16:00 Artykmaç ýük / satiriki hekaýa | |
ARTYKMAÇ ÝÜK
Satiriki hekaýalar
Bir gün bazardan alyp bilen zatlarymy aldym. Her elimde iki-ikiden tor. Olaram agzy-burny bilen doly. Ýene dört sany tory dolduryp, iki-ikiden daňyp, her egnime birini atdym. Jübülerimem zatdan doly. Taksiçä berjek pulumam agzymda dişläp durun. Ýogsam taksiçi maşyna münjekdigimi bilmez öýtdüm. Elimi bolsa galdyryp bilemok. Howa şeýle bir yssy, asfalt dagy mum-helime dönüpdir. Gözlerime ajy der inýär. Onam süpürmäge elim boş däl. Bir taksiçi deňime gelip, tormozy basdy. Begendim. Özem görmegeý aýal taksiçi ekeni. Hasam guwandym. Şatlygymyň çeni-çaky bolmady. Sebäbi oňa berjek birligim ýerine düşjek. Birligi beýlekilere bersem weli, pul aglap gitjek. Menem agzymdaky pulumy aýal taksiçi öz agzy bilen alar öýtdüm. Sebäbi onuňam elleri boş däl, rulda. Ýaňky zenan birligimi gördi-de: ― Men parka barýan ― diýdi. ― Parkda näme hezillik-tomaşa bar, oň ýaly bolsa menem alyp git ― diýdim. ― Siz park diýilse, seýil bagydyr öýdýäňizmi?! ― diýip, ýaňky zenan gitdi. Galdym tüp yssyda. Kerbelanyň iti ýaly bolup. Soňra ýuwaş-ýuwaşdan ýöräberdim. Kelläme bir pikir geldi, maşyn edineýin diýdim. Ine, birdenem golaýymda bir «Žiguli» tarsa bir tormoz berdi-de, sakga saklanaýdy. Ýogsam men elimi galdyramok. Ellerim boş däl ýa-da bolmasa sygyramok. Agzym pully. Men ýaňky maşynyň eýesine maşynly goňşularymyň biridir öýtdüm. Gözlerime der inip, oňly zat görüp bilemok. Görgi baryny görüp mündüm. Ýükler ýerleşenok. Pomidordyr süzme maşynyň içini görer ýaly etmedi. Sümmül alnan azotly garpyzam başşak tutupdyryn. Suwy jorlanyp akýar. ― Han ogul, sag bol. Men-ä ýerleşdim. Indi sürüber bakaly. ― Ýaşuly, men seniň üçin duramok. ― Ýogsam kim üçin?! Onýança bezemen geýnen bir zenan näz-kereşme bilen maşyna mündi. Ýaňky ikisi äbe-de-jüýje. Ýer ýarylmady, men girmedim. Düşjek wagtym tor maşynyň gapysynyň bir ýerine ilip, iki kilogram mäşim döküldi. Otuz üç sany ýumurtgadan 7-si maşynyň içine akan bolsa nätjek. Şol wagtdan soň men derrew maşyn edindim. «Zaporožes» alaýdym «WAZ-968», dört orunly, agramy 1160 kilogram, tizligi sagatda 130 kilometr. Ýangyjam ilden az ýakanok. 100 kilometre 7,4 litr. At güýjem pes däl, kyrk. Öň işigiňde ýekeje eşegiň ýokka, birdenem kyrk at güýjüne eýe bolsaň erbetmi?! Okadym, öwrendim, sürmäge hukuk gazandym. Şaýola çykdym. Her hili pyýada gabat gelýär. Bir gün horlanyp gelýän bir pyýadany gördüm, şol öňki öz bolup ýörşüm ýadyma düşdi. Muny mündürdim. ― Han ogul, ugurdaşyrag-a bolmagymyz ähtimal, mümkin bolsa meni Gury howdanyň on sekizinji jaýyna golaýlaşdyraweri. Otuz ýedinji poçtanyň ýanyna taşlasaň bolar. ― Palçyldadyp taşlasak bolmaz, elinje eltip düşürerin ― diýip men ýylgyrdym. ― Ol nähili gürrüň, adamy gülçüldedip, ýere taşlap bolmaz-a?! ― diýip, ýaňky pyýadanyň girre gahary geldi. Degişme, ýumor ugurdan gömükdigini bilip, sessiz-üýnsüz sürüberdim. Barjak ýerine baransoň, ol maňa pul berdi. Almadym. ― Akmak bolma, al! ― Ýok, ýaşuly, sag bol aýdaý! ― Alarsyň. ― Ýok-la, almajagym hakdyr. ― Aldyrjagym çynymdyr. Seniň maşynyňda, belki, geçgel haryt bardyr. Ýolda ele düşäýseň, «ynha şu adamyňky» diýmek üçin meni mündürensiň ― diýip, ýaňky pyýadanyň, görsem, garaçyny. Puluny nalaç aldym. Ertesi jygyldygyň golaýynda bir adam mündi. Ol-a meni ykdysady taýdan tutdy. ― Han ogul, şu maşyn ýüz kilometr ýola ýedi litr dört ýüz gram ýangyç ýakýar. Onuňam her litri 40 köpükden. Garažyň gurluşygy näçä düşdi? Gulplaryň näçä düzeldi? Itiň owçarkamy ýa-da buldok? ― Ýok, aýalym bilen özüm. ― Düşmedim-le?! ― Maşynda agşam aýalym bilen özüm ýatýan. ― Maşyn üçin 10 manat 00 köpük salgyt tölediňmi?! ― Hawa, töledim. ― Me, tölän bolsaň, bir manat! Ýet, tizräk hol gökli gutap iýip barýan horjunlyň yzyndan. Dokuz manadyňy şondan gaňryp al! Gedaýyň ýedi gapa baranda ýüzi ýyrtylarmyş diýerdiler. Men gedaý ýaly bizehin däl ekenim. Bu ugurdan talantly bolsam nätjek... Müşderim üç-dörde ýetmänkä, nesbim dünýä belli Biktoriýa şaglawugyna döndi. Soň-soň ilden ýygnan pulumyň üstüne öz aýlygymdan hem goşup başladym. Sebäbi özümem ýolagçy diýip hasap etdim. Birküç aýdan «Zaporožesi» satyp, gitgir «Žiguli» edindim. Tomsuna Arçman kurorty bilen Aşgabat aralygy esasy marşrutym boldy. Bu gün ýolda, Itgyranyň çölünde bir garry aýal otyr. Özem ýola däl-de, başga tarapa bakýar. Elinem oturan ýerinde galdyrýar. Howa ýakyp barýan yssy bolsa, ýaňky garrynyň ýüz-gözleri pugta saralgy. ― Garry, nireden gelip, nirä barýaň? ― Pensiýamy alyp gelýän. Nowata barýan. ― Mün, men Nowata barjak. Ýolda garry bilen gürleşip barýan. Soraşdyrsam, barjak öýi öz öýüm boldy çykaýdy. Ol-a enem ekeni. ― Eje, näme beýle özüňi tanatman meni heläk edýäň?! ― Wah, balam, tanatsam sen meni kireýsiz mündürmersiň ahyry. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |