ATA GÖRELDESI.
Ak halatly ýaşuly gapynyň aňyrsynda köp pikirlenip durdy. Agtygyny soramaga näme üçin ýeke gaýdanyny kellesinde oýlamadam, gaýtam, ýanyndaky pakedini şakyrdadyp, patdyk-putduk ädýän ädimler ony hassa otagyna eltdi. Indi nätmeli? Ardynjyrap gapyny kakdy-da, içerdäkiň jogabyna-da garaşman, gapyny açyp içeri girdi. Atasyny gören Maksat hassada bolsa, ýaşuly sylagyny ýerine ýetirip, başardygyndan ýerinden galmaga dyrjaşdy. Turan ýaly edip arkasyny diwara bermek üçin ýokary süýşdi. Gadyrly salamlaşdylar. Hal-ýagdaý soraşan hossarlar nämeden söz açjaklaryny bilmän, az salym dymyşlyga pursat berdiler. Otagdaky sagat bolsa, zo-ol aýlanyp ses edýärdi. Ahyry “uly başlar...” däbini Gadam aga eýerip, agtygyna ýüzlenme bilen söz açdy:
-- Ýurt nähili ajaýyp hä!.. Sen haçanda ýaramasaň, gör nähili şertlerde bejerýärler. Ähli zat talap edillşindenem ýokary. Ýöne hassa bolmak gowy däl – ýüz ýaşdan artyk bir ýylyny ötüren Gadam aga agtygy Maksadyň gürlärine garaşdy. Netijesi çykmadyk ýaşuly ýene öz-özi bilen sözleşýän ýaly sözüni dowam etdi.
--Gadym zamanlarda Lukman hekim diýen şahsyýet öz hassasyna şeý diýipdir: “Men – ýagny lukman hassany bejerýän wagtym üç zat bilen bäsleşýärin. Olaryň biri lukman, beýlekisi hassa, üçünjisi keseldir—diýipdir. Eger-de hassa menlik bolsa, onda biz iki bolup keseli ýeňeris, ýöne tersine bolup, hassa keseliň tarapyna geçse, onda lukmanyň edip biljek zady ýokdur – diýipdir. Ýöne sen Hudaýa şükür lukmanlaryň elindäki hassasyň.
Gadam aga sözüne näme üçindir dyngy berdi. Uludan arassa howany sorup dem aldy. Gözlerini diwardaky Hormatly Prezidentimiziň lukmançylyk ylymlary boýunça aýdan dürdäne, akyl-paýhasdan doly setirlerinde gözüni egläp, pikire çümdi. Agtygy Maksat bu ahwaly kän geňlemän ýene onuň sözüni dowam ederine garaşdy. Köpi gören Gadam aga jadydan açylan ýaly agtygyna nazar saldy.
--Wiý ýogsada häzir seniň ýanyňa aňkasy aşan garry nädip geldikä diýýän bolsaň, ogluň Aýmyrat maňa ýoldaşlyk edendir. Ol häzir aşakda maňa garaşýar.
--Ah şeýdiýsene, men häzirem atam nädip bu ýerik ýeke geldikä? – diýip, oýlanyp, kellämi dörýärdim.
Maksat uly aladadan dynan ýaly haşlady. Gür gaşlaryny öz erkine göýberen hem bolsa, maňlaýynyň ýygyrtlary ýazylybemedi. Hor gözlere bulut deý kölege berýän ösgün gaşlar gözleri garaňky görkezýär. Maksady uly alada has beter horlaýanyny Gadam aga aýna sereden ýaly bilýärdi. Has anygy agtygynyň şol hor, garaňky gözlerinden aňýardy. Ýaşuly ýene-de dymyşlyga kanagat etmän, sözüne badalga berdi.
--Howwo Maksat han saňa seredýän baş lukmanyň görkezen delilleri boýunça çilim çekmegi düýbünden gadagan etmek, seniň saglygyňa, çilimden has peýdalymyş. Ýöne gowusyny özüň bilersiň. Kakaň pahyryň gaçan çukuryndan many çykar. Onuň başyna “neşe” diýen pislik ýetipdi. Ýa bu zatlar saňa ýeterlik terbiýe bolmadymy.
Ýaşulynyň soňky aýdan sözleri diýseň sandyrakly çykdy. Gözleri simap deý buldurady. Ýaş çykarly göründi. Emma Gadam aga oňa rugsat bermän, jübüsinden köneje esgisini çykaryp, iki gözüni-de pugta süpürdi. Ýaşulyň içinde gopýan harasady Maksat gowy duýýardy. Perzent nähilem bolsa, perzentligine galýar. Onuň awusy içiňde wulkan ýaly ýanyp, ähli organlaryňy kül edäýsem diýýär.
--Ogul, gowusy men saňa heniz çaga wagtymdaky bolup geçen agyr günleri gürrüň bereýin. Ol ýyllaryň awusyny görmek hiç bir ynsana nesip, etmesin. Ýöne ajy günler barada, hiç agtygymyň ýanynda hem dil açmandym. Olar bir bu zatlary eşitmesinler diýýärdim...
Maksat atasynyň özüni niçiksi, söýýändigini bilýärdi, sebäbi Gadam aga agtyk diýip, ilkinji ele alany Maksatdy. Ýöne häzirki gürrüň beriljek waka Maksady “magnit” ýaly çekmäge başlady. Ol ata söýgüsiniň haýsy ýoly salgy berjegi barada barada eýýämden oýlanýardy. Ata söýgüsi, haýsy ýoly salgy berse-de, ol seni gowulyga tarap ymtylmagyňa, täze-täze düşünjeli bolmagyňa ýykgyn eder. Ol ata ahyry.
* * *
Ol wagtlar aşlyk döwürlerdi. Rus patyşasynyň gol astyndaky baknadyk. Bir tarapdan jahan urşy, beýleki tarapdan Ak patyşa tagtyndan ýykmak üçin raýat urşy dowam edýärdi. Men bolsa şol döwürler ýaňy dil bitenje dört ýaşly oglanjykdym. Kakam meni hiç ýanyndan aýyrmazdy. Oduna gitse-de ýanynda akider, azal süýräp ýer sürsede ýanynda ylgamaly ýene mendim. Soň-soňlar “ýör diýmese-de, ylgap yzyna düşer ýörerdim. Maşgalamyzda menden uly üç agam we bir gyz uýam bardy. Ýeke uýamyzy hem ir durmuşa çykardyk. Ol döwürler talap şeýledi. Kakam şol galan başlary eklese zor boldugy. Çünki eden azabyňa görä ýerden hasyl alaýmak aňsat däldi. Ilki ýer, soň bolsa suw, baý-garyp... umuman synpy gatnaşyklar örän ýitidi.
Şol aşlyk döwürlerinde men hem ýaradygymdan hereket, başardygymdan iş ederdim. Emma açlyk, gurakçylyk adamda özi bilen ýokanç kesellerem getirýär eken. Mama diýdi, garahassa ýaly erbet keseller adamlaryň başyna düşüp, ençe janlary pida edip başlady. Şol ýitgili ýyllaryň erbet derdi biziň öýmüze hem çakylyksyz geldi. Gelen kesel boş gitmedi. Ilki ejemi, soň bolsa, üç oglan doganymy iki günüň içinde alyp gitdi. Bu ezýeti başyňdan geçirip, gürrüň bermek nähili ejirli?! Iki günüň içinde bir öýden dört jesedi çykarmak musulman bendesine nesip etmesin! Gyz uýamy hem gaýyn öýünde aldap ugradypdyrlar. Ol pahyrjygam diňe öýe gelen soň nämäniň nämedigine düşündi. Naçaryň möňňürip aglaýşy düýnki ýaly ýadymda, sesi gulagymdan häzirem gidenok. Bu hakykaty unutmak kyn, emma içiňde saklamak ondanam kyndy. Howwa, men şondan soň öýüň uly we ýeke erkek perzendi boldum. Özümiň nähili diri galandygyma mydama içim pikirli boldy. Birnäçe wagtdan soň köp zada düşünip galdym.
Haçanda öýüň körpesi bolmagym meni ölümden halas etdi – diýseler hiç aklym almazdy. Ýöne bu hakykat. Bu ýerde Hudaýyňam etjegi bardyr, emma öýde iň kiçi bolmagym meni mydama azda-kände naharly etdi, garnymy dok saklady. Agalarym bolsa: “Şol iýsin – biz oňarys” diýip, halys tapdan düşüpdirler. Kakam bolsa: “Fiziki zähmet adamy sagdyn edýär” diýip, bir ýerlerden eşdipdir. Şol sebäpli elmydama meni yzy bilen ylgadyp, çalt işler etdirer eken. Ýöne men bu zatlara giç düşündim. Emma bu ýagdaýy diýseň ýerlikli ulandym. Zähmetden hiç çekinmedim, sowat öwrendim, hünär edindim. Şu wagtam men ir säher turup, dag howasynda öýkenimi dolduryp, ýaradygymça gezim edýärin. A sen... Sen işe ulagly zordan gidip-gelýärsiň. Ataň hökmünde maslahatym, ogul şu pişäňi taşla, çagalaryňa görelde bolup bilmeseňem – onda ogluň Aýmyratdan görelde almany bir başar.
Ýaşuly gartaşan elleriniň aýasyny agtygynyň eline goýup, gysyp oýkady, güýçsüz barmaklary bilen gysymlamak isledi. Başarmady. Halys tapsyzlygyna gaharlanjak boldy. Oňa derek agtygy beýleki eli bilen atasynyň ellerini mäkäm gysyp: “düşündim” diýen nazar bilen ýaşula garady. Nurana ýüzli Gadam aga hem: “tasir eden bolsam armanym ýok” diýip içinden pyşyrdady. O pyşyrdy diňe gadam aga mälimdi.
--Galan zatlary hem özüň oýla! Tüweleme ýaşyňam kyrkdan ötdi seniň. Men hem indi turmakçy, sag-salamat gutul! – diýip, ýuwaşlyk bilen hassa ýatagyň sütünine direnip ýerinden turdy. Gelşi ýaly patdyklap çykalga tarap ýöneldi. Gapynyň tutawajyny tutanam şoldy welin, arkadan eşdilen ýognas ses Gadam agany yza gaňyrylmaga mejbur etdi.
--Ata, ählisi üçin minnetdar! Köp-köp sagbol!.. – diýip Maksat sägindi. Ol ýene sözüni dowam etdi, emma onuň gürleýiş äheňi düýpgöter başgaça duýuldy – menem bahym hassahanadan çykararlar. Indi men gowy. Neme... aladaň üçin ýene bir gezek sag bol!..
Aslynda Maksadyň aýtjak bolan sözi bu däldi. Başda duýgusyna bäs gelip bilmän, gürlänem bolsa, pikirleri ony başga ugra äkidipdi.
Ine şeýdip ýaşuly agtygyna ýiti täsirler bilen hassa otagyndan çykyp gitdi. Özi bilen Maksadyň ýüregindäki bet pikirlerini hem alyp, ondan daşlaşdyrdy. Häzir kyrk ýaşyň birliginden giren Maksadyň aňynda “...ýaman pişäni taşla, ogluňa görelde bolup bilmeseň – onda ogluňdan görelde almany bir başar” diýen sözleri onuň beýnisini kislota dek iýäýsem diýýärdi. Nirä baksa, ogly Aýmyrat bilen özüni, soňra atasyny deňeşdirýärdi. Netije bes-bellidi. Olaryň ikisindenem Maksat fiziki zähmetde, sportda diýeň pesdi. Aýmyrat häzirki günlerde “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna” taýýarlyk görýärdi.
Köpi gören Gadam aga nämeleri diýmek isläpdir. Gör o ýaşulyň ähli gürrüňleri nirä baryp direýärdi. Utan Maksat, utan!!!
***
Aradan birnäçe wagt geçdi. Ak mermerden bina edilen gözel şäherimiz Aşgabatda “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna” sanalgy gün galypdy. Şol geçen günüň içinde Maksat düýpgöter üýtgedi. Oglunyň sport taýýarlyklary bilen içgin gyzyklanyp başlady. Köp günler ogly bilen ir säherden ylgamaga giderdi. Özündäki özgerilşiklere özünden beter, Aýmyrat has buýsanardy. Kakasynyň özi üçin edýän islendik aladasyny jogapsyz goýmaýardy.
...Inede Aýmyrat erkin göreş boýunça öz agramynda jemleýji tapgyra çykdy. Şol göreşiň başlamagyna sagatlar galanda kakasynyň ýanyna gelip:
--Käşge garry atam hem şu bäsleşigime gatnaşsady. Ol meniň üçin iň uly ruhy goldaw bolardy.
--Oglum, ol indi diýseň garrapdyr. Onuň ýagdaýyna özüň beledä, wagtal- wagtal gan basyşy ýokarlanýar, ýarowy hem öňkülerçe ýok.
Aýmyradyň bolşy, kakasyna göwni çökgün ýaly duýuldy.
Göreş düşekçesinde Aýmyrat Gadamow bilen Ýaponiýaly türgen bäsleşýärdi. Göreş diýseň çekeleşikli gidýärdi. Emma Aýmyradyň utuk sany garşydaş türgeniňkiden yzdady. Oýnuň gutarmagyna sanlyja minutlar galan wagtynda, tomaşaçylaryň arasynda kakasy bilen atasynyň türkmen baýdagyny ellerinde bile saklap durandygyna gözi düşüp, Aýmyradyň ruhy göterilip, hamala diýersiň bir ýerden güýç gelene döndi. Şol aralykda garşydaşynyň özüne edýän göreş tilsimlerini özüne garşy ulanyp, pursadyny peýledi. Inede amatly pursatlaň birini ele salan Aýmyrat, Ýaponýaly garşydaşyny ýanbaş tilsimi bilen düşekçäň üstüne aýlap urdy. Bu bolsa soňky sekuntlarda Aýmyrada gelen ýeňiş diýmegi aňladýardy. Şol pursatdan soň türkmen jan köýerleriniň arasynda uly şowhun peýda boldy. Baş emin Aýmyrat Gadamowy öz agramy boýunça Aziýanyň çempiýony diýip yglan etdi. Düşekçeden düşen ýeňiji ylgap atasyna tarap, şatlyk bilen ýol ýasady. Baryp olaryň elindäki türkmen tugyny alyp, egnine atdy-da kakasyna atasyny getirendigi üçin minnetdarlygyny bildirdi we atasyna: “bu ýeňiş seniň üçin!” diýdi. Emma atasy: “bu ýeňiş meniň üçin däl, tutuş ýurdumyz üçin, Hormatly Arkadagymyz üçin” diýdi. Şondan soňra zalyň içinde:
--Arkadaga şöhrat, Arkadaga şöhrat, Arkadaga şöhrat!.. –diýen minnetdarlyk sesleri uly şowhun bilen eşdildi.
AHALLY
Hekaýalar