21:46 Olimpiýa fakeliniñ ilkinji ýakylan ýeri: Gresiýa | |
OLIMPIÝA FAKELINIÑ ILKINJI ÝAKYLAN ÝERI: GRESIÝA
Sport we turizm
Ilkinji resmi Olimpiýa oýunlary b.e.öñki 776-njy ýylda bolup geçdi we şondan soñ her dört ýyldan bir gezek geçirildi. Olimpiýa oýunlary gadymy gresiýalylar üçin iñ möhüm ähmiýetli sport çäresi bolmak bilen birlikde ähmiýeti uly dini baýramçylyklaryñ biridi. Olimpiýa hudaýlaryñ patyşasy Zews bilen baglanyşdyryldy we Olimpiýa oýunlary Zewsiñ şanyna geçirildi. Her dört ýyldan bir gezek Gresiýanyñ çar künjünden on müñlerçe raýat oýunlara tomaşa etmek ýa-da gatnaşmak üçin bu sport çäresiniñ bolýan ýerine gelipdir. Iñ esasy üýşülýän ýer bolup Zewsiñ boýy 12 metr ululykdaky heýkeliniñ ýerleşdirilen "Zews" ybadathanasy hyzmat edipdir. Festiwal döwründe Zewsiñ sadakahanasynda 100 sany öküziñ ýakylmagy bilen birlikde Zewsiñ ýoluna gurbanlyklar edilipdir. Her Olimpiýa oýunlary başlamazynyñ öñüsyrasy ähli şäherlere jarçylar ugradylypdyr. Jarçylar grek dünýäsinde eger uruşýan toparlar bar bolsa dawa-jenjeli goýup, ýaraşyk baglaşmaga çagyrypdyr. Bu çakylyk adamlaryñ Olimpiýa arkaýyn syýahat edip bilmegi üçin dowam edip duran uruşlaryñ we çaknyşyklaryñ bes edilmeginiñ gerekdigini añladýardy. Oýunlarda diñe erkekleriñ ýaryşmagyna rugsat berlipdir. Şeýle-de oýunlara diñe erkekler ýa-da dul aýallar tomaşa edip bilipdir. Ärli aýallar girelgeden yzyna gaýtarylypdyr. Eger olar ýaryşa gatnaşmak islese, "Heraea" atly özleriniñ aýry ýaryşlary bolupdyr. Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan sportsmenleriñ doly ýalañaç gatnaşmagy giñden ýaýran zat eken! Bäş günlük çäre sport, dini, sosial çäreleri öz içine alypdyr. Sport çäreleriniñ arasynda at çapyşyklary, at-araba ýaryşlary, at oýunlary, söweşjeñ sport (sambo, boks), disk zyñmak, ylgamak, uzynlygyna bökmek ýaly ýeñil atletikanyñ dürli görnüşleri bardy. Dini çäreleriñ arasynda Zewse wepalylyk kasamlary, doga-dilegler, dini aýdymlary aýtmak, "Zews" ybadathanasyna zyýarat etmek, geljegi bilýändigine ynanylýan "bilgiçlere" ýüz tutmak ýaly zatlar bardy. Sosial çäreleriñ arasynda zyýapatlar, söz sözlemeler, çykyşlar we ýañsylar (wäşi artistleriñ çykyşlary) bolupdyr. Çäräniñ iñ soñky gününre gutlaglar, ýeñiş gazananlaryñ dabaralary we baýramçylyklar geçirilipdir. Gadymy döwürdäki Olimpiýa oýunlarynyñ bellenmegi dagynyk grek şäher-döwletleriniñ raýatlarynyñ bir ýere jemlenmegine amatly mümkinçilik döredipdir. Oýunlarda möhüm syýasy meseleleriñ üstünde pikir alşylypdyr, umumy harby ýeñişler gutlanypdyr, hatda syýasy we harby ýaranlyklar gurlupdyr. Emma Olimpiýa oýunlary diñe syýasy meseleleriñ pikir alşylýan forumy bolman, şol bir wagtyñ özünde syýasy çaknyşmalaryñ bolmagynyñam sebäpkäri bolup bolup bilýärdi. Sanksiýalar we oýunlaryñ gözegçiligi at-abraýa kowalaşmak, syýasy täsiri güýçlendirmek ýaly meýilleri-de öz ýany bilen getirdi. B.e.öñki VII asyr ýaly irki döwürde Olimpiýadaky "Zews" ybadathanasy bilen Elis şäheriniñ (30 mil demirgazykda) kiçijik goñşusy Pisa şäherçesiniñ arasyndaky gözegçiligiñ üstünde düşünişmezliklerij bolandygyny bilýäris. B.e.öñki 668-nji ýylda Pawsaniniñ (b.e.