12:24 Atlar we lakamlar | |
ATLAR WE LAKAMLAR
Edebi makalalar
Her bir adamy biri-birinden tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýän esasy zat onuň ady bolup durýar. Her bir adam dünýä inende-de onuň ata-enesi, beýleki hossarlary tarapyndan oňa söýüp-sylanyp, ýagşylyga ýanalyp ýa-da haýsydyr bir bela-beterlerden goramak maksady bilen at dakylýar. Türkmen atlarynyň-a aglaba köpüsi şonuň ýaly yrym bilen dakylýar. Türkmenlerde dakylýan atlary olaryň haýsydyr bir zada ýa-da adama ýanalyp dakylmasyna baglylykda şu aşakdaky toparlara bölmek bolýar: 1. Din bilen bagly atlar: Allaberdi, Allaguly, Taňryberdi, Taňryguly, Rahym, Rahman, Halyl, Habyb, Kadyr, Kerim, Azym, Hekim, Halyk, Jepbar, Suhan, Muhammet, Muhammetgeldi, Muhammetmyrat, Muhammetsapar, Muhammetdurdy, Hajar, Äşe, Patma, Hatyja, Yslam, Isa, Musa, Hydyr, Ylýas, Dawut, Süleýman, Ybraýym, Ysmaýyl, Hasan, Hüseýin, Mustapa, Weýis, Omar, Osman, Aly, Ebubekir, Molla, Işan, Ahunberdi, Öwlýaguly, Röwşen, Enwer we ş.m. 2. Gymmatbaha ýa-da berk jisimler bilen bagly atlar: Polat, Demir, Tylla, Altyn, Kümüş, Göwher, Merjen, Zümerret, Pöwrize we ş.m. 3. Haýwanat dünýäsi bilen bagly atlar: Edermen, gözel diýlip ykrar edilýän haýwanlaryň, guşlaryň atlaryna ýanalyp Ýolbars, Gaplaň, Möjek, Gurt, Böri, Bars, Arslan, Babyr, Keýik, Maral, Jeren, Tawus, Bilbil, Bürgüt we ş.m. 4. Adam häsiýetleri bilen bagly atlar: Batyr, Merdan, Wepa, Sapa, Gaýgysyz, Şatlyk, Mergen, Ezber, Sahy, Jomart, Güýç, Kuwwat, Gaýrat, Gahryman, Guwanç, Begenç we ş.m. 5. Adamyň daş sypat alamatlary bilen bagly atlar: Owadan, Gözel, Jemal, Didar, Sary, Garamyrat, Akmyrat, Halmyrat, Täçmyrat, Nury, Zyýada, Näzli, Näzik, Tuwak, Janmyrat we ş.m. 6. Wezipe, dereje bilen bagly atlar: Şamuhammet, Mälik, Patyşaguly, Soltan, Hangeldi, Wezirguly, Hanmyrat, Töre, Serdar, Begler, Begdurdy, Hajymyrat, Arçyn, Bibi, Bike we ş.m. 7. Gahrymanlaryň we meşhur şahslaryň atlaryna ýanalyp dakylýan atlar: Isgender, Mahmyt, Togrul, Çagry, Sanjar, Jelaleddin, Çingiz, Teýmir, Hatam, Görogly, Jygaly, Rüstem, Perhat, Şirin, Şasenem, Garyp, Tahyr, Zöhre, Leýli, Mejnun, Nejep, Magtymguly we ş.m. 8. Ok-ýarag esbaplar bilen bagly atlar: Gylyç, Keýmir, Hanjar, Galkan, Palta, Sanjar we ş.m. 9. Hünärler bilen bagly atlar: Ussa, Daýhan, Çopan, Seýis, Jarçy, Esger, Bagşy, Lukman, Hekim, Molla, Kerwen, Mergen, Täjir, Hatdat, Alym, Galandar, Talyp we ş.m. 10. Wagt-sene hasaby bilen bagly atlar: Rejep, Oraz, Remezan, Aşyr, Meret, Sapar, Gurban, Juma, Anna, Tirkeş, Güýzgeldi, Ýazgeldi, Bahar, Ýazgül we ş.m. 11. Tebigat we tebigy şertler bilen bagly atlar: Deňiz, Derýa, Sähra, Çemen, Gülzar, Garýagdy, Gündogdy, Aýdogdy, Aýnur, Gülbibi, Silgeldi, Giçgeldi, Älem, Ýyldyz, Dünýä, Jahan, Asman we ş.m. 12. Durmuşy hadysalar bilen bagly atlar: Meýlis, Baýram, Mekan, Döwran, Toýly, Bereket, Döwlet, Ýolaman, Saparmyrat, Ýurdaman, Maksat, Myrat, Arzuw, Yhlas we ş.m. 13. Çagany ýaman gözden-dilden, görüner-görünmez belalardan goramak üçin dakylýan atlar: Eşekguly, Italmaz, Igdir, Porsy, Porsuja, Güjük, Köpek, Gul, Gedaý, Garyp, Ýetim, Küti we ş.m. 14. Ýert-ýurt atlary bilen bagly dakylýan atlar: Şäher, Aşgabat, Medine, Saragt, Balkan, Ahal, Arkaç, Mäne, Tejen we ş.m. 15. Mifiki jandarlara ýanalyp dakylýan atlar: Humaý, Semender, Aždar, Perizat, Hüýrijemal, Melek we ş.m. Umuman, her bir adama ol dünýä inen pursatyndan soň at dakylýandygyna garamazdan, wagtyň geçmegi bilen adamyň daş-töweregini gurşaýan jemgyýetiň beýleki agzalary, ýagny onuň deň-duşlary, işdeşleri, maşgala agzalary we ş.m. adamyň öz daş keşbiniň tapawutly alamatlaryndan, has ýiti ýüze çykýan häsiýet aýratynlyklaryndan ýa-da durmuşynda bolup geçen ýatda galyjy waka zerarly onuň ata-enesiniň dakan adynyň gapdalyna haýsydyr bir lakamy ýelmeýärler. Hatda bir adamyň durmuşynyň dowamynda dürli-dürli sebäplere görä onuň bir lakamynyň üýtgedilip başga lakam dakylýan ýagdaýlary hem, birnäçe lakamlarynyň bir wagtyň özünde ulanylýan ýagdaýlary hem bolýar. Köp halatda-da adamyň lakamy, onuň özi barada ata-enesiniň dakan isminden (adyndan) has köp, has jaýdar gürrüň berýär. Adam atlary ýaly lakamlary hem, olaryň emele gelşi we adama dakylyşy bilen baglylykda şu aşakdaky ýaly toparlara bölmek bolýar: 1. Adamyň daş keşbiniň, sypatynyň aýratynlyklary bilen bagly dakylýan lakamlar: Ker, Kör, Golak, Çolak, Keýtik, Sakaw, Lal, Kel, Gyşyk, Çaýşyk, Hökgi, Küýki, Çaşy, Gympaý, “Ňoň-ňoň”, Güň, Waňk, Gyrp-Gyrp, Kekeç, Murzilka, Tokmak, Gulak, Jyn, Arwah, Sümük, Çekiç, Küde, Çypar, Tilki, Möjek, Pökgi, Çişik, Arryk, Şilliň, Syryk, Çyra, Wandam, Jet Li, Robot, Abuhasan we ş.m. 2. Adamyň hüý-häsiýetiniň aýratynlyklary bilen bagly dakylýan lakamlar: Syrnyh, Ogry, Kezzap, Moşennik, MMM (Мошенник Мирового Масштаба), Ýalançy, Gümp-samp, Mahaw, Açgöz, Ýuwdarha, Böwenjik, Dalak, Keýp, Biderek, Loňk-loňk, Nebis, Towuk, Horaz, Bedew, Atly, Zaýyrdawuk, Ýaňra, Ziňkidik, Üç adam we ş.m. 3. Nesilden-nesle miras geçýän lakamlar: Munuň ýaly lakamlar köplenç atadan-ogla-agtyga miras geçýär. Mysal üçin: özi seýis bolmasa-da kakasy ýa-da atasy meşhur seýis bolan adama tä ömri ötýänçä “Pylany seýis” diýip ýüzlenilip gezilýär. 4. Adamyň kesbi-käri bilen bagly lakamlar: Mysal üçin: Pylan ussa, Pylan dogtor, Pylan çopan, Pylan şopur we ş.m. 5. Haýsydyr bir durmuşy wakanyň esasynda adama ýelmeşip galýan lakam: Mysal üçin: çagalykda, obanyň klubynda Beýik Watançylyk Urşy barada çeper filme tomaşa edip çykanymyzdan soň, galan oglanlaryň hemmesi: “sowet esgeri bolasym gelýä” diýendiklerine garamazdan, kinodaky faşistleriň eşikleriniň owadandygy sebäpli, deň-duşlarymyzyň biriniň ýeke özi: “Meniň-ä faşist bolasym gelýär” diýip degişdi. Şondan bärem onlarça ýyllar geçendigine garamazdan onuň lakamy häzirem “Faşist” bolup gelýär. 6. Resmi tahalluslar we lakamlar: Lakamlaryň bu görnüşi meşhur adamlara resmi taýdan dakylýar. Mysal üçin, Isgender Rumly, Alp-Arslan, Nyzam al-Mülk, Jelalleddin Menkuberti, Omar Haýýam, Garajaoglan, Andalyp, Nasyreddin Rabguzy, Musa al-Horezmi, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Mustafa Kemal Atatürk, Lenin, Stalin we ş.m. 7. Milli degişliligi boýunça dakylýan lakamlar: Pylan orus, Pylan nemis we ş.m. Lakamlara üns bereniňde adam aňynyň nähili ýiti hem jaýdar bolup bilýändigine haýran galýarsyň. Lakamlaryň arasynda şeýlebir ýadyňa-oýuňa düşmejek geň-enaýylaryna duşmak bolýar. Şeýle täsin lakamlary ilkinji gezek eşideniň-dä hökman ýylgyrdýar welin, soň-soňlaram şol lakam ýadyňa düşende ýylgyranyňy duýman galýarsyň. Hasam lakamlar bilen baglanyşykly oba wakalaryny eşideniňde gülkünç bolýar. Mysal üçin, obada iki sany goňşy ýaşaýarmyş. Ikisiniňem ady Anna ekeni. Onsoň oba adamlaram olary biri-birinden tapawutlandyrmak üçin hemişekileri ýaly ýitilik bilen olaryň hüý-häsiýetlerine laýyklykda her haýsyna bir lakam ýelmäpdirler. Onsoň ýaňky Annalaryň biriniň ady Anna Keýp, beýlekisiniň ady bolsa Anna Biderek bolupdyr. Bir günem, ýaňky Anna Biderek diýilýäni irden turup aýakýoluna barýarka, atdaş goňşusynyň melleginde işläp ýörendigini görüp, oňa degmek üçin: “Anna! Keýp nähili?!” diýip gygyryp sorapdyr. Goňşusam ondan gep alyp galmandyr-da: “Keýp-ä, Anna jan, bidere-e-e-ek!” diýip süýkdürip jogap gaýtarypdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||