni şa zenanydyr öýdenok” diýdi. Gelnejemem gep alyp galmady.”Gaty düşbüje, akylly-başly ogluňyz bar eken. Ýöne okuwsyz gyz gözläp, gelmeli gapyňyzy ýalňyşypsyňyz. Biziň gyzymyz okar, ol hiç mahal, hiç kesiň aýdan-diýeni bilen okuwyny taşlamaz!” diýdi. -- Gelnejeň oňarypdyr. Dogru-da, ahyrynda olaryň ýüzüne gelip, kimdir biri hakykaty sözlemelem-ä. - Görseň, şonda-da hiç zat bolmadyk ýaly, ýogsam gelnejem oňa türkmençeläbem aýtdy ahyryn. Gaýta ol aýal: “Men gelmeli gapymy bilip gelendirin. Okuwly meseläni görübiris. Entek başyna ýaglyk daňyp, aldym bir edeliň!” diýip jogap gaýtardy. Şol arada, haýsydyr bir goňşusynyň durmuşyndan mysalam getiren boldy, gyz. Hamala, Togta atly duldegşir goňşusynyň täzelikde alan gelni gaýnynyň otur-turuna çydaman, günleri bir bolsa, dawalary ikimişin. Togta diýýänem ömür olar ýaly gelni dulunda saklajak aýallardan dälmişin. Bir aý geçip-geçmänkä, täze gelniň gülberini arkasyna daňypdyr. Çynmy-ýalanmy, eden toý çykdaýjylaryny yzyna alybam, hakyt gelniň paty-putusyny öňüne oklap, kowup goýberenmişin. Soňundanam „Ol, tüýs bagtygara, düşümsiz, nalajedeýin gelinlerden bolup çykdy, ilkinji baran ýerinde ýerlemedik gelin mundan beýläk ýedi ojagy düzlemese, meniňem zat bilmedigim. Daş edewersin, şular ýaly başyň belasyndan alla gorasyn!“ diýen bolýar.¬¬¬¬ Ýene-de bir zat aýtdy,¬ eýýämden goňşusy Togta¬¬¬¬ diýýäni başga bir ýeri bilen guda bolupmyşyn. --Bä, gaýyn boljak aýal bardyr-a, hakyt biziň teatrda artist bolup oýnap biljek aýal eken. Duranja bir zehin-laý. Ýogsam, ol gelin görgülide näme ýazyk bar, ýat ýeri bilen öwrenişmek üçinem gelin bolup baran gyza birneme wagt gerek bolar ahyryn. --Şony diýsene? “Wah, gyzyny terbiýä salybam bolsa bolardy welin, ýedi batman unuň hamyrmaýasy ýaly, bar belanyň körügi ejesinde bolmaly. Ol gyzyna baran ýeriňde “şeýt”, ”beýt” diýip bolar-bolmaz zatlary sargan bolmaly. Şol “a” diýse “a”, ”b” diýse-de “b” bolmalymyşyn” diýýär. - Bä, köp bilýän aýal eken-ow. Ýeri, ýene nämeleri gürrüň berdi? - Tüýs gepiň öýi. Onda gürrüň kän, hälem ähli aýdanlary ýadymda galmandyr. Agzyny ýerden tapan ýaly ýaňra eken, tä turýança hiç kese söz bermän, bir özi lakgyldap-lakgyldap, hemmäni agzyna bakdyryp gitdi. Özem eşitmedik nakyllaram agzyna gelip dur. “Adamym urmaz diýme, oglum siýmez diýme” diýendirler. Bir gezek adamym şapbat çaldy diýip utanman-uýalman, täze gelen gelin derhal ejesini çagyrdyp getirdipdir.Turdy uly-goh, turdy galmagal. Ana, şol wakadan soňam gelin-gaýnyň arasyna tow düşüpdir. Wah, öňde bir gelin: “Äriň är bolsa “Şa-a-rp!” edip ursa, “Şap!” edip ogşasa” diýmänmidir. Sähel-mähel zady ejeňe aýdyberseň, boljagyň şudur, asyl-asyl ýüküň uzaga gitmez” diýdi. Soňundanam “Şolar ýaly dikdüşdi gelin bize bir duçar etmesin” diýip, dilegler hem eden boldy. - Dikduş-dä, onuň özi eken. Hakyt “Gep gennede, bit jinnede” diýleni çyn boldy. - Ejem dagynyň başy aýlanyp gitdi, arasynda beýleki otaga geçip iki bölek dermanam atyp gitdi. - Wah, görgüli. - Men şu tetelli adamlara, durmuş bilen oýun etme, öz bagtyňa özüň badak atma diýesim gelýär. Bu pursatyň her bir adama ýeke gezek berilýändigine, onuň ikilenç gaýtalanmaýandygyna akyl ýetir diýesim gelýär-- diýip, Gülşöhle pessaý ses bilen mylakatly gepledi.-- Şonuň üçinem durmuş gurmak meselesinde ýedi ölçäp bir kesmeli. Ömürboýy ýaşaşjak ýanýoldaşyňy saýlamaga howlukmaly dälmikä diýýän. Ol egin-eşik täzelän ýalam däl ahyryn, baryp dükandan başgasyny alaýar ýaly. Barjak ýigidiňi hemme taraplaýyn synap görmeli. Onuň hüý-häsiýetine,akylyna-huşuna, oturyp-turşuna belet bolmaly. Ýogsam, Hydyr diýeniň hyrs çykybam dur. Hakyt “Aldap aldym gyzyňy, babaly görsün ýüzüňi” diýenlerine barýar. Gelin edinýänçäler-ä ýalbar-ýakar, soňundanam eşek deper edýärler. - Hakyt gül ýaly çagaly gelnini taşlan Öwezdurdy keliň öňüne düşenem ýene-de Hutdyň ejesimişin-dä. Ony boý ýigit diýip ýaňadandan öýermekçi bolupdyr. Iberen sawçysyna-da “Bu barada kimdir biriniň ýanynda myňk edäýseň, gaty görme” diýip berk tabşyrypdyr. Ahyrynda bar zadyň üsti açyldy oturyberdi. Temeni haltada saklap bolýamy näme? Öýi arkasynda, çemçesi bilinde diýilýäni, hiç bir işde mesgen tutan ýeri ýok, ykmanda. Şu bolşuna-da gödek, mysalasyny göreniňde, aňryň bärik gelýär. - Dogry aýdýaň, Gülşöhle. Saňa göwnüm ýetýär. Asyl menem saňa geňeş salyp, bagtyma ýetdim. Şükür, Rahat bilen ýaşaşyp ýörüs. Düşünişýäs, her bir işde arkalaşýas. Ikiň bir bolsa alynmajak gala-da ýok, bitmän galjak işde. Durmuşa çykjak her bir ulugyz seň ýaly pikir etse bolmaýamy? Şo mahalam Gülşöhläniň eline jaň geldi. Gülşöhle telefona garap: - Ejem jaň edýär. Ep-eslem eglenäýdim-dä - diýdi. Soňam telefony açyp: - Eje, bi senmi? Keýpinemi?--diýdi. - Gyzym, basym geleweri. Öýe sawçylar geldi. - Ýene Hutdylarmy, eje? - Ýok, ýok, başga ýerden? Öňküleriň hiç haýsysam däl. Eglenme, kakaňam ýetip gelýän diýdi. Özem olar gowy ýeriň adamlarydyr diýýär. Bylar öýlenjek oglanam ýanlary bilen alyp gelipdirler. Takdyryňda bar bolsa, çynar boýly, görk-görmegem hiç neneň däl, gözleri ýanyp dur. Akylly-başly ýigide meňzeýär. Gel, gör, belki... - Bolýa-la, eje. Ine, bardym. - Gülşöhläniň ýüzi gyzaryp gitdi. Aýnur jorasynyň halyny soramazdan, nämäniň-nämedigine bada-bat akyl ýetirdi. - Bar joram, bar. Ejeňi garaşdyrma. Alny-bagtyň açyk bolsun! - diýip, ony ýola saldy. Şondan soň Gülşöhle-de eglenmedi, ökjesine sabyn urlan ýaly, gyssandy. | |
|
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |