02:19 Wikingler Daniýada | |
WIKINGLER DANIÝADA
Taryhy makalalar
Daniýanyñ uzak we jadylaýjy taryhy wikingler döwründenem irki döwürlere uzaýar. Ilkinji çeşmeler Daniýanyñ X asyrdan öñ Ýewropanyñ beýleki ýerleriniñ çozuşlaryndan, talañçylykly ýörişlerinden we ahyrynda basylyp alynandan soñ wiking siwilizasiýasynyñ merkezlerinden biri bolandygyny görkezýär. VIII-XI asyrlarda Daniýada wikingler diýilýän kowum höküm sürdi. Orta asyrlarda Kopengagen Daniýanyñ, Norwegiýanyñ, Şwesiýanyñ, üç demirgazyk patyşalygynyñ bileleşigi Kalmaryñ paýtagty boldy. XVI asyra çenli Şwesiýa Daniýa korollygynyñ hökümdarlygy astyndady. 1506-njy ýylda Şwesiýa bilen bolup geçen uruş (Orta asyr döwründe iki ýurduñ arasynda köpüsinden biri) turdy. 1513-nji ýylda Şwesiýa Daniýadan bölünip aýryldy. Reformalar Daniýanyñ dini ynançlarynda aýrylmaz rol oýnady. XVI asyrda bolup geçen graždanlyk uruşy Jon Ransaunyñ ýolbaşçylygyndaky lýuterçileriñ öñbaşçylygynda katolik sektasyndan täsirlenen Lýubek goşunynyñ ýeñilmegine getirdi we Daniýa lýuteran agyrylykly döwlete öwrüldi. Daniýanyñ XVI-XIX asyrlardaky taryhynyñ köpüsi uruşlar bilen doly. Bularyñam köpüsi ösüp-özgerip duran Baltika deñzine has köp eýelik etmek üçin şwed goşunlaryna garşy bolan uruşlardyr. Napoleonyñ uruşlary XIX asyrda Daniýanyñ kenarlaryna çenli geldi we ahyrynda iñlis goşunynyñ 1805-nji ýylda Daniýanyñ harby-deñiz güýçlerini ýeñmegine getirdi. Daniýa XIX asyrda monarhiýa güýçleriniñ dargaýşyny-da başdan geçirdi. 1840-njy ýyla gelinende bir mahallar güývli monarhiýa yoldanýan ýurduñ içinde täze konstitusiýa kabul edilmegine getiren ýerli öz-özüñi dolandyryş ulgamy girizilipdi. Feodal geçmişine garamazdan Daniýa Birinji we ikinji jahan uruşlarynda bitarap pozisiýasyny saklanyny gowy gördi. Ikinji jahan uruşynda Germaniýa Daniýanyñ Baltikadaky pozisiýasyny nasistleriñ üstünligi üçin möhüm artykmaçlyk hökmünde gördi we ýurdy basyp alyp, 1040-1945-nji ýyllarda golastynda saklady. Uruşyñ yzyndan Daniýa güýçli oba hojalygynyñ we söwda gatnaşyklarynyñ netijesi hökmünde ilkibada uly ykdysady ösüş döwrüni başdan geçirdi. Öñegidişlik ýetmişinji ýyllaryñ ahyrynda işsizligiñ artmagy we çaltlyk bilen ulalýan inflýasiýa bilen togtady. Häzir Daniýanyñ industriýasy "ýaşyl" maksatnamalary bilen tanalýar bu asylly iş bilen ol ýaşyl hereketiñ başyny çekýär. Daniýanyñ wikingler taryhy Laýre Ylmy merkezinde (Slangealleen 2, Lejre 4320, Daniýa) ýa-da Roskildäniñ Wiking Gämi muzeýinde (Vindebader 12, Roskilde etraby, Daniýa) öwrenilip bilner. Kopengagendäki Döwlet muzeýi (Ny Vestergade 10, 1471 Kopenhag) Daniýanyñ baý taryhyny ýüze çykarmak üçin ajaýyp destinasiýadyr. Wikinglerden bölünip aýrylandygyna garamazdan Daniýanyñ meşhur geçmişiniñ aýdyñ ýatlamalaryndan doly manzarasy bar. Wiking döwründen galan gämiler, janly muzeýler, taryhy ýadygärlimler öwrenilmegine garaşýar. Şeýle-de, biziñ döwrümiziñ daniýalylary ata-babalary ýaly däl... Ýerli halk ýuwaş, ýöne myhmansöýüji, dost-ýarlary we maşgalasy bilen bilen işjeñ sosial durmuşyñ mazasyny görüp bilýär. Daniýada adamlar göwnaçyk, salamlaşmalar mähirli, ýakyn dost-ýarlar görüşenlerinde hemişe biri-birlerini ýitirip tapan ýaly gujaklaşyp görüşýär. Ýatlanmaly ýene bir zadam daniýalylaryñ punktuallygyna buýsanýandyklary we muña garşylyklaýyn edil şonuñ ýaly jogaba garaşýandyklarydyr. Daniýalylaryñ dilinde köplenç "haýyş edýärin" sözi ulanylmaýar, şonuñ üçinem ýerlileriñ köpüsi iñlis dilinde gürlände ony sözüniñ içinde ulanman geçjek bolýar. Turistler muña gödeklik däl-de, ýönekeýje seresapsyzlyk diýip düşünmeli. Sebäp daniýalylar gödek däl, gaýtam kese ýerlileriñ ýanynda öz ene dillerinde gürlemeýändigi üçin utanjañ hereket edýärler. Ýerli halkyñ "jenap", "hanym" ýaly beýleki sypaýy ýüzlenmeleri-de ýatdan çykarýandygy köp duş gelýän ýagdaý. Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy / @atasevenoffica Ýekşenbe, 03.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||