10:44 Arslanyñ | |
ARSLANYŇ
Goşgular
Mert bilen namardy görsem tanyr men... Mämmetweli Kemine Obadaşym Arslan Amannyýazow üçin, menden ýadygärlik häsiýetnama Gaýratly goç ýigit, batyr edermen, Özüne-de laýyk, ady Arslanyň. Aýtjagym bu, sözde hata gidermen, Herhal-hergiz gaçmaz, bady Arslanyň. Özboluşly kybap geler döwrüne, Kümsükleriň sanjy salar böwrüne, Şeýtan dostmuş, öz ýanyna öwrene, Pursat bermän ýakar, ody Arslanyň. Ruhy belent, garan wagty göz gülen, Hiç gam çekmez, göwniň awlar söz bilen, Gereklense, çak urşundan tiz gelen, Duçar bolup, men şaýady Arslanyň. Jomartdyr, ol eger gelse elinden, Armaz-irmez, kömek eder halyndan, Asyl ozal, özi razy ilinden, Hoşal ondan, ýakyn-ýady Arslanyň. Göz degmesin, gujuryna-gurbuna, Güýç gatylsyn, dogumyna durkuna, Akyl-huşun zyýat etsin erkine, «Şahandazlyk» göwün şady Arslanyň. Görk goşulsyn, gözlerine-gaşyna, Ömri ýetsin, Göroglynyň ýaşyna, Müşgil bir iş düşmäwersin başyna, Bir Alladyr, umyt-dady Arslanyň. Elmisakda Alla nazar salandyr, Soňy haýyr, indi özi bilendir, Illi sözlär ýöne, dile gelendir, Bize derkar däldir, zady Arslanyň. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |