00:32 Arma | |
ARMA
Goşgular
Tutly оbasaglyk öýüniň müdiri, maşgala feldşeri, kärdeşim we dostum Söýünow Myrada menden ýadygärlik tarypnama «Ýyllyk» hasabaty tabşyrdyň eýýäm, Arma Myrat, armaweri-armawer! Işine jür bolup, kärini söýýän, Arma Myrat, armaweri-armawer! Indi sen, rahatlan işiňe baryp, Dokument dörmekden bizarsyň – irip, Zerur dälin aýyr, goýmagyn garyp, Arma Myrat, armaweri-armawer! Seniň ýüküň ölçär, syrkawyň sany, Şol sany azaltmak işiňde many, Hormatly-sylagly, il alkyşlany, Arma Myrat, armaweri-armawer! Parhy ýokdur, iş günmi ýa dynç güni, «Çakylyga» barýaň gijäň ümsümi, Dertlä derman berýäň, jemläp ünsüňi, Arma Myrat, armaweri-armawer! Zähmet rugsadyňda diýmän: «Dynç alýan», Tutly uly oba, ýetişip bilýäň, Ýaşyň uzyn bolsun, ýüzüň hem, gülýän, Arma Myrat, armaweri-armawer! Gözleriňe guwanç dolsun, bagt bolsun, Maksat myrat tapsyn, söwdaň nagt bolsun, Märeke-meýlisde ornuň tagt bolsun, Arma Myrat, armaweri-armawer! Illi diýr, dostum sen, işgärim, kärdeş, Kesbiňden kemal tap, ýadama, gardaş, Sen sala salanym, ynamdar syrdaş, Arma Myrat, armaweri-armawer! | |
|
√ Watanym üçin şirin jan / Goşgular - 31.10.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Altymyrada bagyşlanan goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Allaýar Çüri / Goşgular - 17.09.2024 |
√ Üçlemeler / Goşgular - 14.07.2024 |
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |