18:59 Atatürküñ wesýeti | |
ATATÜRKÜÑ WESÝETI
Taryhy makalalar
1923-nji ýylyñ 6-njy marty. Lozan gepleşikleri babatda mejlisde garşydaşlarynyñ galmagalyndan ýadan Atatürk şeýle diýdi: - Siz meseläni öz hyýallaryñyza görä pikir edýäñiz, göz öñüne getirýäñiz, özüñizçe höküm çykarýañyz, şeýledir öýdýäñiz... Atatürküñ özüne garşy gidýän oppozisionerlere gönükdirip aýdan bu sözi şindizem güýjüni ýitirenok! Atatürk garşydaş deputatlardan sabyrly bolmalaryny zol talap etse-de, diñlän bolmady. - Ýoldaşlar, gürrüñi gidýän mesele juda möhüm we wawwaly, bu meseläni goh-galmagal bilen çözüp bolmaz. Şonuñ üçin ähli egindeşlerimi sowukganlyluga çagyrýaryn. Oppozisionerler üçin gutarman galan Lozan gepleşikleri aslynda bahanady, olar ýaraşykdan soñ guruljak hökümete eýe bolmak isleýärdiler! Şol sebäpli esasy nyşanalarynda Azat-edijilik hereketiniñ öñbaşçysy Atatürk bardy. Olar mejlisiñ alyp barýan gepleşiklerine päsgelçilik döretmek üçin ellerinden geleni gaýgyrmadylar... Atatürkiñ aýratyn üns berýän Lozan gepleşikleriniñ kesilmegine sebäp bolan, doly garaşsyzlyga böwet bolýan kapitulýasiýalaryñ üstünde oppozisionerler kän durmady. Bogazlaryñ howpsuzlygy meselesinde-de aýak diräp durmsdylar. Olaryñ üstünde duran ýeke-täk meseleleri bardy: Mosul! * * * Daşary işler ministri Ismet paşa 14 maddalyk hökümet talapnamasy bilen gitdi. Bularyñ biri Yrak serhedidi: "- Süleýmaniýe, Kerkuk, Mosul etraplaryny aljak bolmaly". 1922-nji ýylyñ 20-nji noýabrynda başlan Lozan ýaraşyk konferensiýasynda Mosul temasy alty gün ara alnyp maslahatlaşyldy. Ismet paşa bilen Angliýanyñ Daşary işler ministri lord Jorj Kerzon ikiçäk ýagdaýda Yrak serhedini gepleşdi. Jedelleşdiler. Ismet paşa konfefensiýada-da Mosul welaýatyny talap etjekdigini aýtdy. Kerzon hem muña kes-kelläm garşy çykjakdygyny tekrarlady. Mosul meselesi Ismet paşa bilen lord Kerzonyñ arasynda ikitaraplaýyn memorandum bermäge çenli uzady. Iñlisler Mosul nebitinden paý bermegi teklip etdi. Ismet paşa "Biziñ üçin Mosul watan meselesi, iñlisler üçin nebit meselesi" diýip jogap berdi. Lozan konferensiýasynda Ismet paşa uzyn nutuk bilen sözlän sözünde Mosulyñ Türkiýä gaýdyp berilmegini talap etdi. Ol bu talabyny şu sebäpler bilen delillendirdi: Etnografik, syýasy, taryhy, geografiki, ykdysady, harby-strategiki sebäpler. Ismet paşa premýer-ministr Rauf beýe iberen telegrammasynda "Mosul meselesinde kän düşünişmezlik boldy. Meniñ nutugyma Kerzon jogap berdi we işi Milletler Ligasynyñ garamagyna ugratmagy teklip etdi. Men Mosuly gaýdyp almak talabymdan dänmedim. Ýagdaý çynlakaý" diýip ýazdy. Yzyndan Atatürke ýazdy: "Aşa çapraz güni başdan geçirdik. Mosul üçin söweş güni. Beter ýadadym. Üç gije-gündiz uklamok. Mosul hakda pikir etdim..." * * * Ýaranlar Lozanda türk delegasiýasyna agyr ýaraşyk şertnamasyny hödürledi. Ret edildi welkn, gahary gelen Kerzon elem-tas bolup Londonq gitdi, konferensiýa arakesmä çykdy. Mosulyñ Londonda çözülmän galmagy oppozisionerleri herekete geçirdi. Soñky on bir ýyllyk uruşda eline ýarag alyp görmedikler adamlary uruşa çagyrdy: "Tüpeñimiziñ ştygy bilen alalyñ...", "Iñlisleriñ ýaragy bolsa, biziñ imanymyz bar...". Atatürk şeýle diýdi: - Uruş diýilýän zat mejbury we ýurda howp abanan ýagdaýda bolmaly. Men şeýle düşünýärin: adamlary urşa äkidenimde wyždanym meni kösemesin. Diñe "öldüreris" diýip üstümize çöwjäp gelenlerinde "öläýmeris" diýip uruşa girip bileris. Ýöne halkyñ durmuşy howp astyna girmedik ýerinde uruş turuzmak jenaýatdyr. Goşuny aýaga galdyryp, Mosuly şu günüñ özünde alybam bileris. Emma Mosuly alanymyzdan soñ urşuñ şobada ýatjagyna kepil geçip bilmeris. Netijede Mosul meselesi Lozanda gepleşikleriñ daşynda galdyryldy. Türkiýe bilen Angliýa on iki aýda ylalaşyga gelip bilmese, meseläni Milletler Ligasynyñ gün tertibine goýmaly bolýardy. Angliýa bilen Stambulda, 1924-nji ýylyñ 19-njy maýynda, 5-nji iýunynda, 6-njy awgustynda üç gezek duşuşyldy. Iñlisler Mosuly bermek beýlede dursun, Hakkarini talap edip başlady! Iñlisler meseläni Milletler Ligasynyñ gün tertibine hödürledi. Ertesi Hakkaride nasturiler gozgalañ turuzdy. Iñlis uçarlary nasturi gozgalañlaryna howadan goldaw berdi... Milletler Ligasy 1924-nji ýylyñ 20-nji sentýabrynda Mosuly ara alyp maslahatlaşyp başlady. Türkiýe plebissit ses goýluşygyna goýup meseläniñ çözülmegini talap etdi. Milletler Ligasynyñ komissiýasy 1925-nji ýylyñ 13-nji fewralynda Mosuldaky aglaba bölegi türkmenler bolan halk köpçüliginiñ Türkiýämi ýa-da Yraga birikmek isleýändiklerini takyklamaga synanyşýan wagty Gündogar Anadolyda añyrsynda iñlisleriñ eli bolan Şeýh Sait gozgalañy başlady! Bu gozgalañ (we ondan öñki Nasturi gozgalañy) iñlislere ýarady - Mosul Türkiýeden goparyldy. Diñe nebitden 10% paý berildi. Onam bermediler. Turgut Özal birnäçe ýyldan soñ bu paýdan ýüz öwürdi. Karsy, Ardahany, Hataýy ýeke ok atman watana birikdiren, Bogazlar meselesini birýañalyk eden Atatürk Mosulyñ alynmagyny Inönä wesýet etdi. Ikinji jahan urşy muña mümkinçilik bermedi. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 26.07.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |