23:34 Gadymy dünýäniñ gyzyl sygyrlary | |
GADYMY DÜNÝÄNIÑ GYZYL SYGYRLARY
Taryhy makalalar
Apostol Paweliñ miladydan soñky 51-nji ýylda Selanik buthanasyna ýazan hatlary ýaly apostollar azyndan gyýtaklaýynam bolsa, Isa Mesihiñ gaýdyp gelişine ünslerini berdiler. "Ikinji geliş" (1 Selanikliler 4:13-18). Käbir hristianlar ynanýan her bir zadynyñ Isa pygamber ikilenç dünýä gelen wagtynda orta çykjagyny öñe sürýär. Injil düşündirişlerinden alynan dürli yşaratlar we öñdengörüjilikler eshatologik ynançlary kesgitleýär. Gyzyl tüweleriñ (ikiýaşar gyzyl sygyrlar) orta çykmagy iki müñ ýyl bäri görülip-eşidilmedik wakany buşlaýar. Köne Äht boýunça gurban sistemasyny täzeden gurmak üçin üçünji ybadathanany gurmagy arzuw edýän ortodoksal iudeýler däp-dessurlaryny dowam etdirmek üçin gyzyl tüwelere mätäçlik duýýarlar. Käbir hristianlaryñ pikiriçe Injilde öñünden habar berilen "köstsüz" gyzyl tüwe mundan has köp manyny añladýar: eýýamyñ soñunyñ ýakynlandygyny yşarat edýär. Sanlar 19:1-10, Tañrynyñ Musa we Haruna gyzyl tüweler (ikiýaşar gyzyl sygyrlar) boýunça beren görkezmesini düşündirýär. Ysraýyl halky boýnuna nogta urulmadyk kemçiliksiz we tegmilsiz tüwe getirmelidi. Lageriñ içinde berilen beýleki maljanlylaryñ tersine, ruhany Eleazar gyzyl tüwäni lageriñ daşyna çykaryp öldürmelidi. Eleazar has soñra "barmagy bilen ganynyñ bir bölegini almalydy" we ýygnanyşygyñ geçýän çadyrynyñ öñüne tarap ýedi gezek sepelemelidi. (Sanlar 19:4). Şu ýerde dersi bilen birlikde ähli gyzyl tüweler Eleazaryñ gözüniñ öñünde ýanmalydy. Ruhany has soñra gyzyl tüwe bilen birlikde oda kedr agajy, çandak, gyzyl ýüplük goşmalyydy(gyzyl ýüplügiñ ýa-da ýüñüñ sebäbi özbaşyna syr). BAKARA: 67-73 ﴾67﴿ Birmahallar Musa kowmuna "Alla size sygyr gurban etmegiñizi buýurýar" diýende, olar "Biziñ bilen oýun edýärsiñ!" diýipdiler. Musa "Jahyllardan bolmakdan Allaha sygynýaryn!" diýdi. ﴾68﴿ "Biziñ adymyzdan Rebbiñe doga et, onuñ nähilidigini bize düşündirsin" diýdiler. Musa şeýle diýdi: "Alla şeýle buýurýar: "Ol garry-da däl, tüwe-de däl, ikisiniñ arasyndaky sygyr bolar". Hany boluñ, size buýrulany ediñ". ﴾69﴿ "Biziñ üçin Rebbiñe doga et-de, reñkiniñ nähili boljagyny bize düşündirsin" diýdiler. Musa "Ol şeýle buýurýar: "Reñki ýalpyldap duran sary, seredenleriñ içini açýan sygyr bolar" diýdi. ﴾70﴿ Ýene, "Biziñ üçin Rebbiñe doga et-de, onuñ nähili zatdygyny bize düşündirsin, çünki bu sygyr bize aýyl-saýyl edip bilmez ýaly boldy, enşalla dogrusyny taparys" diýdiler. ﴾71﴿ Musa "Rebbim şeýle buýurýar" diýdi: "Ol heniz boýnuna boýunturyk atylyp, ýer sürmedik, ekin suwarmadyk, peýwagtyna gezip ýören we ala ýeri bolmadyk sygyrdyr" diýdiler we sygyry (tapyp) kesdiler, emma ýene birazdan (muny) etjek däldiler. ﴾72﴿ Hany, siz bir adam öldüripdiñiz-de, bu boýunça biri-biriñiz bilen dawalaşypdyñyz. Şonsuzam Alla gizleýänleriñizi aýan etjekdi. ﴾73﴿ Soñra "(kesilen sygyryñ) bir bölegi bilen ölä uruñ" diýdik. Şeýlelikde Alla ölüleri direldýär we düşüniñ diýip size aýatlaryny ugradýar. Gözegçi ruhany diñe ýuwunandan we geýimlerini ýuwandan soñ lagere dolanyp bildi, emma agşama çenli hapalygyna galmalydy. Edil şonuñ ýaly gyzyl tüwäni ýakanam eşiklerini ýuwmaly, ýuwunmaly we agşama çenli kirliligine galmalydy. Arassa adam soñra gyzyl tüwäniñ küllerini jemledi we ýene lageriñ daşynda "olary arassa ýere toplady". Injil soñra külleriñ "Ysraýyl jemgyýeti tarapyndan ýuwnulýan suwda ulanmak üçin saklanjagyny, günäden ýülünmek üçindigini" düşündirýär". (Sanlar 19:9). Külleri ýygnaýanyñam kirli eşiklerini ýuwmagy gerekdi we agşama çenli kirli hasaplanmalydy. Reb şu şerti goşdy: "Bu hem ysraýyllylar hem-de aralarynda oturýan kese ýerliler üçin hemişelik buýruk bolmalydyr". (Sayılar 19:10). Ysraýyllylar gyzyl tüweleriñ küllerini talabalaýyk saklandan soñ olary hapa adamlary arassalamak üçin ulanmalydy. Sanlar 19:11-22, biriniñ hapalanmagynyñ (jesetlere galtaşmagynyñ) esasy ýoluny we külleriñ akar suw bilen nähili birleşdiriljekdigini we yzyndan garyndynyñ arassalanmaly adamyñ üstüne armyt seçiljegini aýdýar. Iudeý taglymatynda bize gyzyl tüwe ücin ibranyça adalganyñ "parah adumah" diýilýändigini aýdýar we gyzyl tüwäniñ külleriniñ ýülünme rituallary üçin nähili ulanylýandygyny düşündirýär. Şu gün ortodoksal iudeýleriñ köpüsi şindizem şular ýaly ýülünme ritualyny ýerine ýetirmek isleýär. Şu günüñ Töwrat okaýyşynda "Sanlardaky" rituallary gürrüñ berýän aýatlar gyzyl tüwäniñ Şabaty bolan Şabat Parahyñ soñky okalyşyna dahylly edilýär. Gyzyl tüwe Sebti Adar aýynyñ soñky Şabatynda Pesahdan az wagt öñ bolup geçýär. Gyzyl tüwäniñ iñ soñky Şabaty 2022-nji ýylyñ 25-nji martynda Anna güni bolup geçdi. Ondan soñkusy 2023-nji ýylyñ 10-njy martynda Anna güni boldy. Premillennial eshatologiýa garaýşyna eýe hristianlar üçin Ierusalime gelen diñe bir haham oñlanan gyzyl tüwe bilen joşgunyñ ýakyndygyny añladýar. Olar ahyrzamanda üçünji ybadathananyñ guruljagyna ynanýarlar, şunuñ bilen baglanyşyklylykda beýleki ähli öñünden aýdylan wakalar bolup geçmeli. Iudeýlige eýerýänler üçin gyzyl tüwäniñ gelmegi Mesihiñ geljegini görkezýär. Iudeý ýörelgesine görä, Mişna Tabernajle wagty bilen miladynyñ 70-nji ýylynda (Rimli esgerler ikinji ybadathanany ýok edende) arasynda diñe dokuz köstsüz gyzyl tüwäniñ ulanylandygyny hasaba alypdyr. Haýsydyr bir onunjy köstsüz gyzyl tüwäniñ gelişi Mesihiñ peýda bolmagy we ybadathananyñ täzeden gurulmagy üçin umyt etmegi añladýar. Iudeý danasy Maýmonid onunjy haýwanyñ "diñe patyşa Mesih orta çykmaga taýýar bolanda tapylyp, gurban ediljegini" öñe sürüpdir. Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy / @atasevenoffica Ýekşenbe, 14.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |