00:05 Antik Hindistanda din | |
ANTIK HINDISTANDA DIN
Taryhy makalalar
Gadymy Hindistanda agalyk sürýän din induizmdi. Indus dininiñ köklerini Weda döwrüne (arianlaryñ b.e.öñki 1500-nji ýyllarda Hindistany basyp almaga girişmegi bilen başlan döwür) çenli yzarlap bolýar. Hinduizmiñ uly dinleriñ iñ gadymysydygyna we Demirgazyk Hindistanda orta çykandygyna ynanylýar. Irki Ariana ýa-da Weda medeniýeti ariana bolmadyk medeniýetler bilen sepleşigi klassyky induizm diýilýän zat bilen netijelenen irki induizmdi. Antiki, klassyky we zamanabap hindi medeniýetiniñ indus düşünjesi bilen köp derejede şekillenendigini aýtmagyñ özi täsin. Ikisi-de mukaddes hindi ýazgylary bolan "Mahabharatanyñ" we "Ramaýananyñ" soñky müñýyllyklarda köp sanly edebi, çeper, sungat, saz eserleri ücin Hindistanyñ baş ylham çeşmesi hökmünde görüldi. Epiki döwür dürli garaýyşlaryñ we taglymatlaryñ hoşniýetliligi sebäpli hindi pelsepewi düşünjesinde altyn döwürleriñ biridi. Hindi medisinasynyñ iñ meşhur formasy bolan Aýurweda weda žresleri tarapyndan kämilleşdirilsi. Hindi jotişasy häzir Hindistanyñ iñ ýörgünli astrologiýasydyr. Dünýä belli meditasiýa sistemasy bolan ýoga hindi düşünjesiniñ aşakky sistemalarynyñ biridir. Induizm bilen birlikde gadymy Hindistandaky beýleki esasy dinler buddizm we jaýnizmdi. Buddizm häzirki Bihar ştatynyñ ýerleşýän Demirgazyk Hindistanynda ýüze çykypdyr. Budda öz ýaşan döwründe kän tarapdar toplapdyr. IX asyra çenli hindistanly tarapdarlaryñ sany ýüz millionlara ýetipdir. Gadymy Hindistanda birnäçe heterodoks (иноверие и инославие) dini sektalaram kemala geldi. Bularyñ birem Mahawiranyñ bäsdeşi Goşala Maskariputranyñ esaslandyran ajiwika sektasydy. Ajiwika karma (ýa-da "kamma") diýilýän ynanman, takdyryñ öñünden kesgitlenendigini we soñ üýtgedip bolmaýandygyny öñe sürüpdir. B.e.öñki VI asyrda Buddanyñ we Mahawiranyñ beýleki dini döwürdeşleri-de bardy. Şol döwrüñ ýene bir dini ündewçisi Pakuda Katýaýanady. Şol bir wagtyñ özünde ol ruhuñ ýagşylykdan we ýamanlykdan ýokardadygyny, şeýle-de onuñ üýtgewsizdigini we eldegrilmesizdiguni ündäpdir. Ol hemme zady ýedi topara bölüpdir, ýagny: soñsuz toprak, suw, ot, howa, keýp, gynanç, ruh. Buddanyñ başga bir döwürdeşi Ajita Kesakambala sözüñ doly manysynda materializmi ündäpdir. Ol o dünýä ynanmandyr we ölümi barça ruhlaryñ soñky pellesi hasaplapdyr. • Aşwamedha Ýagna Aşwamedha - at pidakärligi, "Ýajur-Wedada" detallaýyn beýan edilen weda dininiñ iñ möhüm patyşalyk rituallaryndan biri bolupdyr. Aşwamedha diñe bir patyşa tarapyndan dolandyrylyp bilinýärdi. Onuñ maksady häkimiýetiñ we ýeñişiñ gazanylmagy, goñşy etraplaryñ üstündäki agalyk we patyşalygyñ umumy asudalygydy. "Ramaýanada" beýan edilen dabara patyşanyñ ogullary bilen mukaddesleşmek maksady bilen ritualy amala aşyrmak isländigi üçin weda ýazgysyndan aýrylmakdy. Gurban ediljek atyñ 24 ýaşyndan uly, ýöne entek 100 ýaşamadyk kiçi aýgyr bolmagy gerekdi. Ata suw sepildi we baş ruhany gulagyna mantra pyşyrdady. Aty alyp goýan hemmeler däbe laýyklykda näletlendi we günäkärleriñ jezasyny alamatlandyrýan it öldürildi. At beýleki üç araba bilen birlikde ýalpyldawuk araba dakyldy we RW 1.6.1, 2 okaldy. At soñabaka suwa sürüldi we ýuwuldy. Mundan soñ baş melike we patyşanyñ beýleki iki aýaly ony ghi (durlanan günebakar ýagy) bilen sypap-sermedi. Şeýle-de atyñ başyny, boýnuny, guýrugyny altyn bilen bezediler. Mundan soñ at buýnuzsyz geçi, wagşy öküz, oduñ golaýyndaky gurban gazyklaryna duşaldy we ýene on ýedi haýwan ata dañyldy. Rawylaryñ biriniñ aýtmagyna görä, hem eldeki, hem ýabany köp sanly haýwan beýleki gazyklara dañlypdyr, jemi 609 haýwan. Baş melike däbe eýerip, patyşanyñ beýkeki aýallaryny rehim etmäge çagyrýar. Melikeler atyñ maslygynyñ daşynda mantralar okap ýöräpdir. Baş melike soñabaka öli at bilen jübütleşen ýaly hereket etmäge mejbur bolansoñ, beýkeki melikeler däbe eýerip, seksual meýillerini agzapdyrlar. Ertesi irden ruhanylar melikäni gijesini at bilen geçiren ýerinden aýyrdy. Ýüz altyn-kümüşli, bürünç iññeli üç melike atyñ endamyndaky çyzyklara yşarat etdi. At böleklendi we eti gowruldy. Eti hudaýlara dürli bölekler görnüşinde berildi. Indi bolsa eposda aýdylyşyna gaýdyp geleliñ: "Bize berilen ýazga görä, melikäniñ tutuş gijesini at bilen geçirmändigi anyklanan ylmy seljerme orta atyldy. Medisina taýdan at bile bile süýndi we üsti biýz mata bilen örtüldi. Şol pursat onuñ simwoliki taýdan at bilen birleşendigi aýdylýardy. Jübütleşmegi we önelgeliligi pikirlendiren käbir sözler onuñ we öli atyñ üstünde edildi". Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy / @atasevenoffica Şenbe, 27.08.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |