08:27 Rim dünýäsinde grekler | |
RIM DÜNÝÄSINDE GREKLER
Taryhy makalalar
Awgust döwründe Makedoniýa, Fessaliýa dagy adminstratiw-dolandyryş merkezi Korintdäki täze Aheýa welaýatyndan bölünip aýryldy, iki welaýatam Rim Senatyna birikdirildi. Aýratyn patyşalyk bolup galan Frakiýa (Trakýa) imperiýasy prokuratoryñ (wekil) garamagynda welaýata öwrülen milady 46-njy ýyla çenli basylyp alynmady. Aziýa Anadolynyñ günbatar kenarlaryny birleşdirýän we içerki zolaga uzaýan sebitdi. Wifiniýa-Pont demirgazyk kenarýakasy boýunça uzapdyr Kilikiýada üçünji ýörite serkerdeligiñ meýdany bardy, ýöne bu uzaga çekmändir: bir bölegi Siriýa, bir bölegi täze welaýat bolan Galatiýa (b.e.öñki 25-nji ýyl) we ýene bir bölegi-de ownuk ortagürp döwletlere giripdir. Imperiýalyk Kilikiýa welaýatyndan 72-nji ýyldan soñ nam-nyşan galmandyr. Likiýa we Pamfiliýa b.e.öñki 43-nji ýylda Klawdiniñ golastynda aýratyn welaýaty emele getiripdir we has öñ milady 17-nji ýylda senatyñ garamagyna berilipdir. Krit we Kireniýa (Girne) ýeke welaýaty emele getiripdir. Siriýa gündogar welaýatlarynyñ iñ möhümidi. Ahyrynda imperiýanyñ goragy astynda we imperiýanyñ ekerançylyk ýerleridir girdejisi ücin möhüm ähmiýeti bolan Müsür bardy. Soñky birýarym asyrda imperiýanyñ gündogar bölegine dört esasy faktor täsirini ýetirdi. Birinjisi, birnäçe ýer yranmalary we beýleki heläkçilikler Anadolynyñ şäherlerini weýran edipdir. (Grek taryhçysy we geografigi Strabon Filadelfiýanyñ töweregindäki partlamalaryñ gorkunç hasabyna eýedigini we ýaşaýjylarynyñ bosgun bolyp açyk ýurda iterendigini aýdýar). Rim imperatory Tiberiý (14-37-nji ýyllarda) bu heläkçilikleriñ ep-esli bölegini düzetdi we 12 şäher ony "12 şäheriñ bir wagtdaky gurujysy" hökmünde baha berip, onuñ eden kömekleriniñ bir bölegini döwdi. Ikinjisi diñe Ýehudyýada däl, Aleksandriýada we başga-da ýerlerde-de ýehudlar (jöhitler) bilen baglanyşykly meseleler döremäge başlady. Rim imperatory Kaligulanyñ ybadat talaplary mazaly ellinleşen jöhit akyldary Filon Aleksandriýskiý imperatoryñ ölümi meselesini çözenem bolsa, öñkä garanda has hoşniýetli Klawdiý (41-54-nji ýyllarda dolandyrdy) hem Aleksandriýa girmäge mejbur boldy. Ýehudyýada Rim agalygyna garşy gozgalañlaryñ bolan 66-70-nji, 132-135-nji ýyllaryñ uruşlary jöhit halkyny imperiýanyñ töweregine hasam dargatma täsirine eýedi. Üçünjisi, sungatyñ we pilli goşun bölümleriniñ serlerdesi Neron (54-68) tans edip, aýdyp aýdyp, baýraklary göterip Gresiýada ýeñiş paradyny geçiripdir. Olympiýada Delfide, Nemeýada we geçelgede geçirilen dört uly festiwal onuñ sylagyna bir ýylyñ içinde jemlendi. Ol "Gresiýalylar nähili tomaşa edilýänini bilýän ýeke-täk adamlar" diýdi. Korint kanalynyñ geçirilmegini teklip etdi we başyny başlady, şeýtmek bilen aslynda salgydyñ azaldylýandygyny añladýan gresiýalylaryñ azatlygyny yglan etdi. Gündogarda parfiýalylaryñ, olaryñam yzyndan sasany Persiýasynyñ güýji bilen çäkleşýärdi. Ermenistan üns merkezindedi. Hökümdarlar umuman alanda ukyply uly güýçleriñ arasynda ýüpden ýöreýän ýalydylar. Emma Traýan (98-117-nji ýyla çenli) güýçli ýarag syýasatyny ýöretdi. Ermenistany basyp aldy, welaýata öwürdi. Edil şolar ýaly edip, Mesopotamiýany we Adiabenäni aldy, Ktesifony eýeledi. Zikgelerine "Parthia capta" ("Parfiýa basylyp alyndy") ýazgysyny goýdurdy, yzyndan ýapja hökümdar impozirlemek bilen "rex Parthis datus" ("Parfiýanlara berilen patyşa") ýazdyrdy. Ikinji Makedonskiý bolmagyñ arzuwyny etdi, emma öldi we Hadrian (117-138-nji ýyldaky) üç täze welaýatdan el çekdi, diñe dördünjisini - Arabystany elinde saklady. Yzyndan parahatçylyk döwrüni haos gaplap aldy. Mark Awreliniñ (161-180) hökümdarlyk eden wagtynda Ktesifon yzyna alyndy, emma şol bir wagtyñ özünde grek dünýäsinde, hatda Italiýa we Rime erbet garahassalyk keseli ýaýrady. XIX asyryñ klassyky taryhçysy Bartold Jorj Niebuhr antik dünýäniñ urgylardan asla halas bolup bilmändigini aýdýar. Muña goşmaça hökmünde Gresiýanyñ ýerleri 170-171-nji ýylda Elewsini-de talamagy başaran kostobokileriñ hüjüminden ejir çekýärdi. Afrikadan gelen Septimiý Seweriñ (193-211) gatnaşygy Siriýadan üns bererlikli aýal topbagyny Rimde häkimiýet başyna getirdi. Ýuliýa Domna ("Filosof Ýuliýa") imperatoryñ ikinji aýalydy. Grek gündogaryndan Galen we Filostrat ýaly alymlary we ýazyjylary çagyryp, örän medeniýetli sud gurupdyr. Uýasy Ýuliýa Mesa we ýegenleri Ýuliýa Soemiýa, Ýuliýa Mameýa ilki hyýalbent Geliogabalyñ we yzyndan ýaş Aleksandr Seweriñ häkimiýet başyna gelmeginden jogapkärdi. 224-nni ýylda sasany dinastiýasy güýçli dini baglanyşyk bilen goldanýan awtokratik merkezi hökümet bilen Eýranda häkimiýet başyna geldi. Sasany hökümdarlary rimlileri Aziýadan kowup çykarmagy maksat edinip, 256-njy ýylda Antakiýany harap etdiler we 260-njy ýylda imperator Waleriany ele saldylar. Grek medeniýetiniñ daýanç punkty bolan Palmirada üns çekiji Septimiýa Zenobiýa häkimiýet başyna geldi we Siriýany, Müsüri, Kiçi Aziýanyñ (häzirki Türkiýäniñ) köp ýerini basyp aldy. 267-nji ýylda German Geruly aslynda Afinyny, Korinti, Argosy ve Spartany eýeledi. Emma rimliler añsat ýan bererli däldi. Awreliý elden giden ýerleri gaýdyp aldy. Ýöne ol Gündogaryñ güýjüni duýupdy we 274-nji ýylda "Eýelenmedik Güni" rimlileriñ iñ uly hudaýy hökmünde tanatdy. Imperator Diokletian üçin adminstratiw sistemanyñ üýtgedilmegi gerekdigi bellidi, ol gündogara jogapkär iki hökümdary (özi şolaryñ biri) we günbatardan ikisini 13 sebit we 116 welaýat bilen ýerleşdirdi. Wifiniýada (häzirki Izmit, Türkiýe) Nikomediýa gündogaryñ paýtagty edildi. Konstantin (285-337) bir özi güýç gazanandan soñ hasam öte geçdi we tutuş imperiýanyñ paýtagtyny gündogara geçirdi. Ilki Ýuliý Sezaryñ öñünde bolşy ýalu Troýany göz öñüne tutdy, emma ahyrsoñunda Bosfory, Haliçi ee Propontisiñ kesişýän ýeri bilen Wizantiýany saýlap aldy. 330-njy ýylyñ 11-nji maýynda Täze Rimi ýa-da Konstaninopoly (häzirki Stambuly) täze hristian imperiýasynyñ paýtagty hökmünde açdy. Munuñ özi belli bir derejede ellinizmiñ ýeñşidi we ýene müñ ýyldan gowrak wagt gündogardaky Rim agalygynyñ dowam etmegini üpjün etdi. Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy / @atasevenoffica Ýekşenbe, 02.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |