06:57 Nil derýasyndan Ýewfrata gadymy Ysraýyl | |
NIL DERÝASYNDAN ÝEWFRATA GADYMY YSRAÝYL
Taryhy makalalar
Hudaý "Mukaddes ýazgylarda" jöhit halkyna uly ýer-ýurt mirasyny "wada berendigine" garamazdan, Ysraýyl hiç mahalam bu ýerleri tutuşlygyna eýeläp bilmändir... Bu sorag uzak wagtlap dowam edip gelenem bolsa, Hudaýyñ Ysraýyl bilen işiniñ gutarandygyna ee "saýlanan halky" üçin geljek ýokdugyna ynanýanlar tarapyndan argumentiñ üns merkezi ýaly bolup görünýär. Emma şol bir wagtyñ özünde soralmaly köp gowy sorag we Injile esaslanûan jogap talap edýär. Soragyñ üstünde durup geçende, başga soraglaram orta çykýar: Hudaý Ysraýyl bilen "ylalaşygy" hakdaky pikirini üýtgedäýdimikä? "Mukaddes kitap" Ysraýylyñ ýer-ýurtlara eýe bolmagy babatda öz içinde gapma-garşylyga düşýärmi? Ysraýyl bütin bu ýerpere eýe bolup bilermi? "Bur soraglaryñ jogaby adamlaryñ argumentleri bilen asla kanagatlandyryjy netije bermez. Ha ol zyýanyna bolsun, ha peýdasyna, diñe Hudaýyñ sözi jogaplary bermek üçin ilkinji we iñ esasy gollanmamyz bolar". ("Ýaradylyş, 12:1–3). Bu elbetde, Hudaýyñ Ybraýymy çagyrmagyny we "Ybraýym şertnamasynyñ" binýadyny kesgitleýän esasy paragrafdyr. Bu tekstre üç esasy faktory tapýarys: ýer (1-nji aýat: "...saña görkezjek ýerlerime"), nebere (2-nji aýat: "Seni uly il-ulsa öwrerin"), bereket (2-3-nji aýatlar "Seni bereketlendirerin... we sen bereket çeşmesi bolarsyñ"). Nygtalyşy ýaly, bu şertnamanyñ birinji faktory ýer. Sözüñ doly manysynda ýer-ýurt. Bu aýdylýanlar. soñky tekstde tassyklanýar. "Ýaradylyş" 15:18. 15-nji bölümiñ başky aýatlarynda Hudaýyñ Awraam bilen baglaşan ylalaşygyny ýerine ýetirmek üçin özi bilen ylalaşyk baglaşýandygyny görýäris. Bu tapawutlylyk sebäpli Ybraýym bilen baglaşylan ylalaşygyñ gürrüñsiz we hökmany suratda Hudaýa baglanyşýandyny añlaýarys. Hudaý ylalaşygyñ ýerine ýetirilmegi üçin ähli jogapkärçiligi öz içine alýar. 18-nji aýatda Awraama "Bu ýerleri Müsür derýasyndan uly derýa Ýewfrata çenli seniñ nesliñe berdim" diýýändigine üns beriñ. Gürrüñsiz ýer hakyky ýer - gozgalmaýan emläk we hiç bir ýagdaýda allegoriýalaşdyryp ýa-da magnawylaşdyryp bolmaýar. Ýüzlerçe ýyly yza saranymyzda (Ysraýylyñ Müsürdäki 400 ýylyny we yzyndan gelen çykyp gaýdyşlygy yzarlap) Ýeşuwy ysraýyllylaryj ýolbaşçysy hökmünde we Hudaýyñ oña "wada berlen ýerlere" girjek bolup durka, aýdan örän aýratyn sözlerini görýäris. "Ýeşu 1:3 , 6–7 . "Ökjäñ degen ýerini saña bagyş etdim, edil Musa aýdyşym ýaly... Güýçli we batyrgaý bol, çünki bu halka atalaryna berjekdiyime söz beren ýurdumy sen berersiñ. Diñe güýçli we juda batyrgaý bol..." (NASB. Bellik: Sanlar 33:50-34:34 ýurduñ giñişligini we nähili paýlaşdyrylyşyny düşündirýär). Ýokardaky abzaslar bize başlangyç sepgidi görkezýär we Hudaýyñ "saýlama halkynyñ" eýe bolmak üçin özlerine degişli hasaplaýan ýerlerini basyp almagy maksat edinendiklerine güwä geçýär. Bu inkär edip bolmajak Injil hakykaty bolsa-da, sorag we çekişme Hudaýyñ hakykatdanam wada berlen ýerlere eýe bolmalary (ýa-da bolmazlyklary) baradadyr. "Ýeşu", 11:23 ; 21:43–45. "Ýeşu Rebbiñ Musa aýdan zatlaryna laýyklykda bütin ýurdy aldy we Ýeşu ysraýylogullaryna taýpalaryna görä bölüşdiren görnüşinde miras hökmünde berdi. Şeýlelik bilen ýurduñ uruş-sögüşden gulagy dynç boldy... Şeýlelikde Reb ysraýylogullaryna ata-babalaryna bermäge äht eden bütin ýurduny berdi we olaram ony ele saldylar, arasynda ýaşadylar. Reb ata-babalaryna söz beren zatlaryna laýyklykda her ýandan olara dynçlyk berdi we duşmanlaryndan ýekeje-de olaryñ öñünde durup bilmedi. Reb bütin duşmanlaryny olaryñ eline berdi. Rebbiñ ysraýyl halkyna beren ýagşy wadalarynyñ birem puja çykmady, hemmesi amala aşdy". Bütin bu nygtalyp geçilenlere seredilende, tekstiñ doly manysynda okalmagy - Ysraýylyñ "Ybraýym şertnamasynda" Hudaýyñ "wada berlen ýerlere" doly eýelik etmelidigine ynanmagymyzy we düşünmegimizi üpjün edýär. Emma girişdäki soraglarymyzy jogaplamak üçin bize tersine maglumat berýän başga tekstlerem bar. Aşakdaky sitatalar şu çekişme nukdaýnazaryndan juda möhümdir we düşünilmegi gerekdir: "Ýeşu" 13:1: “Reb Ýeşuwa şeýle diýdi: "Sen garradyñ, ýaşyñ ötüşdi, ýurduñ entek ele salynmaly köp ýeri bar. Emma Ysraýylogullary Geşurlylary we Maakalylary kowmadylar". 15:63; 16:10: “Ýeruşalimde oturan Ýebuslulary, ýagny Ýahudaogullary olary ol ýerden çykarmadylar... emma Gezerde oturan Kenganlylary-da kowmadylar". 17:12 “Emma Manasseogullary bu şäherleri ele salyp bilmediler, çünki kenganlylar ol ýerde ýaşap ýördüler". Bu tekstlerde aýratynam birnäçe ýerde ysraýyllylaryñ "şu güne çenli Ysraýylyñ arasynda ýaşamajakdyklaryny" aýdanynyñam nygtalmagy gerek. Olar hakykatdanam bütin bu ýerleriñ eýesimidiler? Gysgaja jogap: Ýok! Obda "Mukaddes ýazgylar" öz-özi bilen gapma-garşylykly ýagdaýa düşenokmy we Hudaý Ysraýyla beren wadasyny hakykatdanam ýerine ýetirmedimi? 1. Ysraýyllylaryñ Hudaýyñ "wada berlen ýeri" hakykatdanam alandyklaryny we Hudaýyñ olara ýer berendigini nygtamak gerek. ("Ýeşu" 11:23 ; 21:43–45). Ýer alyp olara berilmegi ýere doly eýe bolmakdan başga zat. Şonuñ üçin ýerleri alyp içinde ýaşanlarynda duşmanlary ýerden çykaryp doly "mülksüzleşdirmediler". "Ýeşu" kitabynyñ ýazylan wagtyna çenli ýaşadylar. 2. Ysraýyllylaryñ "ýere eýe bolmalary we şol ýerde ýaşamalary" olaryñ has artygyna eýe bolup biljekdikleri hakykatyny aradan aýyrmaýar. 3. "Mukaddes ýazgylar" Ysraýylyñ ýerlere eýe bolandygyny aýdýarka ("Ýeşu" 21), duşmanlary (aralarynda ýaşap ýören) hiç hilui howp döretmeýärdi. Olar doly kowulmasalaram, Ysraýyl tarapyndan duşaklanypdy. 4. Ysraýylyñ çäkleri "Hudaýyñ sözünde" kesgitlän parametrlere diñe Süleýmanyñ (hatda Dawudyñ) döwründe ýetip bildi. Ysraýylyñ çäkleri Müsüriñ serhedine çenli uzaýardy (1 Patyşalar 4:21), emma "Ýaradylyş" 15:18-de gürrüñi edilen Müsür derýasyna çenli baryp ýetenokdy. Ysraýylyñ ýerlere eýe bolmagynyñ dualizmine we çaprazlygyna düşünmegimize ýardam etjek üns berilmeli başga detallaram bar. Ilkinji gezek Hudaýyñ ýene bir gezek Ybraýym bilen gürleşen "Ybraýym şertnamasy" bilen baglanyşykly ýene bir tekst bar "Ýaradylyş" 17:7-8 şeýle diýýär: "Seniñ bilen we senden soñky neberäñ bulen ähdimi nesillerboýy ebedilik äht hökmünde baglaşaryn. Saña we senden soñky nesliñe göçen ýerleriñizi, bütin Kengan topraklaryny mülk edip berýärin. Men olaryñ Hudaýy bolaryn". Bu ýerdäki nygtalýan söz "ebedilikdir" we şübhesiz Ysraýyl bu ýerlere hemişelik eýe bolup bilmändir. Taryhyñ dürli döwürlerinde ysraýyllylar sürgün edilipdir, ýesir alnypdyr, kowulypdyr (diaspora) we hatda biziñ günlerimize çenli ýerler dolulygyna olaryñky däl. Olar hiç wagtam bu ýerlere doly eýelik edip bilmedi. Eýse näme bolýar? Hudaý Ybraýym bilen baglaşan şertnamasynda näme diýmek isledikä? "Amos" 9:11–15 bize çekişmäni we dowam edýän soraglary çözmäge ýardam etjek pikirleri berýär: "Şol gün (geljekdäki Millenium patyşalygy)... Ine, günler gelýär... Halkym Ysraýylyñ bendiligini gaýdyp getirjekdirin... Olary öz ýerlerine dikerin we özlerine beren ýerlerimden gaýdyp kowulmaz ýaly bolarlar" diýýär hudaýymyz Reb". "Ysraýylyñ pitne-gozgalañ, butparazlyk, biwepalyk we Isa Mesihi hakyky Mesihleri hökmünde kabul etmezlik taryhy olary "Ybraýym şertnamasyny doly amala aşyrmakdan we ýerlere doly eýelik etmekden alyp galypdyr. Bir gün Kynçylygyñ soñunda diri galan ähli Ysraýyl "Maña sereder" ("Zek". 12:10). Ysraýylyñ tobasy tamamlanmaly we Mesihiñ Mesihleri bolup höküm sürjek geljekki patyşalykda ýaşamaly. Şonda we diñe şonda Ysraýyl özlerine "wada berlen ýerlere" doly ýagdaýda eýe boljakdygynyñ ynanjy höküm sürýär. Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy / @atasevenoffica Duşenbe, 12.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |