13:11 Tampliýer rysarlary Beýtulmukaddesde | |
TAMPLIÝER RYSARLARY BEÝTULMUKADDESDE
Taryhy makalalar
Taryhçylaryñ köpüsi Rim papasy Urban II-niñ 1095-nji ýylyñ noýabr aýynda Klermont-Ferrandda eden wagzynyñ "Mukaddes ýerleri" musulmanlaryñ elinden gañryp almak üçin harby kampaniýalar tolkunyny gorjan uçgundygyny öñe sürýär. Şol wagtlar hudaýtarapyn makullanandygy pikir edilen, umuman alanda rehim-şepagatsyzlyga ýugrulan uruşlary öz içine alýan şeýle köpçülikleýin ýörişlere haçly ýörişler diýlipdir. Aslyýetine garanda Isa pygamberiñ ömri we eden işi bilen baglanyşykly ybadathanalara, hemme zatdan öñ "Mukaddes gubura" baryp ýetmek arzuwy bardy, şonuñ üçinem Beýtulmukaddesdäki (Ierusalim) buthanada Isa Mesihiñ mazary bardygy aýdyldy. Gündogarda ýer edinmegi we baýlyk gazanmagy tama eden haçparazlara günäden ýülünme we soñsuz ýeñiş wada berildi. Muña aristokratlardanam, daýhanlardanam köp sanly seslenme geldi. Ýewropa halklary jem bolup Wizantiýa imperiýasynyñ paýtagty Konstantinopolyñ üstüne gaýtdylar. Wizantiýa imperiýasynyñ goldawy bilen ermeni hristianlarynyñ ýolbeletliginde rysarlar häzirki Türkiýäniñ we Siriýanyñ çägindäki seljuk türkmenleriniñ golastyndaky ýerleriñ üstünden gös-göni Beýtulmukaddesiñ üstüne ýörediler. 1099-njy ýylyñ iýun aýynda haçparazlar 1099-njy ýylyñ 15-nji iýulynda boýun egen bäş hepdelik Beýtulmukaddes gabawyna başladylar. Gözi bilen gören şaýatlaryñ galdyran ýazgylary söweşiñ näderejede elhenç bolandygyny subut edýär. Şäheri Zeýtun dagynyñ üstünde duran ýerinden synlan Ralf Kanskiý şeýle diýýär: "Ikiýan ylgaşlaýan adamlary, berkidilen diñleri, örüzilen garnizony, ýaraglaryna ýapyşan erkekleri, ýarym-ýarym aýallary, ruhanylary doga-dilege başladylar, köçeleriñ ugrundaky ahy-nalalar gulagyñy kamata getirýärdi, çarp urýardy, kamata getirýärdi, gülýärdi". Haçparazlar Ortaýer deñziniñ kenaryndaky şäherleriñ köpüsini ele saldylar we täze gurulan oblastlaryny goramak üçin "Mukaddes ýerleriñ" çäginde köp sanly berk goragly galalary, şol bir wagtyñ özünde Rime tabyn buthanalary gurdular. Haçparazlar üçin Gaýa kümmedi Süleýman pygamberiñ ybadathanasydy. "Mesjidi-Aksa" köşk we agyl hökmünde ulanylyp başlandy. Haçparazlaryñ guran latyn Ierusalim korollygynyñ on bäş katedral buthanasy bardy. Mysal üçin, Beýtullahindäki "Dogluş" buthanasy 1110-njy ýylda günbatarly hristian ýepiskopyñ oturýan ýeri boldy. Ierusalim şäherinde däp-dessurlardan bolan senetkärler jemlendi. Mysal üçin, "Mukaddes guburyñ" ýanyndaky bazaryñ sagynda siriýaly altyn işçileri, sagynda latyn altyn işçileri bardy. Şol döwre degişli metal işleri kämahal yslam estetikasyny hristian öwüşginleri bilenem birleşdirýär. Hatda käbir fragmentler haýsydyr bir hristian üçin musulman zergäriniñ ýasandygyny görkezýän ýazgylary özünde saklaýar. Ýewropa buthanalary üçin ýasalan käbir gynmatly sungat eserleri "Mukaddes ýerler" bilen baglanyşygyny baýram edip belläpdir. 1147-1149-njy ýylda sistersian baş ruhanysy Bernard Klerwoskiý tarapyndan öñe sürülen Ikinji haçly ýöriş Siriýada Şamy basyp almaga synanyşdy. Operasiýanyñ netijesi musulmanlar täzeden güýç birikdirip ýetişendigi üçin şowsuz tamamlandy. Selaheddin Eýýubynyñ baştutanlygyndaky musulman goşunlary Siriýa aralaşdy we ahyrynda 1187-nji ýylda Beýtulmukaddesi gaýdyp aldy. Selaheddin Eýýuby şahsy mürzesi tarapyndan Ierusalim patriarhynyñ buthananyñ hazynasy bilen şäherden çykyp gitmegine rugsat bermegi bilen ýatlandy. Ol şeýle diýipdir: - Eger biz bu baýlyga el ursak, olar (pereñliler) bizi ikisözlülikde aýyplarlar... adamlary beren sözümizde durmazlykda aýyplatmalyñ. Goý, gitsinler. Gaýtam olar biziñ ýagşylykperwer adamlardygymyzyñ gürrüñini ederler. Selaheddiniñ wezirleriniñ biri şähere girende, haçparazlaryñ Beýtulmukaddesi nähili bezäp-besländiklerine haýran galypdyr: "Kapyrlaryñ eden esewany ony jennet bakjasyna öwrüpdi... Lagnatylar sütünler, mermer plitalar bilen täzeden guran bu şäherini gylyçly-naýzaly goradylar. Tampliýerleriñ we hassahanaçylaryñ buthanalaryny, köşklerini gurupdypar... Haýsy ýana seretseñ, bag-bakjasy göze gelüwli, ak mermerler we ýapraklar bilen bezelen sütünleriñ saçýan ýalkymyny, olary janly agaçlara meñzedýän öýler görünýär". Üçünji haçly ýörişiniñ (1189-92) soñunda haçparazlar Kipri we kenarýaka şäher Ajräni basyp alypdy. Selaheddin Eýýuby ýewropaly haçparazlara Beýtulmukaddese gelmegi kepillendirdi we jöhitleriñem şähere gaýdyp gelmegine rugsat berdi. 1183-nji ýyldan 1185-nji ýyla çenli Mekgä syýahat eden ispaniýaly Ibn Jübeýriñ ýazan kitabynda harby duşmançylygyñ dowam edýän döwürlerinde-de "Mukaddes ýerlerdäki" söwda gatnaşyklarynyñ añsatlygyndan söz açýar: "Musulmanlar Şamdan Ajrä (Pereñ topraklarynyñ üstünden) yzygiderli syýahat etdiler we şol bir görnüşde hristian söwdagärleriñ biri däl-de başga biri tarapyndan durzuldy we ýoly baglandy (musulmanlaryñ ýerinde)..." Her haçly ýörişi bolanda wizantiýalylar bilen günbatarly güýçleriñ arasyndaky gatnaşyklaryñ hasam arasy açyldy. Dördünji haçly ýörişi 1202-nji ýylda Müsüri basyp almak üçin ýola rowana bolupdyr. Emma Wizantiýadaky dinastiýa oñşuksyzlygynda tarap saýlandan soñ haçparazlar goldawlary üçin söz berilen ep-esli möçberdäki puly almak üçin ýüzlerini Wizantiýanyñ paýtagty Konstantinopola bakan öwürdiler. 1204-nji ýylda şähere talandy, ummasyz hazynalary wenesiýalylaryñ (esasy paý San Marko, Wenesiýa gaznasyna berildi), fransuzlaryñ we beýleki haçparazlaryñ arasynda paýlaşyldy. Konstantinopolda Flandr Boduenyñ imperatorlygynda Latyn imperiýasy guruldy. 1261-nji ýylda wizantiýalylar şäherde gaýdyp almagy başardylar. Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy / @atasevenoffica Şenbe, 06.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |