14:00 Rim hukugyna laýyklykda jynsy çygyrdaky jenaýatlar | |
RIM HUKUGYNA LAÝYKLYKDA JYNSY ÇYGYRDAKY JENAÝATLAR
Taryhy makalalar
Rim hukugy gadymy rim durmuşynyñ hemme ugruna ornaşan başly-barat ulgam bolup, bu ulgamyñ jynsy çygyrdaky jenaýatlara çemeleşmesi taryhy taýdanam, hukuk taýdan möhüm ähmiýete eýe meseledir. Bu başly-barat kanuny çarçuwanyñ çäginde jynsy etmişler şol wagtyñ agalyk sürýän sosial normalaryny we jynsyýet rollaryny orta atyp biljek görnüşde kesgitlendi we üstünde durlup geçildi. Rim hukugyna laýyklykda jynsy çygyrdaky jenaýatlar zynadan gullara garşy edilen jenaýatlara çenli giñ temadaky etmişleri öz içine alýardy. Jezalar munuñ bilen baglanyşykly adamlaryñ ýagdaýyna, jemgyýetde tutýan ornuna görä üýtgäpdur. Senzuraçylar ýaly kanuny hökmürowanlar düzgün bozulmalary jezalandyrmaga bolan ygtyýarlyklary arkaly ahlak tertibini goramakda möhüm rol oýnapdyr. Respublika we imperiýa döwürlerine degişli hukuk tekstleri jynsy zorluk boýunça kanunlaryñ kämilleşme prosesine we bu kanunlaryñ goranmak üçin işläp düzen has giñiş jemgyýetçilik gymmatlyklary barada maglumatlary berýär. Gadymy Rimiñ hukuk sistemasy Günbatar hukugynyñ binýadyny tutdy. Ýüzlerçe ýylyñ dowamynda ösdi, jemgyýetçilik üýtgeşmelere we başly-barat dolandyryş apparatynyñ bildirýän talaplaryna uýgunlaşdy. Respublika döwründe Rim hukuhynyñ ilkinji kanunylaşdyrylmagy ýagdaýyna gelen we has sistemaly hukuk düzgünine geçişiñ signalyny beren "On iki tabel" ýazyldy. Rim imperiýa döwrüne geçende hukuk hukyk düzgünlerini şekillendirýän imperatorlar we hukukçylaryñ ugrukdyrmagy bilen hasam baýlaşypdyr. Hukyk indi diñe ýokary gatlaklaryñ ygtyýarlygynda bolman, jemgyýetçilik dolandyryşy üçin has giñ gurşawly apparata öwrülipdir. Hukuk ýazgylarynyñ giñişleýin ýygyndysy bolan "Diges", kanunlaryñ we konsepsiýalryñ ýygyndysy bolan "Kodeks" hem-de hukuk gollanmasy institutlar bilen birlikde "Corpus Juris Civilis" («Свод Юстиниана» или «Кодификация Юстиниана») diýilýän giñ gurşawly kanun taýýarlanypdyr. VI asyrda imperator Ýustinianyñ görkezmesi bilen işlenip düzülen bu memorial iş ýüzlerçe ýyllap dowam eden hukuk düşünjesini we düzgünlerini berkitmegi hem-de derñemegi maksat edinipdir. Rim hukugy zamanabap hukuk kadalarynyñ binýadyny düzüän düşünjeleri bilen dünýä derejesinde san-sajaksyz hukuk sistemasyna täsirini ýetiripdir. Rim hukugynyñ prosesi we gurluşy medeniýetiñ hukuk taryhynyñ üstündäki düýpli täsiriniñ güýçli subutnamasy bolmagynda galýar. Rim hukugynyñ binýady, ýazuw kanunlary, hukuk salgylanmalary we ylmy düşündirişler bilen birlikde dürli çeşmelerden dokalan garym-gatym dokma önümi ýaly bir zat. Wagtyñ geçmegi bilen grek pelsepesinden taglymlar alyp, täze orta çykan hukuk düşünjeleri bilen agalyk sürýän jemgyýetçilik normalarynyñ arasynda baý täsirlenmedigini orta goýupdyr. Rim hukugy ilkibaşda ýazuw kanunlaryndan hem-de öñden bäri dowam edip gelýän düzgünlerden düzülipdir. B.e.öñki 450-nji ýyllarda ýazylan "On iki tabel" Rim kanunlarynyñ iñ köne kodifikasiýalarynyñ biri bolup hyzmat edipdir. Kodlanan kanunlar bilen ýörelgeleriñ ýa-da "mos maiorum" arasyndaky bu bölünişik Rim hukuk ýörepgeleri we raýatlaryñ hak-hukuklaryna ugur kesgitländigi üçin aýgytlaýjy ähmiýete eýedi. Wagtyñ geçmegi bilen hukuk ýygyndysyna has köp goşant goşan täze düzedişler we praetorian permanlar çykarylypdyr. Alymlar tarapyndan taýýarlanan hukuk tekstleri Rim hukuk düzgünleriniñ formulirlenmeginde möhüm rol oýnapdyr. Bu awtorlaryñ arasynda iñ esasylary tekstleri bilen hukugyñ hemmelere düşnükli bolmagyna we ýerine ýetirilmegine sistematiki çemeleşme geyiren Gaý bilen Ulpian bolupdyr. Gaýyñ institutlary proseduralary detallaýyn düşündirýän gözýetimiñi giñeldij8 hukuk edebiýatynyñ ajaýyp nusgasydyr. Başga bir täsirli hukukçy Paulýus bolsa hukuk teoriýalarynyñ ösüşine köp derejede goşant goşupdyr. Olaryñ ýazgylary geljekki nesil rimli hukukçylara görkezme bermek we ýol görkeziji bolmak üçin ulanylypdyr. Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy / @atasevenoffica Duşenbe, 19.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |