16:55 Gadymy Ysraýyl Federasiýasy: Palestin konflikti | |
GADYMY YSRAÝYL FEDERASIÝASY: PALESTIN KONFLIKTI
Taryhy makalalar
Gadymy Ýakyn Gündogar halkasynda orta çykan ýene bir mesele-de, ýehowaçylygyñ goldanýan binýady we bu binýadyñ nämeleri öz içine alýandygy meselesidir. Arhaiki amoreý medeniýetiniñ pajarlap ösen irki döwürlerinde ýeke Ýehowanyñ gürrüñini etmek kyn bolşy ýaly, bu medeniýetiñ ynanç meselelerinde nähili nusgalyk rol oýnandygyny diñe b.e.öñki VII asyra gelinende düşünmek mümkin. Syýasy güýjüni heniz Ýakyn Gündogar geografiýasynyñ içinde görkezmegi o diýen mümkin däl Ysraýylyñ ýehowaçylyk bilen birlikde agramyny bildirendigini aýtmak gutulgysyz netijedir. "Ýeşu", "Häkimler" kitaplary b.e.öñki 642-609-njy ýyllarda höküm süren soñky jöhit patyşasynyñ golastynda ýa-da şondan soñ toplanan hakykaty göz öñüne tutulanda, bu kitaplaryñ aslynda örän irki döwürlerden bäri dowam edip gelen medeniýetleriñ ýeke elde üýşürilmeginden başga zat däldir. Bu eserler gürrüñsiz kengan halkynyñ gazanan ýeñişlerinden, gadymyýetinden we artykmaçlyklaryndan söz açmak bilen birlikde, aslynda belli bir derejede ilkinji ýehowaçylaryñ warwarçylykly görnüşde suratlandyrylan obrazlary-da diýseñ ünsüñi çekýär. Aslynda doly manysynda guramaçylygy bolmadyk ysraýyl goşunynyñ hakykatdanam o diýen güýçli bolmandygy ýygy-ýygydan ýañzydylýar. Ýehowaçylyga garşy görnetin alnyp barylan agressiw çykyşlaryñ ýanynda bu çykyşlary edenleriñ golastyndaky Kengan ýurdunyñ giñligi az hasaplap bolmajak derejede giñ eken. Içerki syýasatda bulam-bujarlygy başdan geçirýän ysraýyl goşunyna bu gysaçdan çykmagy üçin ep-esli wagt gerekdi. Örän irki döwürlerdäki gadym çykyşlaryñ temasy bolan bu kitaplarda goralandygyny aýtmak gerek, bulam öz gezeginde bu çykyşlary ymykly tassyklaýar. Gadym medeniýeti öz içine siñdiren, emma oña bary-ýogy 400 ýyldan gowrak paýtagtlyk eden Ierusalimiñ ysraýyl tarapdarlary-da jedelli meseledir. Ierusalimiñ ysraýyl täsiriniñ bardygyna garamazdan, Ýebusi milliliginiñ has agdyklyk edýändigini aç-açan aýtmak gerek, diñe şulam onuñ Dawut bilen arabaglanyşygynyñ iñ bärkije subutnamalarynyñ biridir. Amoreýleriñ oturymly ýaşaýan ýerlerinde ysraýyl täsirini görüp bolýanam bolsa, günorta kenarlarda palestin hökmürowanlygynyñ bardygy diýseñ ünsüñi çekýär. Dawut Giçki bürünç eýýamynda, ýagny, ilkinji ysraýyl diasporasynyñ orta çykmagy bilen birlikde Dawudyñ döwründe uly şäherlerde ýehowaçy dälleriñ ýaşandygyny aýtmak gerek. Federasiýa öwrülen Ysraýylyñ bulara her dürli ýowuz basyşlary edip, ýer-ýurtlaryndan çykaranam bolsa, anti-ýehowaçylaryñ täsiri gürrüñsiz dowam edýärdi. Dawudyñ agalyk süren döwründe bu ýerler basylyp alyndy we patyşalygyñ düzümine birikdirildi. Süleýmanyñ döwründe bu syýasat dowam edip, taýpa jemgyýetlerini ýok etmäge gönükdirilen işler alnyp baryldy we ähli arabaglanyşyklary kesilmäge synanyşyldy. Süleýman Merkezi häkimiýetiñ kemala gelmegi bilen hökümet güýçleriniñ monarhiýa gurluşy mukaddes döwlet ynanjy bilen absolýutlyk gazanýardy. Şondan owallaram ynanç kultlary bilen jemgyýetçilik serenjam bermeler geçirilip, merkezi häkimiýetiñ bu ynançlaryñ ýany bilen syýasy taýdan birnäçe bähbitleri-de özi bilen bile getiripdi. Guramaçylykly gurluşy bilen monarhiýa üýtgeşmeleri aslynda jemgyýetçilik düzgünini düýbünden sarsdyrýardy. Halk mukaddesleşdirilen ähli elementleriñ syýasylaşýandygyny duýýardy we birnäçe däp-dessurlar terk edilýärdi. Absolýut häkimiýet gurup, monarhiýany döretmek isleýän häkimiýet şular ýaly çarkandakly döwürde Isra-Ýehowa gurluşy bilen täze hökümet gurdy. Äht sandygy Merkeziýetçi häkimiýet hökmünde agzalsa-da, aslynda ýehowaçy döwlet gurluşy bilen öñe saýlanan Ysraýyl imperiýasy öz binýadynda mukaddeslige eýe "Äht sandygyny" palestin goşuny bilen girişen söweşinden soñ ýitirmegi geljekde düýpli dargamalaryñ boljakdygyny añladýardy (Ebenezer söweşi, b.e.öñki 1050-nji ýyl). Bu dargamalar bilen birlikse ilkinji ýehowaçylyk taglymynyñ beýan edilýän ybadathanasy-da ýer bilen ýegsan edilipdi. Ýeremýa pygamber bu waka hakda 400 ýyl soñ gürrüñ edipdir. Palestinalylaryñ beýle ýowuz we berk garpyşyklary netijesinde ömïrlerini şindizem Ysraýylyñ obalarynda dowam etdirmekleri olaryñ bu döwletiñ üstünde agalyk sürmek maksatlarynyñ bardygyny görkezýär. Ýehowaçylygyñ Gadymy Ýakyn Gündogaryñ üstündäki berk basyşy häkimiýet formasyny-da şekillendirýär. Şeýle-de bu ynanja laýyklykda merkezi hökümetem gurlup gidiberenokdy. Harby taýdan pesligiñ düýp netijeleriniñ biride, Ysraýylyñ obalarynyñ üstüne ýygy-ýygydan çozulyp durulmagydyr. Gadymy Ysraýylyñ obalalarynda palestinalylara degişli yzlary görmegiñ özi olaryñ täsirleriniñ juda ýiti bolandygyna şaýatlyk edýär. Ebenezer söweşiniñ Ýakyn Gündogardaky netijeleri şindizem dowam etmek bilen birlikde, palestinalylaryñ merkezi welaýatlara çozmaga taýýarlyk görmekleri-de aýratyn öwrenilmäge degişli başga temadyr. Äht sandygy Äht sandygy: Islendik köp sanly gadymy jemgyýetde mukaddesleşdirilen fiziki närseleri görmek bolýar. Gelip çykyşy boýunça bular ýaly däbiñ ilkinji gezek haçan orta çykandygy babatda anyk maglumatlarymyz bolmasa-da, köp çeşme Gadymy Müsürde Tutanhamonyñ döwrüne yşarat edýär. Tutanhamonyñ sandygyna meñzeş bir sandygy öz içine alýan arhaiki çeşmelere görä ysraýyl sandygy Sinaý ähdiniñ plitalaryny saklamak maksady bilen ulanylypdyr. Ierusalime getirilenden soñ Ýehowanyñ tagty hasaplansa, soñky döwürlerde Hudaýyñ tagty hökmünde görlüpdir. Aşdod şäheri - Garahassa döwri Ýehowaçy Ysraýyl döwleti üçin juda möhüm saýylýan bu sandygyñ palestinalylar tarapyndan ele salynmagy Aşdod şäherine getirilip, Amoreý hudaýy bolan we ybadat edilmäge mynasyp hasaplanan Hudaý Dagonyñ adyna berilipdir. Palestinalylaryñ ýehowa ynanjyna garşy amoreý däpledjni dowam etdirmekleri Ýakyn Gündogaryñ gözünde diýseñ üna bererlikli meseledir. Biziñ günlerimize ýüzlenmeli bolsa, bu ýagdaý şindizem öñküsi ýaly dowam edýär. Hudaý Dagon Ebenezer söweşinde agyr ýeñlişe uçran Ysraýyl Federasiýasy bu şowsuzlygyny nämä baglaýandygy belli däl, emma palestinalylaryñ ýaýylmagynyñ öñüni alandygyny aýtmak juda kyndyr. "Äht sandygy" Ysraýyl federasiýasy üçin örän gymmatly orun eýeleýän mesele bolmak bilen birlikde, halkyñ bu sandygyñ soñky ykbaly hakyndaky ikirjiñlenmeleri häkimiýete bolan howpsuzlygy-da ýer bilen ýegsan eden bolmaly, sebäp halk özüni özi gorap bilmeýän döwletiñ golastynda ýaşamaga çekinipdir. Bu düşündirişler Gadymy Ýakyn Gündogaryñ çäginde özüne ýer edinen wagty, bu federasiýanyñ ýehowaçylykdan aýrylyp doly monarhiýa gurluşyna geçmegine-de esas bolmandy. Samueliñ durnukly agalygy ýehowaçylygyñ ömrüni uzaldan sebäp hökmünde görülýärdi. Samuel Ebenezer heläkçiliginden soñ ýazan we doly manysynda beýan etmese-de "Tesniýe-32"-ni orya atmagy o diýen many bermeýärdi. Eýse, Gadymy Ysraýyl Federasiýasynyñ geljekki döwürlerdäki režimi haýsy ugura gönükmelidi we ýehowaçylygyñ täsiri biziñ günlerimize nähili we haýsy formada gelip ýetjekdi... Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy / @atasevenoffica Şenbe, 30.10.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |