06:43 Ataň barka | |
ATAÑ BARKA
Goşgular
Gadryn bilgin ataň barka. B.Hudaýnazarow Atalar bolýandyr synçy, Ýalançymy sen ýa çynçy. Çyn ýürekden aýamakçy, Bolawergin ataň barka. Köp bar salama ýanyna, Tap ne ýarasa janyna. Dünýäňiň hanymanyna, Saýawergin, ataň barka. Goý, demi oň dag ýarmasyn, Garrasyn ýa garramasyn, Barybir, sen arkalysyň, Duýawergin, ataň barka. Tama bolma artyk bir zat, Bardygyna bolawer şat. Berip bildigi nesihat, Alawergin, ataň barka. Olam gaýra däl nobatdan, Ýiter bir gün göz-gabakdan. Aşyň bile bir tabakdan, Iýewergin, ataň barka. Sözüme dogry düşüngin, Ýitirip özüm düşündim. Giç bolmasa eger şindem, Söýewergin, ataň barka. 2021 ý. *** Orta bilim berseler-de, Ýagşy ýoldaş mugallymlar. Anyk bir kär öwretmedi, Ykbal maňa geçen ýyllar. Okamaga öwrenmäge, Mümkinçilik ýol salmandy. Ykbal ol döwür öýmüze, Bolelinlik eçilmändi. Halypasyz hem hünärsiz, Kynçylygam görülendir. Her göremden biraz alyp, Baş çaralyp ýörülendir. Boldy ýöne köpler deýin, Bu durmuşa ugrukdyran. Ýykylsam özüm galmagy, Öwreden hem arka duran. Bar zadam bilýän ekenim, Şol halypam -arkam barkan. Aňansyňyz kimligini, Ol öz kakam, şoldy arkam! 2016 ý. “Ahal durmuşy” gazeti, 10 awgust 2022 ý. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |