14:30 Aman Gulmämmedowa | |
AMAN GULMÄMMEDOWA
Goşgular
![]() Magtymguly bolup uruş ýyllary, Adamlara beripdiň sen teselli. Pähimli sözleriň ganat beripdi, Açylypdy dert ulaşan keselli. Magtymguly bolup ilkinji gezek, Döredipdiň howandary sahnada. Adamlar diýipdi saňa “Maşalla!”, Deňäpdiler sen ussady mähnede. Dogrudanam mähnetdiň sen sahnada, Sahnada däl, durmuşda-da şeýlediň. Hak nazary düşen, eý, eziz adam, “Halkym!” diýip, çyn ýürekden söýlediň. Otello, Korol Lir, Keýmir kör bolduň, Ýaşadyň sen adamlaryň kalbynda. Hem şäher häkimi, hem Allan aga... Kuwwat bardy aýdan sözüň zarbynda. Dagyň eteginde doglupdyň başda, Indem dagyň eteginde heýkeliň. Ir ertir, giç agşam düşse nazarym, Göwünlere ganat nurly şekiliň... 13.06.2024. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |