00:06 Orta asyryñ isterik şäheri: Keýptaun | |
ORTA ASYRYÑ ISTERIK ŞÄHERI: KEÝPTAUN
Taryhy ýerler
Masa dagyna çykandygy bilinýän ilkinji ýewropalylar gämileri 1503-nji ýylda Hindistana barýan ekipažyñ düzümindäki Antonio de Saldanhanyñ baştutanlygyndaky deñizçilerdi. Ýewropalylar tarapyndan ýüzlerçe ýyllap gottentot diýlip tanalýan ýerli halkyñ çarwa padymanlar bilen frakalary bardy. 1510-njy ýylda birnäçe portugaliýalynyñ öldürilen erbet çaknyşygy bolup geçipdir. Şeýle-de bolsa, ýewropa gämileri 1647-nji ýylda "Haarlem" golland gämisi bogazda heläk bolanda, agyz suwy we et üçin Table bogazyna süýşüp başlapdyr. Ölmän galanlar ýeriñ hasyllydygyny we singa garşy gök önümdir ir-iýmiş ýetişdirmek üçin amatlydygyny aýtmak üçin Gollandiýa gaýdyp geldiler, ýerli ilat bolsa aýdylyşy ýaly adamhor taýpalar däldi, gaýtam dost-dogan ýaly mylakatly çemeleşilse, olary hristianlyga geçirip we hyzmatçy ýerine ulanyp bilerdiler. Bulara görä 1651-nji ýylda Gollandiýanyñ "Gündogar Hindistan" kompaniýasynyñ "Seventeen" şahamçasynyñ ýolbaşçylary Keýptaunda gämilerini suw-azyk üçin goýup we näsaglary bejerip boljak daýanç punktuny gurmagy makul bildiler. Žan wan Riebik şondan bir ýyl soñ üç gämide togsana golaý añtaw gezimi bilen 6-njy aprelde Table Baýa geldi we ertesi gün gala üçin ýer saýlamaga gury ýere çykdy. Hususy söwda gatnaşyklaryna girmänkä dört ýyl öñ kompaniýa bilen oñuşmadyk Wan Riebik bu pursaty sypdyrady gelmändir we özüniñ inžener, diwarçy, demirçi, ussa, zergär, daýhan hökmünde tanadypdyr. Daýanç nokadyny Günorta Afrikadaky ilkinji ýewropa koloniýasyna öwren zat - kompaniýanyñ deñizçileriñ we harby gullukçylaryñ Keýptauna ýerleşmegine, olaryñ öz mülk ýerlerini gurmaga rugsat bermegidi. 1658-nji ýylda ilkinji gullar Gündogar Hindi adalaryndan, Orta Afrikadan getirildi we wan Riebik 1662-nji ýylda Hindistana gidende çaklañja posýolokda hassahana, gämi duralgasy, atelýe, däne ammary bilen birlikde ýaşaýyş jaýlary bardy. Gottentotlar bilen garym-gatym bolan ilkinji göçegçiler we koloniýanyñ ilaty kompaniýa tarapyndan golland ýetimhanalaryndan alnyp ugradylan ýetim gyzlaryñ we Fransiýadan Huguenot sürgünleriniñ hasabyna ep-esli artdy. XVII asyryñ togsanynjy ýyllaryna gelinende "De Kaapsche Vlek" (Keýp obasy) posýologynda birnäçe ýüz öý we müñ adama golaý ýewropa ilaty bardy, bularyñ üçden ikisi gollandiýaly, altydan biri fransuzdy we has az sanly nemes, şwed, daniýaly, belgiýaly bardy. Şeýle-de ýüze golaý afrikaly we aziýaly, ýene-de 400-e golaý gul bardy. Beýleki ýewropa ýurtlaryndan täze gelenleri golland dili bilen bitewileşdirmäge, golland dilinde gürletmäge, Reformalar buthanasyna uýdurmaga üns berildi we XVIII asyrda çaklañja posýolok indi Kaapstad (Keýptaun) diýip atlandyrylýan posýologa öwrüldigiçe afrikaner halkunyñ tapgyrlaýyn ewolýusiýasyny gördi. Iñlisler 1795-nji ýylda ony eýelänlerinde posýologyñ eýýäm müñe golaý ýaşaýyş jaýy we 14 müñe golaý ilaty bardy. Elbetde, düýpli ýerli ilat ol ýerde öñdenem ýaşaýardy. Köpçülikleýin ýagdaýda gottentot we san halklarynyñ ýewropalaşan atlarynyñ utgaşygy bolan orginal ýaşaýjylar sebite Hui Gaeb ("Bulutlaryñ üýşen ýeri") we kilometr beýiklikdäki Masa dagyna ilkinji ady bolan Hoerikwaggo "deñizdäki dag" manysyny berýän atlary dakdy. XVIII asyryñ ortalarynda Masa dagy Keýptaunyñ gullary tarapyndan işlenýän ortalyk koloniýalaşdyrylan ýerdi. Keýptaunyñ musulman ilaty ilkibaşda gul edilen işçiler hökmünde Günorta Afrika getirilip, şäheriñ dörän wagtyndan bäri bar. 1834-nji ýylda gulçulygyñ ýatyrylmagy Table dagynyñ ýanyndaky Signal depesiniñ eteginde Bo-Kaap atly saýlanyp duran meýdanyñ giñemegine getirdi. Häzir pastel reñkli külbelerden, metjitlerden, restoranlardan ybarat çaltlyk bilen aristokratlaşan ýaşaýyş massiwiniñ kökleri, söwda gatnaşyklary we gulçulyk zynjyrynyñ Malaýziýadan, Indoneziýadan, Hindistandan, Hytaýdan getirilenler üçin baglanyşykly azatlyk ýeri bolandygy bir wagta çenli uzaýar. XX asyrdaky Keýptaunyñ kyssasy tutuş mikroraýonyñ Altynjy raýonyñ ýykylmagy bilen bir hatarda şährriñ her tarapyna ýaýran üýtgeşmeler getiren sistema bolan aparteid tarapyndan hapalanýar. Dueýn Jetro birmahallar millet taýdan alanda garym-gatym jemgyýeti goýnunda saklan, ýöne indi boş, ýabany ot-çöplerden dolan meýdany tutup ýatan Altynjy raýonyñ öñki ýaşaýjylary üçin "Periler ýurdunyñ utopiki meýdany, Westlendiñ takrap galan meýdany, sumat bolan Sürgün meýdany" hökmünde garalýandygyny öñe sürýär. Keýptaun üçin şindizem aýratyn tema hasaplanýan Altynjy raýon taryhy jemgyýetiñ nähili kemala gelýändigini görkezýär. Zorlukly çetleşdirmeler, ýykgynçylyk we adamzatdan daşlaşdyran dünýä sürgün ýoly bilen ynsanyýetlikden çykaryldy we soñra öñki öýleriniñ ruhuny çagyryp, şeýle kemsidilme we tüwmaýak galdyrylma tejribesinden hormat-sylag we adamkärçilik duýgusuny halas etdi. Aparteidiñ yzyndan sebit tüwmaýak galdyrylanlar üçin üns merkezi hem-ä marjinallaşmagyñ hemem azat boluşyñ "simwoliki ulgamyna" öwrüldi. Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy / @atasevenoffica Şenbe, 27.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |