21:57 Amerikan çöllerinde osmanly legendasy: Hajy Aly ýa-da Hi Jolli | |
AMERIKAN ÇÖLLERINDE OSMANLY LEGENDASY: HAJY ALY ýa-da HI JOLLI
Taryhy şahslar
Hajy Aly heniz aýatda dirikä ol hakda san-sajaksyz hekaýatlar ýaýrapdy. Bu hekaýatlar onuñ 1902-nji ýylda aradan çykandan soñ rowaýatlara öwrüldi Ýañy dörän ýaş döwlet ABŞ çäklerini Günbatara we Gündogara bakan giñeltmäge synanyşýan wagtynda ýerleriñ kynçylykly şertleri birgiden bökdençlikleri döredipdi. 1846-njy ýylda bolup geçen Meksika urşy amerikan goşunynyñ çöl şertlerinde örän gowşakdygyny görkezdi. Goşun diýeniñ diñe üstüni dolduryp, ýetmezini ýetirip duranyñda güýçli bolýar, emma daş-damana we kötelli ýerlerde eşeklerdir atlar bilen ýük daşamak oñaýsyz metoddy. Arizona, Kaliforniýa, Newada, Ýuta, Kolorado ýaly täze ýerlere heniz aýak hem basylmandy. "Altyna hüjüm" döwresinde bolsa bu sebitiñ mülki müñlerçe amerikanyñ heläk bolmagyna sebäp bolup, ykdysadyýetde garaşylan netijäni bermändi. Transport kynçylygy düýpli howpsuzlyk problemasyny-da orta çykarypdy. Bandalar birýandan talañçylyk etse, birýandan indeýler akýagyzlary ýerlerine golaýlaşdyrmazlyk üçin güýçli gozgalañ turzupdylar. Indeýleriñ serdary Sitlliñ gizlin göreşi ähli goşun bölümlerini serhet ýakasyna çeken amerikanlar üçin içerki howpsuzlygy gözegçilik edip bolmaz ýaly ýagdaýa getiripdi. Bu problemany çözüp, merkezi häkimiýeti täzeden ýola goýup bilek ýeke-täk zat düýelerdi: "1854-nji ýylda amerikan goşunynyñ günorta-günbatar ştatlaryndaky transport, üpjünçilik we beýleki hyzmatlar üçin aýratynam düýelerden peýdalanmalydygyny aýdýan habarnama ýazypdy. Şeýle-de bu talabyny prezidente hat arkaly ýetiripdi. Hat şeýle soñlanýardy: "Gaýtalap aýdýaryn, harby we beýleki maksatlar üçin düýe we ýeke örküçli düýe ulanyljakdygy üçin garaşylýan artykmaçlyklara we üstünliklere ünsüñizi çekesim gelýär." Prezident Franklin Pirs haty okap, haýran galdy. Gaýta-gaýta okady. Hawa, uruş ministri düýe diýilýän geñsi jandaryñ, özem Amerika yklymynda heniz görülmedik haýwanyñ gürrüñini edýärdi. Gojaman amerikan goşunynyñ üstünligi düýelere galaýdymyka? Tapylan iñ soñky çykalga şumydy? Ol dessine uruş ministrini Ak tama çagyrdy. Dewis prezidentiñ gapysynda garaşyp durka meseläni nähili düşündirjegini pikir edýärdi. Ol düýeler hakda ep-esli maglumat toplapdy. Aýratynam Ýakyn Gündogarda bolan uruşlarda düýeleriñ ulanylmagt hemişe üstünlik getiripdi. Uly Amerika çölüniñ Saharadan näme tapawudy bar? - Aýt bakaly, Dewis, düýe meselesi nähili zat bolýar? Dewis ýuwdundy, söze nädip başlajagyny pikir etdi. - Hormatly prezident, taryhda ähli uly uruşlar hemişe haýwanlaryñ kömegi bilen gazanyldy. Mysal üçin beýik serkerde Gannibal rimlilere garşy pilleri ulandy. Könäniñ söweşjeñ arabalaryny atlar çekýärdi. Biziñ atalarymyz ümmülmez Amerikany atlar bilen eýelemedilermi? - Esasy gürrüñe gel, wagtym az. - Gepiñ keltesi, Günorta-günbatarda üstünlik gazanmagymyz we eýelän ýerlerimizde pozisiýamyzy berkitmek üçin bu haýwanlara mätäçligimiz duýulýar. - Diýmek, şugadar urşuñ we sowulan puluñ yzyndan işimizi ýola goýmak üçin günümiz düýelere galdymy? - Hakykatdanam şeýle, hormatly prezident. Özem iñ gysga wagtyñ dowamynda. Prezident mys-mys edip gülýärdi. Ol bialaç başyny egdi. - Nirden tapjak o düýeleri? - Hormatly prezident, meñ bir planym bar . - Göreli bakaly, näme bolýarmyş?" (Wural Ýigit "Hajy Aly Hi Jolli"). Gürrüñi edilýän çözgüt alys ýurtlara uzaýardy. ABŞ-nyñ derdine çäre yzy üzülmeýän uruşlaryñ we syýasy konflikleriñ arasynda dik durmaga jan edýän imperiýanyñ paýtagty Stambuldady. Aslynda amerikanlar türklerden öñ iñlislerden we fransuzlardan düýe bermegi haýyş edipdiler. Emma olar ýa-ha üns berilmedi ýa-da sowgat berlen düýeler gämä mündürilmänkä ölüp gidipdiler. Ýewropalylar öñki koloniýalaryny äwenokdylar ýa-da olara ýardam edesi gelenokdylar. Afrikada we Ýewropada aýlanmadyk şäher goýmadyk amerikan delegasiýasyna hiç kim düýe berenokdy. Delegasiýa ahyrsoñy 1855-nji ýylda Stambula geldi. Toparyñ bişowlygyna seretseñizläñ: Osmanly şol wagtlar Krym urşundady we Stambuldaky ähli düýeler Kryma sürlüpdi. Düýeleriñ äkidilişi / Surat: Petroleum Museum ABŞ-lylar ahyrsoñunda haýyşlaryny Soltan Abdylmejidiñ dykgatyna ýetirmegi başaranlarynda nesibeleri çüwdi. Soltan olaryñ soraýan düýelerini beripdir we dört düýäni-de hut öz adyndan sowgat edipdir. Düýe berlendiginiñ akty / Surat: Premýer-ministrligiñ Osmanly arhiwi Amerikanlar Izmir portunda düýeleri äkitmek üçin özlerine kömek edip biljek dost edindiler. Ine, Hajy Alynyñ kyssasy-da şeýdip başlaýar... Hajy Aly • ABŞ ýollarynda osmanly raýaty Jepbar aganyñ ogly Aly kerwen bilen Mekgä gidip haj parzyny berjaý edip gelendigi üçin Hajy Aly ady bilen tanalýardy. Siriýada doglandygy çak edilýän Hajy Alynyñ tutuş durmuşy düýelere örklenipdi. Hajy Aly osmanly goşunynyñ düýelere esewan etme we ýük urma işlerine seredýärdi. Ol Krym urşy ýaly birnäçe ýerlerde uly hyzmatlary edipdi. Hajy Alynyñ indiki etmeki işi hyýalbent amerikanlara düýe satyn almakdy. Bu söwdada Hajy Aly myhmanlara hem-ä sagdyn düýeleri alyp beripdir, hemem olaryñ aldanmalarynyñ öñüni alypdyr. Hajy Alynyñ ABŞ-na gidişini bolsa Wural Ýigit şeýle gürrüñ berýär: "Taýýarlyk işleri gutarandan soñ Porter we Harris söz berişleri ýaly Hajy Alyny-da öz ýanlary bilen äkitmelidi. Çünki hakykatdanam düýelere gowy düşünýän adamlar gerekdi. Şeýle-de ondan ýanyna 4-5 sany kömekçi almagy islediler. Aly muña eýýäm taýýarlyklydy, çünki özlerinden öñ gidenlerem özi ýola salypdy. Emma bu gezek özi-de gitmeli bolansoñ, ýanynda bolmaly adamlary öñünden özi saýlap goýup, olary Amerika gitmäge razy edipdi. Aslynda olar alty sanydy, aralarynda kimler ýokdy: Izmirde doglan asly rumly düýe çopany Ýorgo Karalambo. Ol soñra Amerikada "Grek Jorj" ady bilen tanalypdy. Ady bize öñdenem tanyş asly rumly lewantiýs Mimiko Tedora hem başyndan bäri bardy. Oña gysgaça "Miko" diýlipdir. Hajy Ýannako (Hajiatis Ýannako) hem gysgaça "Hajy Ýany" diýlipdir. Hor we uzyn boýly bolandygy üçin oña Amerikada "Long Tom" (Tom şilliñ) diýip at berlipdir. Anastasio Koralli (Tom kelte), Mikelo Georgios, Ýanni Ilato, Ýorgios Kosti saýlanyp alynan beýleki kömekçilerdi. • ABŞ-nyñ düýeli goşun bölümleri Amerikan goşunynyñ şeýle görnüşde guran "Düýeli goşun bölümleri" agyr uruş şertlerinde hem-de merkezi häkimiýetiñ berkidilmeginde möhüm rol oýnady. Hajy Aly köptaraply häsiýeti bilen bu geçen döwürde amerikanlar tarapyndan diýseñ gowy görüldi. Uruş gutaranda Alynyñ ähli egindeşleri ylla osmanly esgerine dönüpdi, emma Aly özüni Ýabany Günbataryñ howurly topraklaryna degişli hasaplaýardy. Amerikan hamhyýalyna özüni geregindenem artyk bagyş eden Hajy Aly kömür gazuw we altyn gözlegi işlerine-de girişipdi. Aly düýelerini şular ýaly kyn işlerde ulanyp, möhüm işleri etdi. Hajy Alynyñ düýeli goşun birligi Hajy Aly altyn tapmakdan zyýada altyn gözleýänlere gol-ganat bolmagy bilen meşhurlyk gazandy, çünki garakçylaryñ ýaýnap ýaşaýan ýurdunda Aly eli arassalygy bilen dillere dessan bolupdy. Hi Jolli ady bilen tanalan Hajy Aly ahyrsoñunda amerikan raýatlygyna geçip, Filip Tedro adyny aldy. 1880-nji ýylda Getridus atly meksikan gyzyna aşyk boldy we ep-esli galyñ töläp, ol gyzy özüne nikalap aldy. Hajy Aly dem-dynjyny alyp, ömrüniñ hezilini görüp ýörkä, amerikan goşuny oña ýene bir haýyş bilen ýüzlendi. Bu gezek didiwana mündürilen indeý Geranimonyñ özüdi. Osmanly raýaty bolan Hajy Aly Gerenimonyñ söbügine mündi. Gerenimo dogduk ýurduna wepaly gahryman apaçileriñ biridi we ol amerikan goşunyna garşy mertlerçe söweşýärdi. Gerenimo Hajy Aly bu tabşyrykdaky yzçylygyny artygy bilen ýerine ýetirenden soñ dürli ýerlere pytran we özüni öñünde bergili saýýan düýeleriniñ gözlegine çykdy. Aly düýeleriniñ yzyndan selpäp ýörşüne, aýaly ony taşlap gitdi. Hajy Alynyñ gözüne düýeden başga zat görünenokdy. Düýeler onuñ üçin aýalyndanam gymmatlydy. Ol çyr-çytyr bolup düýelerini gözleýärdi we olaryñ başyny jemlemäge synanyşýardy. Bu ýagdaý onuñ saglygynyñ peselmegine-de sebäp boldy. Ýetmiş üç ýaşly gojanyñ aklyndan azaşan ýaly amerikan çöllerinde düýe gözläp ýörşi halk arasynda birgiden rowaýatlaryñ döremegine getirdi. Hajy Aly heniz aýatda dirikä ol hakda san-sajaksyz hekaýatlar ýaýrapdy. Bu hekaýatlar onuñ 1902-nji ýylda aradan çykandan soñ rowaýatlara öwrüldi. Hajy Alynyñ iñ soñky düýesi 1946-njy ýylda Arizonada ele salyndy. Arizonalylar halk gahrymanyna öwrülen Hajy Alynyñ mazaryna 1934-nji ýylda ýadygärlik dikdi. Hajy Alynyñ mazary Her ýyl Hi Jolliniñ hormatyna geçirilýän dabaralarda Hajy Alynyñ ady ýat edilýär we mazarynyñ başyna ýatlanýar. *Giñişleýin öwrenmek isleýänler Wural Ýigidiñ "Hajy Aly Hi Jolli" makalasyny we professor Ibrahim Kalynyñ "Men, başgasy we beýlesi" ("Ben, Öteki ve Ötesi") kitabyny okap bilerler. Mehmet MAZLUM ÇELIK. Sişenbe, 29.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||