öñki II asyryñ jahankeşdesi) aýtmagyna görä, Argosyñ güýçli tiranyndan (Feýdon diýlip atlandyrylýar) Pisa şäherçesi tarapyndan Elis şäher-döwletinden "Zews" ybadathanasyny eýelemegi talap edilipdir. Feýdon gowy tälim berilen hoplitlerden (ýaragly esgerler) düzülen goşuny bilen Peloponnesi geçipdir. Pisa şäherçesi üçin "Mukaddes meýdany" howpsuzlandyryp, oýunlaryñ gidişine gönüden-göni özi ýolbaşçylyk edipdir. Emma Pisanyñ "Mukaddes meýdanyñ" üstündäki gözegçiligi gysga wagta çekipdir: geljek ýyl Elis täzeden gözegçiligi ele alypdyr. Olimpiýa ýaraşygy oýunlaryñ arasynyñ kesilmegine getiren harby çozuşlara garşy goramak üçin Elis şäher-döwleti tarapyndan gurlupdyr. Her dört ýyldan bir gezek ýakynlaşyp gelen Olimpiýa festiwalyny we oýunlaryny habar bermek üçin grek dünýäniñ dört ýanyna Elisden ýörite jarçylar ugradylypdyr. Bu habar bilen birlikde fesfiwala gelen sportsmenler, myhmanlar, tomaşaçylar we resmi ilçihanakar ýerli çaknyşyklara goşulmakdan goraýan "Olimpiýa ýaraşygyny" yglan edipdirler. Köne Olimpiýa oýunlarynyñ arasynda bolup geçen harby hadysalaryñ iñ üns bererlikli mysaly b.e.öñki 364-nji ýylda bolup geçen bolsa gerek. Şol ýyl Elis Zewsiñ ybadathanasynyñ gözegçiligini ýene festiwaly we Olimpiýa oýunlaryny geçirýän goñşy Pisa şäherçesine gideripdir. Elis bu gezek ýaryş gidip durka Zewsiñ ybadathanasyna çozmagy meýilleşdiripdir. B.e.öñki IV asyryñ döwürdeş taryhçysy Ksenofon bize bu ýagdaýyñ birinji elden düşündirişini berýär: At çapyşygynyñ ýany bilen dromosda geçirilen pentatlon çäreleriniñem dynyp durşy eken. Sambo çäresine gatnaşmaga hukuk gazanan pentatlpn finalçylary dromos we sadakahanyñ arasyndaky boşlykda ýaryşypdyrlar... Hüjüme geçen Eleans soýuzdaş duşmany yzarlapdyr... Soýuzdaş güýçleriñ portikleriñ üçeginden söweşip durka... Eleans ýerde duran ýerinden gorandy. ("Ellinika"). Munuñ özi müñlerçe esgeriñ gatnaşmagyna bir günläp dowam eden söweşidi. Elis iñ soñunda mukaddes meýdanyñ gözegçiligini täzeden eýelänem bolsa, b.e.öñki 364-nji ýylyñ Olimpiýa oýunlary mukaddes meýdanda festiwal dowam edip duran wagty pisalylaryñ elinde bolandygy üçin Eleans ara düşensoñ kanuny güýjüni ýitirdi. Soñabaka b.e.öñki VII-VI asyrlaryñ syýasy tiranlary has parahatçylykly ýollar bilen güýç gazanmaga dyrjaşdylar. Olimpiýa oýunlarynyñ atletika we at üstünde edilýän oýunlaryñ ýaryşlaryna gatnaşdylar hem-de oýunlaryñ geçýän ýerinde Olimpiýa Zewsine parahatçylykly görnüşde jomart teklipleri berdiler. Olimpiýa ýaraşygynyñ haýsydyr bir görnüşde bozulmagy Olimpiýa Zewsine agramly pul jerimesi bilen jezalandyrylypdyr. V asyryñ taryhçgsy Fukidid bize şeýle mysalyñ detallaryny berýär: B.e.öñki 420-nji ýylda spartalylar ýaraşyk döwründe Elisiñ çäklerinde 1000 hoplit ulanyp, harby manýowr etdiler. Netijede we kanuna laýyklykda spartalylar her hoplit üçin 200 drahmaý, jemi 200 müñ drahmaý jerime edildi. Spartalylar Olimpiýa ýaraşygynyñ resmi taýdan yglan edilmezinden öñ manýowrlarynyñ gutarandygyny öñe sürüp, jerimäni tölemekden ýüz dönderipdir. Netijede spartalylaryñ şol ýyl Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy gadagan edilipdir. Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy / @atasevenoffica Ýekşenbe, 28.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |