"ATUÇAN" DAGYNDA
Olar "Atuçan" dagyna golaý ýerde düşläpdiler. Birmahallar ulanyşdan galan, giden uly meýdany eýeläp oturan dowar ýatagy şu ýerdedi. Şonuň üçinem köne ýatagyň mes topragynda başga ýerlere garanyňda, mallar üçin ýaramly gyrymsy gyýak otlar gür biterdi, asyl ýygyp tükeder ýaly däldi. Bally özüne kömekçi edip ýany bilen şäherli dosty Heşdegi alyp gelipdi. Heşdek dagly ýerlerde bolmagyň, onuň tebigatyny, täsinliklerini ýakyndan synlamagyň, guş-gumrularyny görmegiň öňden höwesindedi, dag howasyna aşykdy. Gajar aga başlyklaýyn bu ýerde azyndan üç-dört gün bolmak üçin olar azyk-owkatlardan mazaly ýüklerini tutupdylar. Gajar aga ot ýatyryp ýörkä, häli-şindi çalgysyny igeläp, päki ýaly ýiteldýärdi. Ogly Bally hem şeýderdi. Heşdek welin heniz ot orubam görmändi. Şonuň üçinem ol eline orak alyp, Gajar aganyň salgy beren ýerlerindäki jeňňellikleriň arasynda, barmasy kyn ýerlerdäki dyzyňa ýetip duran maýsalyk otlardan orýardy. Gajar aga „Seresabrak bolaweri, birden eliňi kesdiräýme“ diýip tabşyrýardy. Elini kesdirmejek bolubam Heşdek oragyny haýallyk bilen işledýärdi. Arasynda hersi başam barmak ýaly gap-gara bolup duran datly böwürslenlerden agzyna atýardy. Bu ýylyň ýagyş-ýagmyry ýetik bolansoň, dagyň oty-cöpem kändi. Iki günlükde ýyglan otlar küde-küde bolup üýşüp ýatyrdy. Olar gyş üçin bede taýýarlaýardylar, taýýar bedeleri bolsa günüň bol düşýän ýerinde serip gaýdardylar. Aram-aram öwürmelem bolýardy. Bir günem eşeklerini mas ýükläp bu ýerden ugrarlar. Galan bedeleriniňyzyndan bolsa başga bir gün gelerler.
Olar hümürdeşip oturyşlaryna gije birçene barypdy. Ojakda bolsa gyzaryp ýatan diňe köz galypdy.
- Oglanlar, indi geliň birsellem ýatyp ukymyzy alalyň, „Gürrüň süýji, samança ýok güýji“. Dünýede gep köpdür, asyl „Gepiň garny bolmaz, siňegiň erni“ diýlendir, gürrüň etseň e-edip oturmaly. Yzyny ertir agşam dowam etdiräýersiňiz, bolmaýamy?--diýip, Gajar aga ýerinden galdy.
Kakasynyň gürrüňiniň arasyny bölenine o diýen bir ünsem bermedik Bally tas oňa: “Ýatsaň bar ýatyber, seni saklaýan ýok!“ diýip, gödeksi jogap beripdi. Saklanyp bilenine özem az begenmändi, sözüni ýuwmarlady:
- Ýatasyňyz gelse, ýatyberiň kaka. Biz Heşdek bilen başlan gürrüňimizi ahyrlaman goýmarys. Onsoňam adam garraberse, ir ýatagan bolýar diýýärler. Ýöne...
Gajar agany oglunyň gürrüňini ýöne bilen tamamlamagy ony täzeden yza öwrülip, gürriňiniň soňuna gulak asmagyna maýyl etdi. Bally birhowa saklandy-da, sözüni soň dowam etdirdi.
- Kaka, bir zady diýsem gaty görmersiň-ä.
- Weý, weý, o nämäň gaty görmesi, oglum? Aýt, eşideli.
- Ýaman hor çekýäň-laý, öten agşamam tutuş gijäni oturyp geçirdim.
- Onyň-a hä diýerin. Hor çekmäm bardyr, ejeň pahyram şeý diýerdi. Aslynda hor çekmeýän adam ýokdur. Halys ýatybilmeseň, oýaraýmaly ekeniň-dä, bijaý ýatylýandyr. Aslynda iň sagdyn adamlaryň uklan mahallarynda hor çekýändigini medisina-da inkär edenok. Bolmasa, düşegiňi aýry ýerde ýazynaýarlar, oglum. Onsoňam biz ary ýa garynja däl ahyryn, adam diňe uklan mahalynda dynjyny alýandyr.
Şondan soň Gajar aga düýegini goltuklap ýatmaga gitdi. Heşdek dostuna bakyp, ýuwaşja dillendi:
- Bally, seň bolşuň nähil-aý, igdäň aşagynda ýatyp turan adam ýaly, agzyň aýdanyny gulagyň eşidýärmi seniň. Ol seniň kakaň ahyryn.
- Nätjek, kakaňam bolsa: „Dost ýüzüne“ diýlenini etdim. Ýanyňda biri aldygyna hor çekip ýatsa, ynan, dost jan, walla, halys meňki bolanok-how.
Gözüme çiş kakylan ýaly. Ýa aýdyp, nädogry etdimmi?
Heşdek dostunyň ýüzüne garady:
- Onçasyny-ha bilmedim welin, aslynda hor çekmek adamyň aýby däl ahyryn.
- Menem aýyp zat diýemok. Halys bolamsoň...
- Gullukdakagam hor çekenler bijaý kän bolardy. Hiç kesden gaty görmedik, öwrenişdik gitdik.
- Gullukdaky ýagdaý başgady-la. Gapdalyňda top atylanda-da uklanylardy. Kakaň „Biz garynja ýa ary däl ahyryn“ diýdi welin, şoňa düşünmedim-le.
- Jandarlaryň arasynda diňe garynja bilen ary hiç haçan uklamaýarmyşyn. Arada menem bu barada bir ýerlerden okapdymam.
- Dogrusy, men ony bilemokdym.
Şo dem gulagy şaňlan Bally Heşdekden:
- Heşdek, haýsy gulagym şaňlady?--diýip sorady.
Heşdek bada-bat:
- Çep gulagyň - diýdi.
- Bildiň, sen maňa hakyky dost ekeniň.
- Munça bolanyna görä, dost jan, men senden bir zat soraýyn-la, ynha biz häzir ýatarys. Adam ýatan mahalam edil öli ýalydyr. Onsoň bu töwerekde ysyrganyşyp ýören ýyrtyjy haýwanlar ýokdur öýdýäňmi? Meniň diýýänim gaplaň, ýolbars ýa kepjebaş.
- Ýokdur. Dogrusy, bir döwürler bu ýerler hälki agzan ýyrtyjylaryň mekany bolupdyram diýýärler. Ýöne soňky ýyllarda, gaplaň-ýolbarsa duşduk diýýänlere gabat gelmedik. Oňa derek keýik sürüsi bilen gabatlaşanlar bar. Olary-da awlamak gadagan. Kepjebaş diýýäniň her ädimde duşýar. Olara-ha degmeseň, asylam degenoklar.
- Hawa, ýylanlara degmedige degenokmyşlar-a diýýärler.
- Sen näme üçin soradyň, ýatmaga gorkýaňmy?
- Gep gorkmakda däl.
Oglanlaryň bu gürrüňini heniz uklamadyk Gajar aga eşidip durdy:
- Gorkara zat ýok -- diýdi-de, uky basmarlan gözlerini owkalap durşuna yzly-yzyna pallady. - „Uky şiri-de ýykar“ diýipdirler. size-de ýatmaga çen boldy. Ir turmaly, näçe ir tursaň, şonça-da öndümli işläris.
- Dogry aýdýaňyz, Gajar aga, ýatalyň. Gijäňiz rahat bolsun.
Uzakly günüň hysyrdysyndan soň her kim ýadaw göwresini düşekçä atdy. Heşdek:
- Bagyşla dost, heniz uklamankaň ýene-de bir zat soraýynla--diýdi.
- Sora, sora, çekinme.
- Ynha, biziň häzirki bolýan ýerimizdäki dagyň adynyň "Atuçan" diýilmeginiň sebäbi nämekä? Hakykatdanam uçýan at bolupmyka ýa-da haýsydyr bir atyň dagdyr gaýadan uçany üçin dakylan bolaýmasyn!?
- Könelerimiz „Gudrat görseň daglara bar“ diýýändir. Bu daglaryň her biriniň rowaýaty bar. Ynha, meselem, gadym eýýamlarda çynmy-ýalanmy, şu ýerde uçup hem-de adam dilinde gepläp bilen bir gyr at ýaşapdyr. Ol häli-şindi öz atbakary bilen uçup, täsin ýurtlara syýahat edip gelermişin diýip garry atamdan eşidipdim. Özi-de olar uçan mahaly hiç kimiň gözüne görünmez ekeni. Ine, meniň uçýan at hakynda bar bilýänlerim.
- Wah, meniňem şolar ýaly uçup hem adam dilinde gepläp bilýän atym bolan bolsa bolmadymy?
- Näderdiň?
- Dünýäni-hä gezerdim.
- Dünýäniň iň gözel gyzyna-da öýlenerdiň. Bildim gerek?
- Ýüregim bol-a.
- "Arzuwsyz adam bolmaz, ganatsyz guş". Arzuw etseň, arzuwyňa-da ýetersiň dostum. Başga soragyň bolmasa, ýataly.
- Gijäňiz rahat bolsun.
- Sag-aman ýatyp tur, arzuwçyl dostum.
Olar dessine uka gitdiler. Gije aýyň ýagtysy taýagatym ýerlerdäki zatlary hem açyk-aýdyň saýgarmaga mümkinlik berýärdi. Dogrusy, aram-aram möjekdir şagallaň sesi gelýärdi. Çopan itleri hem özleriniň barlygyny duýdurýan ýaly, uzak bir ýerlerde üýrmek-üýrýärdi...
Heşdek ýerinden turdy-da gerinjiredi, soňam şildiräp akyp duran suwly ýabyň boýuna bardy. Bu suw öz gözbaşyny uzaklardan alyp gaýdýardy. Ýöne onuň deňine akyp gelýänçä birneme ýylapdy. “Akar suwuň haramy ýok” diýdi-de, ol suwuň oýtumrak ýerine eňegini basdy. Suwdan mazaly ganandan soň, ýerinden turup ýaňadan gerinjiredi. Soňam sesýetim ýerde otlap ýören gyr atynyň ýanyna ugrady.
Heşdegiň baýyňkyda atbakar bolup işläp ýörenine indi telim ýyl bolupdy. Bir günem onuň bagty çüwdi. Oňa bakyp ýören süri gylýallarynyň arasynda uçýan hem-de adam dilinde gepläp bilýän bir gyr at bilen dostlaşmak bagty miýesser etdi. Bu barada hiç kimiň ýanynda dil ýarmady. Haýp, şol günleriň birinde onuň dosty nirädir bir-ýaňa gürüm-jürüm boldy. Heşdek ony gaýgy etdi. Asyl onuň nirä gideninden hojaýynam habarsyz eken. Bir gün ol Heşdegi ýanyna çagyryp:
- Heşdek, oglum, men saňa ýol harjyňy bereýin, sen ýola düş. Gyr aty kimdir biri alyp gaçan bolmaly. Ol at taýçanaklygyndan ulaldanja atymdy. Owadan hem iň ýyndam, eýesine wepaly bedewleriň tohumyndandy. Ony sat diýselerem, şu çaka çenli, walla, satmaga dözmedim -- diýdi.
Heşdek gyr atyň uçup hem adam dilinde gepläp bilýäniliginden baýyň hem bihabardygyny şonda bilip galdy. “Dogrudan hem gyr aty kimdir biri alyp gaçyp, ony-da daňyp saklaýan bolmaly. Ýogsam, ol at nirede bolsa-da, meniň ýanyma uçup gelerdi” diýip, Heşdek uzakly gün içini gepletdi.
Şol günüň ertesem Heşdek ýola düşdi. Az ýöräp-köp ýöräp, asyl köp ýurtlary söküp, ýitigini soraglap gezdi. Emma gyr atdan gördüm-bildim bolmady. Soňy bilen ýol harjy gutaryp, münüp barýan atynam satmaly boldy. Yzyna gaýdaýyn diýse-de, jübüsinde ýeke teňňesem galmady. Ahyry baran ýurdunda gylýal sürüsi bolan baý söwdagärleň birine atbakar bolup işe galdy. Atlary seýisledi, ýaryşlara taýynlady, asyl ol birentek çapyşyklarda çapyksuwarlyk hem etdi. Söwdagär onuň arkasyndan uly şöhrat gazandy.
Bir günem ol athanada aýlanyp ýörkä, onuň gulagyna: ”Dostum, bu senmi, sen meni idäp geldiňmi?” diýen tanyş ses eşitdi. Emma oňa golaý ýerde endam-janyny tüý basan, hortaň ýabydan başga zat görmedi. Ol bu ýabyň golaýyna baryp, gamly gözlerine siňe-siňe seretdi-de, birdenem:
- Gyr atym, asyl bu senmidiň?! --diýip, boýnundan gujaklady, iki gulagynyň arasyndan ogşady. - Seni gözläp barmadyk ýerim galan däldir. Kim seni bu güne saldy? Näme üçin sen yzyňa uçup barmadyň?
- Öz ýurduňa, dogduk mekanyňa taý geljek zat ýok eken, dostum. Diri aýralyk meni halys çökerdi, lagar düşdüm.
- Gyr atym, indi men seniň ýanyňdadyryn, asyl hiç zady gaýgy etme. Her edip-hesip edip, seni ýaňadan aýaga galdyryn.
Ol şol günüň özünde bu at barada hojaýyny bilen gürrüňdeş boldy.
- Seniň o gören atyňy bir kezzap “Uçýan atdyr, adam dilinde gepläp bilýän atdyr” diýip aldap, maňa altyn pula satyp gitdi. Haýp. Ol ne uçdy, ne-de gepledi. Uçup gidäýmesin diýip menem ony gazygynda berk daňyp sakladym. Indem halys boldy, oňa aýratyn bakyş-görüş edilmese, gara gyşdan çykmasa gerek.
- Onda şol hor aty maňa beräýiň-dä!
- Geregiň şol hor at bolsun,han ogul. Bar al, ene süýdünden halal.
Ine, şol günden başlabam Heşdek wepaly dostuna gowuşdy. Ony bakdy-bejerdi. Ýürekdeş dostuna sataşan gyr at bolsa gün-günden gurplandy, tüýüni döküp, birneme semräp, öňki kaddyna ýetdi. Soňky döwür hojaýynyň gylýallaryny hem atyna münüp bakdy, onuň bilen gijelerine uzak bolmadyk ýerlere uçup geldi.
Aýlar aýlanyp, aradan ýyl geçdi. Heşdek özüniň dogduk mekanyna gaýtmakçy bolýanyny baýa ýaňzytdy.
- Ak ýürekden hyzmat etdiň, oglum. Gitseň sag-aman git--diýip, söwdagär hem onuň gitmegine garşy bolmady. Özüne lybas, atyna eýer berip, güler ýüz bilen ony ýola saldy.
Heşdek gyr ata atlandy. Özüni Görogly begdir öýdenok. Ondan mes adam ýok. Uçmak, onda-da şunça aýralykdan soň wepaly dosty bilen bilelikde uzak-uzak menzilleri geçip, öz dogduk mekanyňa uçup barmak, gör nähili hezillik.
- Adamlar, serediň, meniň goç ýigidim, beg oglum gelipdir, uçar ganatym gelipdir. Görüň-ä, meniň çyn bedewim uçubam, adam dilinde gürläbem bilýän eken-ä! Geliň, olaryň şanyna toý tutalyň! Indi men oglumy öz elim bilen öýärin!-- diýip, olary gören hojaýyn hemmelerden beter şatlandy. -- Mal soýuň, gazanlary ataryň, adamlar şatlansynlar! Goý, bu belent daglaryň ady hem mundan beýläk “At uçan” bolsun!..
Hojaýynyň bu sözlerine ganatlanan Heşdek hopugyp oýananda, gije ýarymdan agypdy. Gazyga baglanan eşekleriň biri ýadaw göwresini ýere beripdi, ikinjisi aýak üstündedi. Şondan başga zada gözi düşmese-de, töwerek-daş oňa gorkuly göründi. Dosty Ballyny turuzmaga-da dözmedi, süýji ukuda ýatyrdy. Özlerinden on-on iki ädim çemesi beýleräkde düşek ýazynan Gajar aga-da gyzgynja unaşyň hözirini bir özi görüp oturan adam mysaly, burnundan birsyhly pyşşgyldyly ses bilen, ýogyn-ýogyn hor çekip, ukyň hözirini görüp ýatyrdy.
Alasarmyk halda galan Heşdege Balla bakan süýşüren pökgüje güpjegine başyny goýup, gözlerini ýummakdan başga cärä galmady.
Hekaýalar