20:16 Alymyň "gussasy" | |
ALYMYÑ "GUSSASY"
Goşgular
![]() Asmanda gaýmagy arzuwlan ýigit Iki ganat ýasap guşuň perinden, Säher çagy ynam bilen bat alyp, Goýberdi özüni Eýfel diňinden... Ýigit bir bolşundan üýtgemän ýatyr, Mes topraga garyp gyzyl ganyny. Şol pursat gözüne äýnegin dakyp, Orta çykdy dünýäň uly alymy. Ol ýerdäki ganatlary aldy-da, Merhumyň halyna gyýylma derek Diýdi: "Bir metrden ganat bolmandyr, Iki metr edip görmeklik gerek''. 01.12.2018. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |