01:48 Arşyñ üstünde geçen press-konferensiýa | |
Ýaradan ýaradyp ilkinji Aty,
Goşgular
Çagyrdy ullakan pres-maslahat. Maslahata geldi ähli haýwanat. Haýwanlaň şu günki, ertirki bagty Hakynda söz sözläp tutuş bir sagat, Ýüz ýylyň işinden berdi hasabat. Soň diýdi: «Ýene-de bir mesele bar. Şony hem çözäýsek – maslahat tamam Gaty toýnaklylaň maşgalasyna Goşulmaly şu gün täze bir haýwan». Onýança-da kişňäp şol täze haýwan Derwezeden girdi. Ony görende, Maslahata gelen ýedi müň haýwan Doňup galdy duran-duran ýerinde. Gözüňe söwdügim, şeýle bir bedew: Alkymy – daglaryň alkymy ýaly. Ýakymy – bägüliň ýakymy ýaly. Ýallary – hüýr gyzlaň çokuly ýaly. Guýrugy – maýsanyň tolkuny ýaly. Akyly – dananyň akyly ýaly. «Ynha indi her kim näme islese Aýdybersin! – diýip, gobsundy rahman – Kemçiliksiz zady ýaradaýmak kyn, Entegem ýetmezi bolmagy ahmal...» Hemmelerden ozal söz alyp Eşek, Ýaradana bakyp, eýledi tagzym: «Juda ajap haýwan ýasapsyň, Taňrym, Ýöne hasam beter ajap bolardy Bili bir azajyk bolaýsa ýogyn, Gulagam azajyk bolaýsa uzyn. Ýogsa göwre uly, gulagam kiçi... Diýmek, formasyna ters gelýär mazmun». Soň Geçi mäledi: «Ýa perwerdigär, Beýle ajap haýwan älemde seýrek. Bu ýöne haýwan däl, duran bir melek Ýöne weli özüň hudaýam bolsaň, Entek bir tarapyn edipsiň telek: Eňegi-hä köse, kellesem kelek. Muňa bir şah bilen Gür sakgal gerek!» Replika berdi erkejik towşan: «Abat günümizi etmäliň bibat. Şahynyň ýoklugy örän gowy zat. Şu göwresi bilen şahy hem bolsa, Biziň hemmämizi gyrar zalywat!» Hudaý bir ýylgyrdy. Ondan bihabar, In soňky hatardan bögürdi Öküz: «Ýa ýaradan, seniň keramatyňa Bolmandym, bolamok, bolmanam müňkür, Gulagy-da ajap, alny-da ajap, Guýrugy-da ajap, ýaly-da ajap, Ýöne weli kişňemegiň deregne Molaýsa, ajabyň ajaby boljak!» Ýene bäş-on haýwan çykyp sözledi. Biri eýle diýdi, birisi beýle. Sagadyna bakyp diýdi Ýaradan: «Belki, çekişmäni jemlärsiň Düýe!» Buýsanyp özüniň ululygyna, Biperwaý gäwüşäp, diýdi ol: «Ýa reb, Aýdylan zatlaryň bary biderek. Oňa ne şah gerek, ne uzyn gulak, Ne-de sakgal gerek, ne-de molamak – Bary-ýogy oňa bir örküç gerek!» Hudaý ýylgyrmadam, Gaharlanmadam. Ýerinden turdy-da, diýdi: «Wessalam, Indi şunuň bilen maslahat tamam. Örän köp peýdaly zatlar aýtdyňyz, Sag boluň. Nazarda tutaryn hökman». Nazarda tutupmy ýa-da tutmanmy – Ol maňa-da aýan, Size-de aýan. Kerim GURBANNEPESOW. | |
|
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Adamzat taryhyna çaklama / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Я блондинка / Goşgular - 26.07.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Liwanda şu pursat kyýamat gopýar / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |