08:51 Gadymy Günbatar türklere garşy Wizantiýany nämüçin goldamady? | |
GADYMY GÜNBATAR TÜRKLERE GARŞY WIZANTIÝANY NÄMÜÇIN GOLDAMADY?
Taryhy makalalar
Birinji haçly ýörişi Günbatar bilen wizantiýalylaryñ arasynda belli bir derejedäki tebigy duşmançylyk hemişe bolup gelipdir. Olar hristianlygyñ dürli mezheplerine uýýardylar we şonuñ üçinem biri-birlerini dinden çykan kapyr ýa-da musulmanlara garanda az-owlak gowy hasaplaýardylar. Günbatar kiçi ölçegli söwda dolanşygyna eýedi we geografiki ýerleşişi taýdan günbatarly söwdagärleri talap edilýän tölegleri tölemäge mejbur edýän (ýa-da Bosfor bogazyndan gizlinlik bilen girmäge synanyşýan) wizantiýalylar bilen aç-açan bäsleşýärdi. Şeýle-de bolsa, 1095-nji ýylyñ mart aýynda gatnaşyklar mazaly gyzyşdy we wizantiýalylar Günbatardan kömek sorajak derejede bialaç galdylar. Muny hakynatutma esgerleriñ seljuklylara garşy kömek soramagy üçin kiçijik haýyş hökmünde görmek ýalñyş bolmaz. Papa Urban II Emma Rim papasy Urban II-niñ kellesinde has başgarak etsem-petsem bardy: Ol Klermon gurultaýyny geçirdi we onda musulmanlara garşy wizantiýalylara kömek etmegiñ hristian ahlak borjudygyny öñe sürdi. Muny hepdäniñ iş günlerinden başga wagt hristianlara garşy uruş uglan etmegi gadagan edýän perman bilen tassyklap, Katolik sebitdäki ruhanylar tarapyndan paýlanan we halka sesli okalyp berlen tolgundyryjy nutugyny eşitdirdi. Añyrsy-bärsi iku asyra çeken we ironiki ýagdaýda Wizantiýa imperiýasyna urlan zarbanyñ başyny çeken haçly ýörişleriñ başlanýandygy yglan edilipdi. Haçly ýörişleriñ (birinjisi) hakykatdanam Wizantiýa imperiýasyndan belli bir derejede ýük alandygyny we Wizantiýa imperiýasynyñ ykbaly üçin "gutulgysyzlygy" gijikdirendini aýtmaly. Çak urmaly bolsa, eger wenesiýalylar dördünji haçly ýörişini sypdyryp, Konstantinopoly talamagyna sebäp bolmadyk bolanlygynda, Wizantiýa imperiýasynyñ päsgel berme mümkinçiligi bardy. Emma haçly ýörişleriñ biri-de bolnadyk bolsa, Wizantiýa imperiýasynyñ ahyrynda ýykyljagyna şek-şübhe bolup bilmezdi. Wenesiýalylar dördünji haçly ýörişini "sypdyrmady" we goşun bermek üçjn kuwwatly flotiliýa düzenden soñ wada berlen tölegleri-de tölemändi. Olar Konstantinopolyñ ýany bilen ýolugra köp sanly portlary talap, olja edindiler. Munuñ özi Rim papasy bilen Wenesiýanyñ arasyndaky düýpli duşmançylygyñ bardygynyñ aç-açan subutnamasy hasaplanýardy. Dördünji haçly ýörişiñ Konstantinopolyñ 1204-nji ýylda aglabasy wenesiýalylardan ybarat goşun bölümleri tarapyndan eýelenmegi bilen gutarandygyny ýatdan çykarmaly däl. Bu ýagdaý latynlar bilen wizantiýalylaryñ arasynda uzak wagta çeken urşa getirenem bolsa, ahyrynda Konstantinopoly 1261-nji ýylda yzyna gaýdyp aldy, emma imperiýa öñki ýerleriniñ barsyny we baýlygyny gaýdyp alyp bilmedi. Türk howpy bilen ýüzbe-ýüz bolup galan Wizantiýa Latyn buthanasy bilen birleşip Rimiñ ýardamyny almaga synanyşdy. Emma prawoslaw buthanalary 1439-njy ýylda Ferrafa-Florensiýa geñeşi wagtynda latyn dilinse "Laetentur coeli" bileleşigine gol çekenem bolsalar, bu bileleşik umuman ruhanylar we täsirli adamlar tarapyndan ret edildi. Aslynda bileleşik Prawoslaw buthanasyny gowşatdy. Grek buthanasy-da oña garşy çykdy. 1441-nji ýylda Rus buthanasy Kiýew patriarhyny (has soñra kardinal we ondanam soñ Konstantinopolyñ Latyn oatriarhy bolan) tussag astyna alyp, garaşsyzlygyny yglan etdi. 1451-nji ýylda ol täzelikçi wizantiýa patriarhy bilen bile Rime gaçyp gitmäge mejbur boldy. "Wizantiýa bölünişiginiñ" güzeran çeşmesi Rim papasy Nikolas V-iñ Wizantiýa ýardam etmezliginiñ resmi bahanasydyr. Fatih Soltan Mämmet Bileleşik 1452-nji ýylyñ dekabr aýynda Konstantinopolda yglan edilenden soñ Rim papasy pikirini üýtgetdi, emma täze haçly ýörişine çagyryş şowuna bolmady. 1444-nji ýylda Warnadaky ýeñlişi bilen biloñurgasy ýazdyrylan Latyn dünýäsiniñ jany bokurdagyna geldi. 1453-nji ýylda Wengeriýa we Wenesiýa Fatih Soltan Mämmet bilen köp sanly ylalaşyga gol çekdi. Fransuzlar bilen iñlisler biri-birlerine garşy urşup ýördüler. Diñe Wenesiýa bilen Genuýa az sanly kömekçi güýç ugradyp bildi. 1453-nji ýyldan öñki Osmanly imperiýasynyñ kartasy Kartadanam görşüñiz ýaly Konstantinopolyñ daş-töweregindäki ýüzlerçe kilometr meýdany doly türk topraklary bilen gurşalyp alynan ýagdaýdady. Olara ýardam edip biljek ýeke-täk ýewropa güýji ýaşaýyş liniýasynyñ inçe ýumagy bolan Konstantinopola barýan deñiz ýoluny şindizem gözegçiliginde saklaýan Wenesiýa respublikasydy. Wenesiýa kartada gyzyl nokat edip görkezilen legendar Negroponte portuny gözegçiliginde saklady we baglanyşyk bilen Konstantionopola we añyrsyndaky Trebizonda baglandy. Bu gymmatly söwda ýoly dolulygyna türk güýji bilen gurşalandygyna garamazdan açyk saklandy. Wenesiýa elinden gelenini etdi, emma ahyrynda türk güýçleri agdyklyk etdi. Ýewropaly Günbataryñ orta asyrlaryñ soñlarynda we häzirkizaman taryhynyñ başlarynda Konstantinopoldaky musulman-hristian häkimiýet göreşinden näme sebäpli daşda durandygyna degişli birnäçe sebäp bar. Bu problemanyñ ýeke-täk düýpli jogaby ýok, düşündirişi-de bulaşyk we şu günki güne çenli uly çekişmelere sebäp bolup gelýär. Wizantiýa patriarhynyñ global güýjüniñ we wizantiýa imperatorynyñ güýjüniñ ýok edilmegi Papalygyñ Konstantinopolyñ günbataryndaky teologiki we regional güýji berkitmegine getirdi, emma Konstantinopolyñ (ýakynynda we daşynda) demirgazygynda däl... Bu ýerler has uly Osmanly türk-musulman imperiýasynyñ düzümine girdi. Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy / @atasevenoffica Duşenbe, 01.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |