00:32 Alym şahyr hakda kelam agyz | |
ALYM ŞAHYR HAKDA KELAM AGYZ
Ýatlamalar
Alym şahyr Begmyrat Ussaýewiň türkmen şygyrýetinde hiç kimiňkä meňzemeýän öz owazy bardy. Göbek gany dag obasyna siňen şahyr öz şahyrlyk ykbalynda keremli daglara sygynýardy. Bu şygry men daga çykyp barýarkam Kötellerde dyza çöküp düzüpdim. Her daşyň ýüzünden bir sözün alyp, Bentlerimi depä çykyp düzetdim. Daglar hakda köp-köp goşgular okapdyk. Ýöne şahyrlyk bilen daglaryň arasyndaky berk baglanyşygy hakda şeýle filosofiki setirleri welin seýräk okapdyk. Bu setirler Begmyrat Ussaýewiň şahyr kalbyndan syzylyp çykan ýürek owazydy. Meniň üçin Begmyrat Ussaýew durmuşda ýakyn maslahatçydy hem mugallymdy. Men ony ilkinji gezek 1966-njy ýylyň tomsunda, onýyllyk mekdebi tamamlap, Aşgabada, uniwersitetiň türkmen filologiýasy bölümine giriş ekzamenlerini tabşyryp ýörkäm görüpdim. Oňa çenli men onuň adyny eşidipdim diýsem, ýalňyşdygym bolmagy ahmal. Ine-de giriş synagy gidip dur. Uly auditoriýa ümsümlik. Biz B.Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” romanyndan düzme ýazýardyk. Men romandaky gahryman Iwan Çernişowyň adyny Çernyşew diýip ýazdym. Gapdalymyzda aýlanyp ýören äýnekli ýaş mugallym meniň ýanymda saklanyp, ýazyp oturan kagyzyma seredip duran eken. Muny men kellämiň gyzgynyna duýmanam ekenim. Men onuň ýuwaşlyk bilen “Çernişew däl, Çernişow” diýenini eşidip galdym. Giriş synaglaryndan sag-aman geçip, biz okuwa başladyk. Ýöne weli özüme hemaýat eden adamyň kimligine göz ýetirip bilmeýärdim. Okuw başlanypdy. Günleriň birinde men ol mugallymyň Begmyrat Ussaýewdigini bilip galdym. Şeýdibem biziň şägirt-halypa gatnaşygymyz başlanypdy. Uniwersitetde okalan bäş ýylyň dowamynda atlary ýurdumyza belli alym mugallymlar okadypdy. Biz olardan tälim alypdyk. Professorlar Mäti Kösäýewiň, Ruhy Aliýewiň, Mämmetnazar Hydyrowyň, Gurban Sopyýewiň, edebiýatçy alymlar Öde Abdyllaýewiň, Halyl Kuliýewiň, Jora Allakowyň, Bäşim Şamyradowyn, Begmyrat Ussaýewiň... sapaklary bizi ylmyň belentliklerine çykarypdy. Halk döredijiliginden tälim berýän ak saçly mugallymymyz Hojaberdi Hanowy welin talyplaryn arzylamaýany ýokdy. Alym şahyr Begmyrat Ussaýew türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda uly yz galdyrdy. Alymyň türkmen edebiýatynyň läheňleri Hydyr Derýäýewiň, Nurberdy Pommanyň, Ruhy Alyýewiň, Çary Aşyrowyň, Aman Kekilowyň, Durdy Haldurdynyň, Ata Salyhyn we beýleki ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligi hakdaky makalalary dürli döwürlerde çap edilip, okyjylaryň dykgatyna hödürlenipdi. Şahyr Begmyrat Ussaýew Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden onuň şanyna ajaýyp goşgularynyň ençemesini döretdi. Durmuşyň dürli ugurlaryndaky düýpli özgeriliş türkmen edebiýatyna-da, sungatyna-da öz täsirini ýetirmelidi. Alym hökmünde Begmyrat Ussaýew bu babatda edebiýatymyzyň meseleleri hakynda ilkinji söz açanlaryn biri bolupdy. Ol edebiýatymyzyň öňde duran wezipeleri hakynda batyrgaý pikir ýöredipdi: “Biz şu güne çenli çeper edebiýaty öwrenenimizde “milli forma”, “sosialistik mazmun“ diýen düşünjeden ugur aldyk. Munuň özi köre-körlük bilen döredijilik metodyna edebiýat, edebiýat ylmyna aralaşdy. Meniň pikirimçe, žanrlar barada aýtsak, şygyrýetden beýlekileri milli forma däl ahyry. Aýdaly, dramaturgiýa, onuň görnüşleri türkmen edebiýaty üçin mahsus däldi. Realistik proza barada-da şony aýtmak bolar. Geçmişde dilden aýdylýan ertekiler, dessanlaryň kyssa bölümi bolaýmasa, proza ýokdy. Olar hem formalaşan realistik eser däldi. Geçen stalinçilik-ždanowçilik režiminiň höküm edýän döwründe tutuş edebiýatda “gözüniň ody alnanlar” az bolmady. Ol adamlar ýörite kararlara goşulyp, heläk edilýärdi. Türkmen ýazyjylary Hoja Şükürowyň, soňra Ata Gowşudowyň ykballary şoňa dogry gelipdi” diýip ýazypdy. Begmyrat Ussaýewiň edebi gözýetimi, edebi garaýyşlary, durmuşa we adamlara garaýşy baýdy we çuňdy. Ýazyjy-şahyrlar bu häsiýetleri üçin ony hormatlapdylar. Aýratynam ol türkmeniň meşhur ýazyjy-şahyrlary Hydyr Derýäýew, Nurberdi Pomma, Durdy Haldurdy... bilen saçakly gatnaşýardy.onuň bu ussatlar hakyndaky gyzykly gürrüňleri mende täsir galdyrýardy. “Hydyr aga ýörite taksi bilen dynç günleri ýanyma gelýärdi-diýip, bir gezek ol gürrüň beripdi: --Men içim gysanda ýanyňa geläýýän. Ýör, şol baýyrlara bir aýlanaly–diýip, biziň ilerimize – Howdan ýoluna meni alyp gidýärdi. Örän gyzykly gürrüňler berýärdi – diýip, Begmyrat Ussaýewiň aýdany ýadymda. Ýa-da başga bir gezekde ol Hydyr aganyň edebiýat meýdanyna nähili gelşi hakynda aýdypdy. Hydyr aganyň keýpiniň kök bolan çagy ýerinden towsun tutup, dürli dillerde aýdym aýdyşyny ýatlaýardy. Şol aýdymlaryň käbirini ýadyna salýardy: Çykdym beýik daglarga-da, Ak goýunly ýaglarga. Barça bizni saýlap aldy, Garşy çykgan ýollarda. Ih, bas gyzym, Apyba, Sin basmasaň, min basam. Siniň basgan ýerleriňne. Basmaý diýsem ming basam... Şu zatlaryň özi-de Hydyr aganyň näçe jebir-sütemlere, ýitgi- mahrumçylyklara, horluklara sezewar bolsa-da, uly umytlar bilen, ruhubeletlik bilen ýaşandygyny hem-de ýowuzlyklara hötde gelendigini, olary ýeňip geçendigini aňladýardy“ diýip, halypamyz aýdýardy. Begmyrat Ussaýewiň ussat terjimeçi şahyr Durdy Haldurdy bilen dostlukly gatnaşyklary hem aýratyn gürrüňe mynasyp. Olaryň bu gatnaşygy ata bilen oglun gatnaşyklaryna meňzeýärdi. Durdy Haldurdynyň Begmyrat Ussaýewe Ata Salyhyň basnýalarynyň nähili döreýşi hakda beren gürrüni-de gyzyklydyr: “Ata Salyhyň basnýalarynyň döreýşini aýdaýyn. Olary men oňa ýörite düşündirdim. “Atam, bizde gürrüň bilen aýdylýan basniýalar bar. Emma goşga geçirileni ýok. Şony sen edip biljek. Halk döredijiligini gowy bilýäň, ýatkeşligiň gowy. Il arasynda şeýle zatlary bilýan garrylaram kän. Sen şolardan diňläp, göwnüňe ýaranlaryny goşga geçir. Ol seniň döredijiligiň bolar diýdim“ – diýip, Durdy Haldurdyny ýatlaýardy. Elbetde, B.Ussaýew dünýäden öten öz dost ýazyja-şahyrlaryny hemişe gowlykda ýatlap, olary hatyralap bilýän alym adamdy. Onuň dürli döwürlerde halypa ýazyjy-şahyrlarymyz H.Derýäýew, D.Haldurdy, Pomma, R.Alyýew, Ç.Aşyrow, A.Kekilow, G.Seýitliýew, Baýram Gurbanow... hakdaky ylmy makalalaryny metbugatda okapdyk. Onuň edebiýat öwreniş ylmymyza uly goşant bolan “Edebi durmuşymyz”[1] atly kitabynyň ähmiýetiniň ýylba-ýyldan artýandygyny hem aýdalyň. Kitapda diňe bir türkmen ýazyjy-şahyrlarymyz däl, eýsem atlary dünýä edebiýatyna giren ussatlar hakynda gyzykly gürrüňler edilýär: M.Gorkiý, S.Wurgun, S.Mukanow, W.Maýakowskiý, M.Jelil... Alym şahyr B.Ussaýewiň köpgyraňly edebi döredijiligi, ylmy mirasy hakynda düýpli gürrüň etjek bolsaň, gürrüň kän. Ýöne çaklaňja bu ýazgymyzda onuň bu ugurda eden işleriniň käbiri hakda ýatlap geçdik. Onuň Türkmen döwlet uniwersitetinde işlän döwründäki mugallymçylyk ussatlygynyň özi hem aýratyn bir gürrüňe mynasypdyr. Halypa mugallymyň elinde okap, ony mähribanlyk bilen ýatlap ýören şägirtleriniň sany-sajagy ýok. Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň ortalarynda uniwersitetde okap ýören döwrümiz ýurdumyzda ilkinji gezek bu ýerde Magtymguly muzeýi açylypdy. Muzeýiň hem ilkinji ýardamçylarynyň biri mugallymymyz B.Ussaýewdi. Haçanda Gerkez obasynda şeýle muzeýiň döredilmelidigi hakynda gürrüň gozgalanda, professor Mäti Kösäýew bilen bilelikde Begmyrat Ussaýewiň hem köp wagtyny muzeýiň guramaçylyk işlerine sarp edip, täze muzeýiň beýik şaryň adyna mynasyp muzeý bolmagy üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmandygyny aýtmak gerek. Bu hem özbaşyna bir gürrüň. Ilhalar goşgulary, çuň we düýpli ylmy işleri bilen tanalan alym we şahyr, ussat mugallym, hoşgylaw adam Begmyrat Ussaýew aramyzdan juda ir gidenem bolsa, onuň ruhy keşbi biziň ýüreklerimizde ýaşamagyny dowam etdirýär. Allaýar ÇÜRIÝEW, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. "Edebiýat we sungat“ gazetiniň 2019-njy ýylyň 9-njy awgustyndaky sany. _______________________________________________ [1] "Edebi durmuşymyz" kitabyna girizilen makalalaryñ ählisini www.kitapcy.com saýtyndan okap bilersiñiz. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |